fatima01
29.07.2023 01:07

Aýalymy söýýärin

Maňa hasam ýaraýar

Özi işläp pul tapyp

Özi bize seredýär

Eli gatydyr ýöne

Aklow tutup ýörenok

Gyzlara seretmesem

Wapşe meni uranok

Gybat diýse hemmäni

Galdyrýar ol ýolunda

Şopr bolup işleýän

Gaýnatamyň golunda

Şu aýalymyň alyp beren

Mersedesinde ýöreýän

Özüm onuň öýünde

Propiskada durýaryn


(degişme äheňdedir❗️👉🏻😁)

15
251
fatima01
28.07.2023 20:11

Itiň ýaman bolsa atyp gutylýaň

Atyň ýaman bolsa satyp gutulýaň

Goňşyň ýaman bolsa göçüp gutylýaň

Içgilik köp jaýda öçüp gutylýaň

Bazara aýlansaň pulyň gurap gutylýaň

Aýalyň mydyrdasa urup gutylýaň

Karzyň köpelse bölüp bölüp gutylýaň

Aýalyň öýde hojaýyn bolsa ölüp gutylýaň

Goýun kesel bolsa soýup gutylýaň

Nahar siňmese ýöräp gutylýaň

Başlyk sögse dymym durup gutylýaň

Içip maşyn sürseň gaýa tutulýaň onda bilmedim nädip gutylýaň

Soňunda pulyňy bermedige sögüp gutylýaň

Aýalyň tutsa dyz çöküp gutylýaň

15
237