atakulyyewa_humay
28.06.2023 16:17
Her bir halkyň öz milli nyşanlary bolýar. Hindi halky üçin şeýle nyşanlaryň biri hem hindi aýal-gyzlarynyň lybasy saridir. Bu lybas hindi halkynyň milli buýsanjyň, medeni mirasyň we baýlygyň bir bölegi hasaplanylýar.

Ilki başda hindi sarisi siwilizasiýa döwründe ýüze çykyp, ony ilki Nil derýasynyň ruhanylara geýmek üçin niýetlenipdi. Terjimede «sari» ýa-da «sati» sözi uzyn matany aňladýar. Sari matasy 4-5 metrden tä 12 metre çenli hem uzynlygynda bolup bilýär. Ruhanylar kitabynda diňe bir aýallaryň däl, eýsem erkekleriň hem sari geýýändigi barada aýdylýar. Soň-soňlar tansçylar tans edende matany aýaklarynyň arasyna tutup ulanypdyrlar. Käbir alymlaryň pikirine görä sariniň ilkinji adamlaryň eşikdigine ynanypdyrlar.

Rowaýatlara görä, bir ýaş dokmaçy ýigit bir gyza aşyk bolupdyr we stanogyň başynda işläp oturan wagty söýgüli gyzy hakda arzuw edipdir. Şeýlelik bilen, ol pikire batyp uzyn bir matany dokapdyr we söýgülisine beripdir. Gyz özüni sari bilen örtdi we şeýdip sari emele geldi.

Sari zenan eşigi modaçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Özüniň owadanlygy bilen ünsi özüne çekýän we haýrana galdyrýan hindi sari geýnen aýal-gyzlary köpçülikde duş gelmek bolar.

Sari matalar özüniň owadan dürli reňkliligi bilen tapawutlanyp, ol reňkler hem aýalyň emlägini, maşgala ýagdaýyny we sosial ýagdaýyny kesgitlemek mümkindir. Hindistanda her bir reňk haýsydyr bir aýratynlygy aňladýar. Ýagny, gyzyl - gülläp ösmegiň reňkidir, bu reňki köplenç toý dabaralarda geýilýär. Sary hasyllylygyň nyşanydyr. Bu reňk eneler çaga dünýä inenden soň geýýärler. Mämişi gowy getirýän reňkdir. Dul aýallar bolsa ak sarileri geýýär. Mawy sarileri aşaky gatlakdaky aýallar geýýändirler, şeýle hem sarilerde ulanylan nagyşlar aýallar hakda hemme zady aýdyp biler.

Sari geýmek ukyby ajaýyp sungatdyr. Gyzlar muny çagalykdan öwrenýärler. Geýinmegiň on bäş töweregi usuly bar. Sari geýeniňde, gyz saç gysgyçlaryny we gysgyçlaryny ulanmaly däldir. Ilki bilen «çoli» diýilýän gysga berk aşaky bluzka geýýärler. Soňra kanwadan dokalan ýubka, soňra bolsa üstünde sari bilen örtülýändir.
12
154
atakulyyewa_humay
28.06.2023 00:09
Monarhiýa – bu döwlet dolandyryş formasynyň bir görnüşi bolup, baştutany öz wezipesine nesilden-nesle ýa-da ömürlik geçirýän görnüşine aýdylýar. Dünýä ýüzünde monarhiýa döwletleriniň sany köp, ýagny dünýä ýurtlarynyň 1/6 bölegini monarhiýa döwletleri tutýar. Mysal üçin, Beýik Britaniýa, Italiýa, Ispaniýa Ýaponiýa, Taýland we başga-da birnäçe döwletler girýär. Köplenç monarhiýa döwletlerinde monarh döwlet baştutany bolup durýan hem bolsa, ol hakykat ýüzünde ýurdy dolandyrmaýar. Ýokarky häkimiýet döwletiň ýokary edaralaryna, parlamente, hökümet, maşgala geňeşine, ýokary dini adamlara degişli bolup durýar.

