barlagcy
18.10.2020 15:27
Habar beriň, eý ýaranlar,
Ýazylany bozan barmy?
Söwdüginden aýrylanlar,
Pyrkatyna dözen barmy?
Aşyklar gaçmaz adyndan,
Ýatmaz iller perýadyndan,
Perhat kimin yşk odundan
Gara dagy gazan barmy?
Gähi-gähi gaýnap joşup,
Kaknus kibi köýüp-bişip,
Ýary bilen başyn goşup,
Hemdem bolup gezen barmy?
Altmyşdan agansoň saly,
Galmaz köňlünde hyýaly,
Diýr Mätäji, meniň ýaly,
Ýardan köňlün üzen barmy?
Annagylyç Mätäji
25
68
barlagcy
16.10.2020 17:10
Maňa öwran-öwran
Diýdiler: «Ýigit,
Sen durmuşy öwren,
Sen durmuşa git.
Şäherde güýz, gyşy
Geçirmä derek,
Gidip bu durmuşy,
Öwrenmek gerek!»
Düşünemok aýan,
Duşünemok hiç.
Men nirde ýaşaýan
Şu wagta deňiç?
Men haýsy duzakda,
Haýsy ýoldakam?
Durmuşdan uzakda
Niçik ildekäm?
Aslynda, durmuş nä?
Manysy näme?
Onuň gurluşyna
Kyn düşünäýme.
Belki, durmuş diýen
Meniň özümdir?
Halal duzum iýen
Ogul-gyzymdyr?
Belki, şäherimdir,
Belki, köçämdir,
Eken nahalymdyr,
Öýde keçämdir?
Uruşdan söz açýan
Syrdamdan syrdam —
Belki, ol köp içýän
Meniň goňşymdyr?
Belki, ol odumdyr
Murtlary towly.
Belki, ol Nazymdyr,
Hikmetiň ogly?
Belki, ol gapymdan
Akýan suwumdyr?
Oňatlyk hakynda
Hoş arzuwymdyr?
Taldyr derekleri
Synlap durşumdyr?
Düýpsüz ýürekleri
Gorjap ýörşümdir?
Belki, durmuş diýen
Duýgy-serimdir?
Meniň örän söýen
Adamlarymdyr?
Maňa öwran-öwran
Diýdiler: «Ýigit,
Sen durmuşy öwren,
Sen durmuşa git...»
Ýurdundan kowulan
Bir aşyk deýin,
Men bulardan geçip,
Nirä gideýin?!
Gurbannazar Ezizow
8
24
barlagcy
13.10.2020 09:39
Suratlarda adamlaryň keşbi bar,
Olar kän zat ýatladyp dur geplemän.
Pul saklanýan düwünçekde ýygşyryp, Suratlary aýap saklaň, eplemän.
Olar maňa janly ýaly bakyp dur,
Käbiri syrdaşym, käsi bigäne...
Her kimem bolanda, tapawudy ýok,
Dilim barmaz ýakymsyz söz diýmäge.
Gamgyn çagym seredýän-de oturýan, Iremok men näçeler syn etsemem.
Olar ähli zada düşünýän ýaly,
Göwnüň üçin bermese-de ses-selem.
Adam köpi görüp, ulalyp ýaşy,
Otuzdan aňyrrak geçip ugrasa.
Çagalygy kän küseýär ekeni,
Soňky günler kän bakýan bu surata.
Onuň bilen emedekläp, ylgaşyp,
At çapyşyp, bolduk mydam hemşeri.
Ynha, täleýinden öýkelän ýaly,
Gyýarak bakyp dur, çala kemşerip.
Görnüp dur boýnunda medala meňzäp, Sünnäläp işilen alaçajygy.
Ejesi görgüli syzandyr, belki,
Ony soň ykbalyň dalajagyny.
Gorasam diýendir bela-beterden,
Balasyna alaçany dakanda.
Emma, alajyň ýok, erkiňe bakman,
Boljak işler bolaýýa-da jahanda.
O döwürde wezipeli kişiler,
Söýerdi könäni ýepbeklemegi.
Bir gezek, «Tahýaňda doga bar» diýip,
Käýýäp aglatdylar mekdepde meni. ...
Ulalaýsak urşa gideli diýşip,
Kän gezek çagakak, göwün ýüwürdip.
Soňra uruş söýgä ornuny berdi.
Ýaňagmyza örüp jahyl düwürtik.
Durmuşyň bardygy bilinmese-de, Kitaplardan üzňe, mekdepden üzňe.
Dagap gitdik, soňky ekzamen güni, Arzuwlarmyz hakda ýazdyk-da düzme.
Şükür, uruş-dawa bolmadyk emma,
Başga-da kän arzuwlarmyz paşmandy.
Bir ýyl soň, baharyň jeýhun mahaly,
Bir owadan ýyldyz süýndi asmanda.
Ine, indem janly ýaly bakyp dur,
Hemem kän zat ýatladyp dur geplemän... Pul saklaýan düwünçekde ýygşyryp,
Bu suraty goýaýyn men eplemän.
Çary Ýegenmyradow
14
321
barlagcy
07.10.2020 13:03
Erkek adam
Alçak bahar Garaguma
Ýazylanda haly bolup.
Aladaňdan gözüm açdym,
Erkek adam ýaly bolup.
Dogduň-dogduň. Ile äşgär.
Biri synlar, biri buşlar.
