bibis
14.09.2023 09:17

Erik


Erigiň düzüminde adam bedeni üçin zerur bolan А, С, В witaminleri, kaliý, demir duzlary bar. Ol ýürek-damar, böwrek kesellerinde käbir nerw kesellerine ýaramlydyr. Erik ýatkeşligi gowulandyrýar, beýniniň işleýşini sazlaşdyrýar.


Erigiň düzümindäki demriň ähmiýeti uludyr. Ol gandaky gemoglobiniň mukdaryny köpeldýänligi sebäpli, az ganlylykda ulanylýar. Ýürek-damar keselleriň aglabasynda kaliý ýetmezçiligi bolýar. Şeýle näsaglar her gün erik kişdesiniň 5-6 sanysyny 1 bulgur gaýnan suwa salyp goýmaly we ertir irden ajöze iýmeli hem-de suwuny içmeli.


Bu diňe ýüregiň däl-de, eýsem, içegäniň işleýşini hem gowulandyrýar. Iç gatamadan ejir çekýän adamlar üçin hem erik peýdalydyr. Horlanmak isleýän zenanlar üçin hem erik iýmeklik örän peýdaly.

15
39
bibis
13.09.2023 10:35

Ananasyň peýdaly häsiýetleri


Ananasyň watany Günorta Amerika hasaplanylýar. Olary uly göwrümde ösdürip ýetişdirmek XIX asyryň başlarynda ýüze çykypdyr. 1950-njy ýyllardan başlap ananasy ösdürip ýetişdirmek ýokary derejelere eýe bolupdyr.


Häzirki wagtda ýer ýüzi boýunça öndürilýän ananasyň esasy bölegini Taýlandda, Flippinlerde we Braziliýada öndürilýär. Göräýmäge ananasyň daşky örtüginiň dokalan deri we gök öwüsýän ýaşyl ýapraklarynyň barlygy sebäpli ol özüne çekiji däl ýaly bolup görünse-de, onuň süýji, ýakymly ysly we şireli miwesiniň bolanlygy sebäpli köpleriň islegini gazanan miwedir.


Adamyň bedenindäki artykmaç ýaglary ýakmakda we içegeleriň, iýmit siňdiriş ulgamynyň we aşgazan asty mäziniň işleýşini gowlandyrmakda ananas esasy iýmitlik miwe hasaplanylýar. Horlanmak isleýän adamlar bu miweleri iýseler maksadyna ýeterler.


Ananasyň ýetişen miweleri iýilende düzümindäki kaliýniň köp mukdarda jemlenmegi sebäpli bedende bar bolan artykmaç suwlar çaltlyk bilen çykýar. Mundan başgada ananasyň düzüminde köp mukdarda witaminler we minerallar bardyr. Şeýle hem bu miwede bromelain (ýörite ferment toplumy) bardyr. Bu ferment toplumynyň kömegi bilen beloklaryň we ýaglaryň çalt bölünmegi bolup geçýär, şonuň üçin ananas çalt horlanmklyga kömek edýär.


Bromelain täze ösüp ýetişen miwelerde bolýar. Şonuň üçin hem berhiz saklanan ýagdaýynda täze miweleri iýmeklik has-da netijeli bolar.


Ananas özüniň berhizlik häsiýeti bilen birlikde ol ýokary gan basyşyny peseltmäge, ýürek-damar ulgamynda döreýän keselleriň öňüni almaga, bedenden artykmaç suwuklygy aýyrmaga, merkezi nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga kömek edýär.


Ananasda fermentler bardyr. Olar iýmitiň has gowy siňmegine kömek edýän maddalardyr. Şeýle hem bu miwe bedeniň wiruslara garşy durmaklygyna ýardam berýär.


Bu tropiki miwe dürli minerallaryň hakyky “hazynasydyr”. Onda ýod, marganes, magniý, kalsiý, fosfor, kaliý, sink we mis ýaly elementler bardyr. Bulardan başga-da onda A, B we C witaminleri bardyr.


Ananasyň 100 gram iýmitlik gymmaty 49 kkal-dyr. Onuň düzüminiň 15 göterimi şeker we 86 göterimi suw bolanlygy sebäpli ananasyň sary eti örän süýji we şirelidir.


Alymlaryň aýtmagyna görä, bu süýji miwäniň düzüminde altmyşdan gowrak dürli ysly maddalar bardyr.