Monarhiýa döwletlerinde monarhyň öz tagtyny nesilden-nesle geçirmekligiň birnäçe görnüşleri bardyr. Olar:

1) Saliçeskaýa – diňe erkekler tagty neslinden-nesline geçirýär, ýagny diňe erkekler mirasdüşer bolup bilýär (Belgiýa, Norwegiýa, Ýaponiýada);

2) Kastiliýa – Eger ogly ýok bolan ýagdaýynda gyzlaram tagtyň eýesi bolup bilýärler (Daniýada, Ispaniýada, Beýik Britaniýada);

3) Awstriýskaýa – Eger-de tutuş neberesinde erkek göbekli ýok bolanda gyzlar patyşa bolup bilýärler.

4) Şwediskaýa – Aýallaram erkekler bilen bile deňhukukly mirasdüşer bolup bilýärler. (Şwesiýada).

5) Musulman görnüşi - (Katarda, Kuweýtde, Saud Arabystanda) Nesilşalygyň özi kimiň Korol bolmalydygyny özbaşdak kesgitleýär.

6) Taýpalaýyn görnüşi – bolanda taýpa maslahaty birnäçe mirasdüşer ogullarynyň içinden birini saýlaýar.

Monarhiýanyň birnäçe görnüşleri bar:

1) Absolýut monarhiýa;
2) Otnositel görnüşi bar (dualistik, parlamentar);

Monarhiýanyň ýene bir görnüşi dualistik monarhiýa. Dualistik monarhiýada parlament konstitusiýada doly hereket edýär. Ýöne şeýle-de bolsa hökümet monarh tarapyndan bellenilýär we diňe şonuň öňünde jogapkär.

Parlamentar monarhiýa – parlamentar monarhiýada demokratik ýol bilen kabul edilen konstitusiýa halk tarapyndan saýlanylýan parlament hereket edýär. Monarh ýuridiki taýdan döwlet baştutany bolup galýar. Ýöne hakykat ýüzünde döwleti parlament dolandyrýar. Parlament monarhiýa döwletlerinde hökümet diňe parlamentiň öňünde jogapkär bolup durýar.

Konstitusion monarhiýa döwletlerinde monarhyň ygtyýarlyklary gös-göni ýazylyp bellenilýär.
14
96
atakulyyewa_humay
27.06.2023 14:20

Fobiýa, gorky-munuň alamaty, manysyz gözegçiliksiz gorky ýa-da käbir ýagdaýlarda gereksiz aladanyň dowamly bolmagydyr.Dünýädäki her bir adamyň öz içindäki gorkulary bardyr. Şol gorkulara çenden aşa üns bermek hem gowulyga getirmeýänini hemmämiz bilýäris.Fobiýanyň dürli görnüşleri bar.Bu güne çenli olaryň 40 müňe golaý görnüşi bellidir. Olardan käbirlerine seredip geçeliň:

Agorafobiýa – açyk ýerlerden gorkmak;

Antrofobiýa –adamlardan, adam köplüginden gorkmak;

Gipsofobiýa –beýiklikden gorkmak;

Monofobiýa –ýekelikden gorkmak;

Skoptofobiýa – özüňe üns çekmekden gorkmak;

Arahnofobiýa –möýden gorkmak;

Geliofobiýa –günden, gün ýagtysyndan gorkmak;

Akwafobiýa –suwdan gorkmak;

Filofobiýa –söýmekden gormak;

Bu gorkularyň doly sanawyndan uzak bolsa-da, fobiýalaryň nämedigi eýýam şu ýerden görüp bilersiňiz. Olar geň we gülkünç,adaty däl, haýran galdyryjy we aljyraňňylyga sebäp bolýar. Şeýle-de bolsa, bu “jadygöýlige” eýe bolanlar olara çynlakaý çemeleşýärler: ýagyşdan gorkýarlar, kitap görenlerinde solgun ýagdaýda bolýarlar.

Fobiýanyň şertli refleksdigine düşünmek möhümdir. Täze emosional we özüňi alyp baryş jogaplaryny özleşdirmek bilen bozulyp bilýän endikdir.

