elya
11.10.2023 09:27

Göwnüm gitmez göwnüň ýetmez işlere,

Paýhasym ýoluňy tutar her haçan.

Yhlasym birigip umytlam bilen,

Seň ugruňda zähmet çeker, der saçar.


Amal etmen ýersiz-ýere gögerip,

Boý almaga yhlas edýän kinäňe.

Sende barmy, ýokmy — on-a biljek däl,

Ýöne gamly günüň hoş söz diýmäge

döwtalap men.

Dünýäm, mende juda kän

şeýle niýet.

Şeýle päliň biri men.

Ýüregiňden bireýýämler göç eden

ýagşy arzuw,

Saňa köňlün bagş edip,

Ýalňyz çagy sanda däliň biri men.



✏Sapa HOMMADOW

47
47
elya
10.10.2023 22:39

Çyn dost soñuña däl, başyna geler,

Çyn dost tomsuña däl, gyşyña geler.

Saña däl baýlygyña baglanan \" Dostlar\",

Işiñe däl belki aşyña geler.


Kerim Hally

54
62
elya
10.10.2023 18:53

Hany pynhan söýgi, birje görkeziñ,

Ýüzine bakýan ýok eli gülliniñ.

Aýtmaklyk biraz-da agyram welin,

Bu wagtkylar oýunjagy pullynyñ.


Hajymyrat Goşaýew

51
51
elya
09.10.2023 22:54

ÝÜREGE ÝÜZLENME

Menzilimiz — ynam, umyt, bakylyk,

Ýeň bermek bolmaýar, ýetmeli pellä.

Çünki ak ertirler berdi çakylyk,

Sagymyz, solumyz, ýolumyz del däl.


Duşýan şowsuzlyklaň bereli merkin,

Ýolumyzdan ürküzmesin zenzele.

Gowşama, ýüregim, gowşatma erkiň,

Biz ir-u-giç ýeteris şol menzile.


Haýyrdan, zyýandan paýymyz ýetik,

Şujagaz ömürem köp zat öwretdi.

Täze ýara alyp, könämiz bitip,

Durmuş bizi ýara bilen höwür etdi.


Ýat boldy ýakynlar, dost boldy ýatlar,

Kösenip öwrendik ýaşamagy biz.

Ykbaly ýyladýar gursagy otlar,

Gursagy köz edip ýaşamaly biz.


Söýgi bilen gazanylýar bakylyk,

Ýöne olam mümkin diňe seň bile.

Şonuň üçin düzüw Päli şa kylyp,

Gel, howlukman, ýeteli şol menzile.


Sapa HOMMADOW

48
43
elya
09.10.2023 18:50

Döneýin

Sen geldiň-de, ýüregimi eretdiň,

Boş göwredim, ýaşaýyşa ýer etdiň,

Men jahana söýgi bilen seretdim,

Mähribanym, seň adyňa döneýin.


Seni küýsäp, gözüm göge dikerdim,

Çirim etmän bagt ýyldyza bakardym,

Hyýalymda adyň şoňa dakardym,

Duýgularmy duýanyňa döneýin.


Gelseň, bagtly bolýan, gelmeseň weli,

Gözlerim gapyda – görmekçi seni,

Idip gitmelimi özüm kerweni,

Mähribanym, seň mähriňe döneýin.


Gel, ezizim, yşk alawyn ýakaly,

Teşne göwünleri mähre ýakaly,

Älem içre bagt boluplar bakaly,

Saçym çöşläp daraýşyňa döneýin.


Ynan maňa, indi mundan gitme ýok,

Sensiz maňa bir ädimem ätme ýok,

Sensiz dünýäň lezzetinden datma ýok,

Yşk ataşly gudratyňa döneýin.


Güljemal Garaÿewa

56
73
elya
08.10.2023 15:49

Kaka gyşdyr - kä salkyn, käte sowuk,

Onda gar ýagsa - da eretýändir soñ.

Başdan aýyr zyýanly zady kowup,

Pähimi ömrüñe ýaraýandyr soñ.


Eje ýazdyr - saña ilki jan beren,

Şoñ bilen dünýäde açyllar güller.

