babamyrat
19.03.2020 13:33
Göwnüm, göwnüm, eziz göwnüm,
Diýme muňa öwündigim.
Otuza ser uran günüm
Ahyr bildim göwündigiň.
Il derdine ters bakmadym,
Ony duşdan geçirmedim.
Goňşymyň için ýakmadym,
Hem oduny öçürmedim.
Aç bolmadym, ýöne weli,
Doklugymdan gägirmedim,
Ýigit kimin söýdüm ili,
Söýýän diýip gygyrmadym.
Ýöne şum iş gyssanynda,
Basylanda käte sussum,
Özüm däl, dost-ýarym üçin
Seni köpräk öňe tutdum.
Bu türkmeniň bahary deý
Ýaşlygymyz geçýär basym,
Il başyna düşen işden
Bizi hiç zat goramasyn.
Hakyň gözüne bakaly,
Şer iş ýerden göçer ýaly,
Ýüreklerde ot ýakaly,
Ojaklary öçürmäli.
Aglaly, bile güleli!
Myrat tapsyn maksat tutan.
Biz näm bolsak şo bolaly.
Bolsa bolýar, Eziz Watan
9
126
babamyrat
10.03.2020 20:58
Jeýhun bile bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň,
Gül gunçasy, gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň.
Hak sylamyş, bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana
çöli türkmeniň.
Al-ýaşyl bürenip çykar perisi,
Kükeýip bark urar anbaryň ysy,
Beg, töre, aksakal, ýurduň eýesi.
Küren tutar gözel ili türkmeniň.
Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,
Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,
Dagda, düzde kowsa saýýatlar, diri
Ala bilmez, ýolbars ogly turkmeniň.
Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Köňül howalanar, ata çykanda,
Daglar lagla döner, gyýa bakanda,
Bal getirer, joşup derýa akanda,
Bent tutdurmaz gelse
sili türkmeniň.
Gapyl galmaz,
döwüş güni har bolmaz,
Gargyşa, nazara griftar bolmaz,
Bilbilden aýrylyp, solup saralmaz,
Daýym anbar saçar güli türkmeniň.
Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr,
Ykballar ters gelmez
— hakyň nurudyr,
Mertler ata çyksa söweş sarydyr,
Ýow üstüne ýörer ýoly türkmeniň.
Serhoş bolup çykar, jiger daglanmaz,
Daşlary syndyrar, ýoly baglanmaz,
Gözi gaýra düşmez, köňül eglenmez,
Magtymguly, sözlär tili türkmeniň.
Jeýhun bilen bahry Hazar arasy –
Suw üstünden öwser ýeli türkmeniň.
Gara dagdan gaýdyp mele derýasy,
Garagumdan iner sili türkmeniň.
Gaýrasy Ürgençdir, ilersi Erek,
Bu gün şaly bitýär ýandaga derek.
Bir elinde çekiç, birinde orak –
Bu gün gudrat boldy goly türkmeniň.
Gözelleri alu-ýaşyl geýerler.
Ýigitleri söýdürerler, söýerler.
Garrylary «Men, jahyl men» diýerler,
Gadymýetdir doglan ýyly türkmeniň.
Ýer ýüzünde bir ajaýyp daň atar,
Daňyň nury ýer ýüzüne deň ýeter.
Gündogar bagşysyn diňle Günbatar,
Dinlärçeräk bardyr dili türkmeniň.
10
357
babamyrat
09.03.2020 22:38
Bagt "BAGT name?"-diyip soradym PULDAN,
PUL: "baylyk"-diyip, altynlary gorkezdi.
PULA tarap gadam basjakdym welin,
Baylykdan son "MESLIK" meni urkuzdi.
Sonra bardym "UZAK OMRUN" yanyna,
"BAGT senmi?"-diyip, soradym ondan.
Diydi:"Jigim, el-ayagyn ysmaz bor,
Son ucin cyn bagty gozleme menden.
Gaytdym jogap tapman "UZAK OMURDEN",
Sonra yolda gabat geldim "ABRAYA".
Diydim:"ABRAY aga, sendemi BAGT?"
Gorsem, "ABRAY", zaryn-zaryn aglayar.
BAGTY tapman, yuzum salyp gelyardim,
Birden "SOYGI" ylgap geldi yanyma.
Diydi:"Meni tapsan-BAGTY taparsyn"
Hemmamiz soyelin HAKYN sanyna!"
9
357