12
8
bibis
12.09.2023 18:43

Apelsin miwesi witaminlara baýdyr


Galyň gabykly sitrus miwelerinde, şol sanda apelsinde-de, witaminler uzak wagtlap saklanýar. Şonuň üçin tebigy şertlerde rbişýän ter miweleiň, gök önümleriň limon, mandarin, apelsin iýmek maslahat berilýär. Onuň gabygynda köp sanly toksinler saklanýar. Birini iýenden soň, kaloriýa mukdary 47 kkal bolan iki-üç sagatlap doýmak duýgusy dowam edýär.


Apelsinyň tagamy we ys taýdan ajaýyp we saglyga köp peýdasy bar. Bir Apelsin C witaminiň gündelik zerurlygyny öz içine alýar Apelsinlerde karoten kislotasynyň birleşmelerini öz içine alýan köp fitohimiki maddalar bar. Limon kislotasy miwä lezzet berýän mämişi reňkde bolýar. Pektin we azotly maddalaryň hereketleri hem peýdaly bolar. Miwesinde uglewodlar, süýüm, kül, fitonidler, kaliý, fosfor, kalsiý bar. Gabykda efir ýaglary tapyldy.


Apelsin sogy- miwäniň miwelerinde köp peýdaly maddalary öz içine alýar, doňan ýagdaýynda-da saklanýar. Hoşboý ysly mämişi suwy urolitiaz we öt haltasynyň dowamly keselleri üçin maslahat berilýär. Iýmit önümindäki ähli ýokumly maddalary günde birnäçe gezek suwy yzygiderli içmek arkaly duýup bolýar. Mämişi suwuny bejermek işdäni güýçlendirýär, iýmit siňdirişini kadalaşdyrýar.


Multiwitaminli içgi, witamin ýetmezçiligi, gipertoniýa bilen ulanmak maslahat berilýär, ateroskleroz bilen göreşmäge kömek edýär. Mämişi şiresi antioksidant häsiýetlere eýedir, bedene bejeriji täsir edýär, metabolik önümleri we toksinleri bedenden aýyrýar, şeýlelik bilen keselleriň ýüze çykmagyny aradan aýyrýar.


Apelsinleriň dürli görnüşleri we görnüşleri bar. Häzirki wagtda ösümlikleriň dört görnüşi belli:


Adaty – sary;

Açyk gyzyl;

Jaffa – galyň deri bilen;

Mämişi;


Apelsin gabygy-witaminleriň we biologiki taýdan işjeň maddalaryň iň baý çeşmesidir. Ony ulanmak bedeni immunitet ulgamyny güýçlendirmek, keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maddalar bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär, ýürek-damar ulgamynyň we bozulmalarynyň öňüni almak üçin guraldyr. Gabykly maddalar gandaky holesteriniň derejesini kadalaşdyrýar. Gabygy ylmy taýdan subut edilen peýdalary dürli önümleri we infuziýalary taýýarlamak üçin ulanylýar.