26
369
atakulyyewa_humay
27.06.2023 00:38
I synag. Bu soraga jogap bermek üçin Amerikaly psiholog Gordon Gellap Şimpanze maýmynyny uky ýagdaýyna (Narkoz) getirip, ýüzüne iki we üç reňkli gyzyl tegmil çalypdyr. Soňra ukudan oýanan haýwana aýna hödürläpdir. Maýmyn daşky görnüşiniň üýtgemegi hakda diňe oýlanmak arkaly öwrenip bilerdi. Ol üstünlik gazandy. Haýwan reňklenen ýerlere degip başlapdyr, soňra hapalanan barmaklaryna degip we ysgap hapalanan ýerini arassalap başlapdyr. Gellap bu haýwanyň özüni aýnada tanaýandygyny şeýdip subut etdi. Şondan bäri alymlar köp haýwanlary şol bir synagdan geçirip görüpdirler.

Il synag. Gellap maýmyn jübüti ýaşaýan kapasa aýna oturtdy we bu täze mebele maýmynlary öwrenişdirmek isledi. Maýmynlar köp wagtlap şol kapasada ýaşasa hem aýnada özüni tanap bilmedi. Ýöne arassaçylyk işleri geçip ýörän hyzmatkärleriň aýnadaky şekilini tanamagy başardylar.

III synag. Biolog Çarlz Darwin Londonyň haýwanat bagyna baryp, Orangutanlar saklanýan kapasa göz aýlan wagty üýtgeşik zada gözi düşdi. Ýagny haýwanlaryň bir üýtgeşik stakana seredýändigini we ondan gaýdýan şöhläni öpýändigini we özüne ýakynlaşanda bedeniniň ýoýlandygyny gördi. Alymlar ony stakan ýüzinde özleriniň şekilini görýändigi bilen baglanyşdyrdy.

IV synag. Öldüriji kitler we çüýşe delfinler synagdan geçirildi. Elbetde maýmynlardan az hilegär bolsalarda, bedendäki yzlary barlamak üçin aýnanyň öňüne öwrüldiler. Ýöne olaryň gurluş aýratynlyklary sebäpli olaryň özüni alyp barşyny düşünmek kyndyr.
18
263
atakulyyewa_humay
26.06.2023 04:48
Ynsanyň duýgy häsiýetleriniň biri-de öýkedir. Aslynda, öýke – bu göwnüçökgünlikdir. Öýkelemek esasan hem çagalara mahsus bolup, ol uly ýaşdakylara gelişmeýän häsiýetdir. Emma nähili bolanda-da, durmuşda öýke duýgusy her birimiziň içki dünýämizi gurşap alýar. Öýkäniň esasy maksady töweregiňdäkileriň ünsüni özüňe çekmek bilen olaryň garaýşyny, pikirini üýtgetmek. Çaga öýkesi bilen ulularyň öýkesiniň arasynda uly tapawut bar. Muny her birimiz bilýän bolsak gerek. Ýöne adam ulaldygyça öýkäniň zerursyzdygyna göz ýetirip başlaýar. Öýkäniň soňunyň gahar-gazap bilen hem gutarýan pursatlary az däl. Gahar-gazap bolsa biziň durmuşymyz “zäherleýär”, ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýar, mylaýymlyk ýitip, töweregiňdäkiler bilen aragatnaşyk peselýär. Aşa köp öýkelemeklik hem oňlanylmaýar. Bu ýagdaý töweregiňdäki ynsanlarda sen hakdaky gowy pikirleriň azalmagyna sebäp bolýar.

Öýkelemegi bes etmegiň ýa-da azaltmagyň 7 ýoly durmuşymyzy aňsatlaşdyryp biler:

- Özüňe bolan sylag-hormaty artdyrmak.

- Daşarky dünýä bilen süýji gatnaşygy saklamak.

- Adamlary bagyşlamagy öwrenmek.

- Özüňize wagt aýyryň.

- Pikiriňi içiňde saklamazlyk.

