butterfly
butterfly
26.12.2022 15:48
Kambojada dünýäde süýji suwda ýaşaýan iň uly balyk tutdular. Kambojada Mekong derýasynda dünýäde şu wagtça çenli tutulan süýji suwda ýaşaýan iň uly balyk tutuldy. Bu balyk 300 kg agramly äpet skat
butterfly
butterfly
26.12.2022 05:57
Gownunizi goteryan 10 sebap. Islendik adam özüni ýalňyz duýup biler. Özüňi ýalňyzlykdan halas etmek bolsa gönüden-göni biziň öz duýgularymyz bilen baglanyşyklydyr. Psihologlaryň berýän maslahatlaryna
butterfly
butterfly
25.12.2022 20:51
Dubaýda dünýäde iň uly syn ediş çarhy. Dubaýda dünýäde iň uly syn ediş çarhy «Ain Dubai-yň» gurluşygy dowam edýär. Ol syýahatçylar üçin 21-nji oktýabrda açylar. Bu barada Korrespondente salgylanyp,
butterfly
butterfly
24.12.2022 06:09
Täsin suratkeş. Ýaponiýada ýaşaýan 80 ýaşly Tasuo Horiuçi atly ýaşuly «Microsoft Excel» programmasynyň üsti bilen hakyky sungat eserlerini döretmegi başardy. Ol bu programmanyň kömegi bilen surat
butterfly
butterfly
23.12.2022 06:23
Mandala testi. Siz aşakdaky suratdaky şekillerden öz göwnüňize ýaranyny saýlaň we içki dünýäňiz bilen tanyş boluň! 1-nji şekili saýlan bolsaňyz – Eli açyklyk, ahlaklyk. Siz gowy bolmaga
butterfly
23.12.2022 00:00
Reňkleriň täsin dünýäsi.

Reňkleri anyk saýgaryp bilmeýän adamlar adaty görüş ukyply adamlara garanyňda, gije has gowy görýärler.

* * *

Gök reňk dünýädäki iň gowy görülýän reňkleriň biridir. Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň, takmynan, 40 göterimi bu reňki beýlekilerden has gowy görýärler.

* * *

Gök reňk ynsan zehinini durlaýar, ýürek urgusyny haýalladýar, gan basyşyny peseldýär we gorkusyny azaldýar.

* * *

Bäbekleriň ilkinji saýgar­ ýan reňki gyzyldyr. Geçirilen barlaglar eýýäm iki hepdelik bäbejigiň gyzyl reňki saý­ garyp bilýändigini görkezdi. Sebäbi bu reňk ynsan aňyna beýleki reňklere görä has ýiti täsir edýär.

* * *

Adatça, bir adam bir million reňki biri-birinden saýgaryp bilýär. Has zehinli adamlaryň bolsa, bir ýarym milliona çenli reňkleri tanap bilýändiklerini ylym tassyklady.

* * *

Gülgüne reňk adamy rahatlandyrýar. Hytaýyň Feng Şui pelsepe akymyna görä, gülgü­ ne reňk ynsanda döreýän dürli energiýany kadalaşdyrýar. Ol sada reňk hasaplanylýar.

* * *

Gyzyl we sary lezzet beriji reňkler hasaplanylýar. McDonald’s, KFC we Burger King ýaly tiz tagam kompaniýalarynyň nyşanlarynda bu iki reňkiň haýsy hem bolsa biriniň ulanylmagynyň düýp sebäbi hem şundandyr.

* * *

Barlaglara görä, çagakak tomaşa eden teleýaýlymlarymyzyň reňkli ýa-da reňksiz bolmagy düýşümize-de täsirini ýetirýär. Çagalygynda akgara reňkli ýaýlymlara tomaşa eden ýaşuly adamlaryň düý­ şünde esasan, belli bir reňk ýokdur.

* * *

Eger kompýuteriňiziň ekranyndaky suratda ýaşyl reňk kän bolsa, bu siziň dogry suraty saýlap alandygyňyzy görkezýär. Sebäbi ýaşyl reňk rahatlandyrýar, ol gözi asla ýadadanok diýen ýalydyr.

* * *

Eger gije çybyn-çirkeý rahatlygyňyzy bozýan bolsa, açyk reňkli geýim geýniň! Çünki olaryň «jyny» goýy reňklere düşýär.
14
122
butterfly
22.12.2022 06:31
Adam öz häsiýetine dogabitdi eýemi?

Köp alymlaryň tassyklamagyna görä, adamyň häsiýeti onuň geni bilen berk baglanyşykly. Doglan çaganyň kakasynyň genine garanda, dogabitdi häsiýetiniň kemala gelmegine ejesiniň geni has uly täsir edýär. Bu hadysa ylym esasynda subut edilendir.

