Bagtlylardan bagtly duýdym özümi,
Allanyň şu güne ýetireni üçin
...
Aýlar Haýytmyradowa
Köňlüm bilen aglaşdym
Sygdyryp bilmän baryny
....
Ýaşym has goýaldykça,
Men saňa mätäç şonça,
Birem se:ň barlygyňda
Gezip ýörün men monça.
Zenç näsazlygyna meňzeýär ykbal
Kä ýarym ajysyn pürküp goýberýär
Köçäniň ugrunda ýöräp barşyma
Pikir bilen geçmişime aýlandym
Söýenim
(haýyş boýunça)
Sen aglama söýenim
Kişi muny aňmasyn
Baýlygy bagtyň saýan
Bagtlylar aglasyn.
Ornumyzy goýup görsek çalyşlap
Birje sorag: ,,Bilermidiň bagyşlap?"
Henizem intizar ýoluňa bakýan
Men muňa ynanýan ,,Gelersiň hökman"
Mert bol gözýaşyňy görmesin kişi
Hemme saňa mährem Ejeň däl ahyr
Wagt bir pursatlyk dolansa käşgä
Bu bolmajak arzuw hemmä-de äşgär
Meniň ahy-zarym aýan däl başga
Sensizlik azaby gynaýar Kaka.