11
30
bibis
11.09.2023 19:49

Ki­wi­niň peý­da­sy


Gyş aý­la­ry­nyň gel­me­gi bi­len iň köp iýil­ýän mi­we­le­riň bi­ri bo­lan ki­wi­niň sag­ly­ga peý­da­sy ulu­dyr. Ki­wi ýa­kym­ly we ýo­kum­ly mi­we bo­lup, C we K wi­ta­min­le­ri­niň aja­ýyp çeş­me­si­dir. Gün­de 1-2 ki­wi beden üçin ze­rur bo­lan C wi­ta­mi­nini ka­na­gat­lan­dy­ryp bi­ler. Için­dä­ki sü­ýü­miň köp muk­da­ry iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­ny ka­da­la­ş­dyr­ýar. Bu mi­we demirgazyk ýarym şarda no­ýabr aýyn­dan maý aýy­na çen­li we iýun-okt­ýabr aý­la­ryn­da günorta ýarym şarda ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Bu miwäniň önümçiliginde Hytaý, Italiýa, Täze Zelandiýa, Eýran, Gresiýa, Türkiýe, Çili we Fransiýa ýaly ýurtlar öňdeligi eýeleýär. 50-den gow­rak gör­nü­şi bo­lan mi­we açyk ýa­şyl reňk­de bo­lup, öz­bo­luş­ly süý­ji we turşumtyk ta­gam­y bol­ýar. K wi­ta­mi­ni me­ta­bo­liz­mi we ga­nyň kal­siý de­re­je­si­ni ka­da­laş­dyr­ýar. Mun­dan baş­ga-da, gün­de­lik mis ze­rur­ly­gy­nyň 14 gö­te­ri­mi­ni 1 ki­wi bi­len ka­na­gat­lan­dy­ryp bi­ler­si­ňiz. Bu­lar­dan baş­ga-da, sü­ýü­me, de­mre, ka­ro­ti­no­ide we an­ti­ok­si­dant­la­ra baý bo­lan ki­wi­ im­mu­ni­te­ti ýo­kar­lan­dyr­ýar, dü­mew­den we so­wuk­la­ma­dan go­ra­ýar. Süňk­le­ri güýç­len­dir­ýän ki­wi­ de­ri­niň nem­li we sag­dyn bol­ma­gy­na kö­mek ed­ýär, ýa­ra­la­ryň be­jer­gi­si­ni çalt­lan­dyr­ýar. Onuň dü­zü­min­dä­ki E wi­ta­mi­ni bol­sa de­ri­ni Gün şöh­le­sin­den go­ra­ýar. Ki­wi­niň düzüminde äh­li mi­we­ler­de bol­şy ýa­ly şe­ker bar. Şo­nuň üçin ony or­ta mö­çber­de iý­me­li. Sag­dyn we de­ňag­ram­ly iý­mit­le­niş me­ýil­na­ma­ňy­za her gün ki­wi mi­we­si­niň 1-3-si­ni go­şup bi­ler­si­ňiz. 1 ki­wi tak­my­nan, 75 gram bolup, 2 ki­wi­ni iýe­ni­ňiz­de tak­my­nan 90 ka­lo­ri­ýa bol­ýar. Ki­wi­niň peý­da­sy­nyň bol­şy ýa­ly, zy­ýa­ny hem bar­dyr. Lukmanlar gast­rit ýa­ly aş­ga­zan bo­zul­ma­la­ry bo­lan adam­lara bu mi­wä­ni aşa köp iý­megi maslahat bermeýärler. Şol bir wag­tyň özün­de ki­wi kä­bir adam­lar­da al­ler­gi­k tä­si­re se­bäp bo­lup bi­ler. Luk­man­lar yzy­gi­der­li ki­wi iý­me­giň göz sag­ly­gy­na peý­da­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

