atakulyyewa_humay
05.10.2023 07:32

Dünýäde her döwletiň öz gürleýän dili bardyr. Biziň her birimizde haýsy-da bolsa daşary ýurt dilini öwrenmek islegi bar. Emma biz muňa wagt aýyrmaýarys, wagtymyzy başga zatlara sarp edýäris. Aslynda, hytaý dili örän kynlygy bilen tapawutlanýar, munuň bilen hytaýlylar hem ylalaşýarlar. Emma muňa garamazdan, islegiňiz bolsa öwrenip bolar. Hytaý dilini öwrenmekde birnäçe maslahatlar:


Dil bilen günde meşgullanyň. Bu örän möhümdir. Gündelik tejribe bolmazdan öwrenmek mümkin däl. Şonuň üçin her gün 20 minut wagt dil bilen meşgullanmak peýdaly bolar.


Taýýarlygyň tertibini düzüň. Dil öwrenýän wagtyňyz kynçylyk ýüze çykar we bu taýýarlygy başga wagta geçirmek islärsiňiz ýa-da soň okaryn diýip pikir edersiňiz. Munuň ýaly ýagdaý ýüze çykmazlygy üçin özüňize gün tertibini düzüň we okamaga wagt aýryň.


Kynçylyklardan gorkmaň. Siz hytaý dilini öwrenip başlanyňyzda birnäçe täze informasiýa kabul edýärsiňiz: birnäçe täze sözler, äheňler we iýeroglifler. Iýeroglifleriň manysyna düşünseňiz ýatda saklamak has ýeňilleşer.Wagt geçdigiçe ýatda saklamak aňsatlaşar we birnäçe sözlere düşünip başlarsyňyz.


Hytaý diline bolan söýgiňizi artdyryň. Dil öwrenmek üçin iň gowy itergi çyn ýürekden gyzyklanmakdyr. Munuň bilen öz-özüňizi okamaga mejbur etmeli bolmaz we täze sözleri, iýeroglifleri diňe bir okuw kitaplaryndan däl, eýsem dürli çeşmelerden öwrenersiňiz. Ondan başga-da, telewizorda gepleşiklerini görmäge, hytaý aýdymlaryny diňlemäge we edebiýat okamaga synanyşyň. Iň esasy hem hytaý diline bolan islegiňizi ýokarlandyryň we özüňize ynanyň, ýalňyşmakdan gorkmaň, adamlar ýalňyşmak arkaly öwrenýär.

20
53
atakulyyewa_humay
04.10.2023 21:46

Pe­kin şä­he­ri­ne gel­ýän­ler üçin Be­ýik Hy­taý di­wa­ry­na ba­ryp gör­mek däp bo­lan ýö­rel­ge­dir. Üç bö­lek­den yba­rat Be­ýik Hy­taý di­wa­ry­nyň Si­ma­tai bö­lü­min­de gi­je­ki ge­ze­lenç­ler gu­ral­ýar. Si­ma­tai be­ýik di­wa­ry Mi­ýun şä­he­ri­niň de­mir­ga­zy­gyn­da, Pe­ki­niň mer­ke­zin­den, tak­my­nan, 120 ki­lo­metr uzak­lyk­da, Gu­bei­kou­da­ky Be­ýik di­war bö­le­gi­ne ýa­kyn ýer­de ýer­leş­ýär. Py­ýa­da ýö­riş Zhuan­duo di­ňin­den baş­la­nyp, Baş di­ňi, Uly Jin­şan di­ňi, Gül di­ňi, Burç di­ňi ýa­ly bir­nä­çe diň­le­ri gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu ýer­de 6 sa­gat­lyk «Si­ma­tai Great Wall» we «Gu­bei Wa­ter Town» ýa­ly gi­je­ki ge­ze­lenç­ler gu­ra­lyp, sy­ýa­hat­çy­lar Gu­bei suw şä­her­çe­si­niň aja­ýyp keş­bin­den hem-de ýyl­dyz­la­ry bi­len lo­wur­da­ýan as­ma­nyň owa­dan­ly­gyn­dan lez­zet al­ýar­lar.


Sy­ýa­hat­çy­la­ryň gi­je­ki geç­jek ýo­ly çy­ra­lar bi­len ýag­ty­lan­dy­ry­lyp, howp­suz­lyk çä­re­le­ri göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. 3 ýaş­dan ki­çi ça­ga­la­ra we 80 ýaş­dan uly sy­ýa­hat­çy­la­ra Be­ýik Hy­taý di­wa­ry­na çyk­mak­ly­ga rug­sat be­ril­me­ýär. Şeý­le hem ýa­gyş­ly, gar­ly we şe­mal­ly gün­ler bu ýer­de ge­ze­lenç­ler gu­ral­ma­ýar.

