Men bärde adamlaň ünsüni bölmän, Ilmän ýaşap ýörün gyzlaň gözlerne. Aslynda, gaýdypdym, saklanyp bilmän, Gidýän diýip öz-özümiň gözlegme. Geldim galman ýarpy ýolda azaşyp, Ýöne gowy bordy eger
Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň, Seniň bilen alyş-çalyş edeýin. Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber, Men baýlygmy saňa bagyş edeýin. Ýetmiş ýylda der saçyplar gazanan Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun.
Gum-gukluk bar, başga zat ýok, Ak derekleň arasynda Janly zatdan men ýeke-täk, Ak derekleň arasynda. Synlap durup, ylla, däli Ýaprak basan inçe ýoly, Gezmeleýär güýz şemaly, Ak derekleň arasynda.
Meni bu gün terk edipdir duýgulam, Kalbymyñ çuñunda sen galdyñ tenha. Maña bu dünýede hiç zat gerekdäl, Saña päk yşkymy gowşursam... Ynha, Göwnümiñ üstünden assa basyplar, Ýene geçip barýañ meniñ
Ýatla meni joralarňa duşaňda,. Hem dogaýy salamymy ýetirgin Olar bilen söhbet edip başlaňda, Şu sözleri zybanyňa getirgin: “Gyz wagtym yzymda enteýşi ýaly, Şol oglan henizem köýüp ýör” diýgin!
Synlap tylla gűnűň batyp barşyny, Aslyşyp zor bilen dagdan-depeden Bildim gűnleň meni terk edýänini, Ýeke-ýekeden... Ýöne gün adam däl,dogar ýene-de, Säher ýene guşlar joşup ses eder. Uzar barar ak
Eger meni söýýänligiň çyn bolsa, Maňa garap, “söýýän” diýip aýtma sen. Eger meni söýýänligiň çyn bolsa, Barybir bilerin aýtsaň-aýtmasaň. Gözleriňe bakyp bilerin ony. Söýginiň gözleri şeýledir başdan.