barlagcy
06.08.2020 13:54
Ýaňaklary läläm, pisse dahanym,
Men döner men, köňlüm dönmez ýar senden;
Roýy gül-benewşäm, toty suhanym,
Men döner men, köňlüm dönmez ýar senden;

Perhat «Şirin» diýip, munça gezendir,
Mejnun, Leýli sütemine dözendir,
Diýmegil: «Ýar menden elin üzendir»,
Men döner men, köňlüm dönmez ýar senden;

Çykmak bolmaz ýaradanyň emrinden,
Adamzatdyr, görer biri-birinden,
Ölen aşyk ýokdur magşuk jebrinden,
Men döner men, köňlüm dönmez ýar senden;

Bu ýalan jahanda sen-sen daýanjym,
Göwherim, hazynam, magdanym, genjim,
Maksadym, myradym, köňül güýmenjim,
Men döner men, köňlüm dönmez ýar senden;

Zelili diýr, meniň Döndi hanym sen,
Jesedim içinde şirin janym sen,
Gyýmazym, dözmezim, mähribanym sen,
Men döner men,köňlüm dönmez ýar senden.

Gurbandurdy Zelili
18
200
barlagcy
05.08.2020 15:37
Söýgüde ädigem zerur

Bilemok, nämüçin ýatdan çykanok,
ÝA başga ýatlama tükenäýdimi?
On bäş ýyl soň ýene düýşüme girdi,
Polýak ussalarnyň tiken ädigi.

Mollamurtuň «Nesihatyn» ýat tutup, Ekzamene taýynlanýan wagtymyz.
Satylýar — diýdiler — modaly ädik,
Beýle ädik — ýetginjegiň bagtydyr.

«Nesihat», ekzamen huşumdan uçdy,
«Birini alaýyn nädiibem bolsa.
Şo gyz meni söýer — diýdim içimden,
— — Geýer ýaly gowy ädigim bolsa.

Bir gowy gyz bardy, biçak owadan, Klasdaşlar bolup, şony söýdük biz. Dostum şol ädigi alan dessine,
Bagtym menden ýüz öwrendir öýdüpdim.

Gowy ädik nesibämde ýok eken,
Hatda aýagma-da görmedim deňäp.
Başga oba göçüp gitdi ol gyz hem,
Näme sebäp boldy, bilmedim men-ä.

Henizlerem söýýänrin şol gözeli,
Kalbymda dogadyr, möhriban ady.
Durmuşda bu, dostlar, erkiň ýetenok,
Käte ol gysganýar bolgusyz zada.

Ynjalyk berenok, ýatdan çykanok, Ykbalyňdan bir zat gädilen bolsa. Göwnüme bolmasa, söýjekdi-le şol
Illeriňki ýaly ädigim bolsa.

Çary Ýegenmyradow
17
349
barlagcy
05.08.2020 14:28
At münen atasyny tanamaz, aýal alan - enesini.
46
1 135
barlagcy
03.08.2020 21:05
Seni söýmek rahat tapmagy janyñ
Seni söýmek giñemegi dar dünýäñ
Seni söýmek bu çüwdügi ykbalyñ
Hem bahasyz peşgeş baky berilýän.

Seni söýmek duýup bilmek bar zady
Ýaşamak dünýäni ýaşan şekilli
Ýeke salym synlap durup bir zady
Görüp bilmek başga zadyñ şeklini

Seni söýmek hasratyñy egisýär
Ylhamyñ jomartça eçilmegidir
Yşkdan gara gözüñ kör bolmagy däl
Gaýta gapyl gözüñ açylmagydyr.

Saña bolan söýgim bilen tapdym men
Mydam öz özümi ýitiren wagtym
Men bagtly diýmäge çatmaz aklym meñ
Seni söýmek çeni çaky däl bagtyñ.
20
206
barlagcy
01.08.2020 17:21
Ejemiň gyzgynjak elinden tutup,
Duýman barýan ýoluň büdür-südürin.
Diýýän: «Eje, men seň akyl gyzyňmy?!»,
– «Hawa-la, tokarjam, hawa, küdürim!

Sen meň akyl gyzym, sen meň ýüregim,
Saňa bagly umytlarmyň wysaly.
Sen meň arzuwlarym, sen meň dilegim,
Dogduň durmuşymda Güneş mysaly.

Men görmesem, meni gören göz görer,
Pynhan arzuwlarmy gülledeniňi.
Men bolmaryn, kän-kän zatlar özgerer,
Bilersiň içimi hümledenimi.

Sebäbi sen gyzym, kalbym parçasy,
Ejäniň halyna düşüner gyzy…».
Uçdy birden gül ömrümiň syrçasy,
Gözýaşa gömüldi ýatlamaň yzy.