Be­ýik Hy­taý di­wa­ry Hy­ta­ýyň de­mir­ga­zy­gyn­da ýer­leş­ýän dün­ýä­dä­ki iň uly ýa­dy­gär­li­kle­riň bi­ri­dir. Uzyn­ly­gy, tak­my­nan, 21 müň 196 ki­lo­metr bo­lup, bir­nä­çe asyr­la­ryň do­wa­myn­da gu­rul­ýar. Bu ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik 1987-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na, şeý­le hem 2007-nji ýyl­da «Dün­ýä­niň ýe­di tä­sin­li­gi­niň» sa­na­wy­na go­şul­ýar.

27
159
atakulyyewa_humay
04.10.2023 09:39

Ça­ga­lar üçin ýy­lyň-ýy­ly­na gy­zyk­ly güý­men­je­ler oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Şeý­le gy­zyk­ly güý­men­je­le­riň bi­ri bolan sa­mo­katyň gy­zyk­ly ta­ry­hy bar. XIX asy­ryň ahy­ryn­da Ýew­ro­pa­da ça­ga­la­ryň aýa­gy­na ýe­ten şi­kesiň çalt bit­me­gi üçin sa­mo­ka­tyň il­kin­ji nus­ga­sy oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Tag­ta­nyň her uju­na ti­gir­çek­le­r otur­dy­lyp, oňa tu­ta­waç­ly di­reg ber­ki­dil­ýär. Aýa­gu­la­gyň bu ýö­ne­keý gör­nü­şi­ni hem­me­ler ha­lap­dyr. Şeý­le­lik­de, XX asy­ryň baş­la­ry­na hä­zir­ki sa­mo­kat­la­ra meň­zeş nus­ga iş­le­nip dü­zül­ýär. Öň di­ňe gö­ni ýol­da sü­rüp bol­ýan sa­mo­kat­lar, soň­ra aý­law­ly ýo­da­lar­da sür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän 45 gra­dus öw­rüm­li tu­ta­waç bi­len kä­mil­leş­di­ril­ýär. Sa­mo­ka­tyň tu­ta­wa­jy­ny sa­ga, çe­pe ýa-da özü­ňe çek­mek ar­ka­ly aý­law­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­rip bol­ýar. Şeý­le hem öň­ler sü­rüp bar­ýan wag­tyň sak­lan­mak­da kyn­çy­lyk­ ýü­ze çy­kan bol­sa, soň­ky ýyl­lar­da ar­ka ta­ra­pyn­da­ky ti­gir­çe­giň üs­tün­den ba­s­ýan tog­ta­dy­jy or­naş­dy­ryl­ýar. Il­ki­baş­da ça­ga­la­ra ni­ýet­le­ni­lip taý­ýar­la­nan sa­mo­kat­la­ryň soň­lu­gy bi­len ulu­la­ra ni­ýet­le­nen gör­nüş­le­ri peý­da bol­ýar. 1930-njy ýyl­lar­da ula­gyň bu gör­nü­şi köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­ri­lip, ýan­gyç tyg­şyt­la­mak mak­sa­dy bi­len ula­ny­şa goý­be­ril­ýär. Il­ki­baş­da mo­tor­ly gör­nüş­le­ri­niň meş­hur bo­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, soň­ra sa­mo­ka­tyň aýak bi­len he­re­ke­te ge­ti­ril­ýän nus­ga­sy ýör­gün­li bol­ýar. Sa­mo­kat­la­ryň önüm­çi­li­gi 1940-1950-nji ýyl­lar­da has-da art­ýar. 1974-nji ýyl­da «Pat­mont Mo­tor Werks» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li Stiw Pat­mont elekt­rik to­gy bi­len ýö­re­ýän «Go-Ped» sa­mo­ka­ty oý­lap tap­ýar we pa­tent al­ýar. Elekt­rik ener­gi­ýa­ly sa­mo­kat­lar iň köp sa­tyn al­nan ulag se­riş­de­le­ri­niň bi­ri bol­ýar. 1998-nji ýyl­da üç ti­gir­li sa­mo­kat­lar peý­da bol­ýar. 2000-nji ýyl­lar­da sa­mo­kat önüm­çi­li­gin­de bir­nä­çe bäs­deş­ler ýü­ze çy­kyp, bir mil­li­on sa­mo­kat sa­tyl­ýar. Şol ýyl­da sa­mo­kat ön­dü­ri­ji­le­riň kö­pel­me­gi bi­len, bu ula­gyň mo­tor­ly, elekt­rik ener­gi­ýa­ly, dür­li reňk­li nus­ga­sy iş­le­nip dü­zül­ýär.