- Ilki öz hereketiňi ölçerip görmek.

- Özüňi şadyýan hem rahat alyp barmak.

Owadan hem asuda dünýämizde bize peşgeş berlen çäklije ömrümizi öýke bilen däl-de, diňe gowulyklar bilen bezemek her birimize nesip etsin!
30
364
atakulyyewa_humay
26.06.2023 00:30
Köpümize mälim bolan sudoku oýny dürli ýaşdaky adamlaryň aňsatlyk bilen öwrenip biläýjek oýunlarynyň biridir. Ilkinji gezek Ýaponiýada ýüze çykan bu gyzykly oýun «suuji wa dokushin ni kaguru» diýen ýapon sözleriniň utgaşmasyndan emele gelip, «sanlar ýeke-täk bolmaly» diýmegi aňladýar we gysgaça «sudoku» diýlip kabul edilipdir. Sudoku oýny 9×9 grafikada çözülýän we 1-den 9-a çenli sanlaryň her setirde hem-de sütünde we 3×3 gutularda 1 gezek ýerleşdirilýän oýundyr. Bu oýnuň esasy maksady, bar bolan sanlary hiç hili ikinji gezek gaýtalamazdan, 9 öýjükden ybarat bolan 9 sany deň öýjüge bölünen meýdançalarda sanlary tertipli ýerleşdirmekden ybaratdyr. Ýagny her setirde we her sütünde 1-den 9-a çenli sanlary diňe bir gezek ulanyp, olary ýerleşdirip çykmaly. Edil şular ýaly, 1-den 9-a çenli sanlar goýy çyzyklar bilen bölünen her gutuda bir gezek ulanylmaly. Şeýle hem sudoku 4×4, 6×6, 9×9 ýaly köp ululyklarda hem oýnalyp bilner.

Haýsy ululykda bolýandygyna garamazdan ähli sudoku oýunlarynyň üç sany esasy düzgünleri bardyr. Ýagny:

- Her setirde ähli sanlar bolmaly we bu sanlar diňe bir gezek gaýtalanmalydyr.
- Her sütünde hem ähli sanlar bolmaly we bu sanlar hem diňe bir gezek ulanylmalydyr.
- Her gutuda ähli sanlar bolmaly we bu sanlar diňe bir gezek gaýtalanmalydyr.

Sudoku oýnunyň peýdaly taraplary:

Özüniň gyzyklylygy, täsirliligi bilen bilikde sudoku oýny zehiniňi hem güýçlendirýän oýundyr. Bu oýny yzygiderli oýnaýan adamlarda beýnidäki gasynlaryň, joýajyklaryň köpelmegine, töwerekde bolup geçýän dürli ýagdaýlara hem wakalara dürlüçe garamaga, ýüze çykýan meseleleri çözmeklik ukybyny çalt gazanmaga we meseläniň aňsat çözgüdini tapmakda kämilleşmäge ýardam edýär.

Bulardan hem başga, sudoku oýny ünsi güýçlendirýär, ynsanyň döredijilik ukybyny artdyrýar, beýnini rahatlandyrýar we gaýgyny aradan aýyrýar, çaganyň matematiki meseleleri çözmek ukybyny örän ýokarlandyrýar we ýatkeşligi ösdürýär.
25
217
atakulyyewa_humay
25.06.2023 02:01
Älemgoşar howada asylan kiçijik suw damjalarynda gün şöhlesiniň döwülmegi we şöhlelenmegi bilen emele gelýär. Ýerden ýokary çykylanda ýa-da belli bir belentlikde älemgoşaryň aşaky bölekleri görünýär. Uçuşda amatly şertlerde, älemgoşaryň Güne garşy düýpgöter garşy nokady gurşap alýan ýapyk egrilik hökmünde görüp bilersiňiz. Emma şeýle şertler gaty seýrek bolýar.

Älemgoşaryň ululygy

Çagalar älemgoşaryň göze görnüp duran bir zatdygyna ynanýarlar, mysal üçin, «bulutlara çykyp boljak ýol». Soňra ulaldygyňça şol çagalyk arzuwlar ylym bilen «puja çykýar».

