atakulyyewa_humay
04.07.2023 00:14
Iş wagtynda ukynyň tutmagy hemmämize mälim bolsa gerek. Şeýle wagtlar bolýar, iş wagtynda gözleriňiz özüňize boýun egmän, ýumlup gidýär we beýni islendik wezipäni ret edýär. Beýle wagtlarda uky bilen göreşmek üçin nämeler etmek gerek? 

- Sowuk suw 

Kofe däl, sowuk suw (buz aralaşan bolsa has hem gowy) ukudan açylmagyňyza kömek eder. Mundan başga-da sowuk suw organizmi ýeterlik regidrasiýa bilen üpjün edýär we metabolizm tizligini artdyrýar. 

- Meditasiýa 

Meditasiýany ukudan açylmak üçin iň gowy usullaryň biri diýmek bolar. 15 minutlyk dem alyş maşklary beýnä dynç bermek, organizmi kislorod bilen üpjün etmek we iş wagty ünsüni jemlemek üçin ýeterlik bolar. 

- Narpyzly süýjüler 

Möhüm işleri ýerine ýetirýän wagtyňyzda narpyzly süýjüleri ýa-da sakgyjy agzyňyza atyň, şonda ýadawlygy hem-de ýaltalygy aradan aýyrýandygyna şaýat bolarsyňyz. Ýeriňizden turup, haýsy-da bolsa bir beden maşklaryny ýerine ýetiriň. Gan beden agzalaryňyzy doldurýar we metabolik ýagdaýlaryny ýola goýýar, bu bolsa öz gezeginde, bedeniň we beýniniň işlemegine mejbur edýär. Binanyň daş-töweregindäki gysga wagtlaýyn gezelenç hem garaşylmadyk ukyny kowýar. 

- Beýniňizi oýandyryň 

Ýaltalyk edýän beýnä şu pursat işlemegiň zerurdygyny düşündiriň. Beýle wagtlarda krossword ýa-da şoňa meňzeş beýnini oýandyrýan maşklary ýerine ýetiriň. Ýeňil akyl zähmeti ukyny ýeňmäge kömek edýär. 

- Özüňizi ynandyryň 

Uklamak hakynda pikirlenmegiň deregine güýç-kuwwata eýedigiňiz we işlemek üçin jan edýändigiňiz hakynda özüňizi ynandyryň. Dogry, bu size biraz üýtgeşik eşidilmegi mümkin, ýöne siz synanyşyp görüň we bu usulyň peýdasynyň degjekdigine ynanyň.   
18
307
atakulyyewa_humay
03.07.2023 12:36
Mälim bolşy ýaly, her mil­le­tiň özü­ne mah­sus medeniýeti, baý me­de­ni mira­sy, milliligi bar. Medeni miras hem-de me­de­ni­ýet her bir hal­kyň taryhy­ gelip çykyşyny, urp-adatlaryny, des­sur­la­ry­ny­ we ynanç­la­ry­ny kemala getir­ýär. Olaryň arasynda dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolan tans sungaty hem bellenmäge mynasypdyr. Tans sungaty her mil­le­tiň mede­ni­ýe­ti­ni, milliligini alamatlandyrýar. Bu sungat wagtyň geçmegi bilen döw­re­bap­laş­dy­rylyp, barha kämilleşdirilipdir. Häzirki wagtda ençeme tans görnüşleri bolup, olar islendik adama ruhy lezzet paýlaýar. Dün­ýä­ ýüzünde şeýle meşhur tans­la­ry­ň kä­bi­ri­ hakynda durup geçeliň:

Küşt­dep­di tansy. Eziz Diýarymyzda dabarasy uludan tu­tul­ýan baýramlarymyzyň bezegidir. Küştdepdi tansy türkmen halk döredijiliginiň mil­li öwüş­gi­ni bo­lmak bilen, 2017-nji ýyl­da ÝUNESKO-nyň Adamzadyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Gözbaşyny gadymdan alýan bu tans sungaty halkymyzyň milli gymmatlygy bolup, ol şatlyk-joş­gu­nyň, owadan hem çe­ýe he­re­ke­tiň özboluşly tan­s görnüşidir.