Sa­mo­kat sür­me­giň peý­da­sy

Be­de­niň de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny saz­la­ýar. Sa­mo­kat bir aýak­da dik du­rup, beý­le­ki aýa­gyň bi­len he­re­ke­te ge­tir­mek ar­ka­ly be­de­niň çe­ýe­li­gi­ni art­dyr­ýar.

Myş­sa­la­ry ös­dür­ýär. Sa­mo­ka­ty he­re­ke­te ge­tir­mek üçin myş­sa­lar dart­gyn­ly ýag­daý­la­ra se­ze­war bol­ýar. Bu myş­sa­la­ryň tap­lan­ma­gy üçin uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Ne­ti­je çy­kar­ma­ga kö­mek ed­ýär. Sa­mo­kat sü­re­niň­de öw­rüm­den, öňüň­dä­ki päs­gel­çi­lik­den nä­dip geç­me­li di­ýen so­rag­lar­da ün­süň jem­len­ýär. Bu ýag­daý pi­kir­len­mek uky­by­ny ös­dü­rip, çalt ne­ti­je çy­kar­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Dost­la­ryň bi­len ys­nyş­dyr­ýar. Sa­mo­kat­da ýe­ke ge­ze­lenç ede­niň­den, köp­çü­lik bo­lup aý­lan­mak has gy­zyk­ly bol­sa ge­rek. Şeý­le ýag­daý­da gür­rüň­ler edip, so­rag-jo­gap alyş­mak ar­ka­ly deň-duş­la­ryň bi­len dost­la­şyp, wag­ty­ňy gy­zyk­ly we peý­da­ly ge­çi­rip bol­ýar.

22
24
atakulyyewa_humay
03.10.2023 17:55

“Garyplyk, ýoksullyk” diýenimde maddy taýdan ýeter-ýetmezligi, mätäçligi göz öňünde tutamok, ol zatlardan gaça durmaklyk, ol zatlara kowalaşmazlyk nesihat ýa ündew etmezden hem düşnükli, aýdyň zat. Men medeni, aň-düşünje, sowat-bilim taýdan garyplygy göz öňünde tutýaryn. Bu babatda az zat bilen kanagat etjek bolma, maglumat goruňy baýlaşdyrmak islegine we zähmetine asla ýaltalyk etme. Küti-küti kitaplaryň, žurnallaryň, gazetleriň, internet sahypalarynyň içine siň, guwwas deýin çüm, dür tapman hem yzyňa dolanma. Seniň maglumat goruňy, ylym-bilimiňi baýlaşdyrjak zatlara yhlas bilen çemeleş. Şonuň bilen birlikde öz ummasyz pikirleriňi, düşünjeleriňi, ylhamlaryňy hem belläp al.


Käbir adamlar özünde bar bolan mümkinçiligi artdyrmak, ukyp-başarnygy kämilleşdirmek üçin baş galdyranoklar. Olar hemişe dar çygyrda ýaşap, şol bir duýgy bilen gezip ýören ýaly görünýär. Olaryň pikir-düşünjesi, gyzykly pikir alyşmalar üçin gerek bolan gözýetimleri giňelmeýär. Megerem, pikir gurluşlary, pikir binalary başga hili hereket etmäge mümkinçilik bermeýän bolarly.


Ýogsamam, bar küýi-pikiri seýilgählerde, barlarda, kafelerde, internet saýtlaryndaky gürrüňlerden ybarat bolsa, olar neneň ýaşap ýören döwri we dünýäsi bilen deň, aýakdaş ýöresinler, beýlekiler bilen neneň medeniýetli, salykatly söhbet etsinler? Ýekeje gün hem olaryň elinde kitap görmersiň, ýa-da bir gün nähilidir bir zat hakda çynlakaý oýlanyp, pikir edip durandygyna gözüň kaklyşmaz.