Ýaşamakda welin iş bar,
Erkek adam ýaly bolup.
Kim özüni diýse dana,
Gaçdym ondan başga ýana.
Tagzym etdim duza-nana,
Erkek adam ýaly bolup.
Yssyladym, gaýlap çykdym,
Ýaşlykdyr-da — aýnap çykdym.
Orta welin gaýnap çykdym
Erkek adam ýaly bolup.
Baýdak däl her galgan mata.
Ýüzüm tutdum herne ýagta.
Boýun aldym etsem hata,
Erkek adam ýaly bolup.
Gyzlar bilen göz çeneşdim,
Gujak gerdim. Gujak açdym.
Birisine ýesir düşdüm,
Erkek adam ýaly bolup.
Her telpeklä diýmersiň är.
Munuňam öz kanuny bar.
Kim gepleýär, kim ýaşaýar —
Erkek adam ýaly bolup.
Berdinazar Hudaynazarow
11
146
barlagcy
04.10.2020 15:03
Çoganlyň deňinde bazara barýan,
Aýallar elem-tas bolup mündiler.
Goşlary kän eken ýarar-ýaramaz,
Biriniň elinde bardy kündügem.
Kän gürrüň etdiler, tanyş-bilişleň,
Bolan hem bolmadyk hatasy hakda.
Soňam bir geliniň Türkiýä gidip,
Getiren üýtgeşik matasy hakda.
Hormat goýmasamam, endige görä,
Birine ýer berdim çalarak süýşüp.
Her kim öl-suw bolup, derläp-daljygyp,
Gapa seredişip, durdylar üýşüp.
Beýle gapdalymda durdy bir gelin,
Elinde tor, Içinde-de mürepbe.
Aýagyma basdy, Yza duýmadym,
Gaýta çäksiz şatlyk duýdum ýürekde.
Sebäbi, şo bada «Bagyşlaň!» diýdi,
Uýatly ýylgyryp, bakyp edaly.
Towşantüý-ä däldim, ekabyrrakdym,
Şonda welin birden gaçdy mejalym.
Taýyn-la ýüz gezek bagyşlamaga,
Ýüz gezegem ogşamaga dabanňy.
Biler bolsaň ýaňy, göwnüm gitdi-de,
Seni hut öz äriňdenem gabandym.
Bagyşla diýseler söýýän, sebäbi
Düşün, köşek gözli, saçlary syýa.
Ýogsam, diňe şu gylygym üçinem, Durmuşda gaty kän çekdim men zyýan.
Meni kän urdular, gizlinlik bilen,
Ýüregimde yz goýdy şol depgiler.
Soň bolsa, özümi günäkär saýyp,
Ýaramyň üstüne narpyz sepdiler.
Goý, basylan aýak bolsun hemişe,
Aýakda däl, başda bolar mertebe.
Eger sen bagyşla diýmekçi bolsaň,
Müň gezek bas, kaýyl beýle şerte men.
Aýakda agyry-yza dumadym,
Emma, çäksiz şatlyk duýdum ýürekde... Keşbiňi hiç haçan ýatdan çykarman, Awtobus, tor, içinde-de mürepbe.
Çary Ýegenmyradow
11
327
barlagcy
01.10.2020 23:36
Akyl olsaň ýagşylara hemdem bol,
Akmak özün nadan bile ýar eýlär.
Hak aşyklar näzli ýaryň jemalyn
Bir görsem diýip, gije-gündiz zar eýlär.
Syrdaş bolsa, syrym aýdardym merde,
Kerwen ýata bilmez gorkuly ýerde,
Uly namyslarda, ýaramaz derde,
Namart öýde sähel işi ar eýlär.
Namart gussasyndan galyp men derde
Köňlüm aram tapmaz bir pinhan ýerde,
Maly köp diýip, myhman bolma namarda,
Jomart her çent pakyr bolsa, bar eýlär.
Namart öz öýünde merde söz aýdar,
Kär eýlemez hakyň tanapyn dartar.
Goç ýigit mal tapsa, hümmeti artar,
Namart peýda tapsa, köňül dar eýlär.
Magtymguly, imdi özüňni gözle,
Ýagşyny taryplap, ýamany düzle;
Az iýip, az uklap, ýene az sözle:
Köp söz ahyr il içinde har eýlär.
Magtymguly Pyragy
8
204
barlagcy
29.09.2020 00:19
Dostlar, artyk söz çekmek,
Är ýanynda bellidir;
Supra ýaýyp, nan dökmek,
Bar ýanynda bellidir.
Ganym görende mertler,
Goş başynda namartlar,
Çölde gezen aç gurtlar
Har ýanynda bellidir.
Başa düşse ýaman iş,
Şonda gerekdir gardaş,
Şir ganymy syýagüwş
Şir ýanynda bellidir.
Men aýdaýyn bire-bir,
Agaç içinden gurt iýr,
Osolny aňtap, kişmir
Mar ýanynda bellidir.
Aňlana ber nesihat,
Aňlamaz tutmaz öwüt,
Bir tagsyply goç ýigýt
Ar ýanynda bellidir.
Bahar açylar güller,
Saýrar gumry-bilbiller,
Ziba, näzli gözeller
Tör ýanynda bellidir.
Zelili diýer, ýa hak,
Bu garyp halyma bak,
Artan-egsen, galan ýük
Ner ýanynda bellidir.
Zelili
9
375