Tan­go tansy. Ar­gen­ti­na döwletine mah­sus bo­lan bu tans görnüşi hem meşhurdyr. Ol 1860-njy ýyl­lar­da Bue­nos-Aý­res­de ýüze çykypdyr. Irki wagtda bu tan­sy Gü­nor­ta Ame­ri­ka ýurt­la­ry­na gö­çüp ba­ran ýew­ro­pa­ly­lar ýerine ýetiripdir. Tango tansyn­da ada­myň is­legi, ar­zuw­-umyt­la­ry he­re­ket­ler ar­ka­ly be­ýan edil­ýär we ajaýyp görnüş emele gelýär.

Wals tansy. Bu meşhur tansy bilmeýänler az bolsa gerek. Jü­büt­le­riň ýerine ýetirmeginde örän tä­sir­li çy­kyş­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýan wals sungaty şu günki günümize çenli kämilleşipdir. Aslynda, bu meşhur tan­syň gelip çykan ýeri Awst­ri­ýa ha­sap­lanyl­ýar.

Hu­la tansy. Ga­wai­niň ýer­li ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän tan­syn­da de­ňiz tol­kun­la­ry­nyň ala­mat­la­ry­ny gör­mek bol­ýar. Ga­wai me­de­ni­ýe­ti­niň bir bö­le­gi ha­sap­lan­ýan bu tans ada­lar top­lu­my­na bar­ýan da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň öňün­de hem ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.

Sal­sa tansy. Jü­büt­le­riň ara­syn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän salsa tansy hem dünýä ýüzünde meşhur tans sungatlarynyň biridir. Onda Ame­ri­ka, Ýew­ro­pa we Ka­rib de­ňzi­niň me­de­ni­ýe­ti özara sazlaşyp, täsirli görnüşi emele getirýär. Esasan hem er­kin ýagdaýda ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän bu tan­syň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy­ hem he­re­ket­le­riň ozal bel­le­nen düzgün esasynda däl-de, ýü­zug­ra ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­nde jemlenendir.
14
36
atakulyyewa_humay
02.07.2023 14:48
Häzir wagtda bize tanyş bolan aýna şu güne çenli birnäçe müň ýyllyk uzak ýoly geçdi. Irki döwürlerde gadymy adamlaryň ýaşaýyş jaýlarynda asla aýna ýokdy. Ýagtylyk aýnadan däl-de, gaýalardaky ýa-da gaýaly gowaklardaky dar geçelgelerden geçdi. Ilkibaşda wulkan atylanda dökülen lagmadan tebigy aýna şekilli materiallar emele gelip, ol gara reňkde bolupdyr. 

Aýnany kim oýlap tapdy? 

Bu materialyň taryhy örän gadymy bolup, arheologiki açyşlaryň nukdaýnazaryndan ol birnäçe gezek üýtgedi we henizem jedelli mesele  bolup durýar. Ilkinji gezek Müsürde, Ortaýer deňiz ýurtlarynda, Afrika we Gadymy Mesopotamiýada aýna ýasalandygy baradaky maglumatlar  öňe sürülýär. Müsürde ilkinji aýna nusgalary b.e.öň VII asyra degişli piramidanyň plitalaryndaky aýna syrçalardyr. Olaryň ýaşy takmynan 5000 ýyllykdyr. Ilkibaşda müsürlileriň gadymy bulgurlary öndürmek üçin gumuň nireden gazylandygyna we olaryň gök ýa-da ýaşyl reňkdedigine şaýatlyk edýän tapyndylar ýüze çykaryldy. Adamlar reňksiz aýna ýasamagy has soň öwrenipdirler, reňklemek üçin bolsa ilkibaşda marganes ulanylypdyr. Mesopotamiýada arheologlar ýaşy takmynan 4500 ýyllyk bolan aýna silindrli möhür tapdylar. Gadymy Wawilon patyşalygynyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde aýna önümleri  alymlaryň ýygy-ýygydan tapýan zatlaryndan biridir.

