ebru
15.12.2022 17:29
"Likee Lite" barada.

“Likee Lite”, ähli dostlaryňyz we yzarlaýjylaryňyz bilen gyzykly aýdym-saz wideolaryny döretmäge we paýlaşmaga mümkinçilik berýän programma. Elmydama bu görnüşli programmalarda bolşy ýaly, programmany ulanmak üçin ulanyjy hasaby döretmeli. Bagtymyza, bu hasaby açmak üçin Google ýa-da Facebook ulanyp bilersiňiz.

Ulanyjy hökmünde öz aýdym-saz wideolaryňyzy döredeniňizde her dürli mümkinçiliklere eýe bolarsyňyz. Wideony ýazga almak üçin Rihanna ýa-da Jastin Biber ýaly aýdymçylaryň meşhur aýdymlaryndan ýa-da Dragon Ball, Garri Potter ýa-da Doctor Who-dan sazlary saýlamak üçin millionlarça adaty aýdym ulanyp bilersiňiz. Hatda enjamyňyzda saklan aýdymyňyzy hem saýlap bilersiňiz.

“Likee Lite” -de wideo redaktirleme ýönekeý, ýöne bu onuň birnäçe tonna wariant hödürlemeýändigini aňlatmaýar. Barmagyňyzyň ujy bilen ulanyp boljak dürli wideo effektlerini goşup bilersiňiz. Ot, atyş ýyldyzlary, kebelekler ... wideolaryňyza her dürli zatlar goşup bilersiňiz.

Likee Lite diýseň gyzykly sosial ulgam. Gije-gündiziň dowamynda köp gyzykly wideo tapyp bilersiňiz we programmada iň gowy mazmunyňyzy jemgyýet bilen paýlaşyp bilersiňiz. Mundan başga-da, halaýan birini tapsaňyz, dostlaryňyzyň sanawyna goşup bilersiňiz we islän wagtyňyz olar bilen gürleşip bilersiňiz.

Andres Lopez tarapyndan gözden geçirildi . Uptodown lokalizasiýa topary tarapyndan terjime edildi.
Talaplar
Android 4.1 ýa-da has ýokary talap edýär.


Likee Lite girýäniňiz bami agzalar😉
8
58
ebru
14.12.2022 17:30
“TikTok” näme?

“TikTok” – “ByteDance” hytaý kompaniýasyna degişli bolan, gysga wideo görnüşlerini çykarmak we görmek üçin niýetlenen mobil platformasy (ulgam). 

“TikTok” haçan we kim tarapyndan döredilýär?

“TikTok” 2016-njy ýylda Hytaýda “Douin” ady bilen esaslandyrylýar. Ol hytaýly progammist Çžan Imin tarapyndan döredilýär. Çžan Imin “music.ly” taslamasyny satyn alyp, ony öz platformasy bilen goşup, 2018-nji ýylda “TikTok” ady bilen “Douin”-iň halkara görnüşini (wersiýasyny) çykarýar.

“TikTok”-yň Los-Anjelesde, Nýu-Ýorkda, Londonda, Parižde, Moskwada, Berlinde, Dubaýda, Mumbaýda, Jakartada, Seulda we Tokioda ofisleri bar.

 “TikTok” haçan meşhur bolup başlady?

2018-nji ýylda auditoriýa hödürlenen pursatyndan başlap, diňe Hytaýyň özünde däl, eýsem dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem meşhur bolmaga we tiz tanalmaga başlaýar. Az wagtda “AppStore” we “Google Play”-den iň köp alynýan mobil goşundysyna öwrülýär. 

“TikTok” näme sebäpden beýle meşhur boldy?

Meşhur bolmagynyň esasy sebäbi – beýleki platformalara garanyňda öwrediji häsiýetine eýe. “TikTok”-da esasan “How to” we “LifeHacks” wideolary ýerleşdirilýär. Ýerleşdirilmäge rugsat berilýän wideolaryň dowamlylygy gysga bolany üçin, ulanyjylar olara tomaşa etmekden ýadamaýar.

