Düýş ýörgütleri kitabynyň awtory, ýazyjy, alym, astrolog we düýş ýörgütlerini ylmy taýdan ýazan terjimeçi Ýewgeýin Petrowiç Swtkow. Düýş ýörgütleri kitaby "Düýşleriň düşündirişi" kitabyna esaslanýar we biziň durmuşymyza uýgunlaşmagy bilen we şol sebäpden düşnükliligi bilen bellidir. Düýş hadysalarynda özüňizi dogry alyp barmagy, erbet düýşüň öňüni almagy, kynçylyklaryň öňüni almaga kömek eder. Erbet düýş gören adam oýananda haýsy tarapa ýatan bolsa, beýleki tarapyna öwrülmeli, ýagny: çep tarapyna oýanan bolsa sagyna öwrülmeli we ş.m. Öz öwrülişiň ýaly düýşleňem gowa öwrülýändigine ynanylýar. Pygamberler ýaly öňden görüjilikli düýşleri gaty az adamlar görýär we beýle wakalar gaty seýrek bolýar, şonuň üçin her hili düýşe ynanyp ýörmezligi maslahat berýäris. Düýşlere çakdan aşa ynanmak ýaramaz we howuply ýagdaýlara getirip biler.