Aýna ilkibaşda örän gymmatly material bolupdyr welin, onuň önümçiligi baradaky maglumatlar gizlin saklanypdyr. Müsürliler açyk otda palçyk gaplarda gum we gazany eredipdirler. Goşundylar süzülende alnan bölekler ýene eredilipdir. Bu tehnologiýa birnäçe asyr ulanylypdyr. Ilkinji aýna önümleri hökmünde möhürler, kiçijik gap-gaçlar, bezeg önümleri bolupdyr. Häzirki tekiz hem reňksiz aýna diňe XIII asyrda Ýewropa döwletlerinde peýda bolupdyr. Şeýle-de bolsa, Pompeýde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde alymlar tekiz aýnanyň nusgalaryny tapdylar. Ilkinji syrçaly penjire Pompeýdäki grek hammamlarynda peýda bolupdyr diýlen taryhy çaklamalar bar. Onuň ululygy bir ýarym metr bolupdyr. Gadymy Rimde aýna önümçiligi gülläp ösüpdir. Ine, penjire indi bilýän görnüşimizde peýda bolýar - metaldan ýasalan çarçuwada. Köplenç bürünçden ýasalýar. Şol bir wagtyň özünde rim begleriniň arasynda zenanlar üçin döredilen ilkinji aýnalary peýda boldy. Aýna Wenesiýada orta asyrlarda has gülläp ösýär. XVI-XVII asyrlarda dünýäniň aýna öndürijisi Wenesiýa hasaplanypdyr.

Häzirki wagtda bolsa aýna gündelik durmuşda we önümçilikde köptaraplaýyn maksatlar üçin ulanylýan esasy önümleriň biridir. 
17
171
atakulyyewa_humay
02.07.2023 00:06
1950-1960-njy ýyllar aralygynda kosmos tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça ABŞ bilen SSSR-iň arasynda ýaryş dowam edýärdi. 1957-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda SSSR tarapyndan Ýeriň orbitasyna ýerleşdirilen ilkinji emeli hemra bolan «Sputnik 1» bütin dünýäniň ünsüni özüne çekdi. Şeýlelikde, SSSR ABŞ-a garşy kosmos gözleginde öňdeligi eýeledi.

SSSR aradan kän wagt geçmänkä ýene bir emeli hemrany kosmos goýbermegi meýilleşdirýärdi. Bu gezekki uçuş beýleki uçuşlardan üýtgeşik bolmalydy. Sebäbi «Sputnik 2» emeli hemrasy arkaly kosmosa haýsy hem bolsa bir jandary ugratmak göz öňünde tutulýardy.

Munuň üçin açlyga we ýaramsyz howa şertlerine çydamly diýlip itler dalaşgär görkezildi. Netijede, Moskwanyň köçeleriniň birinden getirilen Laýka atly it duýgudaşlygy, ýumşaklygy we akyl-paýhasy bilen taslama gatnaşýan hünärmenleriň göwnünden turupdy. Ol takmynan 6 kg agramda we takmynan 3 ýaşyndady.

Uçuryljak «Sputnik 2» emeli hemrasynda itiň özüni oňaýly duýmagy üçin şertler döredildi. Laýka uçurylmazdan öňürti gowy edilip synagdan geçirildi we taýýarlanyldy. Hasaplamalara görä, uçuş 7 gün dowam etmelidi.

1957-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Baýkonur kosmodromyndan kosmosa ilkinji gezek haýwan goýberildi. Ol Laýka atly itdi. Uçuş wagtynda Laýka ýeterlik iýmit bilen üpjün edildi. Laýkanyň ýürek urşy, dem alyşy, gan basyşy we hereketleri hünärmenler tarapyndan uzak aralykdan syn edildi. Ýöne gynansak-da, Laýka kosmos syýahatynyň dördünji gününde käbir sebäplere görä jan berdi. Şeýle-de bolsa, Laýka - Ýeriň daşyndan aýlanan ilkinji janly jandar hökmünde öz adyny taryha ýazmagy başardy.
17
111
atakulyyewa_humay
01.07.2023 19:28
Gündelik durmuşda jöwzaly tomus günlerinde, ýagynly howada ýygy-ýygydan peýdalanylýan saýawanyň gelip çykyşy öz gözbaşyny irki wagtdan alyp gaýdýar. Aslynda, geçmiş taryhda saýawan ýagyşdan, çygly howadan goranmak üçin däl-de, günüň güýçli şöhlesinden goranmak üçin oýlanyp tapylypdyr. Saýawan sözi «umbros» diýen latyn sözünden gelip çykyp, ol «kölege» diýen manyny berýär. Günden goraýjy ilkinji saýawanlar 4000 ýyl mundan ozal gadymy Müsürde döräpdir. Ilkinji saýawanlaryň ýasalyşy örän ýönekeýje hem sada bolupdyr. Saýawan 2 gatlakdan ybarat bolup, onuň ýokarky gatlagy palma agajynyň ýapragyndan ýasalyp, ol günden goraýjy wezipäni ýetiripdir, aşaky gatlagy bolsa ýapraklary saklamak üçin tutawaç taýakdan ýasalypdyr.

