enegyz
30.12.2023 11:16
Degishmeler

🤭Ari wagtyndan ir öÿüne gelipdir, aÿaly söÿgülsini aÿnadan bökmäge mejbur etÿä, 12-nji etażdan böken oglan pikirlenÿä:
- gaty samsygow men, häzir ölerin, näm bardy šuñ ÿanyna gelip diÿsene, bu wagt men öÿümde aÿalymyñ ÿanynda gyzgynjak jaÿda çagajygymy gujaklap çaÿ içip oturardym......oglan ašakda duran arkasy doly pagtaly mašynyñ üstüne gaçÿa, ÿerinden turup ÿokaryk seredip:
- bah, her hili samsyk pikirler gelÿäraÿ kellä...

🤭Profesor talypdan sorady:
-Sen bir gap altyny saýlardyñmy
ýa-da bir gap akyly?
Talyp:
-Bir gap altyny.
Profesor:
-Men bir gap akyly saýlardym.
Talyp:
-Her kim özüne ýetmeýänini
saýlar.

🤭Ejesi:Oglum bu gün barlag işiňi ýazdyňmy?Näçe sanysy ýalňyş ekeni?
Ogly:1 sanysy ýalňyş ekeni.
E:Diýmek galanynyň hötdesinden gelipsiňde.
O:Ýok galanyny işläp ýetişmedim.

🤭- Agam mašynyň satlykmy?
+ Howwa
- Näme üçin satjak bolyan? Gowy dälmi?
+ Gaty gowy, hiçhili kemçiligi yok - Onda näme üçin satjak özün sürüberdä + Satyp täzesini aljak
- Bää senä täzesini almaly bizem señ köne mašynyňñy almalymy

🤭Aýaly: ärine agşam düýşümde sen maňa gyzyl sepoçka berýän....
Äri: akylly bolsaň indiki düýşüňde kulonynam alyp berjek

🤭Bir ayal 10 sany çagasyny mekdepde okatmak üçin ýüz tutupdyr. Müdir ýazga almak üçin aýaldan çagalarynyň atlaryny sorapdyr. Ayalam "Ahmet" diýipdir. Müdir geň galyp: "Nähili Ahmet, hemmesiniň ady Ahmetmi?" Ayal ynam bilen "Hawa!" diýipdir. Müdir: "Bolýar welin, aýaldogan kyn düşenokmy, garyşdyraňzokmy çagalaryňyzy?" Aýal: "Yok, tersine gaty aňsat, Ahmet nahara gel diýýän hemmesi gelýär, Ahmet gitýäs diýýän, hemmesi taýýarlanyp öýden çykýar." Müdir geň galýar: "Bolýar welin, ýörite birini çagyraňyzda näme etýäňiz?" Aýal: "Onýaly bolsa familýalary bilen ýüzlenýän."
19
314
enegyz
29.12.2023 15:30

Täze ýyl hakynda gyzykly maglumatlar


1. Dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde (şol wagt Germaniýanyň bir bölegi, häzirki wagtda Fransiýanyň bir bölegi) arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, peçeniýa we gant bilen bezelipdir.


2. Arça bezegleri üçin dürli reňkli öwüşgün saçýan çyrajyklar 1895-nji ýylda Amerikada oýlanyp tapyldy.


3. 1700-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Russiýa patyşasy Piter I täze ýyly bellemek barada karar çykarypdyr. Ondan öň ybadathana täze ýyly 1-nji martda, adaty adamlar bolsa 1-nji sentýabrda belläpdirler.


4. Gadymy Rimde täze ýyl mart aýynda bellenipdir. Miladydan öňki 46-njy ýylda imperator Ýuliý Sezar täze ýyl baýramçylygyny 1-nji ýanwara geçirmek barada karar çykarýar.


5. Fransiýada, 755-nji ýyla çenli ýylyň başy 25-nji dekabrdan hasaplanýar. Sene soňra 1-nji marta geçirilýär. 1564-nji ýylda korol Çarlz IX-yň buýrugy bilen ýylyň başy 1-nji ýanwardan başlanýar.


