atakulyyewa_humay
08.07.2023 08:52
Wagty mehaniki sagatlara garanyňda has takyk ölçeýän "quartz" sagatlary, agyrlyk güýjüne baglylykda dürli mukdarda "quartz" kristallaryny özünde jemleýär. "Quartz" türkmençä terjime edileninde "kwars" diýmegi aňladýar. Ilkinji kwars sagatlaryny 1927-nji ýylda Warren Marrison we J.W.Horton oýlap tapdy. Kwars sagady aslynda batareýaly sagat bolup, senagat öwrülişiginden soň durmuşymyza girdi.
1980-nji ýyllardan bäri gaty berk gurluşly elektronikalaryň ösüşi sagatlaryň ykjam we arzan bolmagyna mümkinçilik berdi we kwars kristally wagt ölçeýjiler dünýäde iň köp ulanylýan wagt tehnologiýasyna öwrüldi.
Himiki ady kremniýniň dioksidi (SiO2) bolan Kwars, dünýädäki gaýalaryň we çägeleriň köpüsinde köp duş gelýän birleşmedir. Kristal gaty takyk ýygylyk signalyny döredýär, şonuň üçin kwars sagatlary wagty mehaniki sagatlara garanyňda iň azyndan bir dereje takyk ölçeýär.
Kwars kristaly her sekuntda 32,768 gezek yza we öňe hereket edýär. Sanly logikanyň käbir görnüşleri bu signalyň sikllerini hasaplaýar we wagtyň san taýdan görkezilmegini üpjün edýär, adatça sagat, minut we sekunt birliklerinde.
Kwars kristaly elektrik energiýasyna sezewar bolanda, göýberilen yrgyldy kinetiki energiýa, soňra bolsa elektrik energiýasyna öwrülýär. Bu energiýanyň kömegi bilen, sanalýan wagt elektrik energiýasyny kadalaşdyrýar we basgançak hereketlendirijisine iberýär we aýlaw hereketi üpjün edilýär. Kwars sagatlary 7 ýylyň içinde häsiýetlerini ýitirýär we işlemesini bes edýär ýa-da haýallaýar.
19
56
atakulyyewa_humay
07.07.2023 08:33
Durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrülen sowadyjy XX asyryň başynda, ýagny 1900-nji ýyllarda azyk we şuňa meňzeş iýmitleri uzak wagtlap saklamak üçin oýlanyp tapyldy. Geçmişden häzirki güne çenli ösýän tehnologiýanyň hödürleýän aýrylmaz önümlerinden biri bolan sowadyjylar, iýmitleri täzeligine we içgileri bolsa sowuklygyna saklaýar. Şu nukdaýnazardan, hem sowadyjylar durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Eýsem, sowadyjylar oýlanyp tapylmazyndan ozal iýmitler nädip saklanypdyr? Geliň, bu soraga jogap tapalyň!
Birnäçe ýyllar hat-da asyrlar öň adamlar iýmitleri uzak wagtlap saklamak üçin olary guradypdyrlar ýa-da kakadypdyrlar. Munuň üçin olar, gün şöhlesinden ýa-da oduň tüssesinden peýdalanypdyrlar. Iýmitleri guratmak ýa-da kakatmak bolsa bakteriýalaryň çygly gurşawda köpelmeginiň öňüni alypdyr.
Sowuk ülkelerde bolsa adamlar iýmitleri gara, buza gömüp saklapdyrlar. Birnäçe wagtyň geçmegi bilen adamlar ýeri çuň gazyp iýmitleri ýeriň topragynyň çig ýerine gaplara salyp gömmek usulyny oýlap tapypdyrlar. Ýere gömülen iýmitler kislorod we ýylylyk barmansoň uzak wagtlap saklanypdyr. Mundan başga-da, batgalyklaryň, kölleriň gyralary iýmit saklamak üçin oňaýly ýerler bolupdyr.