Saýawanlar ilkibaşda baý, ýokary gatlakdan bolan adamlar hem-de patyşalar, hanlar tarapyndan köp ulanylypdyr.

Ilkinji suwa çydamly saýawanlar Hytaýda XI asyrda ýüze çykypdyr. Ol saýawanlar ýüpekden taýýarlanylyp, baý hem gurply maşgalalar tarapyndan ulanylypdyr. Soňabaka bu saýawanlar Ýewropa ýurtlarynyň köpüsine ýaýrapdyr. Şol döwürlerde saýawanlar gadymy Gresiýada hem-de Italiýada zenan maşgalalar tarapyndan bezeg hökmünde ulanylypdyr. Saýawanlaryň ýapylyp açylmak mümkinçiligi hem bolupdyr. Ýöne şol döwür bu saýawanlar baý adamlar tarapyndan ulanylsa-da, olary hyzmatçylary göteripdir. Käwagtlar ýiti gün şöhlesinden goranmak maksady bilen saýawanlar at goşulan araba ýa-da paýtuna birikdirilipdir.

XVI-XVII asyrlarda Ýewropa ýurtlarynda saýawanlar giňden ýaýrap başlapdyr. Şol döwrüň saýawanlary ýüpek, deri, ýelek we gymmatbahaly materiallardan öndürilipdir. XVIII asyrdan başlap, ýagyş damjasyndan goranmak üçin saýawanlar gündelik durmuşda diňe bir zenanlar tarapyndan däl-de, erkek adamlar tarapyndan hem ulanylyp başlanypdyr. Täze tehnologiýalaryň, önümçiligiň ösmegi netijesinde täze önümler satuw bazarlaryna ornap başlapdyr we netijede gün saýawanynyň ýerine günden goranmak üçin başgaplaryň ýüze çykanlygy sebäpli saýawanlar ýagyşdan goranmak maksady üçin ulanylyp başlapdyr.
15
83
atakulyyewa_humay
01.07.2023 01:39
Ösümlik ýaglarynyň dürli görnüşleri häzirki wagtda azyklyk we beýleki maksatlar üçin giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda dükanlarda ösümlik ýagynyň gaty köp saýlawy bar, emma esasy zat hem, onuň haýsysyny saýlamalydygyny anyklamak möhümdir.

Zeýtun ýagy. Bedende holesteriniň ýokarlanmagyna garşy göreşýär, ýüregiň we gan damarlarynyň işini kadalaşdyrýar, bilelikde ulanylýan önümlerdäki ýokumly maddalaryň siňmegine kömek edýär.

Mekgejöwen ýagy. Merkezi nerw ulgamynyň işleýşini gowulandyrýar, dartgynlygy azaldyp, stresden dynmaga kömek edýär, görüş ulgamyny we immuniteti güýçlendirýär.

Künji ýagy. Aşgazan-içege ulgamynyň ähli organlaryna peýdaly täsir edýär, süňkleriň we dişleriň berkligini saklamaga ýardam edýär we endokrin ulgamyna we gormonal deňagramlylyga peýdaly täsir edýär.

Kädi ýagy. Dünýäniň iň gowy kädi ýagynyň henizem öndürilýän ýeri Awstriýa sebitidir. Kädiniň tohumlaryndan alnan ýag gormon işjeňligini ýola goýýar, şeýle-de ol sinkiň ajaýyp çeşmesidir. Kädi ýagy deriniň we saçyň saglygy üçin jogapkär bolan E witaminiň köp saklanýanlygy bilen hem peýdalydyr. Mundan başga-da, kädi ýagynda selen elementiniň köp mukdary bar, islendik ýaşdaky adamlarda immuniteti güýçlendirýär.

Kokos ýagy. Stenford uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren soňky gözlegleri kokos ýagynyň beýleki ösümlik we haýwan ýaglaryndan has gowudygyny, beden tarapyndan çalt siňdirilýändigini görkezdi. Häzirki wagtda satuwda kokos ýagynyň iki görnüşi bardyr. Arassalanan kokos ýagy ýokary temperaturada gyzdyrylanda-da, ýakymly süýji tagamyny we ysyny saklaýar, şonuň üçin çörek bişirmekde has ýaramlydyr.

