bayramgeldiyewarslan
22.10.2023 08:31

Dine "G" harpdan


Garabasma

Gülälekli gülzarlykdan

Gyz gelýär görki görkana.

Gara gözli galam gaşly

Göz gerek görkün görmäge.

Gulagynda gulakhalka,

Gaşy göwherden gupbasy.

Geýen geýnüwne gelişýär

Guýma gaşly gülýakasy.

Gözastyndan gyýa garap,

Gyz gelensoň golaýyma,

Görmegine göwnüm gidip,

Gollarym goýdum goýnuna.

Guçdum gysyp gujagyma,

Gursagyma göwsün goýup.

Ganatlanyp göwün guşum,

Ganat gerdi gökde gaýyp.

Garsa gözlerim gerildi,

Görenlerim garabasma.

Galdym garaňky gijede,

Göwnüm gaplap gaýgy-gussa.

Gultundyryp gözden gaýyp,

Gitdi görkana gözelim.

Gursakda galdy gaýgyly

Goşan gysgajyk gazalym.


Awtory: Gurbangeldi Miralyýew

18
35
bayramgeldiyewarslan
18.10.2023 23:03

Amerikaly süýrenijileri köpeldiji Aden Jonson sosial ulgamlarda haýran galdyryjy waka bilen paýlaşdy. Ol gofer ýylanynyň (Pituophis) aýryp goýlan ýumurtgasyndan üýtgeşik jandaryň – iki kelleli ýylanyň çykandygyny habar berdi. Bu barada sportkp.ru belleýär.


Daily Star neşiriniň ýazmagyna görä, bu üýtgeşik ýylan şu ýylyň iýul aýynda adaty bolmadyk uly ýumurtgadan çykdy.


“Şeýle ýumurtgalardan, adatça, ekiz süýrenijiler çykýar, ýöne bu gezek düwünçekleriň ösüş döwründe nämedir bir zat ters bolup, bir düwünçek beýlekini “ýuwdupdyr”. Netijede, bir bedenli we iki kelleli organizm dünýä indi” – diýip, çeşme belleýär.


Jonson ýylanyň hereket edýändigini we onuň iki kellesiniň hem dem alýandygyny aýdýar.


“Ol nämedir bir zady halamasa, ses çykaryp, goranýar. Ýöne bu jandar anomaliýa sebäpli barybir hereket edende käbir kynçylyklary başdan geçirýär. Ýylanyň iki kellesi bedeni nähili dolandyrýandyklaryny utgaşdyryp bilenok, şonuň üçin ol beýleki gofer ýylanlary ýaly, köplenç, öwrülip bilmeýär” – diýip, Jonson belleýär.


Adatça, şeýle “mutantlar” ir ölýär, ýöne amerikaly bu üýtgeşik ýylanyň mümkin boldugyndan uzak ýaşamagy üçin elinden gelenini etjekdigini aýdýar.

Gofer ýylanlary suwýylanlaryň maşgalasyna degişlidir. Bular uzynlygy 80 sm-den 2,8 m çenli bolan zähersiz süýrenijilerdir. Bu jandarlar Demirgazyk Amerikada duş gelýär.

21
62
bayramgeldiyewarslan
17.10.2023 08:37

Tahyr Aýjemal bilen toý tutanyna eýýäm 8-9 ýyl geçipdi.

Wagtyň çalt geçäýşini.Özi bilen deň toý edenleriň eýäm iki üç çagasy bardy

Bularyň bolsa ýekeje ogly bardy. Şatlykjan dünýa inende agramy uly bolup keserewo kesimi bilen bolupdy.

Ozal hem tutyş göwrellik döwründe berk gözegçilikde duransoň, çagasy bolanda-da howp awanypdy.

Tahyr bilen Aýjemalyň gan topary we ganyň resus faktory otrisatel gelip çaga howp salypdy. Lukmanlaryň tutyş göwrelik döwründe ünsden düşürmänjik berk gözegçiliginiň astynda Şatlyjyk dunýa inipdi

Ondan bäri 4-5 ýyl geçdi. Aýjemalyň göwresinde soň çaga galmady.

Her ýerde ýatymlaýyn bejergi alyp çykdy, ýöne peýda bermedi.

Halys ukoldan bejergiden ýadan Aýjemal ýekeje ogly Şatlyjygyň jany sag ulanmagynyň aladasynda bolyberdi

Şatlyjyk gaty garagoljady, enaýyja, şadyýanjady

Kiçiligine garamazdan şeýle bir tansa ökdedi .