Mundan başga-da, “TikTok” ýörite “akylly” algoritmi esasynda işleýär. Mysal üçin, ulanyjynyň gyzyklanýan ugurlaryny, ýagny haýsy temada kän wideo görýän bolsa, oňa goşundy açylanda esasan şol temadaky wideolaryň görülmegi maslahat berilýär. Munuň programma kodunyň arkasynda “Artificial Intelligence” (Emeli aň) tehnologiýasy düzülen diýlip birnäçe çeşmelerde habar berilýär. Netijede, ulanyjylar öz halaýan we gyzyklanýan wideolaryna ýadaman, gysga wagtda tomaşa edip bilýärler.

“TikTok”-yň beýleki platformalardan näme tapawudy bar?

“TikTok” beýleki platformalardan tapawutlylykda, adaty adamlara tiz tanalmaga we meşhur bolmaga ýol açýar. Eger “Instagram” we “YouTube” ýaly platformalarda esasan hem tanymal (futbolçy, kino aktýor, aýdymçy we ş.m.) adamlaryň yzarlaýjylary (подписчик) we goýulýan “Like”-lary kän bolsa, “TikTok”-da adaty adamlaryň goýan we paýlaşan wideolary hem birnäçe günde müňlerçe, millionlarça gezek tomaşa edilip we halanyp bilinýär. Çünki “TikTok”-da esasy maksat gyzykly kontentiň (mazmunyň) paýlaşylmagy bolup durýar.

“TikTok” mobil goşundysy ulanyjylara arka fonda aýdym-sazly gysga wideolary çykarmaga mümkinçilik berýär, wideony ýörite filtrler bilen çaltlaşdyryp, haýallaşdyryp hem-de kebşirläp bolýar. Mysal üçin, ulanyjy meşhur aýdymçynyň aýdymyny açyp, şol aýdyma agzyny gymyldadyp, özi aýdýan ýaly, ýa-da belli bir saza tans edip, ulanyjylaryň arasynda şol wideolary paýlaşyp we trend edip bilýär. 

“TikTok”-yň ulanyjylary.

Mobil goşundynyň 150 ýurtdan 1 milliarddan gowrak ulanyjysy bar. Mobil goşundynyň auditoriýasy esasan 16-40 ýaş aralygy ulanyjylar. 

Mysal hökmünde iň iri ýurtlaryň biri Russiýany alsak, 2019-njy ýylyň ahyrynda ulanyjylar her aý “TikTok”-daky wideolary ortaça 16,25 milliard gezek görüpdirler, 20,83 million sanysyny ýerleşdiripdiler, 23 million sanysyny bolsa paýlaşypdyrlar we 1,62 milliard wideo halanypdyr.

“TikTok”-yň maliýe görkezijileri.

“TikTok”-y esaslandyran Çžan Imin ilkibaşda “music.ly” taslamasyny 1 milliard dollara satyn alan bolsa, 2019-njy ýylda “TikTok”-dan gelen arassa girdejisi 3 milliard, 2020-nji ýylyň 1-nji çärýeginde bolsa 5,6 milliard dollara barabar bolupdyr.

“TikTok”-a meňzejek bolýan platformalar.

Dünýä ýüzünde “TikTok”-yň bäsdeş platformalary diýseň kän. Ýönekeý mysal bersek, “YouTube” golaýda “YouTube Shorts” atly platforma döretdi. “YouTube Shorts”-yň işleýşi edil “TikTok” ýaly: gysga wideolar, gyzykly kontentler. Bu hem bäsdeşinden galmajak bolup döredilen hyzmat.

“TikTok” barada gysgaça aýdylanda:

1. “TikTok” – gysga wideo görnüşleri görmek we paýlaşmak üçin sosial tory;

2.Dünýä ýüzünde 1 miliarddan gowrak ulanyjysy bar: häzirki wagtda bu san ep-esli ösdi we “Faсebook”, “Twitter”, “Instagram”, “Youtube” ýaly gigantlary geçmegi başardy;

3. 2016-njy ýylda döredilenine garamazdan, onuň mobil goşundysy “AppStore” we “GooglePlay”-dan 1,5 miliard gezekden gowrak alyndy;

4. Dünýäde iň gymmat “startup” (biznes) taslamasy hökmünde hasaplanýar;

5. “TikTok”-da ABŞ-nyň özünden 30 milliondan gowrak ulanyjy bar;

6. Ulanyjylar gündelik 50 minudyny onuň içinde geçirýärler;

7. Ulanmak aňsat, “Instagram” bilen deňeşdirilende - ulanyjylary ýönekeý auditoriýa;

8. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde ony ulanýanlaryň sanawy boýunça 1-nji ýere geçdi.


