enes_∞
09.05.2025 18:09
Söýgi nirede..?
Söýgi – at. Başga birini ýa-da bir zady janyňdan ileri tutup, tüýs ýürekden gowy görmek duýgusy.
Gysgaça, sözlükdäki berilen kesgitlemesi. Ýöne, bu söz barada durmuşymyz, duýgularymyz näme kesgitleme berýärkä?!
Bu ýönekeýje bir sözmi, ünsümizi çekýän gyzyklanmamy ýa-da ähli gowy duýgularymyzyň bir atda jemlenen görnüşimi?
Munuň üçin sizden anyk jogap sorap biljek däl. Sebäbi “jogap” her kim üçin her hili ýagdaýlarda her dürli sypatlar bilen şekillendirip bilner.
Söýgi – görýän, duýýan, eşidýän, gidýän her bir ýerimizdedir. Ol dogduk mekanyň howasynda, ejäniň mährinde, kakaň gujagynda, doganyň goragynda, jigiň gülküsinde, ene-ataň agtygyna seredýän buýsançly gözlerinde, dostlaryň goldawynda, görýän kinolaryňda, futbol oýnuňda, diňleýän aýdym-sazlaryňda, alýan baýrakdyr-sowgatlaryňda…her gün döräp biläýjek pursatlaryňdadyr.
Ýöne “söýgi” diýlen düşünjäniň hem ähli düşünjelerde bolşy ýaly dürli-dürli sypatlary-garaýyşlary bardyr.
Bu garaýyşlar gowy, erbet, dogry, ýalňyş hem bolup biler…
…Edil eý görýän zadymyzy ýitirmekden gorkuşymyz ýaly, kalbymyza iň ýakyn bolan adamlarymyzyň hiç pikirlenmän janyny ýakyşymyz ýaly, her dürli sebäpler arkaly aldaýşymyz ýaly, höwes edýän işimizi soňa goýşumyz ýaly, biziň islegimiz däl-de, daş-töweregimiziň pikirine görä saýlaýşymyz ýaly…
Aýdylyşy ýaly, “söýgi” düşünjesine her tüýsli garaýyşlar bolup biler ýöne, muňa garamazdan, bu päk duýga seljerme bermek gelşiksiz. Ony her hili bolar-bolgusyz duýgulardyr, düşünjeler bilen deňemek samsyklykdyr.
Eger şeýle bolýan bolsa, onda “asyl” söýgi nirede?
…Bir döwürler perişdeler bagtyň-söýgüniň gadyrny bilsinler diýip, ynsanogluna ders bermek isläpdirler. “Söýgüni aňsat-aňsat tapylmajak ýere gizläp goýalyň, ynsan hem ony tapmak ugrunda ylgasyn, gözlesin, güýç sarp etsin” diýipdirler. Şeýlelik bilen hem, söýgüniň-bagtyň gadryny bilerler diýen netije gelipdirler. Elbetde, işiň içine girenlerinde munuň aňsat däldigine göz ýetiripdirler. Olar Ýer ýüzünde söýgüni nirede gizlejeklerini bilmändirler. Kim Kap dagynyň çür depesine çykaralyň diýse, kim okeanyň düýbüne gömeliň diýipdir. Ýöne hiç birisi hem bu pikir bilen ylalaşmandyrlar.
Soňra aralaryndan biri çykyp, “Bagty ynsanoglunyň öz içine gizläliň. Sebäbi, bagty gözleýän kimem bolsa, onuň aklyna öz içinden gözlemek gelmez” diýipdir.
Eger sen çyn söýgüni gözleýän bolsaň, onda gözleriňi öz içiňe öwür. Başga ýerlerde, başga zatlarda gözleýän “söýgiň” seniň öz kalbyňda.
Bagty gözlemek gerek däl, ol onsuzam sende bar – o sen.
Haçanda çaga doglan wagtynda enäniň ellerindäki ilkinji söýgi uçgunjyklary peýda bolup başlaýar. Soňra ol uçgunjyklar ulalyp duýga öwrülýär-de, çagalyk wagtyndan tä ömrüniň dowamyna çenli dowam edýär. Bu duýgy oňa durmuşda isleg-arzuwlaryna, saýlawlaryna, kararlaryna, haýsy ýolda ýörejegine hem-de kim bolmalydygyna kömek edýär. Bu bahasyna ýetip bolmajak peşgeş bolsa, hemme kişä deň-derejede paýlanyp, üstüniň ýetirilip durulmagyny talap etýär.Ýöne, pelegiň çarhynyň aýlanyp durmagy esasynda, saňa berlen bu duýgyny goramak, ony üýtgetmän saklamak welin, diňe saňa bagly. Ony goşundysyz sadalygy üçin hemişe aýawly saklap gezmeli bolýar. Sen diňe şu päklik arkaly kalbyňdaky arassalygy saklap bilersiň. Ine, şonuň üçin hem, söýgi – ýaşaýşyň özeni. Ýaşaýşyň özi.
Şol sebäpli hem, ýüregiňdäki päklige gulak as, biz nähili duza-tagama aç bolşumyz ýaly ruhumyz hem söýgä açdyr, mätäçdir. Sen diňe özüňi söýmegiň arkaly töwerekdäkilere söýgüňi berip bilersiň. Ähli zadyň başlangyç nokadynda özüň duranlygyňy ýadyňdan çykarma!
