atakulyyewa_humay
23.06.2023 00:28
Aýnalar gadymyýetden bäri hemişe iň gyzykly ynançlaryň biri bolup gelýär. Hususan-da, aýnanyň döwülmegini betbagtlyk bilen baglanyşdyrýarlar. Bu yrym greklerden, esasanam rimlilerden gelip çykandyr diýlip çaklanylýar.

Gadymy grekler adamyň suwda şöhlelenmegini adamyň ruhuny ýüze çykarýar, döwlen aýna bolsa arassa ruhuň zaýalanmagyna sebäp bolýar diýip yrym edipdirler.

Gadymy rimliler bolsa polatdan ýasalan zatlary hudaýlaryň gurallary we ol gurallar bilen ruhlary synlaýarlar diýip yrym edipdirler.

Gadymyýetde aýna zeper ýetirmek şeýle bir hormatsyzlyk hasaplanypdyr. Aýnany döwmek we döwlen aýnada ýüz görmek betbagtlyk getirýär diýlip ynanylypdyr. Aradan ençeme ýyllaryň geçmegi bilen aýna önümçiligi köpelip, onuň döwülmegi hem ýygjamlaşypdyr. Şol sebäpli hem dini ynançlar hem täzelenipdir.

Üçünji asyrdan soň rimliler aşa köp döwlüp başlan aýnalaryň betbagtlyk getirjekdigine bolan ynançlaryny bes edip başlapdyrlar.
21
248
atakulyyewa_humay
22.06.2023 16:50
Kofe – bu kofe agajynyň dänesinden taýýarlanýan içgidir. Ilkinji gezek bu içgi 12 asyrda Araplar tarapyndan içilipdir diýlip çaklanylýar. Şonda-da süýt, darçyn ýa-da zynjyr bilen garylypdyr. Soň bolsa kofe, Ýewropa döwletlerine ýaýrap başlapdyr we meşhurlyk gazanypdyr.

Kofe agajynyň 3 görnüşi has meşhurdyr.

Arabica. Indoneziýada, Hindistanda we Latyn Amerikasynda ösdürilip ýetişdirilýän kofeniň iň köp ýaýran görnüşidir. Bu ösümlikleriň süýjüligi ösdürilip ýetişdirilişine baglylykda üýtgeýär.

Robusta. Kofe agajynyň bu görnüşi Afrikanyň, Hindistanyň Şri-Lankanyň tropiki sebitlerinde ösýär. Onuň düzüminde has köp kofeini bar. Arabica garanyňda has ajy we ýakymly ysy bar. Robusta köplenç ýagdaýda arassa däl görnüşde kofe garyndylaryna goşulýar.

Liberika. Dünýäde üçünji orny eýeleýän kofeniň görnüşidir. Ýakymly ysy we gowşak tagamy bar. Eksport üçin niýetlenmedik, bu görnüş diňe ösýän sebitinde peýdalanylýar.

Kofe takmynan 70-den gowrak biologik işjeň komponentleri öz içine alýar. Olaryň arasynda kofein, 30 töweregi organiki kislotalar, B witaminleri, folatlar, kaliý, marganes, magniý we fosfor elementleri öz içine alýar. Kofe güýçli antioksidantdyr.

Kofeniň kaloriýa mukdary görnüş dürlülige baglydyr. Kada boýunça onuň ýokumlylygy 100 gram önüm üçin 7 kkaldyr.

Düzüminde:
Beloklar - 0,2 gr;
Ýaglar - 0,5 gr;
Uglewodlar - 0,2 gr;

Kofeniň şeker bilen ýokumlylygy ýokarlanýar, uglewodyň mukdary köpelýär. Şekerli kofede:
Beloklar - 1,83 gr;
Ýaglar - 1,14 gr;
Uglewodlar - 14,65 gr saklanýar.
17
119
atakulyyewa_humay
22.06.2023 09:57

Gawunyň we garpyzyň gowusyny saýlamagyň birnäçe ýönekeý usuly bar. Geliň, süýji gawunlary we garpyzlary nädip saýlamaly öwreneliň!


Baldagyna (Sapyna) serediň!