Tik tok girýäniňiz bamyy😁
14
43
ebru
13.12.2022 15:15
"Haramzada"

-Bu sözüň asyl manysy gaty erbetdir.
"Haram": Allahu Tagallanyň gadagan, etmegi bolmaýan, eger edäýsede onuň ahyrýetde dowzah odunda ýanjakdyr diýen zadydyr.

"Zada":Bu goşulma bolup, dogan, doglan, dörän, emele gelen manylary aňladýar.
Bärde indi aýdyljak bolýan zat.
"Haramdan bolan", (Estagfirullah) ýagny binika (Zyna) bolan diýmekdir.
Eziz musulman doganlar şu söz türkmençilikde köp aýdylýan söz, oňardygymyzdan näçe gaharlansakda, hatda oýun edibem aýtmajak bolalyň!!!

#Mürze.
21
77
ebru
12.12.2022 21:24
Zeper ýetmeleriň häsiýetini, agyrlygyny we çylşyrymlaşmalaryny dogry kesgitlemek we netijeli ilkinji medisina üçin adam bedeniniň gurluşyna, onuň agzalarynyň ýerleşişine we işjeňligine düşünmelidir. Her bir agzanyň gurluş birligi öýjükden ybaratdyr. Öýjükleriň gurluşynda we işjeňliginde köp sany birmeňzeşlikler bar. Şol bir wagtyň özünde öýjüklerde özüne mahsus bolan aýratynlyklary bolup, ol bolsa olaryň bedendäki ýerini we ornyny kesgitleýändir.Gurluşy we işjeňligi boýunça birmeňzeş öýjükleriň toplumyna dokuma diýilýär. Dokumalaryň düzümine ýörite öýjüklerden başgada öýjükara maddasy hem degişli bolup durýar.Epitelial (örtüji), birleşdiriji, et we nerw dokumalary bardyr.Epitelial (örtüji) dokuma gorag işjeňligini amala aşyrýar we beden bilen daşky gurşawyň arasynda iýmit çalşygynda gatnaşýar. Bu dokuma deriniň ýokarky gatlaklaryny we nemli bardalaryny (agyz boşlugy, aşgazan, içege, peşew çykaryş-jyns agzalary we beýlekiler) düzýär.Birleşdiriji dokuma öýjüklerden we öýjükara maddasyndan durýar. Ol dürli agzalary we dokumalary öz aralarynda “ýelmeşdirýär”, “birleşdirýär”. Birleşdiriji dokuma şeýlede kitirdewük we süňk dokumalary hem degişlidir.Et dokumasy – bedeniň ähli eti, şol sanda ýüregiň hem eti ondan düzülendir. Et dokumasy adamyň agzalarynyň köpüsinde – gan damarlarynda, aşgazan-içege toplumynda we beýlekilerde bolýar.Nerw dokumasy örän ýokary ýöriteleşendir. Ol gyjyndyrmany kabul etmäge, nerw impulslaryny döretmäge we geçirmäge ukyplydyr. Kelle beýni, merkezi we periferiki nerw ulgamy nerw dokumasyndan düzülendir.Öz gurluşy boýunça dürli bolan dokumalar agzalara birigendir. Işjeňligi biri-biri bilen bagly bolan agzalar bilelikde ulgamlary emele getirýärler. Adam bedeninde şu aşakdaky ulgamlar bardyr: et-süňk, ýürek-gan dammar, dem alyş, iýmit siňdiriş, peşew çykaryş-jyns, nerw, duýuş agzalary we beýlekiler.
10
30
ebru
11.12.2022 14:57
Aýasynda göteren,
Topraga dil ýetirme!
Saýasynda oturyp,
Ýapraga dil ýetirme!

Gülseň ýürekden gül sen,
Kalpda kine göterme!
Sanjysyn bilip-bilmän,
Kükrege dil ýetirme!

Tanaman aslyn-neslin,
Durkuna dil ýetirme!
Çeken jepasyn bilmän,
Gorkaga dil ýetirme!

