asyl
09.01.2023 23:09
Durmuş pelseperi :
***
Täze bir zat öwrenmän geçiren her günüm ,
meniň üçin gün däldir!
Hz.Aly
***
Size wagtyny aýyrmaýan , siz hakda pikirlenmeýän , size ýürekden düşünmek islemeýän adamlara ugur dälde , gidere ýol gör kezmeli !
***
Jähennem — ynsanyň ýüreginde söýginiň tükenmesidir !
***
Beýik düşünjeler , köplenç , beýik akyldan dälde , beýik ýürekden çykar !
Dostoýewskiý
***
Ýalňyzlyk paýlaşylmaýar , paýlaşylsa ýalňyzlyk
bolmazdy !
***
Agyryny duýup bilýän bolsaň janlysyň , başgalaryň agyrysyny duýup bilýän bolsaň ynsansyň !
***
Adamlar edebi gürlemegi öwrenýärler , ýöne
iň esasy zat haçan we nähili ýagdaýda dymmaklygy bilmekdir !
***
Meniň ähli zatdan habarym bar , ýöne käbir
zatlary bilmezlige salýaryn !
***
Bagtly durmuş ýaşaýyş stiliňde dälde , ýaşaýşa bolan garaýyşlaryňdadyr !
***
Iň güýçli iki söweşiji : sabyr we wagtdyr !
***
Şeýtana näme üçin gaharlanýaň ?! Bir ýagşylyk et , goý , ol saňa gaharlansyn !
***
Üç sany zat iman alamatydyr ! Başa gelen kynçylyklara sabyr , nygmata şükür , takdyra bolan razylyk !
Ymam Gazaly
17
82
asyl
08.01.2023 18:52
Durmuş pelsepeleri .
***
Hiç bir maksadyňdan dänme , çünki dänenler
utulanlardyr !
Abraham Linkoln
***
Seni iki sany zat aňladar ! Hiç zadyň ýok wagty
görkezen sabryň , dokuzyň düzüw wagty görkezen eden !
Jelaleddin Rumy
***
Kim sabryndan dymar , kim hormatyndan , kimi bolsa söýgüsinden .
Jelaleddin Rumy
***
Asylam sende güýç bar , ýöne şol güýjüňi ulanmak üçin özüňe pursat ber !
Hikmet Anylöztekin
***
Dymmaklyk her wagt danalygyň alamaty däldir , ýöne ýaňralyk welin hemişe akmaklygyň
alamatydyr !
Benjamin Franklin
***
Şol bir hereketleri edip , dürli netijä garaşmak
dälilikdir !
Albert Enşteýn
***
Kim bu dünýäniň bir gözelligini artdyrmasa ,
onuň özi bu dünýä üçin artykmaç zatdyr !
Ar-Rafygy
***
Egoistligiň çür başynda ýaşap bilersiň , emma
bu häsiýet bilen bagtly bolup bilmersiň !
Nejip Mahfuz
***
Kitaby ýapma ! Umyt , belki , indiki sahypadadyr !
J . Süreýýa
***
Ynsany jähenneme oklaýan iň hatarly zat agzyndan çykýan sözüdir !
Hz . Muhammet (s.a.w)
14
117