Zygyr ýagy. Iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar, dezinfeksiýa häsiýetine eýe, gan damarlaryny arassalaýar we ýürek işini güýçlendirýär. Kosmetologiýada hem bejeriş maskalary üçin ulanylýar, ýöne ýag bilen iýmitlenmek derini nemlendirýär, dyrnaklary we saçlary güýçlendirýär. Iýmitleniş hünärmenleri zygyr ýagyny adam bedeni üçin kuwwatly önüm hasaplaýarlar. Ösümlik belogynyň mukdary boýunça ýaglaryň arasynda ol örän öňdedir. Omega-3, hatda balyk ýagyndan hem ýokarydyr.

Pagta ýagy. Pagta ýagynyň himiki düzümine B, E we PP witaminleri, doýmadyk we doýgun ýag kislotalary girýär. Olar öz gezeginde adam organizmini omega 3 bilen üpjün ediji bolup durýar. Pagta ýagy antioksidant hökmünde bolup ir garramakdan goraýar, immunitet ulgamyny güýçlendirýär we oňyn goraýyş we güýçli nerwleri üpjün edýär. Ýagly kislotalar ýaralaryň çalt bejerilmegine we çişmäniň sorulmagyna, süýji keseline, dermatit, allergiýa garşy göreşmäge we ýanmagy gowy bejermäge kömek edýär. Pagta ýagyna örän baý bolan fitosterollar, holesterini azaltmaga, miokard infarktynyň ösmeginiň öňüni almaga kömek edýär. Pagta ýagyny baýlaşdyryp ýakymly ys berýän efir ýaglarynyň düzümi çylșyrymly suwuklyklar bolup, ösümliklerde emele gelýärler we olaryň ysyny kesgitleýärler. Dünýä ekerançylygynda iň köp meýdany efir ýagly bägül, narpyz, lawanda, elwan geran, koriandr, muskat șalfeýi ekilen ýerler tutýar. Efir ýaglaryny ösümlikleriň ýaglary köp saklaýan böleklerini (köplenç, ösümlikleriň güllerini, seýregräk – köklerini, ýapraklaryny, pürlerini, baldaklaryny) suw bugy bilen gaýtadan işläp alýarlar. Efir ýaglary parfimeriýada iýmit önümçiliginde we lukmançylykda giňden ulanylýar.
30
197
atakulyyewa_humay
30.06.2023 12:52
«Test» sözi iňlis dilinden terjime edilende «synag», «barlamak» diýmegi aňladýar. Eýýäm birnäçe ýyllardan bäri haýsam bolsa bir dalaşgäriň belli bir işe laýykdygyny ýa-da laýyk däldigini kesgitlemek üçin synaglaryň dürli görnüşleri ulanylýar.

Gadymy Müsürde ruhanylar üçin ýörite synaglar geçiripdirler. Ilki bilen, hünärmenler ruhanylyga dalaşgäriň daşky görnüşine we bilim derejesine, gürlemek, diňlemek we dymmak ukybyna baha berdipdirler. Soňra bolsa ot bilen, suw bilen we ölüm howpy bilen dürli agyr synaglara sezewar edilipdir.

Gadymy Wawilonda ýazyjy bolmak isleýänleri synaglardan geçirilipdir. Dalaşgär owadan ýazmak ukybyndan başga-da, ilki bilen hukuk we matematika ugurlaryny gowy bilmelidi. Adam özüni näçe köp taraplaýyn görkezse (mysal üçin, botanika bilimini ýa-da aýdym aýtmak we saz gurallaryny çalyp bilmek ukybyny görkezmek), şol hem özüniň islegine ýakynlaşyp biler diýlip pikir edilipdir.

Harby meselelerde hem ýörite synaglar geçirilip, serkerde Gedeonyň aýgytly söweşden ozal goşunyny derýanyň boýuna getirip, ondan suw içmegi buýrandygy beýan edilýär. Suwdan teşne söweşijileriň käbiri aýaklary we elleri bilen suwa ýykylyp haýwan ýaly suwdan ganmak üçin içerdiler, beýlekileri bolsa bir elleri bilen suwy agzyna getirip emaý bilen suw içip, beýleki ellerini bolsa hüşgärligi ýitirmän elini ýaragdan sypdyrman suwdan içipdirler, şeýlelik bilen Gedeon özüne söweşde ýeňiş gazanmak üçin ösen elita güýç döredipdir.