Çagalar bagynda onyň gatnaşan her bir çykyşlary hemmeleriň göwnünden turardy.

Küýş depdi, lezinka tanslary gaty gowy ýerine ýetirerdi

Tahyr Aýjemal bilen maslahatlaşyp Şatlyjygyň zehini köýmesin diýip şaherdaki tans gurnagyna ýazdyrdy we şo taýda ol durli çarelere gatnaşyp başlady

Adady gündi.Dynç güni bolansoň köçäň çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň bary öýdedi we bular üýşüp gizlenpeçek oýnyny oýnaýardylar.

Tahyryň uly maşyn ulagy ýolyň gyradynda durdy. Çagalar maşynyň daş töwereginde gizlenip, onyň yzky uly tigirini bolsa, pellihana edipdiler. Birinji çykan çaga şo taýda duryp ýuzini tigre ýaplap, beýlekiler gizlenip bolýanja garaşmaly ýeridi

Bu gezek bolsa Şatlyjyk utylypdy we ýüzjagazyn tigre ýaplap sanap başlady

Dynç alyp öýden çykan Tahyr çagalaryň oýnyna üns bermän, göni maşyny otlady we yza sürende waaaaaaý diýen sözi eştmän, göni ýola maşynyny öwürdi.

Ol barmana beýleki çagalar gygyryşdylar

— Tahyr kakaaaaa Şatlyk maşynyň aşagynda galdy: - diýip

Çagalaryň gohyna Tahyr maşyndan böküp düşdi, görse ýeke dikrary Şatlykjan gana bulaşyp ýatyr .

Wah Allajan diýip çagajygyn alyp Aýjemalada gygyrman göni maşyna ýükläp hassahana sürdi...

Aňyrdan çagalaryň

- Aýja gelneje Şatlygy maşyn basdy, Tahyr kakam dutora äkitdi diýip aýdanda Aýjemal sesin çykarman özini ýere berdi.

Bularyň gohyna goňşy gelin ylgap geldi. Tahyryň telefonyna jaň etseler, oda öýden jyrlady, telefony öýde goýup gidipdir

Goňşy gelin adamsyna aýdyp maşynyny otlap Aýjemaly hem alyp hassahana tarap ugrany hem şoldy welin Tahyr ses edip Şatlyjygy bagryna basyp öýe getirdi

Tötänlikde bolan bu elhenç waka özin gunakärlap, akly huşy serden uçdy. Tahyry köşeşdirmek uly ile iş boldy.

Aýjemal bolsa bir gysym bolup bagryn ýere berdi.

Ondan bolsa ne ses çykdy ne-de seda

Çagajyk elden gitdi.Öý boşap galdy.Şatlyjyk bilen öýiň şatlygy ,bagty hem giden ýaly boldy ....

Adam ömründe her hili garaşylmadyk ýagdaýlar durmyşda gabat gelýar.

Her bir kynçylygy ýeňip geçmek biziň özünize bagly we adam başy daşdan gaty diýleni dogry eken

25
147
bayramgeldiyewarslan
16.10.2023 08:18

Taryhda ilkinji multifilm 1906-njy ýylda Amerikada Jeýms Stuart Blakton tarapyndan “Humerous Phases of Funny Faces” atly multifimdir. Şol ýyl hem Angliýada Wolter Bus tarapyndan hem döredilipdir.

Ilkinji multifilm nähili ýasalandygy baradaky soraglar aklymyza gelmän hem durmaýar. Ol galam bilen çyzylyp taýýarlanan 8 müň çyzgydan ybarat animasiýadyr. Jeýms Stuart taýýarlan bu ilkinji mutifilmi bilen taryha geçipdir.

Aslynda Stuart 1900-nji ýylda hem multifilm döretmäge synanyşypdyr, emma şol wagt taýýarlan multifilmi surat çeken adamyň wideosyna meňzäpdir. Bu eseriň ady hem “Enchanted Drawing” diýip bilnipdir.

Amerikada çykan bu ilkinji multifilm surat çekýän adam bilen başlap, suratçynyň çeken suratynyň hereketlenmegi görkezilip başlaýar, bu hereketler: gözlerini oýnadýan adam, tegelekden bökýän itjagazyň şekili ýaly ýönekeý temalardyr.

19
26
bayramgeldiyewarslan
15.10.2023 08:15

Garly Gowşutbentdäki gatla gündelik gündüzine gözegçilige gidýärdi . Gözegçiliginden gijöýlän gaýdyp

gelip gapydan gireninden gelni Gülşat Gurbantäjiň galmagal galdyryp gohlaýşynyň gylyny gyşatrman

Garlynyň gulagyna guýup gyjalatly gepledi .

