barlagcy
16.08.2020 02:32
Ak ýüzünde gara zülpüň hünäri,
Dawa edip, jeň başlady ýel bile;
Älemi ýandyrar bilbiliň zary,
Meger, bäs eýlemiş gyzyl gül bile.
Aşyga ar getir lebzinden dänme,
Bir merde ýaraşmaz hiç soňun sanma,
Didara doýma ýok, şu mähre — ganma,
Ýör, boýuňa guwanaýyn, ýol bile.
Aşyklyk derdine tapylmaz çäre,
Gamzaň okdur, peýkam salypdyr ýara,
Üç ýogyn, üç inçe, üç ak, üç gara —
On iki syn ýaraşmyş niçe bil bile.
Aslyňy sorasam — iliň uşagy,
Biliňe urup sen tirme guşagy,
Meni ýakdy alkymlaryň aşagy,
Alma zenahdanlym, jüre hal bile.
Bu ne syrdyr, ýaýma ýakyna-ýada,
Delmirip gelip men gapyňa dada.
Ýakyp sen, örtäp sen, salyp sen oda,
Duzladyň söz bile, dildiň dil bile.
Kemine diýr, eşit meniň pyganym,
Müjgäniň hanjardyr, akyzdy ganym,
Sen meni köýdürdiň, binurbat zalym!
Ak üstüne gyzyl geýdiň al bile.
Mämmetweli Kemine
22
188
20
barlagcy
14.08.2020 20:45
Ýürek atygsaýar sesiñ gelende
Sözle sen sözleriñe maýyl bolaýyn
Söýgiñ ganat berdi galdym belende
Bu yşgyñ jebrine kaýyl bolaýyn.
Mende ne erk goýduñ nede ygtyýar
Jepa berdiñ emma boldum bagtyýar
Diñe barlygyñda jahan ýagty ýar
Ugryñda ser sepil saýyl bolaýyn.
Kalbym ýelken kimin elendi her ýan
Ýürek sende galdy gözlerim girýan
Bu älem ýüzünde bir seni görýän
Bulut ýaryp çykan aýyñ bolaýyn.
Goý ýagsyn ýagyşlar ýagmyrlar guýsun
Tebigat sazlaşyp duýgymy duýsun
Ýenede şu pursat az salym dursun
Soñ näme görkezse taýyn bolaýyn.
Dürnabat Aşyrowa
18
171
40
barlagcy
14.08.2020 02:56
Aňam etmändirin soňky döwürde, Gelinler ýaşmagna ýetirse elin. Şu gün irden gabat gelip köçede, Uz ýaşynyp, geçip gitdi bir gelin. Kişi maşgalasy... Sözüm ýer almaz, Ýaşynsa ýaşynsyn, gülmese bolar.
22
184
20
barlagcy
13.08.2020 00:31
Öňde-soňda bukjalaryň gujaklap
Maňa tarap geljegiňi bilýärin
Şonuň üçin garşylygňa parhsyz men
Hut şoň üçin ýok diýeňde gülýärin
Ykbalymyz bir bolmaly seň bilen
Ine seret,maňlaýyňda adym bar
Şonuň üçin darygamok gaharňa
Hut şoň üçin bagta barýas ädimläp
Ädim bilen geçilerden daş däldir
Nämä gerek ylgap ýörmek eşrede
Hut şoň üçin iňňesini gysganman
Haýal gaýýas ömrümiziň keşdesin
Pikirlerim gundalypdyr seň bile
Näme diýsem adyň gelýär aklyma
Şonuň üçin müňkür bolma hem bizi
Dyňzap duran bagtymyzdan saklama
23
101
9
barlagcy
12.08.2020 16:42
Zeleli ýok,undup goýber baryny,
Ýatdan çykar geçen günleň gussasyn. Kakyp ýörme köne söýgiň taryny,
Indi seni özge ýollar gyssasyn.
Kim bilipdir öňden beýle boljagyn, Ýatlamalar meňem kalbym gowurýar.
Göz öňümde: taplanmadyk geljegim Ahmyryny ýele-göge sowurýar.
Aý,nätjek-dä,pelek işi,gysylma,
Baky däldir munda hiç zat,hasradam.
Bir gün geler,bagt gysdyrar gysymňa Ýüregiňi ýok edersiň gussadan.
Bir men däl-ä dünýä gelip göreniň, Ýatlamalaň ýumagyny çözme sen! Isleýärkäm seniň bagtly bolanyň,
Haýyş edýän,gama boglup gezme sen!
