begench00
13.08.2023 16:33

Logiki soraglar. Özüňi barlap gör!


1. Kölüň içinde nähili daşlary tapyp bolmaýar?


2. Men suw we men suwda ýüzýän. Men näme?


3. Üç sany pyşdyl ýöräp barýar, birinji pyşdyl: "yzymdan 1 pyşdyl ýöräp barýar",

ikinji pyşdyl:"yzymda 1, öňümde 1 pyşdyl ýöräp barýar", üçünjisi:"öňümde 2 pyşdyl, yzymda 1 pyşdyl ýöräp barýar". Bu nädip bolup biler?


4. 201 sany uly teker, 145 sany kiçi teker bar. Bulardan näçe traktor düzüp bolar?


5. Kartoşka ilkinji gezek nirde göründi?


6. "Gelme!" diýseň gelýär, "Gitme!" diýseň gidýär. Bu näme?


7. Siz uçarda otyrsyňyz, öňüňizde at, yzyňyzda ulag. Siz nirde?


8. Ondan näçe köp aldygyňça şonça-da ulalýar. Bu näme?


9. Ol size degişli ýöne, beýlekiler ony sizden köp ulanýar. Bu näme?


10. Içiň doly boş halatynda näçe ýumurtga iýip bolar?

39
591
begench00
12.08.2023 08:15

3 sany tut agajy bar.

Hersinde 7 şaha bar.

Şahada 4 alma.

Bu agaçlarda jemi näçe alma bolar?

19
225
begench00
11.08.2023 11:45

3 adam gidip barýar. 2 kaka 2 ogul. Bu haýsy ýagdaýda bolup biler?

20
409