atashka_007
25.06.2023 22:54

Retba köliÝer şar togalagynyň iň gözel, ajaýyp ýerleriniň sanawyna girizildi. Onuň aýratynlygy ajaýyp gülgüne reňkidir. Bu kölde hemişelik ýaşaýan ýeri hökmünde saýlan iň gadymy mikroorganizmler üçin suw sianobakteriýalaryň kömegi bilen şeýle adaty bolmadyk reňk aldy. Retba kölüniň özi gaty çuň bolman, gaty uly – meýdany 3 inedördül metr, iň ýokary çuňlugy bary-ýogy 3 metre barabardyr. Öz meýdanynyň uly bolmadygy üçin suwuň düzümindäki duzuň konsentrasiýasy gaty az , Öli deňzinden 1,5 esse köp. Şonuň üçin tutuş kenaryň ap-ak bolmagy geň däldir.


Kenarda ýerleşýän myhmanhanalar myhmanlaryna güýmenje üçin birnäçe wariant hödürleýär – gaýyk syýahaty we gülgüne kenarýaka gezelenç. Elbetde, kosmos landşaftlarynyň fonunda surat sessiýasyny gurnamak bolar.

21
133
atashka_007
24.06.2023 17:12

Peruda bir täsin tebigy hadysa görünýär. Meşhur «National Geographic» žurnaly Çilidäki reňkli daglary «adam öz durmuşynyň dowamynda 100 sany hökman baryp görmeli ýerler» hataryna goşdy. Daglar birnäçe million ýyl ozal howa şertleriniň, ýerasty suwlaryň we minerallaryň garyndylarynyň täsiri astynda köp reňkli diýen ady aldyю Häzirki wagtda köp sanly jahankeşdeleri we surat söýüjileri özüne çekýär. Winikunke atly iň meşhur älemgoşar dagynyň aýagynda hemme owadanlygyny görmek üçin ortaça bir gün töweregi dowamlylygy bilen köp gezelenç gurnalan. Şeýlede Palkkoýo atly reňkli älemgoşar dagyna haýran galyp bolýar. Ulag bilen bu daga gaty ýakyn baryp bolýar, bu bolsa, reňkli görnüşlerinden has çalt lezzet alyp boljakdygyna begendirýär. Gözüňiziň öňünde nähili üýtgeşik palitranyň açylandygyndan lezzet alyp bolýar .

18
120
atashka_007
23.06.2023 19:11

Köpümiziň tanamaýan ýa-da dilimize terjime edilen sport görnüşleriniň biri bolan “Wingsuit Flying” dünýädäki iň howply sport sanawynyň başynda durýar. Wingsuit atly ýörite kostýumyň kömegi bilen bedeni howa akymy bilen götermek arkaly ýerine ýetirilýän bu sport, dünýäde iň ganly sport görnüşleriniň biridir, gynansak-da, paraşýut açylmasa diri galmak mümkinçiligi gaty pes. Bu sport bilen meşgullanmak üçin türgenleşik hökmanydyr!

23
211
atashka_007
20.06.2023 01:49

Bir düşnüksiz duýgu galmady benim.

Galpyldaýar, galdyraýar höwesim,

Näme üçindir, dünýä sygyp bilemok

Hut şu mahal gelýär seni göresim.

13
50