Şeýle adamlar bilen söhbetdeş bolanymda, olar köplenç maňa synaga giren we ýylandan başga hiç zat hakda bilmeýän talybyň gününi ýadyma salýar. Ol talypda ýylanlar hakda baý maglumat gory toplanypdyr, ýöne durmuş meselesi diňe ýylanlaryň kesgitlemesi bilen çözülmeýär.


Synagda oňa piller hakyndaky sorag düşüpdir. Mugallym pili ilik-düwme, gowy edip suratlandyrmagy haýyş edipdir. Talyp uzak wagtlap pikire çümüpdir, beýnisine agram salyp pikir edipdir, ahyry şeýle jogap beripdir: “Pil örän äpet haýwan, onuň uzyn holtumy bar. Piliň bu holtumy uly ýylanlary ýadyňa salýar. Ýylan bu...”. Soňra ol ýylanlar hakda bilýän bar zadyny jikme-jik gürrüň beripdir. Ine, şu talyp aň-düşünje misginlerine meňzeýär. Olar nämedir bir zat hakda bir habar ýa maglumat eşidýärler, oňýarlar. Şol maglumat hakda pikirlenjek, oýlanjak, ol hakda täze zatlary biljek, öwrenjek bolanok. Täze maglumatlary we pikirleri gözlänok, şeýdibem düşünjesi dar çygyrda galyberýär. Şeýle adamlar bilen söhbetdeş bolanyňda hem kyn güne galýaň. Käteler özüň şolaryň derejesine çenli peseläýmeseň, olar bilen düşünişip ýa-da düşündirip biljek gümanyň ýok. Olaryň düşünje meýdany şeýle bir dar welin, hatda ol ýere täze maglumat sygjaga hem meňzänok. Ilki bilen düşünje örüsini, meýdanyny giňeltmeli. Olar tankydy dagyn asla kabul edenoklar. Özüne aýdylýan bellikleri hem bilgeşleýin edilýän hüjümlere deňeýärler. Gaýta, özgeleri düşünjesizlikde, durmuşdan yzagalaklykda aýyplaýarlar. Kellesini gyzdyryp, sesine bat berip, gürleýärler welin, hamana ähli zatda hakly bir özi ýaly. Durmuşy goh bilen gazanjak bolýarlar. Emma sen bu duzaga, çirtmege özüňi aldyrma! Ylym-bilimiňi, aň-düşünjäňi, medeni derejäňi artdyrmak bilen sen bu duzakdan halas bolup bilersiň.


Okaýan wagtyň, sen akylyňdan bir sahypa ýokary galýarsyň, ol ýerdäki durmuş tejribeleriniň, pikirleriň, çaklamalaryň, teklipleriň üstüni açýarsyň. Bu bolsa seni adaty adamlardan ýokary göterýär. Beýikleriň we alymlaryň öňünde oturmagyň seniň ömrüňe ýene bir ömür goşýar. Ukyp-başarnygyň we güýç-kuwwatyň artmagyna getirýär.


Adamzadyň hal-ýagdaýy, ýaşaýşy, durmuşy hakda pikir edýärkäň, takdyr we ýazgyt meselesine düşünmek isleýärkäň, Allatagalanyň ryzk we ondan mahrum bolmak, beýige göterilmek we pese düşmek dogrusyndaky hikmetleri hakda kelle döwýärkäň, bir zada haýran galýarsyň: durmuş hakdaky düşünjeleriň depesine çykmak üçin barmak ujunyň hakykatyň zerre bölejiklerine sähel galtaşmagy hem ýeterlik. Aýtmaklaryna görä, düşünjeli adam hemme zat hakdaky bir zady we bir zat hakdaky hemme zady bilýär diýilýär. Ine, sagdyn düşünjeli, pikirli adamlaryň bir häsiýeti, alamaty şeýledir.


Seniň etmeli işiň, saňa berjek maslahatym: hemme zat hakda oka, hemme zat barada özüňe ýeterlik düşünjäň, sowadyň bolsun, ýöne haýsy hem bolsa bir ugry has çuňňur öwren.


Ylmy gözlegleriň, okaýan, öwrenýän zatlaryň ýüzde 50 göterimini öz ugruňa, hünäriňe degişli bolsun. Galan elli göterimini beýleki ugurlara bagyş et. Gazet sahypalaryny gözden geçireniňde, ilki bilen ol ýerden öz ugruňa degişli, soňra hökmany ýagdaýda medeni, aň-paýhas, sport, ylym we sungat, syýasat hakdaky ýazgylary oka.


