arzuvym_talyp
07.07.2023 06:04

"Themetrics"Amerikan kompaniýasy Arizona ştatynyň universitetinden alymlar üçün dünýäde ilkinji "dem almağa,derlemäge ve titremäge"ukuply bolan roboty işläp taýýarlandy.Report neşiriniň habar berişi ýaly ýylylygy duýýan ANDİ roboty ynsan bedenindäki ýaly deri bölüp çykarýan deri öýjüklerini aýratyn dolandyrýan abzallaryň 35-si bilen üpjün edildi.

Uniwersitetiň alymlary ýokary temperaturalaryň adam bedenine ýetirýän täsirine düşünmek üçin şu tomus paslynda yssy howada bu tehnologik täsinligi synagdan geçirmegi meýilleşdirýärler.


Bu täzelik uly ösüş bolup durýar, çünki ANDI ilkinji ýylylyk manekeni bolup, ony indi açyk howada ulanmak bolýar. Bu ozal mümkin bolmadyk synaglary örän yssy şertlerde geçirmäge, şeýle hem gün şöhlelenmesiniň täsirini öwrenmäge mümkinçilik berýär.


Häzirki wagtda dünýäde şonuň ýaly manekenleriň jemi 10-sy bar. Olaryň köpüsi sport egin-başlaryny öndürijilere degişlidir we olar testleşdirmek üçin ulanylýar.


Emma ANDI ASU — iki modelleriň diňe biri bolup, olar häzirki wagtda ylmy-barlag institutlary tarapyndan ulanylýar.


Ylmy gazanylanlar diňe şunuň bilen çäklenmeýär, çünki şu tomus möwsüminde barlagçylar bilelikdäki toparda işlemek üçin hem-de ynsan der bölünmesiniň ýagdaýyna gowy düşünmek üçin ANDI-ni MaRTy diýlip atlandyrylan ASU biometeorologik ýylylyk roboty bilen birleşdirmegi meýilleşdirýärler.


— Biz IMT-niň dürli modellerini, dürli ýaş aýratynlyklaryny we dürli kesellerini ANDI geçirip bilýäris — diýip, Arizona ştatynyň Uniwersitetiniň ylmy işgäri, ANDI-ni modelleşdirme boýunça işleri alyp barýan we esasy operator Ankit Joşi gürrüň berýär

9
179
arzuvym_talyp
05.07.2023 13:24

Durmushda haçandyr bir vagt,büdremedik ýada ağsamadyk adamy hiç vagt görmersň.

işi rovaç adamlaryň ählisi hem şovsyzlygyň tagamyny dadyp görendirler.✨

18
108