Aleksandr Makedonskiý hem söweşijileriniň ýagdaýlaryny barlamagyň usulyny hem bilýärdi. Ýagny, täze saýlanan esgerleri ilki başda her hili usullar arkaly gaharyny getirip görüpdirler, gaharyndan ýaňa ýüzleriniň gyzaranlaryny Makedonskiý ýany bilen goşunyna alyp giderdi, çünki beýle adamlaryň batyr, gaýduwsyzdygyna ynanypdyr, emma ýüzlerini ap-ak bolanlary bolsa, derde ýaramajak esgerler hökmünde garalypdyr.

XIX asyryň ahyrynda psiho-diagnostika - şahsyýet aýratynlyklaryny barlamak üçin ylmy usullary ösdürmek ylmy psihologiýa ösüp başlaýar. Ylmy synaglary esaslandyryjylar 1884-nji ýylda iňlis alymy Frensis Galton we Amerikaly Jeýms Kattelldir. Olar adamlara pul tölegi hödürläp öz laboratoriýasynda adamlaryň reaksiýasynyň tizligini, görüş ýitiligini, el güýjüni, harplary, sözleri we reňkleri ýatda saklamak ukybyny, ünslüligini öwrenýärler. Bu maksatnama boýunça takmynan 10,000 golaý adamlar bilen söhbetdeşlik geçirilip, analiz edilipdir.

Gözlegleriň netijeleri, alymlar tarapyndan obýektiw psiho-fiziologiki synaglar üçin esas hökmünde goýlupdy. Şunlukda Kattell adamyň psihologiki aýratynlyklaryny öwrenmäge we adaty synag prosedurasynyň ösdürilmegine uly üns berip «test» sözüni teklip etdi. 1990-njy ýyllarda Kattell takmynan 50 dürli testler üçin soraglar düzdi. Kattelliň bu testleri häzirki döwürde hem psihologlar we psihiatrlar tarapyndan giňden ulanylýar.

20-nji asyryň başynda, fransuzlar Binet we Simon akyl başarnyklaryna - aňyň ölçeg derejesine baha bermek üçin testleri işläp düzdüler we bu bolsa adamlaryň intellektual derejesiniň ösüşi gün saýyn ösüp başlady.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda ýönekeýden başlap, çylşyrymly derejesine çenli birnäçe ýüz soragdan ybarat bolan dürli-dürli testler döredildi we olaryň netijeleri barlanyldy. Mekdep tejribesinde, goşunda we hünär saýlamagyň islendik ugrunda ulanmak gaty amatlydygy ýüze çykaryldy.
20
198
atakulyyewa_humay
30.06.2023 01:07
Adam bedeninde beloklar dokumalaryň gurluşyk materialydyr. Biologiki amallary we metabolik reaksiýalary (gormonlar, fermentler) kadalaşdyrýar, immuniteti üpjün edýär we möhüm molekulalaryň (gemoglobin) göterijileridir. Mundan başga-da, beloklar beden üçin ätiýaçlyk energiýa çeşmesidir. Beloklar gündelik beden işjeňligi üçin harçlanýar we günde takmynan 300-400 gr belok bolan sintez edilýär. Käbir beloklar metabolizm wagtynda bedenden çykarylýar. Şonuň üçin gündelik iýmitiň düzümi belok bilen üpjün edilmelidir. Häzirki wagtda bedende beloklaryň sintezi üçin 20-den gowrak aminokislotalar bellidir. Adam bedeninde aminokislotalarynyň köpüsi sintez edilýär, ýöne olaryň 9-sy sintezlenmeýär, şonuň üçin olary gündelik iýmit bilen üpjün edilmegi zerurdyr.

Her gün näçe belok kabul etmeli?