Gum - guklyk ýaşaýşa aýdym - saz geler,

Pasyllaryñ soltany Ejeli günler.


Uýa - tomus, onuñ yssy mähiri,

Ýetişdirip, añ, akylyñ bişirer.

Ýollaryña ýalkym saçjakdyr keşbi,

Ýalñyşañda ýalñyşyñy ýaşyrar.


Aga - Güýzdir, dökülýändir dertleriñ,

Mert bolup kän aladañy owradar.

Bile geçişjekdir ýollañ kertlerin,

Gussañ alyp geljegiñe ugradar.


Ýer ýüregi şular bilen urýandyr,

Ählijesi gerek ajap pasyllañ.

Biri kem bolsa bildirip durýandyr,

Dünýäñ gözel şolaryñ arkasyndan.


Şanazar Hydyrow

50
39
elya
08.10.2023 15:44

Käteler

Iren göwnim iriñläpdir,

Asly ýalan wadalardan,

Allam öziñ goraweri,

Iki ýüzli sadalardan.


Gomalara mejalym ýok,

Siñriginde suwsyz çilläñ,

Seýikläpdim yşkyñ atyn,

Bagta tarap äden pilläm.


Geljegi nazarlap ýörin,

,,It\" diýemok güjige-de,

Hak sözi agtaryp ýörin,

,,Ynam\" atly hüjireden.


Aladaly gaýgy kürsäp,

Bedenimi endiretýär,

Ah-eý ynanjañlyk gursyn,

Ähli ynanjy eretýän...


Awtory: Baýram Bejidow

46
33
elya
08.10.2023 15:43

Men biraz öñkimden güýçlendim, kaka!

Düşündim durmuşyñ añsat dälligin,

Sabrym bilen darkaş eden duýgylañ,

Kötelli ýollarda agsatýanlygyn.


Aram tapman gezenimde käteler,

Dar ýodadan ýöräp, giñ-giñ köçede,

Haly bolup düşelende ýalanlar,

Oturmagy endik etdim keçede.


Ýygy-ýygy gara basýar gijeler,

Rahatlygym bilen gidemde uka,

Ykbalyñ oýnundan ýadadym, ýöne,

Men biraz öñkimden güýçlendim kaka!.


Baýram BEJIDOW.

47
36
elya
08.10.2023 15:38

Söyäydimmikäm

Diýdiň :”Senli ýola gitjek”

Nähak “Ýok” diýäýdimmikäm.

Ýürek buzuňy eretjek,

Mährimi aýaýdymmykam?


Şonda-da ýollaryňa garap,

Ezildi ýüregim eräp.

Gedemlikden halym harap.

Ýüregňi gyýaýdymmykam.


Söýgi derdiň agyrdygny,

Hem hupbatly ýagyrdygyny.

Oň lezzetli howurdygyny,

Öňünden duýaýdymmykam.


Gussalarym bolýar weýran,

Seniň bilen etsem seýran.

Bu bagta özümem haýran.

Söýgüňe uýaýdymmykam.


Gözüm açsam sen bolduň-la,

Ýatsam düýşüme geldiň-le.

Halys aklymy aldyň-la,

Yşk donun geýäýdimmikäm.


Didäm dideleriňe gurban,

Mährem sesiň jana derman.

Oňup bilemok-la görmän,

Ýa, seni söýäýdimmikäm...


Närtäç Ÿusupdurdyÿewa

42
33
elya
06.10.2023 19:35

GARRAMAGA WAGT BARMY

Garramaga wagt barmy dünýede,

Aýlar-ýyllar gözüň-başyň aýlap dur.

Söýülip, owadan ýaşamak üçin,

Aşyklary bir-birine taýlap dur.


Garramaga wagt barmy dünýede,

Gözellikden ganyp ýörkä göwünler.

Şaýat bolup ömrüňdäki şatlyga,

Ýene baky dowam eder bu günler.


Garramaga wagt barmy dünýede,

Gije-gündiz erkiň alýandyr duýgy.

Garramazlyk üçin, ölmezlik üçin,

Ýaşasyn arzuwlar, ýaşasyn söýgi!


Bahargül Mejidowa

52
64