15
99
bibis
10.09.2023 10:15

Man­da­ri­niň peý­da­sy


Sag­lyk üçin mi­we­dir gök önüm­le­ri iý­mek mö­hüm­dir. Esa­san hem, gyş aý­la­ryn­da im­mu­ni­te­tiň pe­sel­me­gi se­bäp­li bu önüm­ler has köp iýil­me­li­dir. Gyş aý­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän C wi­ta­mi­ni­ne baý bo­lan mi­we­ler dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bu­la­ra man­da­rin, pyr­ty­kal, greýpf­rut, li­mon ýa­ly mi­we­ler de­giş­li­dir. Ho­wa so­wap baş­lan­soň ba­zar­lar­da we dü­kan­lar­da peý­da bol­ýan man­da­rin di­ňe sag­ly­ga peý­da­ly bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, süý­ji bo­lan­dy­gy üçin hem ha­lan­ýar. Sit­rus mi­we­si ha­sap­lan­ýan man­da­rin A, B, C wi­ta­min­le­ri­ne, kal­sä, ka­lä, sü­ýü­me, dem­re we fos­fo­ra baý­dyr. Man­da­rin pyr­ty­ka­lyň aý­ra­tyn gör­nü­şi bo­lup, ol mä­mi­şi ru­to maş­ga­la­sy­na de­giş­li­dir. Man­da­rin gy­zy­lym­tyl mä­mi­şi, na­rynç reňk­li bo­lup, ta­ga­my pyr­ty­kal­dan has süý­ji ha­sap­lan­ýar. Man­da­rin beý­le­ki sit­rus mi­we­le­ri ýa­ly my­la­ýym ho­wa şert­le­rin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Onuň aga­jy­nyň ýap­rak­la­ry ýy­lyň dört pas­lyn­da-da ýa­şyl reň­ki­ni sak­lap, ýap­rak­la­ry düş­me­ýär. Man­da­rin ap­rel­de gül­le­ýär we ap­rel, maý aý­la­ryn­da dü­wüp baş­la­ýar. Güý­zü­ne ho­wa so­wap baş­lan­da mi­we­le­ri biş­ýär. Man­da­ri­niň mi­we­le­ri­niň biş­me­gi gy­şyň or­ta­la­ry­na çen­li do­wam ed­ýär. Man­da­rin­le­riň Do­ba­şi, Ro­bin­son, Li, San­berst, Min­neo­la, Sa­su­ma, No­wa, Or­ri, Mer­kott ýa­ly köp gör­nü­şi bar. Bu sit­rus ösüm­li­gi­niň di­ňe mi­we­si däl, eý­sem, onuň ýap­rak­la­ry hem-de to­hum­la­ry hem peý­da­ly­dyr. Man­da­ri­niň ga­by­gy de­ri­ni ýum­şa­dyp, onuň ýap­ra­gyn­dan çaý taý­ýar­lan­ýar. Bu çaý be­den­dä­ki ho­les­te­ri­ni pe­seld­ýär. Mi­wä­niň ga­by­gyn­dan ýa­kym­ly ys­ly sir­ke taý­ýar­lan­ýar. Man­da­rin gy­şy­na iý­len­de, wi­ta­min­le­ri we iý­mit­li­lik gym­ma­ty se­bäp­li so­wuk­la­ma gar­şy peý­da­ly­dyr. Bu mi­we im­mu­ni­te­ti hem güýç­len­dir­ýär. Tak­my­nan 100 gram man­da­rin­de 53 ka­lo­ri­ýa bol­ýar. Man­da­ri­niň dü­zü­min­dä­ki ka­li­niň we nat­ri­niň az muk­da­ry gan ba­sy­şy­ny ka­da­laş­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýär.

Göz sag­ly­gy­ny go­ra­ýar. Mi­wä­niň göz sag­ly­gy üçin iň mö­hüm ta­ra­py ka­ro­ti­no­id hä­si­ýe­ti­niň bol­ma­gy­dyr. Ka­ro­ti­no­id­le­riň ýe­ter­lik sarp edil­me­gi göz sag­ly­gy­na peý­da­ly­dyr. A wi­ta­mi­ni­ne baý bo­lan bu mi­we göz­dä­ki gan ba­sy­şy­ny ka­da­laş­dyr­ýar.

De­ri­ni iý­mit­len­dir­ýär. Kä­bir da­şar­ky tä­sir­ler be­de­ni­mi­ze ze­per ýe­tir­ýär. Man­da­ri­niň dü­zü­min­dä­ki peý­da­ly mad­da­lar de­ri­ni nem­len­dir­ýär. Bir wag­tyň özün­de iki­den köp man­da­rin iý­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär.

Süňk­le­ri ber­kid­ýär. Or­ta öl­çeg­li man­da­rin dü­zü­min­de, tak­my­nan 146 mil­lig­ram ka­liý we mi­ne­ral sak­la­ýar. Ka­liý be­de­niň äh­li or­gan­la­ry­na, öý­jük­le­ri­ne we do­ku­ma­la­ry­na tä­sir ed­ýär. Bu mi­ne­ral böw­rek­le­riň, myş­sa­la­ryň, nerw­le­riň, ýü­rek we iý­mit siň­di­riş ul­gam­la­ry­nyň ka­da­ly iş­le­me­gi üçin ze­rur­dyr. Ka­liý süň­küň berk­li­gi, sag­ly­gy üçin hem mö­hüm­dir.

16
93
bibis
09.09.2023 14:19

Banan we onuň peýdasy


Özüniň azyklyk ähmiýeti bilen tapawutlanýan miweleriň biri hem banandyr. Onuň watany Günorta-gündogar Aziýa (Malaý arhipelagy) hasaplanylýar. Bu ýerde milady ýyl hasabyndan öňki XI asyrdan bäri banany ösdürip ýetişdirip gelýärler.


Bananyň ikinji watany Amerikadyr. Köp ýyl mundan ozal banany Amerika getiren adam Tomas de Berlanka hasaplanylýar. Häzirki wagtda Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda banan muzeýi hem bardyr. Ol ýerde bu miwä degişli metallardan, keramikadan we plastmassalardan ýasalan 17 müňden gowrak eksponant ýerleşdirilipdir. Bu muzeý belli bir miwä bagyşlanan dünýädäki iň uly kolleksiýa hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.