Sarp edilýän belogyň mukdary optimal beden agramynyň 1 kilogramy üçin 1 gram hasap edilýär. Sarp edilýän belogyň mukdaryna üns bermek möhümdir. Ýarysy ösümlik belogyndan, galan ýarysy bolsa haýwan proteininden bolmaly. Islendik ýaşda hem ýeterlik belok iýmek örän möhümdir, sebäbi belok myşsalaryň hereket etmegi üçin zerurdyr. Şeýle-de islendik dartgynly ýagdaýda has köp belok sarp edilýär. Yzygiderli sport bilen meşgullanýanlar üçin 0,85 g / kg-dan 1,4 g / kg-a çenli sarp etmek maslahat berilýär. Bir adam sport bilen işjeň meşgullanýan we beden agramyny artdyrýan bolsa, onda sarp edilýän belok mukdary 1,5 g / kg-a çenli artdyrylyp bilner. Fiziki taýdan işjeň adamlar has köp belok talap edip bilerler, ýagny 2,5-3 g / kg. Belok haýwanlarda we ösümlik önümlerinde bolýar. Haýwan belogy (et, balyk, ýumurtga, süýt we süýt önümleri) aminokislotalaryň tutuş toplumyny öz içine alýar. Ösümlik esasly beloklarda bolsa (mekgejöwen, soýa, nohut, nohut, bugdaý, süle, hoz, kwino we ş.m.) bir ýa-da birnäçe möhüm aminokislotalaryň ýetmezçiligi bolup biler. Mysal üçin, mekgejöwende metionin we sistein ýok. Şeýle-de bolsa, adam dürli ösümlik önümlerini iýse, ähli zerur aminokislotalary alýar.

Hünärmenler kabul edilýän belogyň 50% haýwan belogy we 50% ösümlik gelip çykyşly bolmagyny möhüm diýip hasaplaýarlar. Ösümlik önümlerinden belok bilen birlikde, içege mikrobiotasynyň, uglewodlaryň we ýaglaryň sintezi üçin zerur bolan iýmit süýümini, antioksidantlary we minerallary alýarlar. Haýwanlardan gelip çykýan belok önümlerden, doýgun ýaglar, holesterin, demir, sink we B12 witamini bedene girýär.

Belogyň kabul edilişini günüň dowamynda nädip paýlamaly?

Beloklary ertirlik, günortanlyk we agşamlyk nahary üçin iýmek iň amatly, her naharda beloklary birmeňzeş böleklere bölmek islenýär. Şeýlelik bilen önüm artykmaç ýüklenmezden doly siňdirilip bilner. Beloklaryň köp kabul edilmegi çişmä sebäp bolup biler. Belok iýmitleri, mümkin bolsa, her nahara, esasanam ertirlik naharyna goşulmalydyr. Agşamlyk nahary üçin gök önüm beloklaryny, ýumurtga, balyk ýa-da deňiz önümlerini gök önümler bilen birleşdirip ileri tutmak has gowudyr.
19
88
atakulyyewa_humay
29.06.2023 16:40
Häzirki wagtda durmuşymyzda gündelik ulanylýan kanselýar serişdesi bolan «stepler» Fransiýada döräpdir. Ilkinji stepler XVIII asyrda Fransiýanyň koroly Lýudowik XV üçin niýetlenip ýasalýar. Fransuz koroly Lýudowik XV stepleri ilkinji bolup ulanan adam hasaplanýar. Stepler diňe şa köşgünde bolupdyr. Ýöne XIX asyrda kagyzyň giňden ulanylyp başlamagy bilen, diňe şalar, hökümdarlar üçin däl eýsem her bir edaralarda hem gerekli zada öwrülipdir.

1867-nji ýylda Jorj Makgil kagyzlary baglamak üçin ýasan berkidijisi üçin tassyknama alýar. «Stepler» sözi 1909-njy ýylda ulanyşa girizilýär. Şol wagta çenli ony «berkidiji» diýip atlandyrypdyrlar. 1914-nji ýylda bu kanselýariýa enjamy ABŞ-nyň birnäçe şereketinde peýda bolýar. Şonda oňa «stepler» diýen ady berlipdir. 500 adamdan ybarat bolan iş edaralaryna bir stepler ýeterlik hasaplanypdyr. 1923 -nji ýylda «Boston Wire Sticher Co» şereketiniň öndüren stepleri ýönekeýligi bilen tapawutlanypdyr we uly meşhurlyga eýe bolupdyr.

Häzirki wagtda stepleriň ululy-kiçili dürli görnüşleri bardyr. Onuň iň ululary 250 sahypany berkitmäge niýetlenendir. Kanselýar enjamy bolan «stepler» häzirki wagtda dünýäniň islendik künjeginde hem amatly we elýeter bahadan satylýar.
33
218
atakulyyewa_humay
29.06.2023 02:26
- Taryhda ilkinji ensiklopediýa Spewsipp tarapyndan b.e.öňki 348-nji ýylda taýýarlanypdyr. Onuň taýýarlan ensiklopediýasynda Platonyň taryh, pelsepe, matematika baradaky pikirleri beýan edilipdir. Spewsipp öz ensiklopediýasyna Aristoteliň hem belliklerini girizipdir.

