bismark
19.06.2022 00:26
Baýlyk ýa-da garyplyk – bu endigiň işi. Köp adamlar baý we üstünlikli bolmagy isleýärler, ýöne bu her kime başardanok. Adamlaryň esasy ýalňyşy – dogry endikleriň bolmazlygy. Üstünlikli adamlary haýsy endikleriň tapawutlandyrýandygyny biliň, ony öz durmuşyňyza giriziň we siz hem şeýle bolmaga çalşyň.
1. Ir oýanmak. Üstünlikli adamlaryň köpüsi irden 5-6-da turýarlar. Adamyň iş öndürijiligi günüň birinji ýarymynda ýokary bolýar, goşmaça wagty bolsa peýdaly ertirlige, sport bilen meşgullanmaga, günüňi meýilnamalaşdyrmaga sarp etmek bolar. Şonuň bilen bir zady göz öňünde tutmaly, sagdyn adama 6-8 sagat uky gerek, bu bolsa wagtynda ýatmalydygyny aňladýar.
2. Töweregiňi üstünlikli adamlar bilen gurşamak. Töweregiňi bir pikirli we mydama öz telefon kitapçasyny gerekli kontaklardan doldurýan adamlar bilen gurşamak hökmandyr. Bu sizi geljekde täze müşderilerden başlap gerekli işgärleri ýa-da maýa goýujylary gözläp tapmaga çenli giň mümkinçilikler bilen üpjün eder.
3. Bilimiňi artdyrmak. Üstünlikli adam dünýäniň çalt özgerip durýandygyna düşünýär. Hemişe ýokary derejede bolmak üçin, mydama köp okamaly. Täze endiklere puluňy hem, wagtyňy hem gysganmaly däl. Ýokary hilli bilim – üstünlikli geljege goşant.
4. Sport bilen meşgullanmak. Sport – ýaşaýyş. Sport bilen meşgullanmagyň esasy sebäbi, berk sagdynlykdyr. Özüňize laýyk fiziki işjeňligi saýlap alyň: tanslar, ylgaw, ýoga ýa-da suwda ýüzme.
5. Gündelik ýöretmek. Taým-menejment – üstünlikli adamyň esasy endigi. Günüň sistemalaşdyrylmagy we anyk tertibi sizi hemişe başagaý bolup ýörmekden dyndyrar. Ýatmazyňyzdan öň indiki günüň meýilnamasyny düzüň, şeýle etmek bilen siz ertirine oýanyp, ikinji nobatda haýsy işe başlamalydygyny bilersiňiz.
6. Standart däl görnüşde pikirlenmek we ähli ideýalary belläp almak. Günüň dowamynda kelläňize gelýän ähli pikirleri we ideýalary belläp almagy endik ediniň. Genial pikirler adam olara taýýar bolmadyk wagtynda döreýär. Öz ýadyňyza ynanmaň we ählisini kagyzda belläň.
7. Gazanmakdan az sarp etmek. Munda esasy düzgün – özüňde ýok bolan puly harç etmezlik. Karz almakdan boýun gaçyryň. Üstünlikli adamlar garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykanda ätiýaçlyk üçin “howpsuzlyk ýassygy” barada hem pikir edýärler we öz girdejileriniň 30%-ni geljek üçin, meselem, aýratyn hasap hökmünde ýygnaýarlar.
5
82
13
bismark
17.06.2022 13:09
Gara möý
Garrap tapdan düşen tüýlek garamöý sürenine tarap zordan yrgyldap barýardy. ynha, ýagyş suwundan emele gelen ýoňsuz köl onuň ýoluny kesýär. nätmeli? ýüzüp geçip biljek däl, aýlanyp geçeýin diýse, gurbaty ýok. näderini bilmän aljyrap durka, oňa bir pyşdyl gabat gelipdir. garamöý ýalbaryp başlapdyr.
- dadyma ýetişeweri, dogan jan! suwdan aman geçirseň agzyň geplän zadyny menden al!