- Günuzyn göwnüm gysylyp gezdim Gummady getirdi gaşba-gaş gürleş . Gelnini gapyldyraýmasa gaýdyp

gapyzymdan gelmesin .

Garly gelniniň gürrüňlerine gulak goýup gelnine garşy gitdi .

- Gapyňdan geleni gapyňdan göýbermän getirmezlik gaty gelşiksizlik, Gummady gelýärkäm

gapdallarynda gördüm , gülüşip gadyrly gepleşdik . Gummat gowy-la, gelniniň gepine gidip gatnaşman

gezenoga, Gurbantäjem gohlap-gohlap goýarda , gahary gaçyşýança gaçarak gezäýerler .

Garlydyr Gülşat gürrüňlerini gutarmanka gapydan Gummat girdi .Geň göräýmeli Gummat gyzy Güljäni

goýup gaýdyp getirmändir . Gurbantäç göýbermedimikä ? Gyzyny göýbermesede Gummada goýberipdir.

Gummat gelniniň goýberenine – göýbermänine garaman gaýdandyr . Gummat Garlyny gatladan gelýärkä

görendigine garamazdan gapydan girişine gadyrsyrap gaýtadan görüşip gürrüňe girişdi .

- Goňşular geleňsizligimizden gölämiz gämikleriňize geçäýipdir-dä, gaty gynandym . Gurbantäjiň

gölämizde günä goýman gohlap gygyranyna gaty görmäň , gelip –gitmeliräkdä . Gölämizem güýz

gelýänçä guzlamasa gassaba geçirjek .

- Gummat gelinleriň gohuna goşulman gapymdan geleniňem gaty gowy . Gämikler gümüne gitsin , göle

geçmände-de günebakar goşa gulak gögerip görünenden gögerçin goparybam galmaga goýanoga .

Gummadyň gepine gulak gabardyp Garlynyň gaty- gaýrym geplemezligi gaharyndan gowşaşan Gülşadyň

gaýtadan gaharyny galdyrdy .

- Gelinleriňiz gygyryşyp , gemrişip gezselerde goşulmadyksyrap gezeniňizi gowy görýäňiz-dä. Gurbantäç

Genjimiň gelni Gülnara gygyryp görsün. Genjimiň gelinleriň gohuna goşulýanny –goşulmaýanny

görersiňiz . Gurbantäç gaýtmyşyna gelip gülala-güllük gowy gatnaşmasa Gummadam gatnaşman geçsin .

Gülşat gyjalata galyp gaharly gürlänsoň Gummat gyssanmaç gaýdanyny gowy gördi .

- Garly, Gülşat goňşyň gaharyny gaty galdyrmankam gideýin .

- Gyssanmasana goňşy garbak- gurbak garbanaly gidersiňdä .

Gülşat garbak-gurbak getirmekden geçen gaýta gaharlanyp gepe goşuldy .

- Günortanlyga gaýnadan gaýnatmamdan galan galak-gaçak galyndydan getiräýmesem-ä Gurbantäjiň

gohuna ganymy gyzdyryp garaçorba gaýnatmagada gymyldasym gelmedi .

Gülşat gapyny gürpüldedip gidensoň Gummadam gozganjyrap galdy-da, Garla garap gtjekdigini

gaýtalady .

- Goňşy gideýin, gün gyzaryp galmanka guma „Giň guýy“ goşa goýun gyrkmaga gyrkyma gitmeli .

- Gitseň gyrkymdan geldigiň gelginiň , gatyrganyp gelmäňi goýaýma .

Gördüňizmi ? Gummadyň gelinleriň gohuna goşulman , gatnaşygy goýman goňşularyna gelsede

Gülşadyň gaharlanyp geplemegi , gapyny gürpüldedip gitmegi , galybersede goh-galmagalyň galmagyna

gelni Gurbantäjiň günäkärligi giňgöwünli Gummadyňam güýmenmän goňşularyndan gaýtmagyna getirdi.

Guwançly gowy günlerde guwanjyňa guwanýan , gynançly gamly günüňde gynajyňa gynanýan goňşynyň

gerekdigine garamazdan gep –gybata gulak gabardyp goňşyçylyk gatnaşygyny goýup gatnaşman

gezýänlerede gynynsak-da gabat gelinýär . Goňşuçylyk gatnaşygyndan gozgan gürrüňlerim gutarmanka

goňşy-goňşa goňşokara gatnadyp , goňşy goňşyňka gelip gidip gadyrly gatnaşyp gezmegiň

gowulykdygyny guwançly günlerdede gynançly günlerdede goňşynyň gerekdigini gaýtalasym gelýär .

