enes_∞
06.04.2025 13:01

TÄSİN VE PEYDALY MASLAHATLAR

Balyk bn gatyk içseniz zaherlenmersiniz .Emma balyk köne bolsa gatyk içseniz yüreginiz bulaşyp biler şondada zaherlenmersiniz.

Makaron bişirmek üçin suv gaynadyan vagtynyz önünden duz atma duz suvyn çalt gaynamasyna pasgel berer.

Bir gülün ysyny almak üçin burnun çep tarapyny yapyp burnunuzyn sag tarapynda yslan. sebabi beyninin sag tarapynda duygy organlary govy işleyar .

Bir yerinizi yaralasanyz ona bal çalyn sebabi bal yaralaryn tiz bitmegine uly kömek edyar .

Basseyinda yüzen vagtynyz suvda gözünize geyilyan açkini dakman. sebabi göz davlenyanyzyn galmagyna sebap bolar .

Makaron yada yumurtga gaynadan suvynyzy dökman , şol suvy sovadyp öyünizdaki güllerinizin düybine guysanyz peydasy ulydyr sebabi ol suvda mineral maddalar bardyr

Govy göryan bolsanyz hem pamidory ve mandarini kan iymejek bolun . sebabi düzümindaki kabir maddalar dürli kesellere yol açmagy mümkindir.

Banan alan vagtynyz beyleki miweler bilen bir yerde goymazlyk maslahat berilya. sebabi banan özünden tiz çüyderiji bölüp çykaryar.

Erbet agyz yslanmasyny azaltmak üçin yogurt iymeklik maslahat berilyar .

Gök önümleri ve beyleki önümleri garankyda saklamaklyk maslahat berilyar sebabi yzgar ve gyzgyn hova olaryn tagamynyn azalmasyna sebap bolyar.

Ysmanak govy görülyan otlaryn biridir,emma ysmanak köp iyyan bolsanyz böwrekde daşyn emele gelmegine yol açar .

İrden telefonynyzda buldilnigi eşitmeyan bolsanyz bir boş stakana salyn ol budilnigin sesinin yokarlanmagyna peyda eder.

Otagdaky çilimin ysyny ayyrmak üçin bir platensanyn bir tarapyny yzgarlap yzgarlanmadyk yerinden tutup yokary galdyryp tiz tiz pyrlamaly govy peydasyny görersiniz .

Mikrovalnofkada pizza yada palow gyzdyran vagtynyz guraklaşmasynyn önüni almak üçin yanynda bir stakan suw goyun .

Alymlara göra suwy irden turan vagtyn 2stakan içsen iç organlarynyn govy işlemegine peydasy bardyr , her gün nahardan yarym sagat ön 1 stakan suv içsen iyenlerin govy sinmesine peydalydyr .

Şemleri 24 sagat sovadyjyda goyup ulansan onyn kan vagt yanmagyna peydasy bolar.

Eger halynyza yada egin eşiklerinize sakgyç yapyşan bolsa onda şol sakgyjyn üstüne buz goyun(çalyn) ayrylmasy ansat bolar .

Maşynda vagtynyz yüreginiz bulaşyan bolsa yola çykmazdan ön biraz şokolad iymeklik maslahat berilyar.

Yaz günleri sineklerden ve arylardan dynmak isleseniz bir gapjagazda kofe yakyn ve onun ysy arylaryn ve sineklerin azalmagyna kömek eder .

Sarymsakly nahar iyenden sonra biraz ukrop-petruşka iyseniz agyz boşlugynyn yslanmasynyn önüni alar.