Göterenden gep tapman,
Telpege dil ýetirme!
Iki söz başyn çatman,
Peltege dil ýetirme!

Gyzyň bar, lola gülüp,
Dyzyň urup oturma!
Ogluň bar ogra gülüp,
Gazananyň ýitirme!

Süýji sözläp gitseler,
Eräp-akyp oturma!
Başyna täç etseler,
Depä çykyp oturma!

Bu bäş günlük dünýedir,
Hiç kime el göterme!
Ahyr barjak ýeriňdir,
Topraga dil ýetirme!


Awtory:Sädi Sädiýew.
19
51
ebru
10.12.2022 16:00
1. Dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde (şol wagt Germaniýanyň bir bölegi, häzirki wagtda Fransiýanyň bir bölegi) arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, peçeniýa we gant bilen bezelipdir.

2. Arça bezegleri üçin dürli reňkli öwüşgün saçýan çyrajyklar 1895-nji ýylda Amerikada oýlanyp tapyldy.

3. 1700-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Russiýa patyşasy Piter I täze ýyly bellemek barada karar çykarypdyr. Ondan öň ybadathana täze ýyly 1-nji martda, adaty adamlar bolsa 1-nji sentýabrda belläpdirler.

4. Gadymy Rimde täze ýyl mart aýynda bellenipdir. Miladydan öňki 46-njy ýylda imperator Ýuliý Sezar täze ýyl baýramçylygyny 1-nji ýanwara geçirmek barada karar çykarýar.

5. Fransiýada, 755-nji ýyla çenli ýylyň başy 25-nji dekabrdan hasaplanýar. Sene soňra 1-nji marta geçirilýär. 1564-nji ýylda korol Çarlz IX-yň buýrugy bilen ýylyň başy 1-nji ýanwardan başlanýar.

6. Eskimoslar täze ýyly ilkinji gar ýagýan güni belleýär.

7. Kubada, täze ýyldan bir gün öň öýdäki gap-gaçlaryň hemmesi suwdan doldurylýar we täze ýyl baýramçylygynda köçä we howla suw sepilýär. Bu ýol bilen günälerden arassalanmak we täze ýyly günäsiz bellemäge umyt döredýär. Kubada täze ýyl “Patyşa güni” diýip atlandyrylýar.

8. Gresiýada, maşgala baştutany täze ýyl gijesi köçä çykyp nary güýç bilen ýere urup döwýär. Aýtmyşlaryna görä dürli tarapa pytrap giden nar däneleri öýe üstünlik getirýär eken.

9. Italiýada, täze ýyl baýramçylygynda köne eşikler, zatlar we mebeller köçä zyňylýar. Köne zatlar köçä näçe köp zyňylsa, şol ýyl şonça-da köp döwletiniň artjakdygy bilen düşündirýärler.

10. Mikroneziýada hem täze ýyl 1-nji ýanwarda garşy alynýar. Ähli adamlar täze ýyl güni özi üçin täze bir at oýlap tapýar we bu hakda ýakynlarynyň gulagyna pyşyrdap aýdýarlar. Garyndaşlarynyň bir bölegi bolsa täze adyny erbet ruhlaryň eşitmezligi üçin bar güýji bilen deprek çalýarlar.

11. Käbir ýurtlarda adamlar täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda iň gowy arzuwlaryny kagyza ýazýarlar. Sagat 00:00-da jaň kakylanda kagyz ýakylýar. Kagyz jaň kakylyp gutarýança ýanyp gutarsa arzuwynyň hasyl boljakdygyna ynanýarlar.

12. Täze ýyl agşamynda bir bölek süýjilik torty Tibetden geçip barýanlara paýlanýar. Täze ýylyň bereketli gelmegi paýlanan süýjilik tortynyň sany bilen baglanyşykly.

13. Awstriýada käkilik bagt guşy hökmünde baha berilýär. Şonuň üçin bu guşuň eti täze ýyl saçagynda hödürlenmeýär.

14. Germaniýada aýaz baba çagalara sowgady penjiräniň tekjesinde goýup gidýär. Şwesiýada bolsa çagalar üçin niýetlenen sowgady öýüň içindäki peçiň içinde goýup gidýär.

