barlagcy
31.08.2020 17:13
Men heniz garramok, ýaňy-ýakynda
ýaşlyk bossanymdan ätledim daşa.
Indi şol ýyllaryň ýatlamasy hem
maňa melhem bolar, iş düşse başa.
Ýaşlykdan ýadygär bir owaz galdy,
gamgyn we joşgunly ol aýdym-mukam.
Ýa-da ýaşlyk bilen hoşlaşan çagym
az-kem ejizlejek bolaýdymmykam?
Her döwrüň öz derdi bolşy ýaly,
öz aýdymy bolýandyr her döwrüňdem. Täze aýdymlary eşidip häzir
oýa batýan, diň salýanda böwrüme.
Belkem, şol gowudyr, döwür çalyşsa hemmä ýeter juwan bolmak gezegi,
Görüň, bu gün başga-başga oglanlar
boldy, allanäme toýuň bezegi.
Nobat siziňkidir, oýnaň ýigitler
tans edýänleň halkasyna giriňde.
Şatlanyň, şatlykdan bir ýaşaň şu gün,
men bolsa, onsuzam otuz birimde.
Çary Ýegenmyradow
16
124
barlagcy
22.08.2020 22:56
Şeýle golaý ýaşasa-da bir wagtlar,
Käte aýra düşýär adam-adamdan.
Seniň bilen bile geçen pursatlar,
Ömür baky çykmaz meniň ýadymdan.
Läläm, seni ömür baky unutman,
Biler bolsaň şu zeýilli ýigit men.
Senem ýüregiňde saklasaň adym, Öňkidenem artar kalbymda şadym,
Birdenem… unudyp, alaýsa badym,
Şonda-da gam çekip, gaşymy çytman
Biler bolsaň şu zeýilli ýigit, men.
Meni söýýäniňe ynanýan kemsiz,
Ýöne munuň üçin söýemok seni. Söýülmänim üçin söýmeli bolsam,
Öňem az bolmady söýenler meni.
Men seni söýemok söýýäniň üçin,
Men seni söýýärin söýýänim üçin.
Halyl Kulyyew
24
212
barlagcy
21.08.2020 23:10
Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber,
Gör, näçe daşlaşdym seniň yşgyňdan. Seni juwan gyzlaň keşbinden idäp,
Idäp ahu-gözli gyzlaň çeşminden.
Ýene hiç zat çalşyrgyçsyz däl eken. Görseň, ine, gözlerine söweýin,
Bir zyba gyz otly söýgi bilen däl,
Mähri bilen tutdy seniň, öweziň.
Bar eken bagtyňam ýerin tutýan zat, Bozlap aýra düşen bagtymyň ornun, Tutdy akja gundagynda jägildäp, Däbşenekläp ýatan ilkinji oglum.
Belkem, yrgadyryn, durnuksyzdyryn
Ýa-da uýgunlaşyp ýürek zaryma,
Özümi ýitirip gam-gussa bilen,
Dönüp gidendirin başga birine,
Belkem, mejnun bolup söýen däldirin, Ýaşlygyň alydyr kalbymdaky ot.
Sensiz ýaşap bilmän ýören hallarym,
Göz öňüne getiribem bilemok.
Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber. Galan ömrüme-de şu günüm bolýar.
Ýöne käte seni bagryma basyp,
Şeýle bir, şeýle bir aglasym gelýär.
16
70
barlagcy
19.08.2020 17:32
Göwnüme bolmasa, zerur däl indi,
Arzuwa beslenip, kaşaň geýinme.
Wagtyhoş bolsamam, meýlis kölünde,
Alada bar, şatlygymyň teýinde.
Hoşlaşygyň wagty golaýlap geldi,
Sag bol, ýaşlyk — ömrümiziň şatlygy.
Men garrap baramok, şonda-da belli,
Goja bolmagyňam niçik zatlygy.
Kaýyl indi, şu ömürde tapanma,
A, öň mydam gözlegdedim jahanda.
Ynjalyk tapýardym apy-tupanda,
Gök gürleýip, ýyldyrymlar çakanda. —
Harbylarça dik tutýaryn kaddymy,
Kän bir üýtgän zadam ýok-la keşbimde. Gojalygam däldir bagtyň ýatdygy
Şeý diýdim men otuz ýaşdan geçdim-de.
Bu boluş kanundyr dünýäler döräp,
Göwün guşy telim gezek göç eder.
Şükür, häzir-ä men barýaryn ýöräp,
Ýaşlyk atly iň ajaýyp köçeden.
Çary ýegenmuradow
32
234