Banka gapaklaryny ansat açmak üçin bankanyn agzyny gyzgyn suva batyryn.
11
115
enes_∞
31.03.2025 19:21
Sen şeýle bir kämilleş, Watan sensiz oñup bilmesin!
4
34
enes_∞
30.03.2025 21:17
Meniñ bedenim -- bu meniñ ybadathanam. Hiç kimiñ oña el degirmäne haky ýok.
8
71
enes_∞
29.03.2025 12:01
Söýgi hakda meň pikirim
Dünýä döräp modadan gaçmaýan, aktuallygyny hiç wagt ýitirmän gelýän ýeke-täk zat söýgüdir. Orta asyrda-da şu günem söýgi yşgyna düşüp, bütin bir ömür bilelikde ömür sürip söýgüň mähirli oduna çoýunyp, ýaşaýan hem-de söýgüsi paşman bir ömür jähennemiň ody dek söýgüniň ahmyr odynda ýaşap ömür sürýän ynsanlarda az däl. Elbetde ilkinji söýgüsine, päk arzuwlaryndaky şa gyzyna deňelýän mähriban ýaryna ýetýän bagtly ynsan az. Men şu oýlanma eserimde şeýle sorag berdim! Näme üçin köp halatda ilkinji söýgüsini, ýigitlik söýgüsini adamlar ýitirýär we ýitirmekde-de bähbit barmy ? We ol soraga öz ýanymdan şeýleräk jogap berdim. Meniň beren jogabym bilen ylalaşyp we ylalaşmanam bilersiň sebäbi durmuş fizikada ýa-da matematikadaky ýaly belli bir formula daýanyp sanlary goýup jogap alanyňdan has çylşyrymly. Mysal üçin iki sany ynsanyň başdan geçiren zatlary şol bir zat bolsada netijesi düýbünden başga bolup biler. Durmuşy formula salmaklyk özi ýalňyşlyk şonuň üçin mähriban okyjym meniň ýazan söýgi hakyndaky oýlanma eserim bilen ylalaşybam inkär edibem bilersiň. Aslynda ýaş juwan isle gyz oglan tapawudy ýok. Ilkinji gezek öň başdan geçirmedik duýgusyna duşanda, ýagny yşga düşende elewräp ýalňyş goýberýär, misli kiçijik çaganyň ýöremäni öwrenende ýerden ýetmiş taýak iýşi ýaly, yşga düşen ynsanda özüniň söýgi eserini ýazma ýolunda ençeme gezek büdreýär. Sebäbi ilkinji söýgüde garşydaş ynsan yşga düşen juwanyň gözüne ideal bolup görünýär hem-de şol ynsany ýitirmekden gorky döreýär. Ilkinji gezek yşga düşen juwanyň söýgi duýgusynyň ýany bilen gabanjaňlyk, ýitirmekden gorky, aljyraňlylyk we şoňa meňzeş garşydaş adamy ýigrendirip biljek faktorlar ýüze çykýar. Şeýlelikde köp halatda ilkinji ýigitlik söýgi paşmaýar. Ýöne nähili ýagdaý bolanda hem ilkinji söýgi ilkinjiligine galýar. Adam başga biri bilen ýaşap ömür sürüp biler ýöne kalbynyň töründe ilkinji söýgüsi baky ýaşar. Käbirleriniň ilkinji söýgüsi geçmiş hakynda pikirini diňläniňde. Wah şumatky aklym, başarnygym bolaýmala hemme zady başgaça ederdim, wagty yzyna dolap bolanok bolsa bilýänle diýýärler. Men hem olara öz gezegimde bir dana şahsyýetiň aýdan sözlerini gaýtalaýan “Meniň şu günki aklym bolsady, düýnki ýalňyşlary goýbermezdim, ýöne men düýn ýalňyşmadyk bolsam, bu günki aklym bolmazdy” hem-de şu düzen goşgumy aýdýan.
Geçmişi dolap bolanok bolsa bilýän etjegim

Diýip ençe adamlar geçirýär öz günlerin

Geçmişi dolaňda-da bolmaz üýtgeşik peýda

Sebäbi baş gahryman ýene ýalňyz özüňä.

Elbetde köpüsi öz pikirinde galýar. Ýöne meniň pikirimçe söýgüden ýanmaklygyň hem ynsanyň özgermegi üçin uly täsiri bar. Meselem bir ýigit bir juwanyň yşgynda sergezdan boldy, oda düşdi, ýöne söwer ýaryna ýetmedi. Belli bir wagt ahy-zarda ýanyp, köýip misli külden täzeden dirilen rowaýatlardaky Feniks guşa meňzäp täze bir şahsyýet emele gelýär. Beýik şahsyýetleriň alymlarynyň geçen ömri bilen gyzyklananyňda köpüsiniň durmuşyndaky gowuşmadyk söýgüleri olaryň özgermegine uly täsir edýär. Mysal üçin söýgüň oduna ýanan şahyrlaryň ýazan goşgy setirlerini ýa-da ýazyjylaryň ýazan romanlaryny okanyňda endamyňy tikenekledip kalbyňa girip gitýär. Sebäbi ony ýazan şahyr ýa-da ýazyjy özüniň kalbyndaky oduny goşga ýa-da romana sünnäläp siňdirýär. Şeýlelikde asyrlara miras hiç wagt könelmeýän romanlar, eserler, goşgular beýik döredijilik önümleri baky galýar. Diýmek söýgi duýgusy dürli formada gelse-de adamy gowulyklara iterýän beýik güýç bolup durýar. Men sözümiň ahyrynda hemmäňize hakyky söýgä ýar bolmagyny oýuňyzdaky, kalbyňyzdaky ynsan bilen ömür sürmegiňizi arzuw edýän.
10
107
enes_∞
23.03.2025 01:21
Erikleriñ ak güli men... ...

Yşk, öňüňde dyza çökýän!
Bir-de uçýan, bir-de çökýän,
Dökülende perýat çekýän,
Erikleriň ak güli men!

