beghanym
21.01.2025 20:28
Alnyň bagtyň açyk bolsun Şirinjanyň Nabady. Bagtyň daş ýarsyn jigimjan @Nabat_desinger
8
133
beghanym
16.01.2025 13:44
Salam gadyrly agzalar.🙋‍♀️
Bu gün men öwrenmelide siz bilen. Ýagdaýlarňyz gowudyr diýip umyt edýärin.👍
Janyňyz sag bolsun işlerňiz haýyrly ugryna bolsun, goý her bir eden Arzuwlarňyz hasyl bolup sizi bagta ýetirsin.
Allanyň eçilen bu ajaýyp dünýäsinde öz ornuňyzy tapyp her bir alýan demiňiziň gadyrny bilip her pursatdan lezzet alyp manysyny duýup ýaşaň!
Ilki özüňize ynanyň we öňüňizde goýan maksadyňyza okgunly hereket ediň!
Bagtyňyz daş ýarsyn we size lezzet paýlasyn !
Her birimize öz taýymyzy tapyp ömrüňiziň ahyryna çenli bilelikde dem almak agzybirlik bilen göreldeli maşgala bolmak nesip etsin! Bagtly durmuşda balalarňyza kämil terbiýe berip abraýly adam edip ýetişdirip şolaryň bagtyna guwanmak nesip etsin!

Iň gowy arzuwlar bilen : Bibi
@beghanym Arzuwly_aý
10
158
beghanym
30.12.2024 14:50
Salam hemmelere gadyrly agzalar ! 🖐
Täze ýylyňyz düşümli bolsun!🎄
Täze ýyl size uly üstünlikler getirsin!🥂
Täze ýylyň her pursady şatlykdan doly bolsun!🎂
Arzuwlarňyz hasyl bolsun!🎅
Hemmeler lezzet alyp ýaşasyn👍!
Rysgal Döwletiňiz bereketli bolsun!🥳
🎁 sowgatlarňyz ýaly geljek her günüňiz süýji bolsun!🍫
9
117
beghanym
18.12.2024 17:02
Salam hemmelere mähriban agzalar !
Ýagdaýlarňyz gowymy ?
Köpden bäri men öwrenmelä girýän diňe men başga agza ýok şeýle ýagdaý görenimde gaty gynanýan dogrysyny aýtsam bir wagtlar şeýle gyzyklydy günümü şu ýerdäki nikleri tanyş özleri nätanyş gadyrly agzalar bilen post paýlaşyp pikir alyşyp güýmenerdik derdimizi paýlaşardyk, emma gynansakda bu wagt beýle däl ýaly.
Gadyrly agzalar hemmämiz bilelikde şol şatlykly pursatlardan ýatlalyň !
GEÇMIŞ INDI ÝOK . GELJEK ŞINDI ÝOK . BIZDE DIŇE ŞU GÜN BAR . ŞU GÜNÜME MÜŇ ŞÜKÜRLER BOLSUN!
Size täzelik aýdasym geldi akja gara beslenip täze maşyn geldi bize çagalarym örän begendi size-de nesip etsin arzuwlarňyzyň hasyl bolmagy.
Her bir agza başardygyndan gowy ýatlama belläp geçsin kyn görmäň öwrenmelini janlandyralyň ol diňe siz bilen gadyrly agzalar.!!!
@beghanym hemişe siz bilen.
7
198
beghanym
06.12.2024 07:36
DOGALARYM NÄME ÜÇIN KABUL BOLANOK?

Doga ybadatyň bir görnüşidir. Biziň dogadaky esasy maksadymyz Allatagalla gulluk etmek we Oňa (jelle jelaluhu) ugrukmak we ýakynlaşmakdyr. Her dogany “hökman kabul edilmeli arza” ýaly hasap etmek ýalňyşdyr.

Eden doga-dileglerimiz kabul edilmedik ýagdaýynda “Alla meniň dogalarymy kabul etmedi” diýip şikaýat etmäge hakymyz ýokdyr. Daşyndan seredeňde doga kabul edilmedik ýalydyr; emma, belki biziň isleýän zadymyz biziň üçin haýyrly däldir, we Allatagalla bizi has haýyrly bir tarapa ugrukdyrandyr ýa-da has haýyrlysyny berjekdir. Hiç bir doga boşuna edilen däldir. Doga ybadat bolany üçin, beýleki ybadatlardan sogap gazanşymyz ýaly doga edemizde hem sogap gazanýarys we ahyrýetdäki durmuşymyza goşant goşýarys.

Allatagalla Kurany Kerimde “Maňa doga ediň, menem size jogap bereýin” (Mümin süresi, 60-njy aýat) diýip buýrýar. Aýatda hem görşümiz ýaly Allatagalla her doganyň kabul edilmesini wada edenok; Ol ähli dogalara jogap berjegini aýtýar. Ýagny, edilen her doga üçin jogap bardyr. Ýa kabul ediler, ýa has haýyrlysy beriler, ýa-da ahyrýetde sogaby beriler.

Mysal üçin, kesellämizde lukmana gidip “maňa pylany dermanlary ber” diýip bileris. Emma lukman biziň keselimiz üçin haýsy derman has peýdaly bolsa şol dermany berer. Belki biziň talap edýän dermanymyz biziň üçin zyýanlydyr. Doganyň kabul edilmesi meselesini hem şeýle düşünip bileris. Käbir adamlar Alladan ummasyz baýlyk diläp biler, emma Allatagalla guluny guluň özünden hem has gowy bileni üçin baýlygy bermän biler. Ol gul baýasa azjagyny Allatagalla soňsuz ylmy bilen bilýändir.