Älemgoşar optiki illýuziýa. Suw damjalary (ýagyş, duman) gün bilen ýagtylanda ýüze çykýar. Şeýle hem Aý älemgoşary bar, oňa belli bir sebitlerde gijelerine syn edip bolýar. Ýagtylyk howanyň we suw damjajyklarynyň çäginde iki gezek döwülýär we damjanyň «yzky» diwaryndan şöhlelenýär we takmynan 42 gradus burçda ýagtylyga gaýdýar. Dürli tolkun uzynlygy bolan ýagtylygyň refraktiw görkezijisi birneme tapawutlanýar, şonuň üçin dürli reňkdäki şöhleler dürli burçlarda damjadan çykýar. Şonuň üçin ak ýagtylyk köpöwüşginli älemgoşara öwrülýär. Älemgoşaryň illýuziýasy gün şöhleleriniň gözüniň çatrygynda görünýän damjalar bilen döredilýär. Dünýädäki älemgoşaryň hemmesi birmeňzeş burç ululygynda, ýagny 42 dereje. Älemgoşaryň çyzykly radiusy ýagtylygyň we suwuň damjalarynyň aralygyna baglydyr. Mysal üçin, adamdan 5 metr uzaklykda peýda bolan älemgoşaryň radiusy takmynan 4,5 metr bolar. Älemgoşaryň merkezi Güni birleşdirýän göni çyzykda ýerleşýär. Älemgoşaryň tekizligi bu göni çyzyga perpendikulýardyr.

Älemgoşaryň reňkleriniň jikme-jik beýany ilkinji gezek alym Isak Nýuton tarapyndan ýazyldy. Onuň ilkinji teoriýasy bolsa 1637-nji ýylda fransuz filosofy we matematigi Rene Dekart tarapyndan düzüldi. Aslynda älemgoşar ýaý şekilini däl-de, eýsem tegelegi emele getirýär. Adam diňe ýarym tegelegi görýär, sebäbi ony ýerden synlaýar. Uçardan älemgoşara seretseň, ol tegelek görnüşinde bolar. Şeýle-de ol elmydama 7 reňkden ybarat däldir. Wagtal-wagtal tebigatda onuň reňkleriniň üýtgeýşini, monohromy synlap bolýar. Gadymy grek gözlegçileri älemgoşary asman bilen ýeriň arasyndaky köpri diýip hasaplapdyrlar. Beýik Britaniýanyň bir sebiti bolan Şeffildiň ýaşaýjylary älemgoşara iň uzyn wagtlap tomaşa etdiler. Ol ýerde 1994 -nji ýylyň ýazynda älemgoşar irden 09-dan agşam sagat 03-e çenli göründi. Älemgoşar şarlawuklaryň golaýynda we howanyň çyglylyk bilen has doýýan, Ýeriň tropiki sebitlerinde has ýygy duş gelýär. Alymlaryň pikiriçe, älemgoşar diňe bir planetamyzda däl, eýsem Saturnyň emeli hemralarynyň biri bolan Titanda hem görünýär.
29
158
atakulyyewa_humay
24.06.2023 08:57
Gadymy döwürlerden bäri Hytaýda we Ýaponiýada naharlanylanda taýajyklar bilen iýmeklik adaty bir zat. Taýajyklar bilen iýmekligiň peýdaly tarapy, birinjiden, taýajyklar islendik agaçdan aňsatlyk bilen ýasalýar, ikinjiden, onuň bilen çeýnäp biläýjek mukdardan has köp nahar alyp bolmazlygy, üçünjiden, ol saglyk üçin peýdaly, ýagny hytaýly lukmanlaryň pikiriçe, taýajyklary ulanýan adam nahar iýip otyrka, eliň 40 töweregi myşsalaryny hereketlendirýär. Şeýle-de taýajyklar bilen iýmekligi öwrenip başlan çagalaryň adaty çemçe bilen iýýänlerden has çalt ösýändigi subut edildi. Mundan başga, taýajykklar bu ýurtlarda özboluşly simwoliki many berýär. Täze durmuşa guranlara, sazlaşygyň we aýrylmazlygyň nyşany hökmünde taýajyk berilýär. Taýajyklar ýerli ýaşaýjylar tarapyndan «kuaiszi» diýlip atlandyrylýar. Gadymy hytaý akyldary Konfusiý hem taýajyklar bilen iýmitlenmegiň naharyň lezzetini artdyrýandygyna ynanypdyr. Hytaýda taýajyklar bilen iýmeklik iýmite bolan minnetdar garaýyşy görkezýär. Sowgat gutularynda adatça iki jübüt «kuaiszi» taýajyklary satylýar. Her taýagyň inedördül ýokarsy we tegelek düýbi bolup, kwadrat ýokarky ujy taýagyň stoldan gaçmagynyň öňüni alýar. Tekiz kesilen aşaky bölegi bolsa iýlende agyz synasyna şikes ýetmek howpuny aradan aýyrýar.