Hyýalymda çykyp seýle,
Eý görýärkäm neçüýn beýle?
Sözlerimi gurban eýle,
Erikleriň ak güli men!

Ömrüm bagtyň aýasynda,
Göwnüm baglaň arasynda,
Gel, oturyň saýasynda,
Erikleriň ak güli men!

Bolmasamam gury bir san,
Günbe-günden gowşaýar sal,
Eý, maňa syn kylýan ynsan,
Erikleriň ak güli men!

Dostum, söhbet kylaly gel,
Sypamasyn başy del el,
Paýratmasyn bu günki ýel,
Erikleriň ak güli men!

Gury ýere köýüp, ýanmaň!
Düýşem erbetlige ýormaň,
Güneşläň, ýöne hiç ýolmaň,
Erikleriň ak güli men!

© Ogultäç ORAZTAGANOWA
9
89
enes_∞
18.03.2025 17:15
Birzady unutma!
Çörek alyp gelmek başga
Tapyp gelmek başga.
11
121
enes_∞
17.03.2025 20:51

DEĞİŞME
Bir dali kafe baryp 4 sheker we cay zakaz edipdir, biraz wagtdan son yene 4 sheker getirin diyipdir. Sonra afisant:
Agam name un beyle kop sheker atyan diyip sorapdyr.
Dali: gorenokmy samsyk hemmesi ereyara
###################
Iki sany dali dalihanadan birden yok bolupdyrlar.Onson hemme lukmanlar bar yerini gozlap tapmandyrlar. Agsham bolanda bu iki dali gulship-degship gelipdirler we lukmanlar gen galyp:
Siz nireden geldiniz beyle biz sizi gozlap uzakly gun tapyp bilmedik diyenlerinde daliler sheyle jogap berya:
Biz ertir gacjak bu gun prosto tayyarlyk gorduklay
###################
Bir gun dalihanan ishgarlerinin biri howluda aylanyp yorka iki sany dalini goryar. Seretse bir dali agajyn ustunde, beylekisi bolsa agajyn ashagynda, ikisem bir zatlar edyamish. Onson ol ashakdakydan sorapdyr:
+ yokardaky name edya ?
- shu yokardakymy ? Sen ona uns berme samsyga ol, hoz agajyndan armyt yygjak bolyar.
+ a onda sen barde name edyan ?
- menem gacan armytlary yygnayan
###################
Iki sany dali bir yerde otyr ekenler. Onson bularyn biri birdan yerinden turup yorap bashlapdyr. Oturan dali : Niraaa ? Beylekisi: seni gozlemane. Ha bolya calt gel men sana barde garashjak
###################
Bir däli maşyn magazina baryp Maňa Ferrari beriň diýýä. Oňam 500$ dollary bolansoň Ferrariň diňe rolyny eline beripdirler. Aý bu dälem agzy bilen maşynyň sesini edip magazyndan bat alyp çykyp gidipdir. Däli zaprawka baryp:
- Zaprawkaň işçisine:- Baky dolduryp benzin guýsana diýipdir. Zaprawkaçam geň görüp däliň gözüniň önüňden elini galgadypdyr (saglykmyka ýagdaýy manyda) Däli hem:
- Men saňa maşynyň aýnasyny süpür diýemok benzin guý diýdim.- diýipdir
####################
Bir dali dalihananyn howlusynda galtagy ters owrup surjek bolyamysh. Muny goren lukman:
Beydip surlenoga, galtagy beylesine owur diyipdir. Dalem dessine sheyle jogap beripdir:
Duyn sen diyshin yaly surdum agshama cenli gum dashatdylar, samsykmy men
#####################
18
1 196
enes_∞
09.03.2025 02:12

Duýgularyň sessiz dili
Zenanlaryň iň halan gülleri adatça reňkleri, ysy we manysy bilen tapawutlanýar. Ine, iň meşhur güller we olaryň özboluşlylygyna laýyklykda aňladýan manylary:

Roza – söýgüniň we romantikanyň nyşany diýsek ýalňyşmarys.

Gyzyl gül – söýgi we mähir.

Ak gül – päklik we ynam.

Mämişi gül – höwes we joşgun.

Liliýa – asyllylyk.

Ak liliýa – päklik we ruhy arassalyk.

Sary liliýa – begenç we dostluk.

Tulpan – bahar pasly we täze başlangyçlar.

Gyzyl tulpan – çuňňur söýgi.

Sary tulpan – bagt we ýagtylyk.

Orhideýa – nepislik we täsinlik.

Gyzyl orhideýa – joşgun.

Ak orhideýa – päklik we asyllylyk

Pion – bagtyýarlyk we abadançylyk.

Lawanta – rahatlyk we asudalyk.