Indi bolsa doganyň kabul edilmesi üçin gerekli şertlere seredeli:
- Doga kabul ediläýjek doga bolmaly. “Allajan güni ertir günbatardan çykar” diýip doga edilse kabul edilmejegi köre mälimdir. Sebäbi Allatagallanyň goýan belli külli kanunlary bardyr.
- Doga çyn ýürekden edilmeli we günäsiz agyz bilen edimeli. “Men barybir günäkär. Dogalarym kabul bolmaz.” pikiri hem ýalňyşdyr. Dogamyza dowam etmeli, şol bir wagtdadam günälerden gaça durmalydyr. Allatagalla Zümer süresiniň 53-nji aýatynda şeýle diýýar: “Aýt (eý Muhammet): Eý ömrüni günä işläp zaýalan gullarym! (Alla indi meni bagyşlamaz diýip) Allanyň merhemetinden umydyňyzy kesmäň. Alla ähli günäleri bagyşlar!”
- Mümkin bolsa, täretli doga etmeli
- Mümkinçilik bar bolsa, metjit ýaly mübärek ýerlerde doga etmeli
- Remezan aýy, Gadyr gijesi, Jumga günleri ýaly mübärek wagtlarda doga etmek
- Namazlardan soň, esasanam ertir namazyndan we tehejjüt namazyndan soň doga etmek
- Alla hamd edip, soňam Pygamberimize salawat aýdyp başlamaly

Doganyň görnüşleri bar: biri dil bilen edilen doga, biri hem hereket bilen edilen dogadyr. Ertir synagyňyz bar bolsa, sapaklary okaman “Allam maňa kömek et” diýmek hem doganyň şertlerini ýerine ýetirmezlik hem doga garşy hormatsyzlykdyr. Bir zady isleýän bolsak başda şertleri ýerine ýetirmek hereket bilen edilmeli dogany etmekdir. Ondon soň ellerimizi Biribara açyp söz bilen doga etmeli.

Her biriňiziň her gün säher bilen edýän doga dileglerniz Alla kabul etsin! Işiňiz ugryna bolup , berlen ömrüňiziň her pursatlary manyly we şatlykly bolsun ! Ähli wagt her bir zat siz üçin haýyrlysy bolup sogabyňyza ýazylsyn!!!
12
103
beghanym
01.10.2024 22:58
Salam hemmäňize mähribanlar
Sizde hem şeýlemi ?
Men hiç postlaryň içine girip bilemok teswir okap bilemok postlarda daşyndan girmän ❤👍 goýup bilýän we daşky keşbini görüp bilýän.
Näme sebäpden beýle bolýarka düzedip beräyinmi bolýan bolsa hormatly programma işini ýöredijiler.?
12
140
beghanym
01.10.2024 16:35
Salam hemmäňize mähribanlar hem Öwrenmeli programma ýakymly Salam !
Bu gün Aşgabada gelen günüm öwrenmeli programma meni kabul etdi şu wagta çenli konkurs geçirjek diýelim bäri programma näsazlygy bilen men post goýup bilmedim.
Sizde täzelik barmy ýazyp oturyň?!
Konkursa taýarmy siz mähriban agzalar ?
Konkurs haçan gurnalyň ýöne maňa kömekçi gerek bolar sebäbi men mb girerin 10 gün ýaly wifi bolmaz.
8
92
beghanym
16.09.2024 12:49
Salam hemmäňize mähribanlar.🖐

Tiktok girýänler bar bolsa bilýändir açyp görsem durşyna konkurs bolup ýatyr çynmy ýalanmy kim bilýä her kim trend boljakda ýaňy girenler hem ýeňji bolarys diýip _👍 baryny paýlap otyrlar.
Bu gün men siz bilen bir gyzyklyja konkurs hakda pikir alyşmakçy.

Hökman halal bolmaly ýalan uzaga gitmeýär!

Siz konkurs geçirilse gatnaşarsyňyzmy?

Öwrenmelidäki konkursyň şerti nähili bolsa gowy bolar?

Konkursyň ýeňijisine näme baýrak berilse gowy bolardy?

Men ýakynda konkurs gurnamakçy kömek etnegiň barmy?
(meselem men köp gatnaşyp uzakly gün girip bilemok şonuň üçin köplenç kömek gerek bolýar esasanam bildiriş gelmese kyn bolýa)

Sizde nähili teklip bar näme hakda gyzykly post açylsa has gowy bolar?

@beghanym elmydama siz bilen Öwrenmelini trend edeliň mähriban agzalar !
22
401
beghanym
13.09.2024 00:00
Salam hemmäňize mähribanlar
Siz bilýäňizmi ?
Dünýäde näçe adam bar bolsa şolaryň ählisi saňa zyýan ýetirýän bolsa saňa azar ýetirýän bolsa sen Mukaddes Kurany Kerimiň iň soňky süresini gaýtalap özüne aýtsaň hiç kim saňa zyýan ýetirip bilmeýär.
Hiç bir palçy molla ýene ş.m gerek däl. Biderek wagt we çykdayjy pullaryny gidirýäler.
16
131
beghanym
02.07.2024 09:41
Salam hemmäňize Öwrenmeliň bilesigeliji mähribanlary .

Siz şu gün ömrüňiziň iň soňky güni bolsa siz näme ederdiňiz ?

Öwrenmeli üçin bir zatlar etmeli bolsaňyz näme ederdiňiz ýagny nähili üýtgeşme girizerdiňiz ýa name teklip ederdiňiz ?

Her bir ynsanyň dogduk mekany bolýar şony çagalyk ýatlamalaryňyzyň gülküli wakalarňyz hakda biz bilen paýlaşarsyňyzmy ?

Hormat goýup okanyňyz üçin sag boluň halan bolsaňyz 👍 goýmagy unutmaň.

Iň gowy arzuwlar bilen :
@beghanym
26
224