diktr
15.01.2024 07:55
Antuan Grizmann Ispaniýanyň Superkubogynyň ýarym finalynda «Atletikonyň» düzüminde geçirilen oýunlardaky 174-nji goluny tora girizdi. Şeýlelikde, Fransiýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy «Atletiko» üçin girizilen gollar boýunça birinji orny eýeledi.
«Real» bilen oýundan öň hüjümçi Luis Aragones bilen birinji orny paýlaşýardy – olaryň hersinde 173 gol bardy.

«Meniň üçin bu ajaýyp zat – buýsanjymyň çeşmesi» diýip, Grizmann belleýär.

Grizmann 2014-nji ýylda «Real Sosýedad» toparyndan «Atletiko» toparyna geçdi we bäş ýyl madridliler bilen oýnady. Ondan soň fransuz iki möwsüm «Barselonada» çykyş etdi. 2021-nji ýylda hüjümçi Madridiň toparyna gaýdyp geldi.
2023/24-nji möwsümde Grizmann ähli ýaryşlarda «Atletikonyň» düzüminde 27 oýna gatnaşdy, şolarda 17 pökgi geçirdi we 3 ýardam pasyny berdi. Oýunçynyň Madridiň topary bilen baglaşan şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli dowam edýär.
12
22
diktr
14.01.2024 22:32
Mançester Sitiniň” norwegiýaly futbolçysy Erling Holand umumy topara ýanwar aýynyň ahyrynda gaýdyp gelmeli. Bu barada klubuň baş tälimçisi Hosep Gwardiola aýtdy diýip, rsport.ria.ru habar berýär.
Holand dekabr aýynyň başyndan bäri meýdança çykmady. Şenbe güni “Mançester Siti” Angliýanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynda “Nýukasl Ýunaýted” kluby bilen geçiren duşuşygy (2:3, Sitiniň peýdasyna) “Siti” üçin norwegiýaly hüjümçi bolmazdan geçiren bäşinji oýny boldy.

“Onuň ýagdaýlary gowy, ýöne bir kiçiräk mesele bar, ony aýagy biynjalyk edýär. Lukmanlar bejeriş işlerini bir hepdelik bes etmek we ony, ähtimal, Abu-Dabide dowam etdirmek kararyna geldiler. Şu aýyň ahyryna çenli ol taýýar bolar diýip umyt edýärin. Onuň süňkündäki jaýryk biziň pikir edişimizden birneme uly eken. Onuň bitişmegi üçin wagt gerek. Ol şu aýyň ahyrynda dolanmaga taýýar bolar” – diýip, “Mançester Sitiniň” resmi saýty Gwardiolanyň sözlerini getirýär.

Şu möwsümde Holand “Mançester Siti” üçin 22 oýna gatnaşyp, 19 gol geçirdi we bäş netijeli geçirim etdi. 
12
20
diktr
12.01.2024 14:10
Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) kluby «Sporting Kanzas-Siti» öz meýdançasynda «Inter Maýami» bilen geçirjek duşuşygyny myhmanlaryň argentinaly Lionel Messiniň meşhurlygy sebäpli başga bir stadiona geçirdi. Bu barada «Kanzas-Sitiniň» resmi web sahypasynda habar berilýär.
«Sporting Kanzas-Siti» bilen «Inter Maýami» toparlarynyň arasyndaky oýun 13-nji aprelde geçiriler. Kanzasyň futbol topary 18467 tomaşaçy üçin niýetlenen «Çildrens Mersi Park» stadionynda oýnaýar. Messiniň toparyna garşy oýun 76416 adamlyk «Errowhed Stedium» stadionynda geçiriler.