Kän zatlar özgerdi, utulup, utup,
Bildim maňa mähriň galkandygyny.
Eje, bilen bolsam eliňden tutup,
Bilmezdim bu ýollaň çarkandagyny…

Gulsirin Hanowa
15
381
barlagcy
30.07.2020 12:13
Kulli musulman aleminin mubarek Gurban bayramy bilen Sizi we agzybir masgalanyzy gutlayaryn. Saher bilen ajayyp azan sesinden son Rysgally ojagynyzda gurban ediljek gurbanlygynyzyn we ayat towirlerinizin Beyik Allahyn dergahinde kabul bolmagyny dileyarin. Bu mukaddes mubarek ayda Sizin bagtyyar ojagynyzda jan saglygyn, egsilmez rysgal-bereketin bolmagyny, masgalanyzda agzybirligin hemise hokum surmegini dileyarin!!!
34
3 310
barlagcy
29.07.2020 19:13
GUTARYLMADYK GOŞGULARYM

Ine, bu goşgymda ejem pahyr bar,
Bu goşguda bolsa, galam gaşly gyz.
Elim degen çagy elime alýan,
Şol hem bular bilen salamlaşdygym.

Bu ýerde şapagyň altyn şöhlesi,
Ýowşan ysly ýaýla düşýär endigan.
Bärde bolsa bir gül — azatlyk küýsän, Porsy ýerzeminde otyr bendiwan.

Ony erkinlige çykarmalydym,
Ýerzemini sowuk, çygly hem zeýli.
Emma, maňa päsgel berdi hemişe,
Has ajaýyp zatlar döretmek meýli.

Wah, ejeler ýagdaýyňa düşünýär,
Senem düşünjek bol, galam gaşly gyz. Meni örteýän zat, bu goşgularyň
Bir maýyp görgülä çalymdaşlygy.

Çary Ýegenmuradow
14
726
barlagcy
28.07.2020 18:46
Alty ganat ak öýler,
Üstünde güneş oýnar,
Ýarsyz sowulan toýlar.
Giň dünýe daralypdyr.
*
Gazlar geler howlukmaz,
Ýazlar geler – gowluk bar,
Güýzler gider sowluplar,
Giň dünýe saralypdyr.
*
Guşlar kakar heşelle,
Bag – olara düşelge,
Gyşlar gelip düşerler,
Guşlardan ar alyplar.
*
Asman ýyldyzlary bar,​
Zemin gündizleri bar,
Adam diýen gudrat bar
Şu iki aralykda.
12
534
barlagcy
27.07.2020 12:01
Özge ýara bakmaz meniñ gözlerim
Sebäp sower ýara beren sözüm bar
Ondan başga güle uzamaz elim
Anbar ysly ter açylan gülüm bar

Ir säher gül kimin ýaldyrap dogar
Saçynyñ bir tary müñ gyza deger
Dagdan çölden ýadap geläýsem eger
Teşne kalbym gandyrmaga balym bar.

Biziñ aramyzda bolmasyn ýalan
Ilki akla girip ýüregim syzan
Munda döwran sürmek üçin señ bilen
Şatlykdan şowhundan doly günüm bar.

Bilbil bolup òzge baga gonmaryn
Şol baglaryñ miwesinden ýolmaryn
Sözüm sözdir şol sözümden dänmerin
Öz bagymda alma enar üzüm bar.

Aşyk oglan baş goýýaryn ýoluna
Ölinçäñ bu ýoldan dönme yzyña
Ahyr bir gün kast eýleýip janyma
Meni senden aýra saljak ölüm bar.
15
744
barlagcy
25.07.2020 17:51
Gözleriñde gam gördüm

Aýt derdiñi daşa dönüp diñläýin
Seniñ güler ýüzleriñde gam gördüm
Sòýgüden mähirden püre pür bolan
Seniñ gara gözleriñde em gördüm.

Gunçalap gülleýip açyljak wagtyñ
Ýaşlygyna guratma mähre zar bagtyñ
Hasam gaýgyly sen ýylgyran wagtyñ
Kän oýlandym bu zatlary geñ gòrdüm

Diñläp keç pelegiñ zaryn owazyn
Gam çekme ejizläp urma sen dyzyñ
Gatlar gatlar bolan ýüregiñ buzun
Güneş erederden gaty doñ gördüm

Gìñ bol dünýe ýaly çyn bar ýalan bar
Çäresiz dert ýeke zalym ölüm bar
Ýylgyryşsyñ dostuña sàhel göwün bar
Bagta ýar sen öz bagtyñy kem gördüm
Bagyşla men bu zatlary soñ gördüm.


21
1 008