- ýagşylyk edip, onuň gaýtargysy dilenýän däldir! – pyşdyl ussanyň körügi ýaly ýygyrt-ýygyrt boýnuny uzadypdyr. – ýöne saňa ynanyp bolýarmy, jora jan! birden myrryhyň atlanaram, meniň balalarymy ýetim goýarsyň.
- hudaýdan gork... – möý pyşdyl görgülini haýalçyradypdyr. – bilip goýgun, men degmedige degýän däldirin. onsoňam ýagşylyga hyýanat etmek aýypdyr.
Pyşdyl muňa güp ynanypdyr. suwdan ýüzüp geçip, gury ýere çykypdyrlar welin, möý ony çakypdyr.
Ölüm halynda pyşdyl çalaja pyşyrdap aýdypdyr:
- bigaýrat ekeniň! kowmuňa nälet!..
- darykma, şepe, meň ýasawym şeýle... – bisyrat möý göýä hiç zat bolmadyk ýaly, öz ýoluna gidiberipdir.
8
95
7
bismark
16.06.2022 13:48
Adamyñ köp pikirlenýän soraglaryna anyk jogap
Tüýlerimiz näme üçin diken diken bolýar?
Bedenimiziň üstündäki tüýler, kiçijek bir muskul bilen derä baglydyr. Duýgu tarapyndan stres, üşeme duýgusy ýa-da deride bir rahatsyzlyk bolanda bu muskullar refleks ýagdaýynda gysylmagy, tüýleriň "diken diken bolamagyna" sebäp bolýar. Esasanda sowuk ýagdaýlarynda tüýleriň diken diken bolmagy, gürrüňi edilýän muskullaryň gysylmagy netijesinde orta çykýan gyzgynlyk energiýasynyň, bedeni gaty azda bolsa gyzzyrmagyna sebäp bolýar. Beýleki ýagdaýlarda bolsa köplenç, "signal" mehanizminiň bir bölegi bolup iş görýärler.
Sary reňkli bolýan mekgejöwen näme üçin partlanda ak reňkinde bolýar?
Mekgejöwen, içindäki suwuň gyzgynlyk sebäpli etýän basyşynyň netijesinde partlar. Öz halyndaky mekgejöwen dänejigi gyzzyrylanda, içindäki suw bug halyna öwrülip basynç emele getirýär we basynç dänejigiň gabygy zorlamaga başlanda-da mekgejöweni partladar. Bu ýagdaý emele gelende daşaryk çykýan çiş aklyk bolsa dänäniň içindäki krahmaldyr. Reňkide krahmalyň düzümi sebäpli ak bolýar. Mekgejöweniň içindäki jelatin görnüşindäki krahmal dänejikleri, çygdan bolan basynç sebäpli partlamaýar. Munuň ýerine giňäp jel ýaly gabarjyklar görnüşine gelerler. Soňunda bu gabarjyklar birleşip gatylaşýar we soňunda şekilsiz ak partlaklar emele gelýär.
Gyzgynda näme üçin derleýäris?
Derleme gyzgyn ýerlerde we sport ýaly güç ýagdaýynda bedeniň gyzgynlygyny sazlamak üçin edýän fiziologiki ýagdaýdyr. Maksat hereketi ýokarlanan bedeni sowatmak. Şofbenlerdäki termostat ýaly gyzgynlyk galanda bedeniň termostady işe girýär we muňa "sempatik sistema" diýilýär, derleme başlaýar we gyzgynlyk gaçýar. Bedende 5 million der mäzi bar. Hemme ýerlerde bar, emma syrt, gollaryň aşaklary, aýaň içi we aýaklaryň aşagynda has köp bar. Der mäzleri üýtgeşikligi sebäpli ýüz we üstki bedende zehin ýagdaýlarynda (utanma, gorkma, stres) aýaň içi we aýak aşaklarynda, ajy we burçly iýmitler sebäpli dodak üstleri ýa-da saçly deri ýaly ýerlerde oýarylyp derlemäge sebäp bolýar.