Internet maglumatlaryna görä, adam öz häsiýetiniň takmynan ýaryna dogabitdi eýe bolup, ol aňsat-aňsat üýtgeýän däldir. Adamlaryň häsiýetiniň galan ýarysy bolsa, ýaşaýan jemgyýetine görä kemala gelýär. Ilkinji terbiýe öýüň öz içinden başlanýar. Ejelerimiz bu işiň iň beýik ussatlarymyka diýýärin. Olar bizi “adamjyk” wagtymyzdan başlap, adamlyga çenli ulaldýan melekler. “Maşgala – bu kakanyň şalygynda ejäniň hökümdarlygy we perzendiň şol şalykdaky jenneti durmuşydyr” –diýip bir ýerden okapdym. Bu ýazgy bilen diňe ylalaşmak galýar. Syn eden bolsaňyz, köp maşgalada çagalar öz kakasyna aýdyp bilmeýän zatlaryny ejesiniň üsti bilen aýdýarlar. Muny sada dil bilen düşündirip bolar: kakalar-erkek adamlar, olar çagalaryny ejelerden az söýenok, ýöne olara biz çagalar beýik goragçy hökmünde garaýarys, hemem biraz çekinýäris. Bolmalysy-da şeýlemikä diýýärin!

Çagalary eljiretmän, ýöne ýürekden söýýändigini bildirip söýmek ene-atalaryň mukaddes borjy. Käbir ene-atalarda öz çagalary bilen biraz ýowuzrak daraşsa, olar durmuşa ir taýýar bolar diýen pikir bolýar. Bu düýbünden nädogry. Çaga üçin iň ýakyn hossar öz ene-atasy. Eger bu hossarlar ony goramasalar, çaga öz arzyny gerek wagty hiç kime-de aýdyp bilmez. Aýdylmadyk arzlar onuň ýaşajyk kalbyna kitüw bolup düşer. Olam ýaňy kemala gelip ugran ýaş daragtyň biraz gyşaryp ösmegine getirer. Şonuň üçinem çagalaryňyza söýýändigiňizi bildiriň, goý olar özleriniň goraglydygyny duýsunlar. Bu olaryň terbiýesine berk täsir edýär.

Çagalara zähmet çekmegi näçe ir öwretdigiçe özleri üçinem, ene-atalary üçinem şonça peýdaly. Ilki çemçe tutmagy, soňra pil, ýa iňňe tutmagy öwrediň… Daşary ýurt dillerinden birki sanagyny ýaşlykda öwrense, bütin ömründe özüniň käbir deň-duşlaryndan tapawutlanýandygyny biler. Bu tapawut, bu artykmaçlyk onda, ene-atasyna bolan söýgini ýene artdyrar. Umuman, çagalara näçe köp hünär, bilim berdigiňizçe olar ulalanlarynda size şonçada minnetdar bolarlar. Ýöne olara elmydama gerek wagty dynç beriň. Olar öz çagalygynyň şatlygyny duýup ýetişsinler.

Her maşgala aýratyn bir dünýä bolansoň, her kim dürlüçe terbiýelenip, ahyrynda ýene uly jemgyýete aralaşýar. Hemmeler jemgyýetde öz ornuny tapmaga howlugýar. Jemgyýet bolsa howlukman, saýlap-seçip, öz saýlawyny geçirýär. Çagalaryň üstünligi, ene-atasynyň üstünligi. Ýa-da tersine, olaryň şowsuzlygy, ene-atalaryň şowsuzlygydyr. Çagalaryňyza jemgyýetde ornuny tapmaga kömekleşiň. Olar ýene öz hossarlaryna gysmyljyrap, olardan dalda gözlär. Elbetde, ene-atalar hemişe olara elini uzadyp, islendik kynçylygyny ýeňmäge kömek berýän, synmajak galadyr. Ýöne çagalaryňyza söýýän hünärini saýlamaga mümkinçilik beriň. Olar durmuş atly çäksiz ummanda öz akymy bilen ýüzsün, siziň akymyňyzda olaryň ýüzüp bilmän gark bolmagy ahmal. Olar öz islegi bilen ýaşasa, dünýä olary öz ýüzýän akymyna äkider.

Çagalaryň göwnüçökgün ýagdaýyny gözlerinden we sözlerinden aňşyrýan ene-atalar, olaryň häsiýetine hem özlerinden beter beletdir. Meselem, ak reňke gyzyl reňk damdyrsaň gyzyl, sary damsa sary bolşy ýaly, çagalar hem ene-atalar nähili terbiýe berse, şo hili adamlar bolup ýetişýär. Turşy zady dişlesek, ýüzümizi turşadyşymyz ýaly, jemgyýetem öz biedep adamlaryna ýüzüni turşadýar.