15. Afrika ýurtlarynyň köpüsinde gyş ýok. Şonuň üçin olar aýaz babany Kambodjada diýip atlandyrýarlar bu bolsa gyzgyn baba diýen manyny berýär.

16. Gadymy döwürde aýaz baba hiç kime sowgat bermeýär eken. Muňa ýerine adamlar aýaz baba sowgat beripdirler.


Ýetip gelýän baýramyňyz bn agzalarym🙆‍♀️🎅🎄
17
39
ebru
09.12.2022 13:15
Vpnsiz aýdym skaçat edilýän saýtlar:
1. https://muzikmpindir.com/
2. https://rldizimuzikleri.com/
3. https://www.zamonaviy.uz/

Vpnsiz kino görülýän saýtlar:
1. https://betakror.tv/
2. https://www.ddizi.pw/
3. https://horjuntv.com.tm/
4. https://puhutv.com/
5. https://www.fullhdfilmizlesene.pw/
6. https://www.4kfilmizlesene.xyz/
7. https://filmkovasi.org/

Vpnsiz oýun skaçat edilýän saýtlar (kompýuter ücin):
1. myrealgames.com
2. gametop.com
3. https://www.bigfishgames.com/

Wagtyñyzy gyzyklyja geçirmek üçin saýt:
1. https://neal.fun/

GIF suratlary saýtlar:
1. https://giphy.com/
2. hhtps://tenor.com/

Taýyn prezentasiýaly saýtlary:
1. ppt-online.org
2. bigslide.ru
3. splideplayer.com
4. myshared.ru
5. slideserver.com

Email üsti bilen zat paýlaşmak saýty:
1. https://wetransfer.com/

Designerler üçin instagram ýaly saýt:
1. https://dribbble.com/

Web saýt döredilýän saýt:
1. https://www.webbly.com/

Wirtual nomer alynýan saýtlar:
1. https://receive-smss.com/
2. https://receive-sms-online.info/
3. https://receive-sms-free.cc/

TV saýtlar:
1. https://www.tv8.com.tr/
2. https://www.atv.com.tr/
3. https://www.showtv.com.tr/
4. https://www.kanal7.com/
5. https://www.kanald.com.tr/
6. https://www.turkmentv.gov.tm/

Cloud saýtlary:
1. https://www.google.com/drive/
2. https://cloud.google.com/
21
139
ebru
08.12.2022 15:34
Ýeke gözli ejem.

Ejemiň bir gözi bardy. Men ony ýigrenýädim. Ejem bir gün mekdebe meniň ýanyma geldi. Şonda synpdaşlarym: "Wää Ýagşy seniň ejeň bir gözi bar ekenä" diýip, gülüşdüler. Men şondan soň öýe gelip: "Meni beýdip masgara edip ýöreniňden, ýok bolup ölüp gideniňem gowy" diýdim. Ejemiň bokurdagy dolup, hiç zat diýmedi. Ýyllar derrew geçip gitdi, obadan gaýdyp şäherde okadym, öýlendim, 2 sany çagam boldy. Ýöne obadan hiç hili habar tutmadym. Bir gün öýe ejem geldi. Gapyny çagalar açyp gorkdular. Men "Öýe gelip çagalarymy gorkuzmaga seniň nähili hakyň bar" diýip, ony kowdym. Ejem ýene aglap gitdi. Ýene birnäçe wagtdan uçurymlaryň duşuşygy boldy. Menem oba geldim. Gelenime görä, ejemi däl-de, köneje çatmamyzy göreýin diýip öýe sowuldym. Şol köneje öýüm has hem könelipdir. Göýä hiç kim ýaşamaýan ýalydy. Gapyda azajyk oturdym welin goňşy oglan geldi, elinde-de 1 hat. Ol maňa "Yzy ýarasyn, ejeňiz aradan çykdy" diýdi. Edil şol wagt arkamdan ýük aýrylan ýaly birbada begendim. Soň goňşy oglan elindäki haty maňa uzatdy, ol hatda: "Şu wagta çenli seni illeriň ýanynda utandyranym üçin bagyşla. Ýöne bilýäňmi oglum, kiçijikkäň sen awtoulag heläkçiligine uçradyň we bir gözüňi ýitirdiň, men bolsa ene bolup seniň bir gözli ýaşamagyňa ýüregim etmedi. Şonuň üçin öz gözümi saňa berdim oglum"diýip, ýazylgydy. Şol wagt ýerä ýarylmady, menem girmedim. Şeýle bir ökündim emma eýýäm gaty giçdi.