«Bu oýna liga senenamasyny çykaraly bäri görlüp-eşidilmedik gyzyklanma döredi. Munuň şu ýazda Kanzas-Sitidäki iň uly waka boljakdygyna ynanýarys. Lionel Messiniň MLS-iň çäklerinde Orta Günbatarda, «Errowhed Stedium» stadionyndaky ilkinji oýnuny geçirmek mümkinçiligi diýseň tolgundyryjy. Çünki sebitimiz şu tomus Amerikanyň Kubogynyň oýunlaryny we 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görýär» diýip, «Sporting Kanzas-Siti» toparynyň baş direktory Jeýk Rid belledi.
«Bu oýna gyzyklanma we isleg gaty ýokary, şonuň üçin biz iki klubyň hem, olaryň janköýerleriniň we tomaşaçylarynyň hem «Kanzas-Siti Çifs» toparynyň meýdançasynda geçiriljek täsin futbol oýnundan lezzet aljakdygyny bilýäris» diýip, amerikan futboly klubynyň prezidenti Mark Donowan aýtdy.
10
19
diktr
11.01.2024 06:55
Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor sosial ulgamlarda täze wideo ýerleşdirip, onda özüniň amerikaly Maýkl Çendler bilen söweşjekdigini yglan etdi. Bu barada championat.com habar berýär.
Irlandiýaly söweşijiniň aýtmagyna görä, olaryň söweşi 29-njy iýunda Las-Wegasda geçiriljek UFC ýaryşynda bolar.
Konor Makgregor bilen Maýkl Çendleriň arasyndaky söweşi ilkibaşda 2023-nji ýylda geçirmek meýilleşdirilipdi. Ýöne Makgregor USADA-nyň barlag sanawyna wagtynda girmedi, şol sebäpli olaryň söweşi yglan edilmedi.
Ýatlap geçsek, Makgregor 2013-nji ýylda UFC-niň söweşijisi boldy. Ol  garyşyk başa-baş söweşlerde jemi 28 söweş geçirip, 22 ýeňiş gazandy we alty ýeňlişe sezewar boldy. Türgen 2021-nji ýylyň tomsundaky ýeňlişden soň oktagona çykmady. Şonda ol UFC 264 ýaryşynda amerikaly Dastin Porýe bilen duşuşdy. Söweşiň netijesinde Konoryň aýagy döwüldi.
12
28
diktr
10.01.2024 18:27

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýeňil agramda çempiony russiýaly Islam Mahaçew braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen asly ermeni bolan russiýaly Arman Sarukýanyň arasyndaky söweşiň ýeňijisine garşy titul goragyny geçirer. Bu barada promouşeniň prezidenti Dana Uaýt X sosial ulgamyndaky akkauntynda habar berdi.


“UFC 300. Ýeňil agram reýtinginiň birinji belgisi Çarlz Oliweýra dördünji belgi Arman Sarukýan bilen dalaşgärler söweşinde duşuşar” – diýmek bilen, Uaýt titul söweşiniň tomusda geçiriljekdigini belledi.


UFC 300 ýaryşy 13-nji aprelde Las-Wegasda geçiriler.

34 ýaşly Oliweýranyň hasabynda 34 ýeňiş we 9 ýeňliş bar. 27 ýaşly Sarukýanyň hasabynda 21 ýeňiş we 3 ýeňliş bar. Mahaçew 2022-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri ýeňil agramda UFC-niň çempion guşagyny saklaýar. Şonda ol Oliweýradan agyryly usul bilen üstün çykdy.