Garpyz ýa-da gawun saýlanyňyzda, onuň baldagyna seredip, onuň terligini bilip bilersiňiz. Eger garpyz baldaklarynyň reňki ýaşyl bolsa onda ol ýaňy ýyglandygyny habar berýär. Eger goňur we gury baldagy bar bolsa, onuň has öň ýygnalandygyny aýtmak bolar. Täze, ter we bişen gawun ýa-da garpyz saýlamak isleseňiz, ýaşyl baldagy bolanlary saýlaň!


Agyrlygy


Bişen garpyz göwrümine görä agyr bolýar. Şireli garpyz ýa-da gawun has agyr bolýar. Şonuň üçin garpyzy eliňizde göterip görüň, şonda onuň şireli we bişendigine göz ýetirip bilersiňiz!


Sesini diňläň!


Garpyzy ýa-da gawuny eliňiz bilen göterip ony gysyp, eliňiz bilen urup görüň. Miwe bişen bolsa, içi boş ýaly çuň ses berýär. Bu miwäniň hem suwly, hem bişendigini görkezýär. Şeýle hem gawun saýlanyňyzda, baş bölegini (baldak däl-de beýleki tarapy) ysgap görüň. Eger ýakymly ysy bar bolsa onda ol gawun bişipdir, has şekerli ys bar bolsa, gawunyň bişip möhleti geçipdir.


Daşynyň (gabygynyň) reňki


Garpyzy ýa-da gawuny gözden geçireniňizde, onuň reňkiniň janlydygyna göz ýetiriň. Garpyzlaryň açyk zolaklary we goýy ýaşyl gabygy bolmaly. Beýleki tarapdan gawunlaryň ýaşyl ýa-da goýy sarymtyl reňkleri bolmaly. Şeýle hem, gawun biraz ýumşak bolsa onda bu gawunlaryň bişendigini aňladýar.

28
427
atakulyyewa_humay
21.06.2023 05:26
Karl Linneý özüniň eden syýahatlarynda Hindistana baryp «Sapindus saponaria» agajynyň miwelerini peýdalanyp, onda sabyna meňzeş alamatlarynyň bardygyna göz ýetirdi. Karl Linneýiň maglumatlaryna esaslanyp, häzirki zaman ylmynda bu agajyň ady latynçadan, «sapo» - sabyn, «indiçus» - Indiýa, iki söziň birikmesinden emele gelip «hindi sabyny» diýmekligi aňladýar. Kä ýagdaýlarda bu agaç «Sübse şekilli kelreýter» diýip hem atlandyrylýar. Bu maşgala degişli agaçlaryň gabygynda saponin maddasy saklanýar.

Sabyn agajy hemişe ýaşyl öwüsýän, ýapragyny düşürýän agaçlara degişlidir. Ýapraklary gapma-garşylykly ýerleşip, onuň uzynlygy 15-40 sm-e ýetýär. Gülleri ownuk şeklinde. Miweleriniň diametri 1,5 sm, bir sany miwe 3-den gowrak tohum saklaýar. Miwesiniň ýumşak ýeri 30-dan gowrak saponin maddasyny saklaýar. Onuň miweleri käbir ýerlerde «Sabyn hozy» ýa-da «Sabyn iýmişi» diýlip atlandyrylýar.

Sabyn agajy diýilmeginiň esasy sebäbi agaç miweleri suwa ezilende suw köpürjikleýär we onuň köpürjiklemegi hem düzümindäki saponin maddasy bilen baglanyşyklydyr. Emma bu madda suwuň üsti bilen balyklara we mör-möjekleriň bedenine düşende ölüm howpludyr.

Amerikada we Aziýada ençeme asyrlap ösümligiň miweleri matalary we egin-eşikleri ýuwanda tebigy ýuwujy serişde hökmünde ulanylyp gelnipdir. Häzirki wagtda zawod kosmetika we ekologiýa taýdan arassalaýjy ýuwujy serişde hökmünde ulanylyp gelinýär. Käbir görnüşli miwelerinden kir ýuwmak üçin sodalar hem taýýarlanýar.

Sabyn agajynyň miweleriniň beýleki ýuwujy serişdelerinden tapawudy eşiklerde yz galdyrmaýar, eşikleriň reňkini saklaýar we gipoallergen häsiýete eýe.

