elya
03.11.2023 23:52
Sen hakda soňky gezek...
Sensiñ meni şahyr eden bu anyk,
Bu ukyby guýduñ ýeñil kelläme.
Kän ýazypdym seniñ yşkyñda ýanyp,
Ýangynsyz ýazmadym,
Peýdasy näme?!

Ýazjakdym sen hakda poema, roman,
Ýazdym.
Tragedýa öwrüldi bary.
“Seni söýýän” diýip eserde ýazman,
“Söýüpdim” diýlenniñ peýdasy barmy?!

Hawa ol peýdasyz, şonuñ üçinem,
Olaryñ ömüri bolmady uzak.
Ýazdym,
Ýyrtdym.
Ýazdym özüm üçinem,
Saklamak isledim ençeme gezek.

Urnuşlarym tamamlandy peýdasyz,
Öz içgi dünýäme ýetmedi güýjüm.
Indi ýaşatjak men ýüregmi sensiz,
Ol hem gezeginde görkezsin güýjün.

Sebäp ýadadym men soñsuz eserden,
Nesip,
Geljegi bar goşgular ýazjak.
Gutulyp bu agyr, elhenç keselden.
Indiki ömrümiñ rejesin düzjek.

Bu gün ýüregimde iñ soñky günüñ,
Besdir oña parhsyz garap ýaşanyñ.
Oña saýlap, salyp, ajabyn gülüñ,
Söýen gezegimde söýlüp ýaşaryn.
Soñky gezek ýazýan sen hakda eser,
Sebäbi bu seniñ beren ukybyñ...
Dogry meniñ bolşum bu gün has ýeser,
Hoş gal!
Dowamyny etjek ukymyñ.


Kerim Hally
52
52
elya
03.11.2023 18:43
Ýagyş ýagýar,
Uçmah ysly damjalar
Ýagýan ýaly ýere däl-de ýüregme.
Bilmen, hyýallarym barýar hanjaga,
«Köne ýazgylary» goýup deregne.

Ýag, gussaň melhemi, yşkyň hemdemi,
Poslan göwünleri päklige ýetir.
Senden – umyt,
Razy, galsa mendenem,
Ýaşaýşy beýgeltjek ýekeje setir.

Tebigat asylky keşbine girse,
Duýgular düýpgöter barýar özgerip.
Adam ýaşamaly giçde ýa irde
Erkini olaryň eline berip.

Gurbanjemal ANNAKOWA
56
49
elya
03.11.2023 15:10
Ýyllar öz möhürin goýup bilmedi
Ýok durmuşym üýtgemedi birjigem.
Şol öňkülik — arzymany diňmedik,
Hem ykbalyň sahypasy kirjigen.

Saňa barýan ýola düşdüm,
diýjegim,
Bu ýollara tiken biten ekeni.
Ýöne ýyllar ýolda möhür goýupdyr:
Asyl biri geçip giden ekeni.

Sapa Hommadow
60
136
elya
02.11.2023 22:18
Ýalňyz gyz

Meniň gylygymy hemmeler bilýär,
Käte ýekelikde goşgy ýazýaryn.
Güýz gelende ruhy dünýäm giňeýär,
Şo mahal geçmişe nazar salýaryn.

Sende-de güýz bilen çalymdaşlyk bar,
Seň halyňdan hiç kim habar alanok.
Ýalňyzlygňy hemmelerden gizleýäň,
Ýöne welin menden gizläp bileňok.

Gussa batan, aýa meňzeş jemalyň,
Meni ýene çagalyga dolaýar.
Öwsüp duran güýzüň näzik şemaly,
Seniň ýüpek saçlaryňy daraýar.

Şu gün diýen sözlerimden öýkeläp
Öýüňize tarap batly ýöreýäň.
Ertesi gün ýene öýkäňi gizläp,
Emaý bilen gözlerime garaýaň.

Seniň ýalňyzlygyň giden bir umman.
Gam-gussaňy başaraňok görkezmän.

Parahat BATYROW,
52
70
elya
29.10.2023 20:15
SEN EKENIŇ
Gözleňden nämedir bir zat gözleýän
Ýöne meň gözlegim sygmaz göwrüme
Şowsuz günlerimi arşa göteren
Gözleriň şowlulyk geti:r ömrüme.

Çalynmadyk sazlarymyň notasy
Sen ekeniň aýdylmadyk sözlerim.
Hakydaňa ýerleşdiren keşbimi
Aýna bakyp gözleriňden gözlegin.

Sen ekeniň sensizligi kör edip,
Maňa uly umyt bolup dolanan.
Hemem yşgyň alawyny köredip,
Meni garşy aldyň durmuşym bilen.

Sen ekeniň näme gazanan bolsam,
Şolaň ählisinden beýik utuşym.
Wiý, belki-de özüň bilýänem dälsiň,
Ýaraýar maňa.
Adymy üýtgeşik edip tutuşyň.