13
21
diktr
09.01.2024 14:55
Saud Arabystanynyň çempionatynyň klublary gyşky transfer penjiresinde tomusdaky ýaly köp pul harçlap bilmezler. Bu barada As neşiri habar berýär.
Habar berlişi ýaly, dört sany öňdebaryjy kluby (“Al-Hilýal”, “Al-Nasr”, “Al-Ittihad” we “Al-Ahli”) maliýeleşdirýän Saud Arabystanynyň Garaşsyz gaznasy (PIF) transferlere çäk girizdi. PIF-iň goldawy bolmazdan toparlar gyşda oýunçy satyn almak üçin geçen tomusdaky ýaly uly mukdarda pul harç edip bilmezler. 2023-nji ýylyň tomsunda Saud Arabystanyndan toparlar täze oýunçylara 875,4 mln dollar sarp etdiler.
Transferi amala aşyrmak üçin klublar birnäçe şertleri berjaý etmeli bolarlar. Toparlar oýunçylary satyn almak üçin serişdeleri özbaşdak tapmaly bolarlar.
Häzirki möwsümde Saud Arabystanynda sanawda sekiz sany daşary ýurtly futbolçy çägi hereket edýär. Indiki möwsümden 10 legioneri ulanmak mümkin bolar.
Saud-Arabystanynyň çempionatynyň 19 oýnundan soň 53 utuk bilen “Al-Hilýal” öňde barýar. Ikinji “Al-Nasr” (Er-Riýad) gelýär, üçünji orny “Al-Ahli” (Jidda) jemleýär.
11
21
diktr
08.01.2024 18:10
Madridiň “Realynyň” angliýaly ýarym goragçysy Jud Bellingem Futbolda sport gözlegleriniň halkara merkeziniň (CIES Football Observatory) garaýşy boýunça iň gymmat futbolçylaryň reýtinginde birinji orny eýeledi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Patyşalyk klubunyň futbolçysynyň bahasy 267,5 mln ýewro barabar diýip, championat.com habar berýär.
Ikinji orunda “Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand ýerleşdi. Norwegiýaly oýunçynyň bahasy 251,2 mln ýewro. Üçünji orny “Realyň” oýunçysy Winisius Žunior eýeledi (250,3 mln ýewro). Dördünji orunda madridlileriň ýene bir oýunçysy Rodrigo Goes ýerleşýär (247,9 mln ýewro). Iň gymmat futbolçylaryň bäşligini 223 mln ýewro bilen Londonyň “Arsenalynyň” oýunçysy Bukaýo Saka jemledi.
Ýatlap geçsek, Bellingem geçen tomus Dortmundyň “Borussiýasyndan” “Reala” 103 mln ýewro geçdi. Şu möwsümde ýarym goragçy topar üçin ähli ýaryşlarda 22 oýna gatnaşyp, 17 gol we bäş netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Oýunçynyň klub bilen şertnamasy 2029-njy ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli hereket edýär. Transfermarkt internet portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň çak edilýän bahasy 180 mln ýewro deň.
15
31
diktr
05.01.2024 22:10

Madridiň “Realy” soňky 62 ýylyň dowamynda iň gowy gorag rekordyny gaýtalady, ol La Liganyň şu möwsüminiň ilkinji 19 tapgyrynda 11 pökgi geçirdi. Topar 1961/62 oýun möwsüminde Ispaniýanyň çempionatynda gaty az pökgini sypdyrdy.

42 ýyl ozal şol möwsüm “korol kluby” üçin çempionlyk möwsümine öwrüldi.

Soňky 9 ýagdaýyň 7-sinde La Liganyň ilkinji 19 oýnunda 11 ýa-da has az pökgi geçiren toparyň möwsümiň ahyrynda ýaryşda ýeňiji bolandygyny ýatlalyň.

19 tapgyrdan soň, “Real” goşmaça görkezijilerde “Žironadan” (48) öňe geçip, 48 utuk bilen öňde barýar.

16
25
diktr
11.12.2023 14:30
Katar Döwletiniň paýtagty Dohada geçirilen «Gran Pri II» agyr atletika ýaryşynda türkmen agyr atletikaçysy Gaýgysyz Töräýew bürünç medal gazandy. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasy habar berýär.
2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin saýlama ýaryşlarda türkmen atleti 150 - 188 - 338 kilogram görkeziji bilen çykyş etdi. Ondan öň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ikinji ýeri eýeledi.
Ýaryşyň kümüş medalyny indoneziýaly türgen Rahmat Erwin Abdullah, altyn medalyny bolsa Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndan Ri Çong Seong eýe boldy.
25
57
diktr
09.12.2023 15:57
Norwegiýadan gaýadan suwa bökmek boýunça höwesjeňleriň ýaryşyna gatnaşýan türgen 40 metr beýiklikden suwa böküp, öz dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada MIR 24 habar berýär.

Özüni “iň soňky wiking” diýip atlandyrýan türgen böküşiniň wideosyny sosial ulgamda ýerleşdirdi. Ol beýikligi 40,5 metr bolan gaýadan buzly suwa bökdi. Dissiplina “ölüm howply daýwing” diýlip atlandyrylýar. Wideodan görnüşi ýaly, Ken Stornes ilki daş bilen buz gatlagyny deşýär, soňra sowuk suwa çümýär.
Türgen öňki rekordy 2021-nji ýylyň tomsunda 31,3 metr beýiklikden bökmek bilen goýdy.
10
47