Häzirki wagtda bu agaç Gara deňziniň kenar ýakalarynda, Kawkazda we Merkezi Aziýa ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki wagtda Sabyn agajynyň 15-den gowrak görnüşleri belli edildi. Bu agaç häli şindi hojalyk ähmiýetli işlerde ulanylyp gelinýär.
18
295
atakulyyewa_humay
21.06.2023 01:17
Atlantik ummanyň suwunyň antisiklon aýlaw zonasynda Sargassow deňzi ýerleşýär. Sargossow deňziniň tutýan meýdany 7 mln km2, çuňlugy 6995 m, giňligi 5 müň km, uzynlygy 2 müň km deň bolýar. Bu deňziň suwy ýyly we duzly bolýar. Deňziň çuňlugyna aralaşdygyňça suwuň ýylylygy has hem artýar. Meselem, deňziň 800-1000 m çuňlugynda suwuň ýylylygy 100C, ummanyň beýleki zonalarynda bolsa suwuň ýylylygy 50 C deň bolýar. Deňziň önümliligi örän pes bolýar. Sebäbi, deňziň esasy bölegini suwotylar tutýar. Bu bolsa deňizde kislorodyň we deňizde ýaşaýan deňiz ýaşaýjylarynyň görnüşleriniň, sanynyň azalmagyna getirýär. Ýöne, Sargassow deňiz energiýanyň esasy çeşmesi hasaplanýar. Sebäbi, deňziň üstünden öwüsýän Passat ýelleri we Golfstrim akymy energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Sargassow deňzine başgaça «kenarsyz deňiz» hem diýilýär. Aslyýetinde, «Sargaso» portugal dilinden terjime edilende «üzüm salkymy» diýmekligi aňladýar. Deňziň beýle atlandyrylmaklarynyň esasy sebäbi, suwuň ýüzünde hereket edýän suwotylar bilen baglanyşyklydyr. Deňziň ýüzünde hereket edýän suwotylaryň umumy agramynyň 11 mln tonna deň bolýandygyny gidrobiologlar belläp geçýärler . Deňziň üstüni 1 m galyňlykda suwotylar bilen bilelikde gyrmançalar hem tutýar. Bu bolsa uzak aralykdan seredilende kenary ýatladýar. Aslynda, Sargassow deňziň gaty kenary bolmaýarda, suwotylardan, gyrmançalardan ybarat kenary bolýar. Şonuň üçin hem Sargassow deňzine «kenarsyz deňiz» diýilýär.
27
262
atakulyyewa_humay
20.06.2023 17:34
1. Birinji suraty saýlan şahsyýetler adamyň durmuşynda çalt orun gazanýan adamlardyr. Ýöne özlerini adamlardan daşlaşdyrmakdan töwekgelçilik etmek we ýaralanmak has gowudyr diýip pikir edýärler. Gorkularyny we ynamlaryny hiç kime görkezmän içinde saklaýarlar. Başgalara kömek edip ýaralaryny bejerýän adamlardyr.

2. Ikinji suraty saýlan şahsyýetler. Pedantik şahsyýetler. Olar hemişe gowy täsir galdyrmaga we dogry zady etmäge synanyşýan adamyň görnüşidir. Hereketleriniň başgalaryň durmuşynda möhümdigine ynanýarlar. Adamlara tolgunmasyny, gaharlanmasyny görkezmeýärler we başgalaryň ynamyna çalt girip bilýän adamlardyr.

3. Üçünji suraty saýlan şahsyýetler. Mümkin boldugyndan rahatlygy tapmaga synanyşýan adamlardyr. Bu bulaşyk dünýäde öz ýerini gözleýän adamlar. Bu suraty saýlan adamlar özlerinden başgalara garaňky pikirlerini açmaýarlar.

4. Dördünji suraty saýlan şahsyýetler. Pikirlenmäni, göz öňüne getirip çuň oýlanmalary başdan geçirýän adamlar. Zatlaryň çuň we gizlin manysyny tapmagy gowy görýän adamlar. Käbir başga zatlara bolan ynamsyzlygyny görkezmeýärler. Elbet-de bir zada düşünip bilýärler ýöne henizem bu barada ynamsyz bolup bilerler.