Geliň goňşularymyza gadyr goýup gadyrly gatnaşalyň .

26
150
bayramgeldiyewarslan
14.10.2023 09:30

XXI asyryň iň meşhur we ýokary hilli gorky (horror) filmleriniň 30-synyň sanawy düzüldi. Bu barada «Rossiýskaýa gazeta» habar berýär.


Sanawda psihologik we sosial äheňli filmleriň, zombi-horror komediýalarynyň hem-de täze nusgawy filmleriň bardygy bellenilýär. Şeýlelikde, Jordan Piliň režissýorlyk eden «Ýok bol!» (Get Out, 2017) filmi sanawyň birinji ornuny eýeledi. 2017-nji ýylda çykan detektiw-satirik gorky filmi köp sanly baýraklara, şol sanda iň gowy ssenariýa üçin «Oskar» baýragyna mynasyp boldy.

Ikinji orunda şwesiýaly režissýor Tomas Alfredsonyň 2008-nji ýylda surata düşüren «Meni içine goýber» filmi durýar. Ol Ýun Aýwide Lindkwistiň romany esasynda ekranlaşdyryldy. Öz döwründe bu film «Saturn» baýragyna mynasyp görüldi. Ilkinji üçlügi Ari Asteriň «Reinkarnasiýa» filmi jemleýär. 2018-nji ýylda surata düşürilen bu film amerikaly režissýora meşhurlyk getirdi.

Şeýle hem ilkinji 30-luga Günorta Koreýanyň «Gykylyk», «Busana barýan otly» gorky filmleri we «Dinozawryň topulmagy» atly film girdi. 2000-nji ýyllaryň iň meşhur filmleriniň biri bolan «Byçgy: Diri galmak oýny» bolsa ýedinji orny eýeledi.

17
27
bayramgeldiyewarslan
12.10.2023 09:17

14-nji oktýabrda şu ýylyň iň soňky Gün tutulmasy bolar. Şol gün Ýeriň ilaty Gün tegeleginiň halka öwrülmegine tomaşa edip bilerler. Bu halka şekilli Gün tutulmasydyr, sebäbi Aý Günüň şöhlesini doly ýapmaz, onuň diňe merkezini ýapar we ýagty halkanyň täsirini döreder. Bu barada “Izwestiýa” gazeti habar berdi.


14-nji oktýabrda Gün tutulmasy belli bir koridordan geçer, onuň yz ýany - 23-nji oktýabrda bolsa Aý tutulmasy bolar.


ABŞ-nyň, Merkezi Amerikanyň, Kolumbiýanyň we Braziliýanyň ilaty bu astronomiki hadysany synlap bilerler. Gün tutulmasynyň başlangyjy Ýuwaş ummanyň akwatoriýasyndan başlap, soňy Karib deňzinde görner. Dünýäniň esasy obserwatoriýalary bu çäräni ýaýlyma bererler.


Gün tutulmasynyň doly fazasy takmynan 5 minut 17 sekunt dowam eder diýlip garaşylýar. Emma astronomiki hadysany goragsyz göz bilen synlamagyň howpludygyny ýatdan çykarmaly däldir. Gözüň howpsuzlygy üçin optiki enjamlar bilen gorag plýonkasyny ulanmak has gowudyr.

22
38
bayramgeldiyewarslan
11.10.2023 09:28

14-15-nji oktýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda halkara kino festiwaly geçiriler. Festiwalda dürli ýurtlaryň iň gowy filmleri görkeziler, şol sanda belli aktýorlar we režisýorlar gatnaşar.


Şolaryň içinde «Ajaýyp asyr» we «Gurulyş: Osman» taryhy türk seriallarynyň belli aktýory Burak Ozçiwit hem bar diýip, Türkmenistan Habarlar Portaly ýazýar. Tutuş dünýäde millionlarça tomaşaçynyň söýgüsini gazanmagy başaran bu türk aktýorynyň Aşgabada gelmegi Türkmenistanda türk kinosynyň muşdaklary üçin aýratyn waka bolar.

Festiwala şeýle hem beýleki belli aktýorlar we režisýorlar gatnaşar, şol sanda «Taksi» filminde surata düşen fransuz aktýory Eduard Montut gatnaşar.