Banan iýmitlik ähmiýeti bolan we öz düzüminde köp derejede ýokumly maddalary saklaýan miweleriň biridir. Onuň diňe bir ýakymly tagamy bolman eýsem ol çagalar we ulular üçin sagdyn bejergidir. Onda adamyň bedenine peýdaly täsir edýän ýokumly maddalaryň köp bölegi jemlenendir.


Bananyň düzüminde , we , hem-de С witaminleri bardyr. Şeýle hem ondaky beta-karotin, kalsiý, kaliý, demir, ftor we fosfor ýaly elementler tutuş organizmiň işleýişine oňaýly täsir edýär. Ol holestriniň derejesini hem peseldýändir.


Mundan başga hem banan aşgazan-içege we ýürek ulgamlarynyň işini kadalaşdyrýar. Ol göwnüňi göteriji miwe hasaplanylýar. Şeýle hem onda merkezi nerw ulgamyna oňaýly täsir edýän maddalar bardyr.


100 g bananyň energiýa berijiligi 95 kilokaloriýadyr. Şeýle hem onuň düzüminde 21,8 gram beloklar, 1,5 gram ýaglar we 0,2 gram beýleki ýokumly maddalar bardyr.

14
34
bibis
08.09.2023 12:57

Pisse agajynyň täsinligi


Pisse tokaýlygy daş görnüşi boýunça sawanna meňzeşdir. Agaçlar bir-birinden has açyklykda ösüp, olaryň şahalary beýlekileriňki bilen galtaşmaýarlar. Pisse agajy 300 ýyla we hatda 500 ýyla çenli ýaşap bilýär. Ol, gadym eýýamlardan bäri adama peýda getirýän, täsin ösümlikdir. Bu agaç baradaky ýatlamalar baryp biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda hem duş gelýär. Rimliler özüniň Aziýa eden ýörişlerinde pissäni Italiýa getiripdirler, ol ýerden bolsa Ispaniýa äkidilipdir. X asyrda pisse agajy Merkezi we Demirgazyk Amerika düşüpdir.


Pisse nämesi bilen adamyň ünsüni özüne çekdikä? Ilkinji nobatda tagamly, örän ýagky miweleri – pisseleri bilen. Onda günebakardakydan bir ýarym- iki esse köp ýag bolup, onuň tagamy ýokary hilli hoz we zeýtun ýaglarynyňkydan pes däldir.Pissäniň maňzynda 24 prosent beloklar bar. Pisse hozjagazlary şol durşuna we duzlanan görnüşde naharda goşmaça iýilýär, şonuň ýaly-da konditer we kolbasa senagatynda şirinnanlary (tortlary), şokolady, buzgaýmagy, kolbasanyň ýokary sortlaryny taýýarlamakda ulanýarlar. Miwelwrinden başga-da pissäniň şepbigi – terraktin atly gymmatly zat hasaplanýar we boýagdyr renkleýji senagatda ýokary hilli çeperçilik reňkleri öndürmekde ulanylýar. Onuň ýapraklaryndaky düwürli ösüntgilerden (buzgunç) eýleýji maddalar alynýar, ýerli ilat bolsa haly dokanlarynda ýüňi we ýüpegi gyrmyzy we goýy gyzyl reňklere boýamak üçin ony ulanypdyrlar. Ondan başga-da, pisse derman ösümligidir.


Pisse tokaýyndan gündogarda ýapgyt gerişli baýyrlary, jülge şekilli peslikleri bolan çöllük sähra onlarça kilometre uzalýar. Bu ýerde biz göýä tupan sowulan badyna doňup galan äpet ýer ummanyna düşýäris. Sähralar we dag baýyrlary – Bathyzyň ýer üstüniň esasy keşbini döredijileridir.

16
102
bibis
07.09.2023 11:04

Hurmanyň ösdürilip ýetişdirilişi we onuň peýdasy


Häzirki döwürde adamlar tarapyndan uly gyzyklanma bilen ösdürilip ýetişdirilýän miweli agaçlaryň biri hurma agajydyr. Beýleki köpýyllyk miwe berýän agaçlara garanyňda häzirki wagtda hurma agajyny ekmekligiň gerimi has-da giňeýär. Bu agajyň aýratyn bir özüne çekijiligi bardyr.