Awtory: Ýagşy Goşunow.

Ejelerimiz dirikä gadryny bileliň. Ýogsa giç bolar😞🥺
22
75
ebru
07.12.2022 11:03
1. Türkmenistan -- Aýazbaba🎅.
2. Özbegistan -- Qorbobo🎅.
3. Gazagystan -- Aýaz ata🎅.
4. Russiýa -- Ded Moroz🎅.
5. Belarus -- Zýuzýa🎅.
6. Awstriýa -- Krampus, Keramatly Nikolaus🎅.
7. Gruziýa -- Towlis babuo🎅.
8. Şwesiýa -- Ýultomten🎅.
9. Germaniýa -- Baýnahtsman🎅.
10. Fransiýa -- Pýer Noel🎅.
11. Belgiýa we Niderlandlar -- Sinterklass🎅.
12. ABŞ -- Santa Klaus🎅.
13. Gresiýa -- Aýos Wasilis🎅.
14. Hytaý -- Şen Dan Laojen🎅.
15. Çehiýa -- Mikulaş🎅.
16. Daniýa -- Ýulnisse🎅.
17. Italiýa -- Babbo Natale🎅.
18. Islandiýa -- Ýoulasbeýnler🎅.
19. Meksika, Argentina -- Gaspar, Baltasar, Melçor🎅.
20. Mongoliýa -- Uwlin Uwgun🎅.
21. Finlýandiýa -- Ýoulupukki🎅.


Ýetip gelýän täze ýylyňyz bilen agzalar. 🙋‍♀️🎅🎄🎇🎁
38
275
ebru
06.12.2022 13:24
Towşan ýylynda Täze ýyl saçagynda nämeler bolmaly

Ot iýip ýaşaýan Towşanyň (hytaý senenamasy boýunça) ösümlikleriň ähli görnüşleri göwnünden turar, şonuň üçin işdäaçarlary we esasy naharlary ukrop, ýaş sogan we petruşka bilen bezäň.

2023-nji ýylyň «eýesine» dürli görnüşli kelemlerden edilen işdäaçarlar we tagamlar hem ýarar. Meselem, reňkli kelemden steýk taýýarlap bolar. Taýýar edilen garynda (süýt, goşundylar, un) kelemiň gülüni goşmaly, soňra çörek owuntyklary bilen bulap, saçda iki tarapy hem gyzarýança bişirmeli. Kelem steýkini sous bilen (gaýmak, duz, sarymsak) saçakda goýmak maslahat berilýär.

Elbetde, towşany käşirsiz göz öňüne getirmek kyn. Baýramçylyk saçagy üçin düzüminde käşir bolan köp sanly tagamlary taýýarlap bolýar. Bu işdäaçar (koreý usulynda taýýarlanan käşir), gyrgyçdan geçirilen käşir goşundyly köke, kotlet we başga-da dürli tagamlar bolup biler.

Käşirden, feta peýnirinden we hurmadan tagamy boýunça tapawutlanýan işdäaçar taýýarlamak bolýar. Munuň üçin käşiri inçe dilimlere bölmeli, soňra ony 15 minutlap sowuk suwda saklamaly. Gapda zeýtun ýagyny, laýmyň şiresini, kinzany, ary balyny we 0,5 çaý çemçesi duzy garmaly, kesilen käşirleri, feta peýnirini, hurmany we biraz badam goşmaly. Olaryň ählisini garyp, işdäaçary tagamyny alýança biraz saklamaly.

Towşanyň saçagynda miwelerden, esasan, armyt we alma maslahat berilýär. Hytaýda armydyň uzak ömri alamatlandyrýandygyny, almanyň bolsa baýlygyň nyşanydygyny bellemek gerek.

Etli naharlar barada durup geçsek, towşanyň eti asla bolmaly däldir. Umuman, ünsüňizi adaty tagamlarda jemläň, emma göze ýakymly edip bezemegi unutmaň.




13
70