Zeleli ýok,undup goýber baryny
Ýatdan çykar geçen günleň gussasyn. Kakyp ýörme köne söýgiň taryny,
Indi seni özge ýollar gyssasyn.
Aşyr Hanow
28
100
7
barlagcy
11.08.2020 19:32
Watany terk eden durnalar geldi
Güýzem geldi ýene sary don geýip
Sen näme üçin dolanmadyñ ýaşlygym
Gaýtalanýan pursat bar eken diýip.
Ýene ýagyş ýagýar ýene ýagýar gar
Öñ aýdylan aýdym aýdylýar ýene
Düýnki ýaşan gün ýenede dogýar
Yz yza tamdyra nan ýapýar ene.
Sen bolsa gün günden daşlaşyp barýañ
Dolanmak hakynda edeñok pikir
Jañ edýäler
Özüñe däl ogluña edenine şükür.
Dürnabat Aşyrowa
20
77
12
barlagcy
10.08.2020 15:46
Ezizim ot ýakdym ýol ýakasynda
Gel otur
Geçeli ojak başyna
Iskeseñ ikimiz söhbet açaly
Ýalyn ýalkym salsyn degre daşyna.
Her kimiñ öz derdi
Öz hyýaly bar.
Kim meýlise barýar
Kimseler işe
Emma ot başynda
Ojak daşynda
Göwün posy açylýandyr hemişe
Aýby ýok
Käte sen böwrüñi diñläp
Oýa gidip otursañda sedasyz
Göreş tutup
hüjüm edip
Hiç haçan
Ýeñen ýokdur ýer ýüzünde pidasyz.
Aýby ýokdur
Arzuw baryn eksegem
Käte gaty güläýsegem
Aýby ýok
Gözden gizlän hatamyzy aç açan
Ot başynda biläýsegem
Aýby ýok
Arzuw hyýal ot ýalyna öwrülüp
Tüsse deýin gaýyp bolsun gussalar
Elmydama taplaýandyr ot bilen
Ýalaw ýaly ýaraglary ussalar.
Ezizim ot ýakdym ýol ýakasynda
Sowul
Çoýunmaga çagyrýan seni
Ýylynda ýoluña gidiber ýene
Kaýyl men üşäñde ýatlasañ meni
Ata Atajanow
24
51
2
barlagcy
10.08.2020 00:48
Penjireden bakan, dilber,
Gözelligiň bildirersiň.
Ak göwsüňde läle, sünbül,
Aglaýany güldürersiň.
Gerden açyk, meňleriň çoh,
Gözellikde deň-taýyň ýok,
Gaşlaryň ýaý, kirpigiň ok,
Urdugyňy öldürersiň.
Gül bilbiliň sekiminden,
Käkil-u-zülp dakynandan,
Geçme metjit ýakynyndan,
Çoh namazlar böldürersiň.
Garajaoglan, maňa ýazyk,
Ýary gördüm, bagry ezik,
Bakjaňdaky gülüň näzik,
Berk saklama, soldurarsyň.
27
46
2
barlagcy
09.08.2020 14:17
Gel, köňül, ýat ile gitme,
Ýa geliner, ýa gelinmez.
Her gözele meýil etme,
Ýa söýüler, ýa söýülmez.
Şeripdir asly zatymyz,
Ýüwrükdir biziň atymyz,
Ýat illerde gymmatymyz
Ýa biliner, ýa bilinmez.
Garajaoglan, düşse ýola,
Hydyr ýardam etse bile,
Ýar diýdigiň demir gala,
Ýa alynar, ýa alynmaz.
31
89
3
barlagcy
07.08.2020 17:46
Kadyr Möwlam, bir dilegim bar senden, Artdyr biziň şöhratymyz, şanymyz.
Altmyş gardaş bolsak mährem eneden,
Bir supraga1 el uzatsak barymyz.
On bäşimiz awlagyny awlasa,
On bäşimiz baştutanlyk eýlese,
Otuzymyz misli aga söýlese,
Içimizde serdar bolsa birimiz.
Bir ýigit silkinip ata müninçä,
Dönüp-dönüp gylyjyny salynça,
Kapyr gelip, bir ýigidi alynça,
Müňkapyra gylyç salsa barymyz.
Garajaoglan diýr, diläliň aman,
Ol belent daglary büredi duman,
Munda Gurhan, ahyretde hem iman, Zowalsyz jennete girsek barymyz.
19
91
5
Yene yükle