Gülnar GELDIMYRADOWA
57
70
elya
29.10.2023 17:32
OÝUN
Bir nokada gözüm dikip otursam,
Ýene hakydama gelýär syratyň.
Seniň gapdalyňda men-ä ýok welin,
Maňa nädip düşüpdir seň suratyň.
Geň galýan, belki-de ýadygär diýip
Suratlarmyň arasyna salansyň.
Ynansaň men henizlerem gözleýän,
Gizlenpeçek oýnan çagymyz
Seň gizlenen ýeriňden.
Gündeligme gül çekipdiň, häzirem
Olar çyn bägül deý otyr açylyp.
Çünki men olary her gün suwarýan.
Damjalarmy ýagyş deýin gaçyryp.
Görsene bu zatlar hakyky ýaly
Suratyňa näçe bakýan ýadaman.
Keşpler çarçuwada galýar ömürlik,
A adam…

Gülnar GELDIMYRADOWA
57
103
elya
29.10.2023 00:50
NIRÄ BARÝAN
Ellerimi saýawana öwürip,
Güneşden goranjak bolýaryn emma,
Meniň bu bolşuma ýaýkap başyny
Asmanda bulutlar haýdaşyp barýar.

Howada guşlaryň gaýýan sesleri,
Neçüýn gamgyn aýdym bolup eşdilýär?
Gözlermiň garasy agynda doňan,
Göreçlerim her kes üçin neşter däl.

Ýöne ol aňlanlar üçin alawdyr.
Goý, onuň oduna ýansyn kirpiklem.
Arzuwlarym haýsy ýola äkider?
Uzak wagt dymmak gowy däl beýdip.

Gözlerimi ýummaga-da gorkýaryn,
Soň başga bir ýerde oýanaryn öýdüp.

Gülnar GELDIMYRADOWA
52
56
elya
28.10.2023 15:20
Hiç haýyr bermedik miwesiz bagyň,
Bahasy guransoň odunda galar.
Diňe şol hakdaky ýatlamalaryň,
Bir pursatlyk ýakan oduňda galar.

Adamdyr özüniň uly duşmany,
Ýürek islär öz ýaryna du:şmany,
Ykbalyňda aýralygyň nyşany,
Iň eziz görülýän zadyňda galar.

Durmuşda çyn dostdan duşmanyň kändir,
Haýyr işde badak atjak betpäldir,
Umytsyz başlangyç başlangyç däldir,
Ol diňe batlanan badyňda galar.

Ýürek gamdan çişer mähre ganmasa,
Göwnüň aglar her pursatda gam basa,
Gül ýüzüňden bagtyň nury dammasa,
Köýen umytlaryň dadyňda galar.

Kineler dert berer,gezmegin aýtman,
Ädim ät hoş goş güne yzyňa gaýtman,
Il üçin iş etseň gijeler ýatman,
Asyrlar geçsede adyňda galar.

Ýüregmize goýup bir pursat eli,
Mährem enelere tagzym edeli,
Zeminde ýagşy söz azam däl weli,
Ýöne iň ezizi ýadyňda galar.

Muhammet Bekgiýew
62
103
elya
28.10.2023 05:12
Biziň durmuşymyz manyly kitap 
Her kim ondan many alýar öziçe 
Kimse akyl kimse baýlyk kimse bagt 
Her kim ondan paýyny alýar özine

Biziň durmuşymyz Allaň peşgeşi
Wagt geçýär soň yza gaýtarylmaýar 
Bir kişiň maňlaýna ýazylan ýazgyt 
Beýleki adamda gaýtalanmaýar

Biziň durmuşymyz synag dünýäsi 
Her bir edýän işleň hasaply onda 
Elmydama birek-biregi söýip 
Ula hormat goýup gezmeli munda

Biziň durmuşymyz nowella meňzeş 
Soň näme boljagyny bilip bolmaýan 
Her dürli çaklama ýüz ursakda bir 
Allanyň etjegni ynsan bilmeýär

Bu durmuş gyzykly başdan geçirme 
Bolýar onda dürli päsgelçilikler 
Gerçek dürli kynçylyga döz gelip 
Hökman geçmeli şol päsgelçilikden

Gerçeknazar Amannazarow
48
37
elya
28.10.2023 00:20

Diýýärler: “Ýylanyň gowusy bolmaz”,

Şu aýdylan gürrüň dogrudyr, belkem.

Emma oň şeýle bir dogry däldigne,

Ýaşap ýörseň akyl ýetirýäň kem-kem.


Ýalňyş — biraýakdan sürmek baryny,

Ýylanlaryň iň howplusy kepjebaş.

Ine, seň öňüňde örboýa galyp,

Taýýar häzir söweşmäge başa-baş.


Mertden eýmenmegiň zyýany ýokdur,

Birsalym endamyň tikeneklesin.

Azar bermäliň biz kepjebaşlara,

Gömülgenden bolsa hudaý saklasyn.


Tagan SÖHBEDOW

45
117