Ilki göräýmäge ýönekeý ýa-da juda ähmiýetli, gyzykly görnendigine garamazdan, seniň okan, öwrenen, gözden geçiren her bir maglumatyň nähilidir bir usul bilen, haçandyr birwagt saňa hökman haýry deger. Okalan zatlaryň miwesini ýolmaly, hasylyny çöplemeli wagty hem hökman geler.


Ýene bir zada aýratyn üns bermegiňi towakga edýärin: Okaýan her bir zadyňy maksatly oka! Nämedir bir zady öwrenmek, öwrenen zadyňy özleşdirmek, durmuşa ornaşdyrmak, gowy zatlary özgelere-de öwretmek niýeti bilen oka. Has köp we çuňňur okamasaň, aň-düşünjäň artýan däldir.


Adamlaryň iki görnüşi: az we dar düşünjeli adamlar ýa-da köp okaýan, ýöne pytraňňy düşünjeli adamlar özleri üçin hem, öz halky, milleti üçin hem at-abraý getirip bilmezler. Taryh ýazmak üçin, taryha ýazylmak üçin düşünjäň giň bolmagy zerur.


Mahlasy, hemme zatlar hakda umumy düşünjäň bolsun, ýöne haýsy hem bolsa bir ugurda kämilleş, haýsy hem bolsa bir hünärde ýöriteleş.

27
100
atakulyyewa_humay
02.10.2023 10:28

Uniwersiteti tamamlanymdan bäri birnäçe ýerde işlemek mümkinçiligim boldy. Has gowy suraty düşürjek bolup, guma-da bulaşyp gördüm, protestiň ortasynda surat üçin taýagam iýdim. Bir dalaşgäriň yzyna düşüp, bir aýyň dowamynda günde 16–17 sagat bir elim fotoapparatda, beýlekisi klawiaturada gazetlere habar hem paýladym. Saýlawlar, paradlar, harby türgenleşikler, protestler, bosgunlar, halkara ýygnaklar, hondan bärsi biznesmenler, ministrler, deputatlar… Garaz bäş ýarym ýylyň içine az zat sygdyrmadym. Bu wakalary habarlaşdyramda ýekeje-de ýadanym, ajyganym, islegsiz hereket edenim ýadyma düşenok. Emma, bir daýhan hökmünde arpa ekmegi başarýan bolsaň, diňe bugdaý iýilýän jemgyýetde ýa bugdaý ekmeli ýa-da ýa-da başga iş bilen meşgullanmaly bolýarsyň.


Dowamlylyk we durnuklylyk biziň jemgyýetimizde arşa çykarylýan sözleriň hatarynda. Nesilleriň arasyndaky düşünişmezligiň esasy sebäpleriniň biri diýsek hem bolar; öz tejribäme görä. Durmuşyňy gowy ýaşamak üçin lezzet almaýan işiňde özüňi dowamly işlemäge mejbur etmek maňa hiç wagt dogry hereket ýaly görünmedi. Şol sebäpden hem ondan oňa köpräk bökmeli boldum. Aglaba sebäbi bolsa, ulgamy bilmeýän, işi başarýana inisiatiwa bermekden çekinýän dolandyryjylar we munuň netijesinde pese gaçýan iş abraýy.


Her işiň öz kynçylygy bar. Her iş ýeriniň işiň häsiýetine görä iş şertleri we ysnyşykly gurşawy bolmaly; bolmadyk ýagdaýynda hünärmenleriň iş önümçilik ukyplaryny azaldýandygy hemmä mälim. Şonuň bilen birlikde, her işiň öz professional etikasy, logikasy hem bar. Diýeli konditer öndürýän bir kompaniýanyň satyş hünärmenleriniň arasyndaky “köp sat, şonça-da gazan” düşünjesine daýanýan bäsdeşlik ulgamy redaksiýa girizilmäge çalyşylsa, bu ýagdaý hem redaksiýany batyrar hem-de žurnalistikanyň hünär etikasyna garşy gider. Ýa-da bolmasa, dünýäniň iň gowy kemputyny (kompot däl) öndüreniň bilen, ony hiç kime satyp bilmeseň önümçiligiň durar. Ikisini deň derejede ýöretmek üçin bolsa, her iş ugrunyň özüne mahsus tertipnamasy bar; çylşyrymly ýagdaý.