Jemgyýetiň kagyza ýazylmadyk, ýöne özüne mahsus etiketlerini berjaý etmek medeniýetliligiň aňrybaşydyr. Iň ýönekeý mysallar: awtobusa müneňde özüňden uly adama ýer bermek; köçede ýöräp barýan wagtyň çigit çigitlemezlik; ýa-da söhbetdeşiň ýüzüne seredip onuň gürrüňini diňlemek… Umuman, öýüň içinde we öýden daşarda başardygymyzdan edep kadalaryny berjaý etmäge çalyşsak, durmuşyň nähili ajaýypdygyna, ony ajaýyp edýän zadyň bolsa, adamzatdygyna ýene bir gezek göz ýetireris.

“Gaharjaň adamyň dosty az” diýýärler. Elmydama gussa çekýän adamyň bolsa, saglygynyň peselýändigi medisina ylmynda tassyklanan. Şonuň üçinem ýaşan ömrümizde ýylgyryp, häzirki bar zatlarymyzdan lezzet alyp ýaşalyň! Dogabitdi häsiýetimize erkimiz ýetmese-de, jemgyýetde kemala gelýän häsiýetimizi ýagşy tarapa özgermäge çalşalyň. Dünýäni özgertmäge erki ýetýän adamzadyň, köpler aýtmyşlaýyn, häsiýetini özgertmäge erkiniň ýetmeýändigini tekrarlasak gülkünç eşidiler, şeýle dälmi?!
13
154
butterfly
16.12.2022 00:21
Göz hakynda gyzykly maglumatlar.

* Dünýä ýüzünde gözüň reňkleri boýunça iň köp ýaýrany goňur reňkli gözlerdir. Ýer ýüzüniň 55% ilaty goňur gözli diýip hasaplanylýar.

* Adamyň bedeninde iň çalt işleýän myşsa gözdür.

* Kör adamlar düýş görüp bilýärler, eger-de olar dogabitdi kör däl bolan ýagdaýynda.

* Itler ýaşyl bilen gyzyl reňkiň tapawudyny saýgaryp bilmeýärler.

* Gözleri açyk duran halatynda asgyrmaklyk mümkin däldir.

* Täze doglan çagalar aglanlarynda gözlerinden ýaş dökülmeýär. Olar 6 hepdelik bolanlaryndan soň gözi ýaşly aglap başlaýarlar.

* Haçanda kompýuteriň ekranyna sagatlarça seredilip ýa-da okalanda gözler ýadaýar. Sebäbi gözler ortaça gyrpmalardan az gyrpylýar we gözüň myşsalaryna dynç berilmeýär.

* Kosmosda basyşyň ýetmezçiligi sebäpli kosmonawtlar aglap bilmeýärler, olaryň göz ýaşlary çykmaýar .

* Adamyň gözi diňe 3 reňki, ýagny gyzyl, mawy, ýaşyl reňkleri görmäge ukyplydyr. Başga ähli reňkler şularyň garyşygydyr.

* Delfinler bir gözüni açyp uklaýarlar.

* Baýguşlar gök reňk saýgaryp bilýän ýeke-täk guşdyrlar.

* Gurçuklarda hiç hili gözleri bolmaýar.

* Ynsanyň gulaklary we burny ösmegini hiç haçan togtamaýar. Emma gözleri şol bir ölçegde durýar.

* Aslynda ynsan gözleri bilen däl, beýnisi bilen görýär. Biziň gözlerimiziň funksiýasy edil fotokameralaryňky ýaly, olar ýagtylygy tutýar we maglumaty beýnä geçirýär.

* Dünýäniň köp ýerinde gytak gözler owadan we özüne çekiji hasaplanylýar.
21
204
butterfly
15.12.2022 06:10
Her gözüň reňki başga bir häsiýet.

Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, ada­myň gözüniň
reň­ki onuň hä­si­ýe­ti­ne hem tä­sir ed­ýär. Gö­züň, esa­san, bäş dür­li reň­ki bol­ýar we ola­ryň her­si baş­ga bir hä­si­ýe­ti ala­mat­lan­dyr­ýar. Gö­zü­ňi­ziň reň­ki­niň hä­si­ýe­ti­ňi­ze la­ýyk gel­ýän­di­gi bi­len gy­zyk­lan­ýan bol­sa­ňyz, ma­ka­la­my­zyň ga­lan bö­le­gi­ni okap bi­ler­si­ňiz.