- Taryhda ilkinji gezek «barmak yzy» boýunça barlag işi resmi ýagdaýda 1901-nji ýylda Angliýada geçirilipdir.

- Taryhda ilkinji metro 1863-nji ýylda Londonda ulanylyp başlapdyr. Soňra 1870-nji ýylda ABŞ-yň Nýu-Ýork şäherinde, 1875-nji ýylda Stambul şäherinde ulanylyp başlanypdyr. Dünýäniň iň uzyn metro ulgamy 1995-nji ýylda Şanhaýda işe girizilen metro ulgamy bolup, onuň uzynlygy 588 km-dir.

- Taryhda bize mälim bolan ilkinji sirk binasy b.e.öňki VI asyrda gadymy Rimde gurlan «Sirkus Maksimus» binasydyr. Bu sirk binasy beýik diwarly, stadiona meňzeş «U» şekilli bolupdyr. Ol ýerde araba tirkegli atlaryň ýaryşy geçirilipdir. Şondan soň Ýuliý Sezar tarapyndan b.e.öňki I asyrda 150 müň tomaşaçy ýerleşer ýaly sirk binasy ulaldylyp, ol öz döwrüniň iň uly sirki hasaplanylýar.

- Taryhda ilkinji tozan sorujy 1901-nji ýylda angliýaly inžener H. Cecil Booth tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Emma onuň ýasan tozan sorujysy öý üçin däl-de, önümçilik ýerlerini arassalamak üçin niýetlenen uly awtomaşyn görnüşinde bolupdyr.

- Taryhda ilkinji sagady miladydan öňki 4000-3500-nji ýyllarda müsürliler oýlap tapypdyr. Olar günüň düşüşine görä dik duran jisimiň emele gelýän kölegesine seredip, wagty hasaplapdyrlar.

- Ilkinji hat ýazuwy geçmişde Mesopotamiýada ýaşap geçen şumerler tarapyndan 5 müň ýyl mundan ozal oýlanyp tapylypdyr. Ilkinji hat ýazuwy «şinehat» diýlip atlandyrylypdyr. Ilkinji iýeroglif hat ýazuw görnüşi hem b.e.öňki 3200-2950-nji ýyllarda Müsürde oýlanyp tapylypdyr.

- Taryhda ilkinji gezek kofe biziň eýýamymyzyň 1000-nji ýylynda Efiýopiýanyň Galla taýpasy tarapyndan içmäge niýetlenip, oýlanyp tapylypdyr. Olar kofe dänejiklerini döwüp, oňa haýwan ýagyny goşup içgi ýasapdyrlar.

- Ilkinji ýol yşygy ulaglaryň peýda bolmazyndan has irki wagtda, 1868-nji ýylda Londonda ulanylyp başlanýar. Ol şol wagt atlar we at arabalary üçin niýetlenipdir.

- Taryhda hat ýazmak üçin niýetlenen ilkinji galam b.e.öňki 1000-nji ýyllarda Hytaýda oýlanyp tapylypdyr. Häzirkizaman syýa galamy bolsa ilkinji gezek wengriýaly oýlap tapyjy heýkeltaraş we žurnalist Lazlo Biro tarapyndan 1930-njy ýylda ýasalypdyr.

- Taryhda ilkinji fotoapparat 1826-njy ýylda fransiýaly Žozef Nisefor Nieps tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Onuň bu düşüren suraty 8 sagatlap garaňky otagda saklanandan soň, arassa görnüpdir. Taryhda düşürilen bu ilkinji surat ABŞ-yň Tehas uniwersitetiniň kitaphanasynda häzir hem saklanýar.

- Taryhda ilkinji metal puly miladydan öňki VII asyrda günbatar Anadolyda oýlanyp tapylypdyr. Ol pul teňňe görnüşinde bolup, mis, kümüş we altyn garyşdyrylyp ýasalypdyr. Ilkinji kagyz puly bolsa biziň eramyzyň 806-njy ýylynda hytaýlylar ulanyşa girizipdirler.
17
92