Taýajyklar diňe bir agaçdan däl, süňkden we hatda metaldan hem ýasalýar. Gonkongyň Golliwud ýolunda gadymy farfor «kuaiszi» satyn alyp bilersiňiz. Häzirki wagtda dürli bezegli reňkli taýajyklar meşhur syýahatçylyk önümidir.

Taryhy tarapdan dürli döwürlerde taýajyklar dürli materiallardan ýasalypdyr, ýöne ýeňil bambuk taýajyklary wagt synagyndan geçip, ähli wagtda hem amatlylygy bilen tapawutlanypdyr. Miladydan öňki XVII-XI asyrlarda Şan dinastiýasynyň döwründe taýajyklar şol döwürdäki iň gymmat material hasaplanylan pil süňkünden ýasalypdyr. Günbatar Çžou dinastiýasynyň döwründe bolsa b.e.öň. XI-VIII asyrlarda taýajyklar bürünçden ýasalyp, ol imperiýanyň aýratyn statusa eýe bolan alamaty hasaplanypdyr. Soňra bolsa, wagtyň geçmegi bilen taýajyklar ýasalanda kümüş ulanylyp başlanypdyr. Umuman, häzirki wagtda taýajyklar bu ýurtlarda iň bir ýörgünli önümleriň biri hökmünde arzylanýar.
20
167
atakulyyewa_humay
24.06.2023 02:40
Hor çekmek- adamlar köpçüliginiň arasynda giň ýaýran meseledir.Köpçülik adamlar biri bilen uky ýoldaşy bolmazyndan öň hor çekýänini bilmeýärler.Elbetde güýçli hor çekmeklik ýanyňdakylara rahat uky almaklyga päsgel döredýändir.Hor çekmäge garşy göreşmekde birnäçe maslahatlary size ýetirmekligi makul bildik.

Lukmanlar köpçüliginiň aýtmagyna görä hor çekýän adamlaryň 75%-de dem alyşyň bozulmagy , ýagny gysga wagt dowamynda dem alyşyň togtamaklygyna syn edilýär.Bu bolsa ýürek keselleriniň döremek howpuna-da başlangyç bolup bilýär.Zyýansyz ýaly duýulýan bu endikden aýrylmak üçin şu aşakdaky amallary ýerine ýetirmeli.

-Gapdal tarapa seredip ýatmak.

Ýatan wagtymyz diliň esasy we ýumşak bölegi yzky kentlewüge degip owaz çykarýar.Gapdal tarapa seredip ýatmaklyk bolsa sesiň ýüze çykmagyna päsgelçilik döredýär.Şonuň üçin gapdal tarapa seredip ýatmaklyk, hor çekmezlige gowy ýardam eder.

-Ýene-de bir usuly egin ýa-da biliň golaýynda tennis topuny goýyp ýatmak.

Bu hem bellibir derejede gapdal tarapa seredip uklamaklyga kömek edýär we ony endige öwürýär.Bu usul uklaýan wagtymyz bilmezden ýene öňki ýagdaýda arkan ýatmaklygyň öňüni alyp bilýär.