Hurmany nähili köpeltmeli, ony nädip ösdürip ýetişdirmeli? diýen soraglar adamlaryň arasynda häli-şindi ýüze çykýar. Köp ýyllyk miwe berýän agaçlaryň bu görnüşi bilen gyzyklanýan adamlar hurmany diňe bir nahalhanalarda däl, eýsem ony öý şertlerinde hem ösdürip ýetişdirip bilerler.


Hurma tohumy arkaly köpeldilýär. Onuň tohumyny gowy bişen hurma miwesinden alynýar. Onuň miwesinden tohumy alyp, ony guratman ekmelik maslahat berilýär. Ony köpeltmek üçin ilki bilen organiki dökünler bilen baýlaşdyrylan toprak alyp ony küýzä ýerleşdirmeli. Soňra şol küýzä hurma tohumyny gömmeli. Kadaly ýagdaýda çyglylyk we ýylylyk berlende 2-3 hepdäniň dowamynda hurma tohumlary gögerip başlaýar. Soňra bolsa iki sany ýaprak emele getirýär. Hurma nahaljygyny ömrüniň birinji ýylynda 1 litrlik küýzede saklamalydyr. Hurmanyň ýaşaýyşynda ony iýmitlendirmek, suwarmak we ony belli bir ýylylykdaky temperaturada saklamak zerurdyr

Hurmanyň tohumynyň gögerijiligi ýokarydyr. Şonuň üçin hem her bir küýzä hurma tohumynyň birini gömmeklidir. Tohumyndan gögerip, 1-2 ýyl geçenden soň ony has gowy miwe berýän görnüşine üýtgetmek zerurlygy ýüze çykanda nahalhana hojalyklarynda sapma işleri alnyp barylýar. Bu işler awgust aýynyň başyndan sentýabr aýynyň başyna çenli geçirilýär. Ony “T” görnüşde sapmaklyk özüniň ýokary netijesini berýär.


Açyk toprakda hurmany ösdürip ýetişdirilende onuň 3 ýyllyk nahalyny ekmeklik özüniň gowy netijesini berer.


Hurmanyň ýagtylyga, ýylylyga we çyglylyga bolan talaby ýokarydyr. Onuň ösüşinde bu şertleriň kada laýyk bolmagy zerurdyr. Hurmany ýeterlik mukdarda suw bilen üpjün etmelidir hem-de her gezekki suwaryşdan soň onuň düýbüni ýumşutmalydyr. Şeýle-de ondan ýokary hasyl almakda organiki döküniň hem uly ähmiýeti bardyr.


Gyş paslynyň ahyrlaryna hurma agajy ukyda wagty kesilýär. Bu işler hurma agajynyň hasyllylygyna uly täsir edýär.


Beýleki köpýyllyk miwe berýän agaçlar ýaly hurmanyň miwesiniň hem peýdasy uludyr.


Onuň miwesinde immunitetiň ýokary bolanlygy sebäpli bedeniň kesellere garşy goranyş häsiýetini ýokarlandyrýar hem-de gözüň görüjiligini gowlandyrýar, C witaminiň çeşmesi bolup hyzmat edýär, aşgazanda we içegelerde ýüze çykýan näsazlyklaryň öňüni almaga, şeýle hem iýmit siňdirişiň kadaly bolmagyna özüniň örän gowy täsirini ýetirýär.

10
52
bibis
06.09.2023 14:33

Nar we onuň peýdasy


Güýz paslynda ýetişip, gyşda saçaklarymyzy bezeýän gök önümler, datly miweler az däl. Şeýle datly miweleri boldan getirýän baglaryň biri-de nar agajydyr. Nar agajy welaýatymyzyň Magtymguly, Etrek etraplarynda gowy ýetişýär. «Gözel Sumbaryň nary» diýlip goşguda waspy ýetirilen datly miwäni ösdürip ýetişdirýän babadaýhanlarymyzyň çekýän zähmeti ýerine-de düşýär.