6. Eskimoslar täze ýyly ilkinji gar ýagýan güni belleýär.


7. Kubada, täze ýyldan bir gün öň öýdäki gap-gaçlaryň hemmesi suwdan doldurylýar we täze ýyl baýramçylygynda köçä we howla suw sepilýär. Bu ýol bilen günälerden arassalanmak we täze ýyly günäsiz bellemäge umyt döredýär. Kubada täze ýyl “Patyşa güni” diýip atlandyrylýar.


8. Gresiýada, maşgala baştutany täze ýyl gijesi köçä çykyp nary güýç bilen ýere urup döwýär. Aýtmyşlaryna görä dürli tarapa pytrap giden nar däneleri öýe üstünlik getirýär eken.


9. Italiýada, täze ýyl baýramçylygynda köne eşikler, zatlar we mebeller köçä zyňylýar. Köne zatlar köçä näçe köp zyňylsa, şol ýyl şonça-da köp döwletiniň artjakdygy bilen düşündirýärler.


10. Mikroneziýada hem täze ýyl 1-nji ýanwarda garşy alynýar. Ähli adamlar täze ýyl güni özi üçin täze bir at oýlap tapýar we bu hakda ýakynlarynyň gulagyna pyşyrdap aýdýarlar. Garyndaşlarynyň bir bölegi bolsa täze adyny erbet ruhlaryň eşitmezligi üçin bar güýji bilen deprek çalýarlar.


11. Käbir ýurtlarda adamlar täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda iň gowy arzuwlaryny kagyza ýazýarlar. Sagat 00:00-da jaň kakylanda kagyz ýakylýar. Kagyz jaň kakylyp gutarýança ýanyp gutarsa arzuwynyň hasyl boljakdygyna ynanýarlar.


12. Täze ýyl agşamynda bir bölek süýjilik torty Tibetden geçip barýanlara paýlanýar. Täze ýylyň bereketli gelmegi paýlanan süýjilik tortynyň sany bilen baglanyşykly.


13. Awstriýada käkilik bagt guşy hökmünde baha berilýär. Şonuň üçin bu guşuň eti täze ýyl saçagynda hödürlenmeýär.


14. Germaniýada aýaz baba çagalara sowgady penjiräniň tekjesinde goýup gidýär. Şwesiýada bolsa çagalar üçin niýetlenen sowgady öýüň içindäki peçiň içinde goýup gidýär.


15. Afrika ýurtlarynyň köpüsinde gyş ýok. Şonuň üçin olar aýaz babany Kambodjada diýip atlandyrýarlar bu bolsa gyzgyn baba diýen manyny berýär.


16. Gadymy döwürde aýaz baba hiç kime sowgat bermeýär eken. Muňa ýerine adamlar aýaz baba sowgat beripdirler.

14
65
enegyz
28.12.2023 10:37
Hemma salam🙋‍♀️.. bu gunki goyjak añsat yone pikirlendiriji soragym bilen tanysh boluñ. Göreliñ kim bilerkà??😉
Sorag: Iñññ uly gazanada sygmayan zat name??
19
178
enegyz
27.12.2023 09:25
Sorag: Çözip bolia ýöne daňyp bolanok. Bu zat näme???
16
132
enegyz
26.12.2023 10:02
Ejem bar

Kemsinemok! köne bolsa-da öýüm,
Haraba jaýlardan tapawut eder,
Giñmi - darmy gyzykly däl otaglar,
İçinde ejem bar sol maña ýeter!

Kemsinemok! ýok bolsada ulagym,
Ejem bilen gitsem onda tiz elter,
Menın üçün gyzykly däl tizligi,
ejem ýöräp bilýär, şol mana ýeter.!

Kemsinemok! asla pulum az diýip,
Pulun bolsa bilýän köp işler biter,
Manada ummasyz baýlyk gerekdäl,
Ejem gymmat puldan, şol mana yeter!

Kemsinemok! iller dünýäni görse,
Begenýän onlardan iki esse beter,
Säher turyp, görip bilsem ejemi,
Allahym başga zat islamok ýeter!
22
23
enegyz
24.12.2023 08:41
Hemmmmanizi yetip gelyan taze 2024nji yylynyz bilen tuurs yuregimden gutlayan. Her kimin ojagynda shatlyk gulki kem bolmasyn🙏
24
57
enegyz
23.12.2023 18:19

Bazarda satylmaz, satylsa alynmaz, hic kim geymez, br geyen cykarmaz?

26
217