“Dowamly bir ýerde duraňok”, “Işden çykan dälsiňä”, “Bir ýere ornaş indi senem” ýaly soragdyr ýüzlenmeleriň arasynda durnuksyz durmuşy ýaşamak arpa ekýän daýhanlaryň maňlaýynda bara meňzeýär. Käte gidip bugdaý ekýänlere kömek edýär, käte arpa ekjek diýip, şala ýüzüni öwürýänlere ynanýar, käte bolsa, diňe potrat ýerlerine suw tutup berýär.


Şeýle jemgyýetde şol daýhan näme üçin henizem bugdaý ekmegi başdan aýak öwrenenok? Munuň ýekeje jogaby bar diýip pikir edýän: akyl we logikanyň esasynda tassyklanan hakykatlara bolan ynam.


Arada Bütindünýä ykdysady forumynyň “Gelejegiň işleri” atly üçünji hasabatyna göz gezdirdim. Hasabatda 2025-nji ýylda işe girmek isleýänlerden talap ediljek esasy 10 başarnyk şeýle beýan edilýär:


1. Ana­li­tik pi­kir­len­mek uky­by we in­no­wa­si­ýa açyk bol­mak.

2. Yzy­gi­der­li öw­ren­me­gi ba­şar­mak.

3. Çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­ri çöz­mek.

4. Tan­ky­dy pi­kir­len­mek we sel­jer­me uky­by.

5. Dö­re­di­ji­lik, özü­ne mah­sus­lyk we tä­ze baş­lan­gyç­la­ry tek­lip et­me­gi ba­şar­mak.

6. Li­der­lik we tä­sir edi­ji­lik.

7. Teh­no­lo­gi­ýa­ny ulan­ma­gy ba­şar­mak, do­lan­dyr­mak we gö­zeg­çi­lik et­mek.

8. Teh­no­lo­gi­ýa di­zaý­ny we prog­ram­ma ýaz­mak.

9. Çy­dam­ly­lyk, stres­li ýag­daý­lar­dan baş alyp çyk­mak we ma­ýyş­gak­lyk.

10. Se­bäp­le­ri ýü­ze çy­kar­mak, me­se­le çöz­mek we pi­kir dö­ret­mek.


Ýokarydaky aýratynlyklara seredeniňde ýene bäş ýyldan täzeçillige açyk we ‘telefondyr kompýutere düşünýän’ hünärmenler iş ulgamynyň üns merkezinde boljaga meňzeýär. Näme üçindir durnuklylyk/dowamlylyk sözleri hasabatda görkezilmändir?! Arpa ekmek başarnygyny ýitirmeýän we bir gün jemgyýetiň arpa talap etjekdigine (demand) ynanýan hälki daýhan üçin bu gowy habar. Şeýle-de bolsa, onuň öňünde ýene bir sorag bar: “Toprak arpa tohumyny kabul etmese näme etmeli?”

23
127
atakulyyewa_humay
02.10.2023 04:50

Ömri iki güýjüň arasynda harap bolmak bilen geçýän aýakgabyň önümçiligi aňsat bolmasa gerek. Daban bilen ýeriň arasynda basgylanmaga uzak çydajagyny tikmek bolsa her ýigidiň işi däl. Aýakgap ussasy ulanyljak çyg maldan başlap, onuň üstündäki nagyşlara çenli iş edinýär. Sebäbi satyn alnan önümiň ýekeje tikininiň hem wagtyndan öň sökülmegi onuň söwdasyna we abraýyna ters täsir etjegini bilýär. Müşderi bilen ussanyň arasyndaky köpri hyzmatyny görýän satuw işlerinden jogapkär hünärmenler bolsa esasy ünslerini aýakgap gutularyna gönükdirýärler. “Marketing” närsesi hökmünde garalýan bu gutular ussanyň zähmetini müşderiniň “gözüne sokmak” üçin taýýarlanýar, bezelýär. Olaryň “aýakgap gutusy” bolmak bilen başlaýan ömürleri – müşderi aýakgaby geýip başlanyndan soňra – “jorap gutusy”, “ýatlamasy bolan zatlaryň salynýan gutusy”, “ýumurtga gutusy”, “talyba obadan üzüm iberilýän guty”, “kitap gutusy”... ýaly atlar bilen dowam edýär. Içindäki önümlerine görä atlandyrylýarlar.


Beýnimiz we daşky sypatymyzyň arasyndaky bag, aýakgap we onuň gutusynyň arasyndaky bag...