5. Bäşinji suraty saýlan şahsyýetler. Täsin adamlar. Keýpini aňsatlyk bilen üýtgedip, gapma-garşylyk toruna meňzeýän adamlar. Bu suraty saýlan adamlar az sözli we başgalary bulaşdyrýan adamlar. Beýle adamlar hat-da käbir hereketlerde-de gepleşige başlamazdan ozal adamy synlamagy makul bilýär. Şeýle-de olar diňe öz ynanýan pikirlerini öňe sürýän adamlardyr.

6. Altynjy suraty saýlan şahsyýetler. Duýgur adamlar. Bular ýaly adamlar hemme zady görýän we ýadyndan çykarmaýan adamlardyr. Olar ýokary derejeli duýgur, hat-da islendik ownuk zatlar hem olary haýran galdyryp bilýär. Bu adamlar ýeňillik bilen göz ýaş döküp we gülüp bilerler. Özüniň näzikligini köp adamlara bildirmeýärler. Olar geljekde durmuşynda boljak ýagdaýlary öňünden görüp bilýär.

7. Ýedinji suraty saýlan şahsyýetler. Güýçli şahsyýet. Gujurly we elmydama aşyk bolýan adamlardyr. Bu adamlar aşa islegli we aşa ýigrenýän adamlardyr. Olar kellesinde aşa köp pikirleri jemleýärler we meseleleri çalt çözmäge ymtylýan adamlardyr. Energiýasy köp ýöne köplenç tolgunýarlar.

8. Sekizinji suraty saýlan şahsyýetler. Bu adamlar üýtgeşik gyzyklanmalary we ynançlary bolan adamyň görnüşidir. Aslynda düzgünleri halamaýarlar. Köplenç prinsip boýunça hereket edýärler.

9. Dokuzynjy suraty saýlan şahsyýetler. Düşünjeli şahsyýetlerdir. Bu adamlar dünýä we beýleki adamlara gaty gowy düşünýän adamlaryň görnüşidir. Adamlaryň ses äheňinden we ýüz keşbinden olaryň içindäki pikirleri okap bilýän adamlardyr.
26
358
atakulyyewa_humay
20.06.2023 01:18
Öziňi barla...

Aşakdaky dokuz sany suratdan birini saýlaň. Bu saýlawdan ugur alyp, şahsyýetiňizi gysgaça düşündirmäge synanyşarys!



📌 Bellik. Jogaplary geljekki postda görkeziler...
21
381
atakulyyewa_humay
18.06.2023 11:29
Science» žurnalynyň 2009-njy ýyldaky hasabatyna görä, sygyr genleriniň 80 göterimi adamlaryňka meňzeş;

- 2007-nji ýylda geçirilen gözlegde, öý pişigindäki genleriň takmynan 90 göteriminiň adamlara meňzeýändigi anyklanyldy;

- Ýelekli bedenleri bilen adamyň bedeninden düýpgöter tapawutly bolsa-da, towuk genleriniň takmynan 60 göterimi adam genlerine meňzeýär;

Belok kodlaýjy genler barada aýdylanda, syçanlar adamlara 85 göterim meňzeýär;

Şeýle hem bananlar, adamlar bilen deň DNK-nyň takmynan 60 göterimini paýlaşýar!

Mör-möjekleriň DNK-syna gezek gelende, olaryň adama meňzeşligi birneme az.
20
253
atakulyyewa_humay
17.06.2023 11:37
Edýän pikirleriňize üns beriň ―
olar söze öwrülýär.

Aýdýan sözleriňize üns beriň ―
olar herekete öwrülýär.

Edýän hereketleriňize üns beriň
― olar endige öwrülýär.

Endigiňize üns beriň ― ol häsiýete öwrülýär.

Häsiýetiňize üns beriň ― ol siziň
ykbalyňyzy kesgitleýär.
27
294
atakulyyewa_humay
17.06.2023 02:07
Bir aýal dana kişiniň ýanynda ykbalyndan zeýrendi. Şonda dana goja:
― Ykbalyň üçin özüň jogapkär ―diýdi.
― Eýsem, men zenan bolup doglandygym üçin jogapkärmi?
― Zenan bolmak ― bu ykbal dälde, seniň borjuň. Seniň ykbalyň bolsa, oňa nähili erk edýändigiňe bagly.
34
395