barlagcy
25.09.2020 12:10
Sensiz ähli zada öwrenişýärin,
Köçämizden aglap geçse şemalam.
Sensiz ähli zada öwrenişýärin,
Känbir gussa çekmeýärin şumalam.

Sensiz ähli zada öwrenişýärin,
Öňküsi deý Aýly, ýyldyzly asman.
Ýyllar şemal bolup geçende aglap,
Köne ýaralaryň bitmegi ahmal.

Ýogsam bir zadymy ýitiren ýaly,
Saňa derek aýnamyzdan Aý baksa. Henizlerem ylgap çykýan işige,
Nätanyş ýolagçy gapyny kaksa.

Çary Ýegenmyradow
8
166
barlagcy
19.09.2020 15:59
Barmazdan öñ pikir et , sen şol ýerde gerekmi?!
13
78
barlagcy
barlagcy
18.09.2020 10:41
Guý, ýagyş! Eziber tallaň saçlaryn, Geliber müň ýylky ýollaryň bile. Ýöne dag daşlaryn alyp gaýtma, Dag başynda ýatan silleriň bile. Guýsen, ikiýana bulap baglary, Böwri ýarylana dönsün bu asman.
barlagcy
16.09.2020 10:11
Sen maňa kuwwat ber, merdem bolmaga, Ýüregimi ezýetlere taýynla.
Aýralyk tyg bolup dilse-de kalby,
Ol parahat urup dursun jaýynda.

Kalbyma umyt sal, lowlasyn dursun,
Şaman ody ýaly öçmän yşygy.
Tukat ýeller öwsüp, sowulanda güýz, Şonuň bilen geçirerin gyşymy.

Pula satylmaýan iman ber maňa,
Men imansyzlardan edýärin heder.
Günümi aýlaryn aýlyk bilenem,
Şonda-da halal nan miýesser eder.

Salyhatly oýlanaýyn, gepläýin,
Goşma meni zynakärleň oýnuna.
Aýpalta meňzeş Aý gülýaka bolup, Dakylmasyn bir ýeňlesiň boýnuna.

Çary Ýegenmyradow
15
171
barlagcy
15.09.2020 18:58
Bilmek isleýäne aýdýan geregini
,, Näme edýäñ '' diyseler alada diýýän
Ejem ,, Oglum agyrtdyñmy ýüregiñi ?!'',
Diýse gizläp bilmän çalaja diýýän.

Agyryma şypa gözledim ençe
Emma em tapmadym gutular ýaly
Bolmandym men seniñ çaýyña çemçe
Şeker eräp ýumşum gutarar ýaly.

Yşgyñ ýere serdi meni bir muştda
Kimsä bildirmedim kalbyñ çatlagyn
Ýöne olam gerek eken durmuşda
Sen bir ýüregiñi gorap saklagyn.
20
301
barlagcy
08.09.2020 10:33
Syr alyp syr berişýän
Söwer dostuma meňzäp,
Kakdyň ýene gapymy,
Meniň paýhasly güýzüm.
Ýene duýgy köňülde
Oýandy müňzäp-müňzäp,
Duýgulaň agramyndan
Epilip barýar dyzym.

Güýzüm! Güýzüm! Sen edep,
Sen bir nusga, sen many,
Açýan seniň öňüňde
Syrlarymyň baryny.
Sen dumanly topragyň
Hem çal siňen asmanyň
Bile meniň köňlüme
Saçýaň paýhas nuruny.

Düşünýärsiň: güýz pasly
Ahyret däl, öçmek däl,
Sowap barýar asmanda,
Ýogsa, hanha sary Gün
Güýz diýen — sahylykdan,
Nur eçilmekden nyşan,
Biziň mydam sahylyga,
Nura mätäç jahanda.

Düşünýärsiň: şöhrätsyz,
Ýörenlere şan-şöhrat,
Atsyzlara oňat at,
Tapsyzlara tap berseň,
Maksatsyzlara maksat,
Myratsyzlara myrat,
Köňülleri körlere
Bir dana kitap berseň.

Seljerseň görip meýin
Dosty-ýaryň meýinden,
Ynsap, hakykat bolsa
Ähli baýlygyň — malyň
Sözler birden ýarylsa
Ýürekleriň teýinden,
Güýzän güýz ternelerniň
Täsin ýarylşy ýaly.

Güýzüm! Çigrek gijeleň,
Şemal şuwlap geçende,
Birden düşýär ýadyma
Neresse dosty-ýarlam.
Gör, olaň näçesi ýok
Az salymyň içinde?!
Şoň üçin gadryn bilýän
Şindi jahanda barlaň.

Törpüle sen duýgymy,
Goý, inçelsin — men kaýyl.
Bolsun ýakynyň-ýadyň
Agysyna dözümsiz,
Seniň görküňe maýyl,
Seniň erkiňe maýyl
Günlem, şatlykdan ýaňa
Goý, üzülse üzülsin.

Ýapraklaryň basgylap,
Ýuwaş ädimläp barýan,
Şuwwuldaýar gam bolup,
Çigrek şemal şahada,
Güýz diýen sahylykdan,
Nur eçilmekden nyşan,
Biziň mydam sahylyga
Nura mätäç jahanda.

Gurbannazar Ezizow
14
88
barlagcy
06.09.2020 15:05
Mahal-mahal gözleriňe
Içgin-içgin bakamda,
Pikir edýändir öýtmegin
Seniň gözleň hakynda.

Mahal-mahal ýagşy, ýumşak
Söhbet gitse arada,
Pikir edýändir öýtmegin
Saňa Söýgim barada.

Mahal-mahal alyşylýan,
Berişilýän sowgatda
Bir ýokundy bardyr öýtme
Seniň Wepaň babatda.

Mahal-mahal päkligiňi
Wasp edemde lirada,
Ol häzirki Sen däl-de,
Ozalky Sen barada.

Mahal-mahal hatyraňa
Edenimde ýagşylyk,
Ol bu günki ýagşa däl-de,
Düýnki ýagşa ýagşylyk.

Öňki gözleriň üçin,
Öňki wepalaň üçin,
Öňki sözleriň üçin,
Öňki jepalaň üçin

Müň esse artygy bilen
Üzüp ýörün hakyňy.
«Bir gün söýgä müň gün salam!»
Täzeledim nakyly.

Kerim Gurbannepesow
16
99
barlagcy
barlagcy
05.09.2020 16:05
Güýz güni. Howanyň Ýüzi diýseň çal, — Baglaryň iň soňky Ýapragy gaçýar. Gark bolup gojaman Daglar dumana, Tukat nazar bilen Bakýar ummana. Ýat edýär köl-derýa, Ördegin-guşun. Söýýän güýz paslynyň
barlagcy
barlagcy
02.09.2020 16:26
Gurbannazar Ezizow bahardan güýze gönükdirilen çapardyr..
barlagcy
01.09.2020 09:23
Siziñ ähliñizi ilkinji jañ we täze okuw ýyly bilen tüýs ýürekdrn gutlaýaryn. Taze okuw ýylynda sizin ahlinize jan saglyk ustunlik dine 5 lik bahalar bilen okap turkmen halkymyza watanymyza ene atalarynyza wepaly yaslar bolup ylym dunyasinde uly öñe gidişlikler gazanmagyñyzy arzuw edýän! Ýaşlar biziñ gelejegimizdir siz watany osdurmeli gulletmeli watana gerekli yaslar bolun !
22
403