Doglan günümizden başlaýan öwrenme ýoly tä ölýänçäk dowam edýär. Her bir maglumat beýnimizde dürli “kodlar” bilen öz ýerini tapýar. Häsiýetlerimiz, hereketlerimiz we sözlerimiz şol “kodlara” görä üýtgeýär we özgerýär. Bizi ilkinji gezek görýän adam daşky görnüşimize we özümizi alyp barşymyza görä ýatda saklaýar. Eger biz bilen aragatnaşyga girip başlasa, beýnimizdäki zatlary hem ýuwaşlyk bilen tanamaga başlaýar. Soňky tanyşlyk başdaky bilen gabat gelmese täze dostumyzyň beýnisinde “error” sesleri ýaňlanýar; şu pursatdan soňra biz bilen gatnaşygyny has pes derejede saklamaga başlaýar.

Öwrenme ýolunyň dowamynda garşymyza tapawutly “kodlary” beýnimize salmaga çalyşýanlaryň hem çykmagy mümkin. Olary dükanlary aýlanyp, gaýtadan işlemek üçin guty ýygnaýanlara meňzedesim gelýär.

Içinde geçen ýylyň hasap kagyzlaryny saklaýan gutynyň özüni “aýakgap gutusy” ýaly görkezmäge synanyşygy gapagynyň açylmagy bilen soňlanýar. Beýnimizde birnäçe ýyllaryň dowamynda üýşüp, şahsyýetimizi emele getiren “kodlara” ters gelýän hereketler etmegiň, özümizi ýalňyş tanatmagyň soňy “içi kagyzly gutynyňkydan” tapawutly bolmaz. Üýtgetmek islemegimiz hem mümkin; munuň üçin bolsa ilki şol “kodlary” tanamaly we kabul etmeli.

15
99
atakulyyewa_humay
01.10.2023 07:15

Hytaý 18 ýaşa çenli çagalar tarapyndan smartfonlaryň ulanylmagyny çäklendirýär. Bu babatdaky kanun kabul edilenden soň çagalar günde iň köp iki sagat akylly enjam ulanyp bilerler.




Täze kabul ediljek kanun, çagalaryň agşam sagat 10-dan irden 6-a çenli ykjam enjamlardan internete girmegini gadagan eder.




Hytaýda täze kanuna girizilmegi teklip edilýän düzgünnamalara görä, 16-18 ýaş aralygyndaky çagalarda günde iki sagat, 16 ýaşa çenli çagalara günde bir sagat, 8 ýaşa çenli çagalara bolsa bary-ýogy 8 minut akylly enjam bilen meşgullanmak mümkinçiligi berler.

22
93
atakulyyewa_humay
21.08.2023 02:20
Ýer ýüzünde duş gelýän iň täsin balyklaryň biri-de kalamoiht (latynça Erpetoichthys calabaricus) balygydyr. Bu balygyň bedeni uzyn, edil ýylana şekilli. Bedeniniň deri örtügi ýaşylymtyl goňur reňkli. Bu balygyň beden uzynlygy köplenç 37 santimetrden geçmeýär. Ýöne häzirki wagta çenli onuň maksimal uzynlygy hökmünde 90 santimetr ölçegi hasaba alyndy. Kalamoiht balygynyň aňrybaş ýogynlygy uly adamyň başam barmagy ýaly bolup bilýär. Onuň kelle gurluşy aždarhanyň kellesine örän meňzeş. Bu balygy tanamaýan adam ony ilkinji gezek görende ýylana meňzedýär.

Kalamoiht balygy süýji suwlarda-da, duzly suwlarda-da ýaşamaga ukyplydyr. Köplenç suwuň içinde ösümlik baldaklaryna oraşyp durýar. Bu görnüş Günbatar Afrikada sebitiniň suw aýtymlarynda giňden ýaýrandyr. Alagaraňkylarda we gijelerine işjeň bolýar. Bu balyk ownuk mör-möjekler, gurçuklar bilen iýmitlenýär. Görüş ukyby pes bolanlygy sebäpli iýmitini duýgy organlary arkaly tapýar.