-Sport bilen meşgullanmaklyk.

Sport bilen meşgullanýan adam sagdyn berk bedenli kadaly agramda bolýar.Adamyň agramy artanda bolsa damagyň diametri kiçelýändir,bu bolsa hor çekmeklige eltip bilýändir.Emma agramyňy azaltmaklyk hem, bütinleý diýen ýaly bu endikden halas edip bilmeýär.Çünki hor adamlaryň arasynda-da, hor çekýänleriň sany ýokary hasaplanýandyr.

-Spirtli içgilerden daşda durmak.

Spirtli içgiler bokurdagyň arka ýüzündäki myşsalaryň işjeňligini peseltýändir, şonuň üçin hat-da hor çekmeýänler hem spirtli içgileri içenden soň, bu ýagdaýa düşüp bilýändirler.

-Täze ýassykda uklamak

Maglumatlara görä her alty aýda bir gezek ýassygy çalyşyp durmaklyk maslahat berilýär.Şeýle-de ýassygymyzy 3-4 günden ýuwup arassalap durmalydyrys.Arassalamadyk ýassykda tozan toplanyp, allergiki resksiýalara we hor çekmeklige getirip bilýändir.

-Gündizine kadaly möçberde suw içmeklik.

Burun we kentlewügiň ýumşak bölegi adam suwsanynda şepbeşikleşýär.Bu bolsa hor çekmegi güýçlendirýär.Emma bu ýatmazdan öň ýa-da hor çekýän mahalynda turup, 1 stakan suw içmeli diýene gelmeýär.Onuň ýaly ýagdaýda adam gijäniň dowamynda birnäçe gezek ukudan oýanmaly bolýar, ukusy birahat bolýar.Şonuň üçin günüň dowamynda suw balansyny seljerip durmaly we güýçli suwsamaklygyň öňüni almalydyrys.
29
192
atakulyyewa_humay
23.06.2023 08:28
Ylym dünýäsi dürli ugurlarda geçirilen köp sanly gözlegler bilen adamzat durmuşyna goşant goşmagyny dowam etdirýär. Gündelik durmuşymyza oňyn we çuňňur täsir edýän bu gözlegleriň, esasan, syçanlarda geçirilýändigi bize mälimdir. Munuň aňyrsynda dürli sebäpler bar, geliň olaryň käbirlerini öwreneliň!

Syçanlaryň bedeni adamlaryňka meňzeş bolup durýar. Syçanlar ownuk jandarlar bolansoň, olary laboratoriýada saklamak aňsat. Mundan başga-da, olaryň daşky gurşawa çalt uýgunlaşmagy stres faktorlarynyň öňüni alýar. 2-3 ýyl ömri bar bolsa-da, syçanlar örän tiz köpelýärler. Bu bolsa laboratoriýa üçin yzygiderli satyn alyp durmagyň gerek däldigini ýüze çykarýar.

Syçanlar 19-21 günüň dowamynda köpelýärler. Täze doglan çaga syçanlar hem 5 ýa-da 6 hepdäniň içinde doly ulalýar. Şeýle hem syçanlara ideg etmek gaty kyn däl.

Geçirilen derňewlerde syçanlar bilen adamlaryň genleriniň gaty meňzeşdigi ýüze çykaryldy. Şol sebäpli hem adamlardaky ýüze çykýan dürli keselleri bejermek üçin edilýän synaglar köplenç syçanlarda geçirilýär.

Laboratoriýada diňe bir syçanlarda däl eýsem-de, alakalarda, deňiz doňuzjygynda, homýaklarda hem birnäçe synaglar geçirilýär. Synaglar düwnük keselinden başlap, metabolik kesellere, ýokanç kesellerden başlap, umumy saglyk meselelerine çenli birnäçe bölümlerde geçirilýär. Sözüň doly manysynda ylym dünýäsinde uly rol oýnaýan jandarlaryň biri syçan bolup durýar.
22
171