Zenanlaryň halaýan gülleri diňe owadanlygy bilen däl, eýsem, aňladýan manylary bilen hem özüne çekýär. Her gül söýginiň, dostlugyň, bagtyň ýa-da rahatlygyň bir nyşany bolup biler. Şonuň üçin gülleri saýlanyňyzda olaryň aňladýan manylaryny-da göz öňünde tutmak has täsirli bolar. Mähriban zenanlar güller ýaly owadan pursatlar siziň bilen bolsun!

Halkara zenanlar günüňiz gutly bolsun!
11
154
enes_∞
03.03.2025 04:46

Orazada dogry iymitleneliñ

Orazada dogry iýmitleneliň!

Oraza aýynda nämeler iýmeli diýen soraga jogap bermezden ozal, agzymyz bekli wagtynda bedenimizde nähili hadysalar bolýarka?

Oraza döwründe 15-16 sagat aç gezmeli bolýarys. Bu açlyk döwründe beden özüni täzeleýär, bejerýär hem-de bedeni toksinlerden arassalaýar. Ilkinji hepdede, esasanam ilkinji birki günde beden täze iýmitlenme wagtlaryna öwrenişýänçä kelle agyry, halsyzlyk ýagdaýlary döreýär. Bu ýagdaý wagtlaýyn adaptasiýa ýagny, geçiş döwrüdir. Sagdyn bolan adamlar agyz beklemelidir. Diýabet, ýürek, islendik organ ýetmezçiligi, göwreli ýa-da ýarawsyz adamlar agyz beklemeli däldirler.


Sagdyn şahsyýetiň fiziki we psihologiki taýdan peýdaly agyz beklemegi üçin selälik we agyzaçar menýusy örän ähmiýetlidir.


Oraza aýynda iň ähmiýetli zat selälikdir. Selälige turmazlyk goýberilýän iň uly ýalňyşlyklardan biridir. Selälige turup, nahar edinmezlik bedende metabolizmanyň peselmegine, myşsalaryň güýçden gaçmagyny eltip bilýär. Selälikde düzüminde belok bolan iýmitleri köpräk iýmeli. Ýumurtga, az duzly peýnirler, gan şekerini sazlaýjy däneli önümler, gök-önümler, gury iýmişler, duzsyz zeýtun şeýle-de süýt önümleri ýaly peýdaly suwsatmajak hem-de dok saklajak önümler iýilmeli. Selälikde hamyr önümlerini, süýjüdir aşa ýagly naharlary iýmezlige çalyşyň.


Orazada ikinji ähmiýetli zatlaryň biri-de agzaçardyr. Agyz açylanda suw we hurma bilen açylsa gowy bolar. Ondan soňra bir şakäse çorba içmeli. Soňra esasy nahara geçmezden ozal 10-15 minut arakesme edip, esasy nahara geçilse has peýdaly. Soňra bedeni witamin we minerallar bilen kaganatlandyrjak, dogry usullarda bişirilen esasy naharlar, işdäaçarlar iýilmeli. Agyr naharlardan, ýagly hem-de aşa etli naharlardan saglygymyz üçin saklanmalydyrys. Suwuň deregine bolsa gazly ýa-da reňkli suwlary içmeli däl.


Agyz açylandan soňra iki sagat ýaly wagt geçirip miwedir gury iýmişleri, süýtli süýjülikleri iýip, saglygyňyzy gorap bilersiňiz. Şerbetli, aşa süýji önümleri oraza aýynda iýmeseňiz has ýerlikli bolar.


Sagdyn oraza geçirmegiňizi arzuw edýäris!


Kabul bolsun hemmamizin Orazasy🤲

49
845
enes_∞
26.02.2025 13:29

Köňle laýyk pikirler
Durmuşdaky ýeke-täk bagt — munuň özi mydama öňe ymtylmakdyr.
Emil ZOLÝA.
Fransuz ýazyjysy.
***

Öňe gitmeýän adam yza gaýdýandyr, bir duran ýeriňde durup bolmaýar.
Wissarion BELINSKIÝ.
Rus ýazyjysy.
***

Islendik beýik işler ýaýdanjaň we ýalta adamlar tarapyndan edilýän däldir.
Jorj ELSOT.
Iňlis ýazyjysy.

***
Iş ýazmadyk alym miwe getirmeýän daragt ýalydyr.
SAADY.
Täjik-pars şahyry.

***
Iň çynlakaý isleg hakykata akyl ýetirmäge bolan islegdir.
Georg GEGEL.
Nemes filosofy.

***
Hakykat hiç haçan açylman galyp bilmez.
Leonardo WINÇI.
Italýan suratkeşi.
***

Akyl hem aň — bular adamyň iki sany uly baýlygydyr.
PLUTARH.
Gadymy grek filosofy we ýazyjysy.
15
264