Wagtyň geçmegi bilen adamlar iýmit saklanylýan ýörite buzly ammarlary ýasapdyrlar. Ammarlar öýe meňzeş, aşak bölegi buz bilen örtülen bolupdyr. Iýmitler bu ammarlaryň üstki böleginde saklanypdyr. Emma buz wagtyň geçmegi bilen tiz eräpdir. 1800-1900-nji ýyllarda gök we bakja önümlerini duzlanan görnüşde gaplap saklamak usuly oýlanyp tapylypdyr. Bu bolsa iýmitleri uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik beripdir. Et we et önümlerinde hem duzlanyp saklamak oňaýly netije beripdir.
21
52
atakulyyewa_humay
05.07.2023 00:38
Ösümlikler dünýäsi hem özüniň owadanlygy we täsinligi bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Ýagny, medeni ösümlikler adamlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän bolsa, ýabany ösümlikler tohumlary ýa-da kökleri arkaly tebigy usulda köpelýärler. Geliň, bu usullar bilen tanyş bolalyň!
Ýel. Köp ösümlikleriň tohumy ýeňil tozgajykda ýa-da gabygyň içinde ýerleşip, bişen tohumlary şemal arkaly uzak aralyga gidýär. Şeýlelikde, tohumyň ýel arkaly agaçdan biraz uzaga düşmegine sebäp bolýar. Bu usul arkaly köpelýän ösümlikleriň köp mukdarda tohumy bolýar.
Ýarylmak. Ösümlikleriň käbiri ýarylmak arkaly köpelýär. Ýagny, ösümlikleriň miwesi ýa-da kösügi bişenden soňra ýarylyp, miwäniň içindäki tohumlar uzak aralyga atylyp gidýär.
Pytanaklar. Ösümlikleriň käbirleriniň tohumynyň daşynda tikenler bolup, bu tikenler haýsy-da bolsa bir jandaryň ýüňüne ýapyşýar. Şeýlelikde, tohum başga ýerde gaçyp galýar we bu ösümligiň tohumlarynyň uzak aralykda gögermegine sebäp bolýar.
Suw. Köp ýerlerde derýadyr ýaplaryň boýunda ösüp oturan ösümlikleriň tohumy suwa düşüp, uzak aralyga gidýär we ol ýerde düýp tutýar.
Unudylan tohum. Tokaý jandarlary hem tohumlary iýmek üçin ýere gömüp goýýarlar. Emma, olar tohumy nirä gömendiklerini unudýarlar. Netijede, geljek ýyl ol ýerde täze nahal peýda bolýar.
Ýeriň dartyş güýji. Käbir ösümlikleriň tohumy wagty gelip, bişenden soňra ýere gaçyp tohum dürli howa şertleri sebäpli topraga garylýar. Şeýlelikde, gyş paslynyň tamamlanmagy bilen tohum howa maýlanda gögerip çykýar.
Guş. Ösümlikleriň köpelmegine guşlar hem sebäp bolýandyr Ýagny, guşlar ösümligiň tohumyny iýip, soňra bolsa ony başga ýerde taşlaýar. Mundan başga-da, käbir ösümlikleriň tohumlary guşlaryň aýaklaryna we perlerine ýapyşyp başga ýerde gaçyp galýar.
26
290
atakulyyewa_humay
04.07.2023 13:05
Yrymlar, ähli dinde we halkda bar bolup, dürli görnüşlerde duş gelýär. Yrymlar - weliliklere esaslanýan ynançlardyr. Yrymlar ýa-da ynançlar – bilimsizlikden, ylmy we tebigy hadysalara ýalňyş (nädogry) düşünmekden, ykbala ýa-da jada (palçylyga) ynanmakdan, bilinmeýän zatlar bilen baglanyşykly nämälim gorkudan döreýän amallardyr.
Ine, halk arasynda giňden ýaýran yrymlar:
Oda suw dökmek: Dürli ýaýran ynançlara görä, oda suw döküp öçürmek erbet ruhlary herekete getirýär. Muny eden adam ruh tarapyndan urulýar we ömrüniň ahyryna çenli hassa bolup galýar.
Injir agajynyň aşagynda ýatmaly däl: Injir agajy yrymlarda iň köp duş gelýän agaç görnüşidir. Injir agajynyň aşagynda uklaýan adamlaryň yzyna «Iblis» (şeýtan) düşüp, onuň başyna erbetlikleri duçar etjekdigine we haýal etmän janyny aljakdygyna ynanylýar.