Saçlarymyz uzaýar yöne näme üçin kirpiklerimiz we gaşlarymyz dowamly uzamaýar?
Bedenimiziň başga-başga ýerlerindäki gyllaryň her hilli uzama potansiýallary bar. Bu potansiýaly eristiklerinde uzama durýar. Saçlarymyzyň uzama potansiýaly beýleki ýerlere garanyň has köp. Maksimum boýa ýetmeleri üçin has köp wagt gerek bolýar. Belli wagtlarda saçlarymyzy kesdirýänligimiz sebäpli bize diňe uzaýan ýaly görünýär. Mysal üçin gaş ýa da kirpigi kökünden kesenimizde belli bir boýa çenli uzap soň durýandygyny görmek bolýar. Sebäbi olaryň maksimum boýa ýetme potansiýallary şonçadyr.
Zenanlarmy has akylly erkeklermi?
Zenanlar bilen erkekleriň arasynda iň köp jedelleriň biride şudur. Her iki tarapda öz üstünligiň dogrulajak bolup öz jynsynyň has üstündigini öňe sürýär. Onda ylmy taýdan haýsy dogrudyr? Erkeklermi ýogsa-da zenanlarmy has akyllydyr? Ne zenanlar erkeklerden, ne erkekler zenanlardan has akyllydyr. Bütün adamlaryň zehinleri tapawutlydyr. Käbirleri görüş, käbirileri analatik, käbirleri emeli zehinleri we şm. zehinleri bardyr. Zenanlaryň köplenç duýguly zehinleri has ýokarydyr. Erkekleriň bolsa praktiki we analitik zehinleri has ýokarydyr. Emma bu umumylamadyr we kadadan çykmalar bolup biler. Onsuzda esasy zat zehin däl, esasy zat eýe bolan zehinimizi iň gowy nähilli ulanjagymyzdyr.
9
75
4
bismark
15.06.2022 10:43
Nache uytgesen uytge, elmydama kellani in bashdaky, ozuni bagtly duyan yerine owurersin. (J. Christophe)
Aslynda hemishe gulip gezyan adamlaryn kellesi, koplench, gaygydan doly. Yatdan chykarman, her gulip duran yuz bagtlylygy gorkezmeya! (Bob Marley)
Gaygyly adam, ichi tusseden doly tama menzeya. Gaygyly adamyn derdini dinlemek - ol tusseli jayda aynany achmak yalydyr! (Mevlana)
Shu gunin chaltjak gutarmasynyn name gowylygy barka? Ertir irden, hemme zat tazeden bashlayara... (Wanted kinodan)
Omrun birinji yarsy, ikinji yarsyna garashyp gecher adamzat. Ikinji yarsyny bolsa sho omrunin birinji yarsyny yatlap gecher. (N.Fazil Kisakurek)
Kichikam suratlaryn arasynda 7 tapawudy tapyp bilyadim, ulaldym welin ka bir adamlar bilen haywanlaryn arasynda 7 tapawudy goremok.
Edepli adam edepliliginden yuwashar, edepsiz bolsa "men yumdyrdym" oyder.
Akylly adamlar uryshsyz utarlar, akylsyzlar utmak uchin ursharlar. (Zhuge Liang )
Erkek adam - aglamayan adam dal. hichbir ayal mashgalany aglatmayandyr - asyl erkek!
Bir zady basharmak agyr ish. Dagdan ashak duship, yenil yoly saylap bilersin yone in owadan peyzaj in yokardadyr! (Dan Brown)
Gaty kop adam 25 yashynda oler, emma 80 - 90 yashynda gomuler.
ynha in soyenim:
4 adamlyk mashgalada 3 bolejik tort bar bolsa, "Men tort halamayan" diyjek yeke tak adam - EJEDIR!