11
202
enes_∞
07.05.2025 16:34
“Altyn sözler” usuly
Elbetde, biziň her birimize özümiz barada aýdylýan öwgüli, hoşamaý sözleri eşitmek ýakymlydyr. Şonuň bilen birlikde, aýdylan sözleriň, az-kem bolsa-da, ulaldylyp aýdylandygyny duýýarys. Şeýle bolsa, bu sözleri eşitmek bize näme üçin ýakymlyka?
Eger adama: «Siz şeýle akylly» ýa-da «Siz muny örän oňat başarýarsyňyz» diýip, ýygy-ýygydan aýdylsa, hakykatda, ol beýle ökde däl hem bolsa, belli bir wagtdan soňra öz ukyplaryna doly ynanar we özünde bar bolan mümkinçilikleri ulanmaga çalşar.
Ynandyrmanyň täsiriniň netijesinde, adamyň haýsy-da bolsa bir häsiýetini kämilleşdirmekde arzuwynyň, isleginiň, zerurlygynyň gaýybana kanagatlandyrylmasy bolup geçýän ýaly bolýar. Hakykatda, onda isleg doly kanagatlandyrylmaz, ýöne onuň kanagatlandyrylandygyny duýmak, onuň netijesinde oňat duýgularyň döremesi hakykata öwrüler.
«Altyn sözleri» ulanmagyň düzgünleri bar. Olary bilmezlik ýa-da bozmak arkaly «altyn sözleri» (iň gowy bolanda) boş, lenç edilen sözlere öwürmek mümkin.
Öwgüli, hoşamaý sözler ýaranjaňlyk edilip aýdylan sözlerden olarda az-kem ulaltmanyň bardygy bilen tapawutlanýarlar. Ýaranjaň öz söhbetdeşiniň artykmaçlyklaryny, gowy taraplaryny juda ulaldyp görkezýär.
Mysal üçin, «Şu reňk saňa örän oňat gelişýär» (öwgi) we «Sen iň gözel zenan» (ýaranjaňlyk) jümlelerini deňeşdirip görüň. Ýaranjaňlyk öwgüden has gödegräkdir we köplenç ýapa ýanaşmaýandygy, hakykata laýyk gelmeýändigi üçin kabul edilmän biler. Ýaranjaňlygyň ýaraýan adamlary hem bar.
Işewürlik aragatnaşygyna hoşamaý söz (öwgi) laýyk gelýär. Taryp etmek (hoşamaý söz aýtmak) bilen öwgini birmeňzeş düşünje hasaplamaly däl. Öwgi – bu oňat baha bermek. Taryp etmegiň oňat kabul edilmegine hyzmatdaşlaryň ikisine-de mälim bolan maglumatlary, subutnamalary ulanmak ýardam edýär. Taryp etmäni onda subutly esasyň ýokdugy ynandyryjy däl edýär we aýdylan sözi lenji çykan, ýaranjaňlyk bilen aýdylan sözüň derejesine çenli peseldip biler.
Eger söhbetdeşiňiziň haýsy subutnama, delil barada gürrüňiň barýandygyna düşünjekdigine şübhelenme bar bolsa, onda gowusy töwekgelçilik etmeli däl-de, öňi bilen bu şübhelenmäni ýatladyp, soňra ony ynandyrjak bolmaly.
Eger taryplama subutnamalara ters gelýän bolsa, ony ulanmaga ýol berilmeli däldir. Mysal üçin, işgär zenan dişagyrydan ejir çekip, bütin gije ýatyp bilmedik bolsa, oňa «gowy görünýäň» diýmek ýerliksizdir. Şeýle diýlende, ol ýaňsylama hökmünde kabul ediler.
Tarypnama gysga, bir-iki pikirden ybarat bolmalydyr, onda öwüt-ündew beriji sözler bolmaly däldir. Onda iki many çykýan söz düzümlerini ulanmakdan gaça durmaly. Taryplaýjy, hoşamaý sözleri mümkin boldugyça ýygy-ýygydan aýtmaly. Hut taryplamada tejribe toplanmagynyň netijesinde onuň ýeňil we sada görnüşde, erkin aýdylmagy gazanylýar, bu bolsa ony tebigy we örän täsirli edýär. Taryp etme, hoşamaý söz ony aýtmaga islegden başlanýar. Söhbetdeşiňizde nämäniň size ýaraýandygyny, ondan görelde hökmünde almak isleýän zadyňyzy tapyň. Adamlar taryp etmäni, hoşamaý sözi gowy kabul edýärler, sebäbi her bir adama oňa ýakymly bir zat aýtmak isleýändikleriniň özi hem ýakymlydyr. Hut şonuň üçin hem olar ýakymly zat aýdylanda bolup biljek ýalňyşlyklary, säwlikleri bagyşlaýarlar. Erkeklere hemişe öwgi sözleriniň aýdylyp durulmaýandygy üçin, olar bu sözleriň hiline az üns berýärler. Şoňa görä öwgi sözlerini erkeklere aýdyp öwrenmek has amatlydyr.
7
120