erteki
06.08.2024 17:39

söýmek gowy zat... çagalygymyzdan garşylyksyz söýüp öwrendik, jansyz oýunjaklary, jansyz multifilmleri, günuzyn bile oýnaýan goňşy gyzjagazyň janly bolsa-da garşylyk tama etmändik...


Ene-ataň söýgüsi bir başga, terbiýeçilik ahmiýetlidir ol. Ýöne näme üçin ynsan ogly ulaldygy saýy garşylyk talap edýär duýgularyna... Näme üçin söýgümize garşylyk talap edýäsde erbet duýgularmyza garşylyk gelse ýazgarýas... adalatdanmy?


Garşylyk tama edilýän bolsa bu çyndanam söýgümi?,, ol diňe meňki bolmaly" diýlen düşünje söýgümi ýa özüňe tabyn etmekmi ýa-da bendi etmekmi.


Bir zady anyk bilýän guş erkin halynda özi uçup gelse gowy.

14
213
erteki
04.06.2024 00:38
Herkim herhili ýaşaýar, kimdir biri öýüniň lälijegi bolup ýetişse kimdir biri bolsa dagulany üçin näletlenýär, Hemme zat ojakdan başlanýar: akyl, terbiýe, söýgi, ynam, gorky, ruhyçökgünlik, ynamsyzlyk, we bimähirlilik hem.

Ýaşamaga höwes bermejek bolsaň dogulmagy üçin goşandyň bolmasyn!
22
195