6
61
4
bismark
14.06.2022 11:04
*.O nämedir gyzyl ýùzùñ soldurar? *.O nämedir du$manyñy gùldùrer? *.O nämedir tyg çekmezden öldùrer? $ägirt $uny bilseñ habar ber. *.Biweç gyzlar gyzyl ýùzùñ soldurar, *.Nadan ogul du$manyñy
7
111
6
bismark
12.06.2022 22:49
Kerim Gurbannepesow " Bagt
hakyndaky gosgusy"
Işciniñ alyp- satar gonsusyna
acyk yazan haty
Diydiñ sen;
" Isciler nadip onyarka
Alyanja sojagaz aylygy bilen?"
Emma welin işcin gunlik baylygyn
Denap bilmen yyllyk baylygyn bilen
Senin puldan basga bilyan zadyn
yok
Pikirin- zikirin pul, pul yene pul
Bolmasada bizde gul diyilyan zat
Sen gul!Haram pulun elindaki gul
...Agan sonky demde hyrkyldap
yatyr
Sen onun yzyndan gitmane derek
Su gunki gazanan puluny sanap
Ekstra bn uryarsyn borek.
Syrkaw dem sanayar, sen pul
sanayan
Men bolsa gazan gapbaryp pita
Bugy hem gaytmadyk juyje
corbasyn
Senin dertli agañ yzyndan eltyan
Sen bolsa sol mahal sanan puluny Desselap desselap danyardyn
munden
Emma menin kisam munsuzem
bolsa
Sol mahal mun esse
Bagtlydym senden
Obadas tanysyn yogaldy bir gun
Duran duran yerden ylgady uly il
Sen bolsa ( syrkaw men isli
men)diyip
Tapyndyn ozune mun degil
Men bolsa sol mahal elim tabytly
Dostuny goterip baryardym onden
Sonda menin kebzam hasratlam
bolsa
Mun esse baydym hem baglydym
senden
Sen ona koneje baslik uzatdyn
Son ucluk uzatdyn ( teni kesen dek)
Men bolsa sol mahal enem bn
Mun esse baydym
Hem bagtlydym senden
...ne roman okayan ne de gosgy
Okamak deregine icyan hem iyyan
Bir kitap gorkezsem saldarlap gorup
" suna nacerak pul aldyka " diyyan
Beyik Magtymgulynyn kitabyny hem
Ozun dal getirip beripdir ogluñ
Halal haram hakda okan wagtyn
Kitaby yyrtayjak - yyrtayjak boldun
Dogurluk hakdaky yekeje soz hem
Yerlesip bilenok pos yatan beyna
Men bolsa her agsam bagrymy
berip
Puskine Pyraga Nowaya Geyna
Balarysy yaly sire toplayan
Danalan durdane setirlerinden
Sol pursat
Bar oyum masgalam bilen
Mun esse gurply men, bagtly men
senden
...soyguden doyanok menin
gozlerim
Sen gozlerin doyanok zatdan
Kopugin hasaplap uzyn gije
Mele gelninde cykaryan yatdan
Men bolsa sol mahal mele gujakda
Her minutda iki yasyn yasap
Uly soygi bilen yeten bagtym
Kä lebinden ka gozunden ogsap
Senin pulun sany cen cakdan cyksa
Menin posa sanym cykyady cenden
Sol mahal ozum hem gelnim hem
Mun esse baydyk hem bagtlydyk
Senden
Her gije her saher eymencden
eymenç
Gara wakalary gorup duysde
Kate basyrganyp kate gygyryp
( hic zatdan gorkmasyz) juwan
yasda
Masyn sesi cyksa tisginip turup
Cyrany yakman ylgayan gapa
Biz bolsa cagalar bilen
Gark bolup suyji lezzetli uka
Zahmetin soygunin esretini gorup
Nur sorup yatyrys ertirki gunden
Munlap nulymyz yok.Emma mun
esse
Bay biz,
Arkayyn biz
Bagtly biz senden
6
63
0
Yene yükle