Kalamoiht balygy owadanlygy sebäpli köp döwletlerde akwariumda saklanýar. Bu balyk akwariumdaky daşlara ýelmeşip ýaşamagy halaýar.
17
135
atakulyyewa_humay
20.08.2023 18:50
«Fitonsid» adalgasy ylma ilkinji gezek 1928-nji ýylda rus biohimigi Boris Pawlowiç Tokin tarapyndan girizildi. Fitonsidler patogen bakteriýalaryň ösmegine we köpelmegine päsgel berýän käbir ösümlikler tarapyndan bölünip çykýan, üýtgäp durýan biologiki işjeň maddalardyr. Ösümlikleriň köpüsi fitonsidleri öndürýär. Janly tebigatyň «öýkeni» bolan ýaşyl tokaýlar diňe bir kölege we arassa howasy sebäpli däl, eýsem köp tarapdan diňe şol biologiki taýdan işjeň maddalary bölüp çykarýandygy üçin hem ähmiýetlidir. Ýaponiýada hatda dynç alyş we saglygy dikeltmek üçin aýratyn bir görnüş bolup, ol «tokaýda suwa düşmek» manysyny berýän «sinrin-ýoku» usulydyr. Günorta Koreýada we Hytaýda hem şuňa meňzeş ýörite merkezleri açdylar, soňra şuňa meňzeş hyzmatlar Ýewropa ýurtlarynda hem ilata hödürlenip başlandy. Bu usuly esaslandyryjylar bolan ýapon hünärmenleri tokaý fitonsidleriniň beden işjeňligini ýokarlandyrýandygyny, onuň gorag we antibakterial täsiriniň bardygyny subut etdiler. Ýöne häzirki wagtda bu maddalar barada maglumatlar entek doly öwrenilmedik hasaplanylýar. 

Fitonsidler nämelerde saklanýar? 

Düzüminde fitonsid saklaýan önümleri ýiti ysyň we belli bir tagamyň bolmagy bilen bilip bolýar. Sarymsak, sogan, hren, klýukwa, limon özünde bu maddany belli bir mukdarda saklaýar. Asyrlaryň dowamynda dürli medeniýetler dürli keselleriň öňüni almakda we bejermekde fitonsidiň ulanylyşyny ykrar etdiler. Mysal üçin, sarymsak gadymy Müsür lukmançylygynda möhüm rol oýnapdyr. Gyzykly tarapy, tutuş önümde fitonsidler ýok. Diňe ezilende, onuň allinaza fermenti işjeňleşýär we örän peýdaly madda bolan allisini öwrülýär, ol howada çalt üýtgeýär. Allisiniň düzümindäki fitonsidiň kömegi bilen onuň antibakterial täsiriniň bardygyny görkezýän köp gözlegler geçirildi. Mundan başga-da, sarymsak, sogan we beýleki önümlerde dürli witaminler we mikroelementler bar: B we C witaminleri, marganes, selen, mis, fosfor, sink we başgalar. Mundan başga-da, limon, sogan, sarymsak iýmitdäki duzuň mukdaryny azaldyp biler. Olary iýmitlere goşsaňyz, ýürek we gan damarlarynyň näsazlyklarynda has-da ýaramlydyr. Fitonsidler klýukwada hem bolýar. Mundan başga-da, ol erkin radikallara garşy göreşmek üçin zerur bolan antioksidantlara baý. Esasy bellemeli zat, fitonsidler tokaýlardaky pürli agaçlar tarapyndan has köp bölünip çykarylýar. Ýagyş ýagyp, ýyldyrym çakandan soňky howa has hem arassa bolýar, şeýle howada gezelenje çykylanda şähdiňi açýar. Munuň sebäbi şol wagt pürli agaçlaryň özünden fitonsid maddalaryny has köp bölüp çykarýandygy bilen baglanyşyklydyr. 
14
19
atakulyyewa_humay
19.08.2023 13:58
Alymlar geljek hakda çaklamalary bilmek üçin Ýewropanyň iň güýçli superkompýuterlerinden birini gözleg üçin ulandylar. Ulgama jandarlar, howa we ýer, tebigat baradaky maglumatlar ýüklenildi.

Superkompýuter global ýylylyk we iýmit zynjyry şeýle hem beýleki käbir meseleler sebäpli Ýerdäki jandarlaryň dörtden biriniň 2100-nji ýyla çenli ýok boljakdygyny çaklady. Gözlegiň netijesine görä, Ýerdäki ösümlikleriň we haýwanlaryň 10 göteriminiň 2050-nji ýyla çenli ýok boljakdygy we 2100-nji ýyla çenli bu mukdaryň 27 göterime çenli ýokarlanjakdygy mälim edilýär.

Alymlaryň pikiriçe, häzirki wagtda doglan çagalar pilleri we koalalary gören iň soňky nesil bolup biler.
28
195