babamyrat
01.04.2020 22:10
Ol saňa seredip gülümsireýär, gözüni-gaşyny oýnadýar. Sen bolsa onuň ýüregini eýeländigiňe göz ýetirýärsiň we bir ädim ýakynlaşyp, onuň elinden tutmakçy bolýarsyň. Emma tutup-tutmankaň, gyz uly ili bilen gygyryp, ýüzüňe şarpyk çalyp goýberýär.

Nirede ýalňyşlyk goýberdiň?

Gyzlara düşünmek kyn: olar bir görseň-ä futbol janköýerindenem beter agressiw, bir görseňem ýüzleri mähirden doly, dünýäde gamy ýok bir şa gyzy ýaly mylaýym. Onsoň olaň senden nämä garaşýandygyny nädip biljek?
11
317
babamyrat
31.03.2020 21:56
Özüňe ynamsyzlygyň esasynda adamyň badyny güýçli derejede gowşadýan we ony bagtly bolmakdan saklaýan dereksiz gorky ýatyr. Sen şu ýalňyşlyklary goýberip-goýbermeýändigiňi barlap gör. Eger goýberýän bolsaň, olardan nädip baş alyp çykmaly?

1. Adamlar özlerine bolan ynamsyzlyk sebäpli hiç bir işiň başyna baryp bilmeýärler

2. Olar beýlekiler tarapyndan ýazgarylmakdan gorkup ýaşaýarlar

3. Olar, adatça, täze tanyşlyklardan gaçýarlar

4. Olar üstünlige ýetip biljekdiklerine ynanmaýandyklary sebäpli, oňa ýetmek üçin

5. Ynamsyzlyk adamyň durmuşda özi bolup ýaşamagyna päsgel berýär – olar beýleki adamlardan çetde durmany kem görmeýärler

6. Olar hiç haçan özlerini tapmaýarlar
13
154
babamyrat
31.03.2020 11:26
Ýaşlygymda men bir gyza sataşdym,
Gözleriniň ody ýürekde galdy.
Gyz däldi-de, ýanyp duran ataşdy,
Garaýşy bu goşa garakda galdy.

Müň gyzyň içinden gözüňe iler,
Onki süňňüm bilen söýüpdim näler.
Ýazan hatlaryma şaýatdyr Şalar.
Içen antym duzda-çörekde galdy.

Bir tomus gijesi duşuşdyk pynhan,
Näme diýjek bolsaň diýiber ynha.
Ah! Aslynda ýygra bolmasyn ynsan,
Pyşyrdym goşa ak derekde galdy.

Garaluw gözleri ýyldyz ýalydy.
Alkymnyň aşygy gunduz ýalydy.
Dykyz bilekleri buýnyz ýalydy.
Jadyly gülküsi gulakda galdy.

Gözelleriň gözlerinde hümmet bar,
Gül gyzlaryň gujagynda jennet bar.
Şahyr bolan bolsam — şoňa minnetdar,
O ýyllar nähili uzakda galdy...

awtory:Berdinazar Hudaýnazarow
13
555
babamyrat
29.03.2020 21:53
Saňa öňde-soňda bukjalaryň gujaklap
Maňa tarap geljegiňi bilýärin
Şonuň üçin garşylygňa parhsyz men
Hut şoň üçin ýok diýeňde gülýärin
Ykbalymyz bir bolmaly seň bilen
Ine seret,maňlaýyňda adym bar
Şonuň üçin darygamok gaharňa
Hut şoň üçin bagta barýas ädimläp
Ädim bilen geçilerden daş däldir
Nämä gerek ylgap ýörmek eşrede
Hut şoň üçin iňňesini gysganman
Haýal gaýýas ömrümiziň keşdesin
Pikirlerim gundalypdyr seň bile
Näme diýsem adyň gelýär aklyma
Şonuň üçin müňkür bolma hem bizi
Dyňzap duran bagtymyzdan saklama
awtory :babamyrat
19
189
babamyrat
26.03.2020 08:38
Özüňe ýokary baha bermek aýratynlyklary boýunça özüňe ýerlikli baha bermeklige meňzeşdir, emma olaryň arasynda uly tapawut bar. Islendik tankyt özüne ýokary baha berýän adamyň göwnüne degýär, sebäbi ol kemçilikleriniň bardygyny düýbünden kabul etmeýär.
12
308
babamyrat
25.03.2020 15:37
Özüňe pes baha bermek. Beýle adam özünde hiç hili ukyp ýokdur öýdýär (mesele-de şol öýtmek-de ýatyr). Köp halatda, ol öz gazanan üstünlikleriniň gadryny bilmeýär, öz duýgularyna üns bermeýär. Adamyň bu düşünjesi we ukyplaryny kiçeltmesi ony islendik tankyda garşy gowşak edýär. Ol köplenç durmuşyň köp ugurlarynda duýgularyny erkin beýan edip bilmeýär. Netijede, adam ýaşaýan jemgyýetinde düşünilmezlikden we kabul edilmezlikden gorkýar. Bu bolsa ýekemenlige ýa-da tutuklyga eltýär.
15
266
babamyrat
25.03.2020 15:32
Özüňe ýerlikli baha bermek – bu içki sesini eşitmegi we duýgularyny kabul etmegi başarýan adama mahsusdyr. Şeýle hem ol adamlar bilen özara gatnaşykda duýgularyňy görkezip bilmeklikdir. Özüňe dogry baha bermek – bu öz-özüňi kabul etmek, gymmatlydygyňy duýmak, we kömege mätäç wagtyň kömek sorap bilmekdir.
11
287
babamyrat
24.03.2020 17:45
ÖZÜŇE BERÝÄN BAHAŇY NÄDIP ÝOKARLANDYRYP BILERSIŇ?

1.Özüňi ýerlikli baha bermek.

2.Özüňi pes baha bermek.

3. Özüňi ýokary baha bermek.
11
336
babamyrat
24.03.2020 16:12
"Siziň özüňize berýän bahaňyz nähili derejede?" :

1. "Mesele ýok"

2. "Düýbünden erbet"
8
497
babamyrat
23.03.2020 22:11
Näme üçin kitap okamaly?

"Akylly bolmak üçin 10 kitap okamak ýeterlikdir,
ýöne şol 10 kitaby tapmak üçin 1000 kitap okamaly"

Awtory näbelli
14
385