Narlaryň tagamy süýji, turşy, turşumtykdyr. Olar däneli, ýumşak däneli we dänesi çigitsiz görnüşinde bolýar. Welaýatymyzda däneli we ýumşak däneli narlar has giňden ýaýrandyr. Ýuka gabykly nar ýumşak däneli bolup, sowuga çydamsyz bolýar. Ony howa sowap başlanyndan sowuk urýar. Şonuň üçin ol maýyl subtropiki ýerlerde ekilýär. Dänesi çigitsiz nar welin seýrek duş gelýär.


Nar agajynyň, miwesiniň, gabygynyň, gülüniň ynsan saglygyny goramakda ähmiýeti örän ýokarydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda giňişleýin maglumat berilýär.


Gabygyndan başlap, dänesine çenli peýdaly miweleriň biri hem nardyr. Onuň düzüminde peýdaly aminokislotalaryň 15 görnüşi, «C», «A», «B», «PP» witaminleri we kaliý bardyr. Nar ynsan saglygy üçin taýsyz melhemdir.


Naryň ganazlykda peýdasy örän köpdür. Ol ganyň düzümindäki gemoglobini ýokarlandyrýar. Ol gan basyşyny sazlaýar, damarlaryň daralmagynyň öňüni alýar. Nar ýatkeşligi gowulandyrýar, ünslüligi we beýniniň işjeňligini artdyrýar. Ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýar. Damarlaryň diwarlaryny berkidýär.


Naryň şiresi işdäni açýar we onuň düzüminde iýmit siňdiriş ulgamyna peýdaly turşulyklar bardyr. Ýöne aşgazan keseli bilen kesellän adamlar nary lukman bilen maslahatlaşyp iýmelidirler.


Nar bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Bogunlaryň çişmesinde agyryny ýeňilleşdirýär. Bedeniň garramagyny haýalladýar. Naryň gabygy gaýnadylyp içilende, içgeçme keseline peýdalydyr.

10
25
bibis
05.09.2023 10:00

Üzüm – peýdaly azyk önümi


Ýer ýüzinde üzümiň 4 müňden gowrak görnüşi bolup, köp ýurtlarda ýaýrandyr. Terligine-de iýilýän üzümden dürli azyk önümleri taýýarlanýar. Üzüm biziň ýurdymyzda hem giňden ýaýran miweli agaçlaryň biridir. Üzümiň miwesiniň düzüminde 20 göterime golaý şeker, kwarsetin, turşuja, salisil kislotalary, B we C witaminleri bardyr. Tohumynda 20 göterime golaý dürli ýaglar, wanilin, ýapragynda 2 göterim şeker bardyr. Üzümiň miwesi we ýapragy ir döwürlerden bäri dermanlyk serişde höküminde ulanylyp gelipdir. Üzümiň miwesi adam bedenine örän ýokumly azyk önümi bolmak bilen, ol adam saglygyny berkitmekde has peýdalydyr. Üzümiň dermanlyk ähmiýetine dünýä belli Lukman Hekim hem üns beripdir. Ol üzümi dürli kesellere garşy ulanypdyr. “Lukman Hekimiň melhemleri” kitabynda üzüm barada şeýle ýazgylar bar. “Üzüm agajynyň ýapragy we murtjagazlary kellagyryny aýyrýar. Onuň üçin ony ýapgy etmeli. Ýabany üzümiň gabygyny bala garyp çalsaň dişleriň eti gananda haýyr edýär”. Ol kitapda “…..täze üzümi iýseň, içiňi çişirýär, şonuň üçin ýygylyp birnäçe gün saklanan üzümi iýseň bedeniň berkeýär. 2-3 gün ýygylyp goýlan üzümi iýmek peýdalydyr. Üzümiň kişmişi-de aşgazana, bagra, dalaga, böwrege we peşew halta ýaramlydyr. Üzümiň özi we kişmişiň dänesi bilen iýlende içege agyrysyny aýyrmaga peýda eder. Emma çakdanaşa köp iýseň kişmişiň peşew halta zyýan etmegi-de mümkin” diýen pikir bar. Üzümiň miwesi guradylan, gaýtadan işlenen görnüşünde (üzüm şiresi, toşap we ş.m.) hem gymmatlydyr. Öý bikeleri gyş aýlary üçin üzüm şiresini, toşap gaýnadyp dürli çüýşe gaplarda saklaýarlar. Bu bolsa häzirki gyş aýlarynda bereketli türkmen saçagynyň bezegine, ähli adamlar üçin iň ýokumly çörek hurşy bolýar.

12
28