Itiň uwlamagy betbagtlyk getirýär: Köp ýurtlarda uwlaýan it betbagtlygyň alamaty hökmünde kabul edilýär. Halk arasynda «Azan okaljak wagty» uwlaýan itiň töwereginden ýa-da golaýyndan hökman biriniň jynazasy çykýar diýlen ynanç bar.
Guşlaryň üstüňe tezeklemegi (syçmagy): Islendik haýwanyň tezegi eşige ýokanda ýa-da degende adamlar biynjalyk bolýarlar. Emma guşlar tezeklese muny adamlar şowlulyk hökmünde görýär we begenýärler.
Gara pişik: Esasanam gije golaýlaberende (gündiz hem) öňüňden gara pişik geçende onuň betbagtlyk getirjegine ynanylýar. Bu ynanjyň taryhy orta asyrlardan gaýdýar.
Aýaň (eliň içiniň) gijelemegi: Halk arasynda sag eliň aýasy gijese puluň geljegine, tersine çep eliň aýasy gijese bolsa puluň gitjekdigine ynanylýar.
Göz monjugy: Halk arasynda erbet gözli adamlaryň, esasanam gök gözli adamlaryň erbet gözüniň bardygyna, olar seretse gözüň degýändigine ynanylýar. Munuň öňüni almak üçin bolsa göz monjuklary ulanylýar.
Ilkinji söwdanyň puly: Bu yrym esasanam söwdagärleriň arasynda gaty ýaýran. Ýagny olar güne başlan ilkinji söwdasynyň puluny ýere zyňdyryp alýar ýa-da ony dükanyň içindäki harytlaryň üstüne aýlap çykýar. Olar muny etmek bilen şu günüň bereketli, has söwdaly gün boljakdygyna ynanýarlar.
At naly şowlulyk getirýär: Halk arasynda at nalynyň öýüň girelgesinde diwara asylmagy şol öýde ýaşaýanlara şowlulyk getirjegine ynanylýar.
Gulagyň şyňlamagy: Adatça duýdansyz sag gulak şyňlasa şowlulyk, gowy habar, çep gulak şyňlasa betbagtlygyk, erbet habar geler diýlip yrym edilýär.
Döwülen aýna: Döwülen aýnanyň 7 ýyllyk betbagtlyk getirjegine ynanylýar we ol zyňylýar.
Asgyrmak: Gadymy gelip çykyşy bolan we dünýäniň köp ýurtlarynda ulanylýan bu ynanç, kimdir biri asgyranda «Sagdyn ýaşa!», «Uzak ýaşa!», «Sabyr et» «Arzuwyňa ýet!» ýaly ýagşy arzuwlar, gowy sözler aýdylýar.
Agaç materillara eliňi kakmak: Erbet bir zat agzalsa ýa-da erbet zatlar barada gürrüň edilende, şeýle zadyň özüňde bolmazlygy, gaýtalanmazlygy üçin agaçdan ýasalan materillara el kakylýar. Muňa köp adamlar ynanýar we giňden ulanylýar.
Saýawan: Birnäçe adamlar öýde saýawan açmagyň betbagtlyk getirýändigine ynanýar.
Ýyldyz süýnmegi: Halk arasynda ýyldyz süýnse biri aradan çykdy diýlip ynanylýar we «çöpe-çöre!» diýip 3 gezek gaýtalanýar. Emma käbir ýerde bolsa bu şowlulyk hökmünde kabul edilýär we ýyldyz süýnen badyna arzuw edilýär.
40 gün: Täze doglan çaga, kyrk gün bolýança öýde saklanylýar. Halk arasynda oňa göz degmeginden şeýle-de jynlaryň, şeýtanlaryň täsirine düşmeginden gorkulýar we alada edilip kyrk gün öýde saklanylýar (çileden çykarylýar).
Gije dyrnak almak: Halk arasynda gije ýa-da hepdäniň belli günleri dyrnak almagyň erbetlik, şowsuzlyk, betbagtlyk getirýändigine ynanylýar.
15
68