* Ga­ra-go­ňur göz­ler: şeý­le reňk­li gö­zi bo­lan adam­la­ryň gu­ra­ma­çyl bol­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bu hä­si­ýet iş ýe­rin­de, is­len­dik şert­de ýa-da gat­na­şyk­la­r­da ýü­ze çy­kyp bi­ler. Mun­dan baş­ga-da ga­ra-go­ňur göz­li adam­lar ün­si ta­lap ed­ýän iş­ler­de üs­tün­lik ga­zan­ýar­lar.

* Gök göz­ler: gök göz­li adam­lar, adat­ça, er­kin­li­gi söý­üp, tä­ze­lik we hä­zir­ki za­man dur­muş ýö­rel­ge­le­ri üçin has açyk­dyr. Ru­hy duý­gu­la­ry ga­ty ýo­ka­ry bo­lan­soň, bu ta­rap­la­ry ýag­şy­lyk üçin ulan­ýar­lar we hiç­ ha­çan ýum­şak duý­gu­la­ry baş­dan ge­çir­me­ýär­ler. Bu­lar­dan baş­ga-da, gök göz­li adam­la­ryň ýi­ti agy­ry­la­ra çy­dam­ly­dy­gy hem-de seý­rek dü­mew­le­ýän­dik­le­ri­ aý­dyl­ýar.

* Go­ňur göz­ler: go­ňur göz­li adam­lar er­kin­li­gi­ ga­ty go­wy gör­ýär­ler we dur­mu­şa de­ňag­ram­ly ga­ra­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da beý­le­ki adam­lar syr­ly­ly­gy se­bäp­li ola­ry özü­ne­çe­ki­ji we adat­dan da­şa­ry di­ýip hä­si­ýet­len­dir­ýär­ler. Şeý­le hem go­ňur gözl­i adam­lar­yň aglabasynyň iý­mit siň­di­riş ul­ga­myn­da kemçilikleriň bar­dy­gy yl­my bar­lag­lar­da ýü­ze çy­ka­ryl­dy.

* Açyk go­ňur göz­ler: iň köp ýaý­ran göz reňk­le­ri­niň bi­ri bo­lan açyk go­ňur göz­li adam­lar mä­hir­li bo­lup, is­len­dik gur­şa­wa al­şyp bil­ýär­ler. Beý­leki adam­lar olar bi­len dost­laş­ma­gy ga­ty gy­zyk­ly ha­sap­la­ýar­lar.

* Ýa­şyl göz­ler: ýa­şyl göz­li adam­lar özü­neçe­ki­ji we duý­gur bol­ýar­lar. Her ada­ma di­ýen ýa­ly tä­sir et­me­gi ba­şar­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da dö­re­di­ji­lik­li, ynam­ly we ga­ha­ryna bäs gelip bil­ýän adam­lar ha­sap­lan­ýar.
Si­ziň göz reňk­le­ri­ňi­ziň aň­lad­ýan hä­si­ýet­le­ri­ne ga­ra­maz­dan, äh­li­ňi­ziň ýü­zü­ňi­ziň gü­lüp, göz­le­ri­ňi­ziň bol­sa my­dama mä­hir­den, nur­dan do­ly bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris!
24
263
butterfly
14.12.2022 00:25
САДАЛЫК.

Мениң садалыгым шундан ыбарат:
Хер бир дийлен зада ынанып йӛрүн.
Бир халалхон саланында ымарат
Ӛзүмиңки ялы бегенип йӛрүн.
****
Йүзүме сылярын доганында Ай,
Узын дилимде дәл, калбымда Худай.
Бүдрәмде голумдан тутса бир гедай
Монча болуп шоңа сӛенип йӛрүн.
****
Гайтаргы тамам ѐк ӛвеним үчин,
Деңдирин ят үчин, доганым үчин.
Бир бендәң гӛвнүне дегеним үчин
Сонра йыллар бойы уялып йӛрүн.
****
Бай дәлдигим үчин чекемок арман,
Эй эзиз Аллаҗан, адыңа гурбан!
“Ене!”, “Ене!” дийип харсуруп йӛрмән
Берленҗе дӛвлете гуванып йӛрүн.
****
Башына гойбермән арзув-хыялы,
Белент дереҗеде пес тутуп пәли,
Гечен асырларың адамы ялы
Ынсаба, рысгала даянып йӛрүн.
****
Шейле йӛрелгәмден совлан пилләм ѐк,
Ким “келләң бар” диййәр, кимем “келләң ѐк”
Сагадың дили дек зиңкиллемәм ѐк,
Вагтындаҗык ятып, оянып йӛрүн.
****
Менем адам, перишде дәл элбетде
Мүмкин, гүнәденем дурамок четде.
Түркменистан атлы тәсин дӛвлетде
Шүкүр, хорматланып, аялып йӛрүн.

Berdinazar Hudaýnazarow.
15
41