Festiwalda rowaýata öwrülen ahalteke atlary hakynda RT Doc teleýaýlymy tarapyndan taýýarlanan dokumental film görkeziler. Film ahalteke atlarynyň gelip çykyşy, taryhy we aýratynlyklary barada gürrüň berýär.

20
29
bayramgeldiyewarslan
10.10.2023 08:15

Beýik we gazaply Çingiz Han hakda gyzykly maglumatlar.


Beýik we gazaply Çingiz Han hakda gyzykly maglumatlar:

✅ Çingiz Han dogulanda, elinde doňan gan bilen dogulypdy. Bu bolsa onuň geljekde beýik hökümdar boljagynyň manysydy.


✅ Çingiz Hanyň hakyky ady Temuçin.


✅ Çingiz Hanyň ýewropa gany hem bardyr.


✅ Çingiz Han, Mongol Imperiýasyny Ýuwaş ummandan Gündogar Ýewropa çenli giňeldendir.


✅ Çingiz Hanyň müňlerçe aýaly bardy we olaryň köpüsi oňa çaga doguryp beripdi. Şonuň üçin aziýaly erkekleriň 8%-i Çingiz Hanyň nesli hasap edilýär.


✅ Mongol goşuny hiç kime ýüregi awanokdy. Çingiz Han eden ýörişleriniň köpüsinde oba we taýpalary tutuşlygyna ýok edýärdi, şol sanda aýallary we çagalar hem.


✅ Çingiz Han 40 mln adamy gyrandyr.


✅ Hiç kim Çingiz Hanyň mazarynyň nirdedigini bilýän däldir. Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, ony birahat etmezler ýaly, onyň mazary haýsydyr bir derýanyň düýbünde ýerleşendir.


✅ Çingiz Hany kiçiliginden doňýürek hasap edýärdilet. Günleriň birinde, 10 ýaşly Çingiz Han we dogany tutan awyny bölüşip bilmänlerinde, ol doganyny öldüripdir.


✅ Çingiz Han aýaly Borte bilen 9 ýaşynda nikalaşýar we 16 ýaşynda öýlenýär.


✅ Çingiz Han müňlerçe aýal saklap, olar bilen bile bolsada, ol diňe Borteni öz ýeketäk aýaly hasaplaýan eken.


✅ Çingiz Han ogurlygy erbet ýigrenýän eken. Haçanda, onuň aýaly Borteni başga taýpalaryň biri alyp gaçanda, ol gaharyna, günäli-günäsiz duşmanlarynyň baryny bir-birden öldürmäge başlaýar.


✅ Köp halklar Çingiz goşunynyň beýikligini bilýärdiler we oňa urşsyz boýun bolýany üçin Temuçin adyny "Çingiz" diýip çalyşýar. Ol "dogruçyl" diýmekdir.


✅ Çingiz Hanyň goşuny, basyp alan ýeriniň ýesirlerini özüne kabul etmek bilen köpelýärdi.


✅ Çingiz özüne garşy gidenleri agyr jezalandyrýardy. Haçanda, parslar mongol ilçisiniň kellesini alanlarynda, Çingiz gahar edip olaryň halkynyň 90%-ink ýok edýär.


✅ Şol wakadan soň parslar 8 asyrlap, Çingiz Handan öňki ýagdaýyna gelip bilmändiler.

25
147
bayramgeldiyewarslan
09.10.2023 07:40

Biri öwüt berdi.


Biri öwüt berdi: „Agras bol!“ diýip,

Agras boldum bilmän agraslyk çägin.

Biri diýdi: „Beýdip dommarlyp ýörme,

Gülüp oýnap gez ýetginjek çagyň“.


Gezdim däli derýa ýaly owsunyp,

Bu bolşumam halamady käbiri.

Gulagyma çawuş çakdy ogrynça:

„Il gün näme diýer bolşuň nähili“.


Biri diýdi „Öz hakyňa kaýyl bol!“

Biri diýdi „Aç ölersiň beýitseň!“

Biri diýdi „Puluň guly bolmagyn!“

Biri diýdi „Puluň bilen beýik sen!“


Garaz, bir zat diýse özümden özge,

Sözlerne ynanyp , gamak deý gaýdym.

Adamlygyna sarpa goýup, kämahal,

Çem gelen adamy ýaşuly saýdym.


Bu gün ýürek diýär : „Bu bolşuň gülkünç,

Öz ykbalyň özüň edin ahyry“

...Men bu dünýä gudrat bolup inmedim,

Menem çig süýt emen adam ahyry.

25
53