arzuvym_talyp
20.07.2023 19:57

Kimdir biriniň gepini etmezden ozal,onuň geýen aýakgabyny geýip,onuň geçen ýollaryny senem geçip gör,herbir büdrän daşyna senem büdräp gör,çeken ajylaryny senem çekip,gözýaşlaryny senem duýup gör!!!

Ana ondan soň gepini etmek barada pikirlenip gör!:)

24
119
arzuvym_talyp
19.07.2023 17:07

İň govysy paýhasly dymmak

Akylsyz gürläniňden!

24
62
arzuvym_talyp
18.07.2023 16:29

Söz bardyr-yürekde yaralar açar

Adam bar-bar zady yuvudup gecer

Niçe vagt kalbyňda göteren zatlaň

Ahyryn gözüňden ýaş bolup gaçar

13
28
arzuvym_talyp
15.07.2023 13:58

Umyt üzme bu durmuşdan

Mydam seni synap gezer

Ryskyň beýik Alla bersin

Ynsan berse sanap berer

18
45
arzuvym_talyp
14.07.2023 00:05

Ähli synağlardan geçdiň diýseler

Eliňe talyplyk hatyn verseler

Şondan soň adyňa"TALYP" duýseler

Şol vagt gözleriň dolmazmy ýaşdan

27
226
arzuvym_talyp
11.07.2023 22:51

Bir garaňky otagda 4 sany şem ýanyp dur:

1nji şem:"-Men Rahatlyk, adamlar pul diýip öz rahatlygyny ýitirýär,şonuň üçün men öçjek"diýýär. 🕯️

2nji şem:"-Men Söýgi,bu dövürde hakyky söýgi barmy"diýip olam öçýär. 🕯️

3nji şem:"-Men Ynam,indi adamlarda ynam galmady"diyip buda öçýär. 🕯️

Shol vagt bulary gören çagajyk aglap başlaýar."Men garaňkydan gorkýan öçmäýiňdä" diýýär.Shonda:

4nji şem:"-Gorkma men ýanyp durna,olaram ýakyp bolýar ahyryn!" 🕯️

Çagajyk"-Sen kim?" diýýär.

Şem bolsa"-Men Umyt"diýip jogap berýär.

Ähli zadyňyzyňy yitirseňiz hem hicvagt umydyňyzy ýitirmäň!

25
119
arzuvym_talyp
10.07.2023 04:34

Bilmedim bararmy bu goşgy saňa

Ýene menli günler düşer ýadyňa

Ýadyňdamy shol günki ýagan ýagyş

Bu gün yene seni salýar ýadyma


Soňky sapar seni gören yerimde

Bu gün yene gördüm özgesi bilen

Elleriň tutup dur özgäň ellerin

Gözleriň gözlerine bakyp dur kemsiz


Vah shol vagt bilsediň meň zarymy

Ýüregimiň urgusyny duýsadyň

Gözüme ýaş doldy ýüregime ünji

Kalbymdaky senli ýollar söküldi!

20
130
arzuvym_talyp
09.07.2023 17:29

Birini ovadanlygy üçün söýýän bolsaňyz,ol söýgi däl vagt geçirmekdir.

Birini täsin bolany üçün söýýän bolsaňyz,ol söýgi däl gyzyklanmadyr.

Birini puly üçün söýýän bolsaňyz,ol söýgi däl baýlyga bolan hövesdir.

Yöne sebäpsiz ýere bir adam kalbyňyzy ýyladan bolsa,ana shol hakyky söýgüdir!

20
363
arzuvym_talyp
08.07.2023 16:30

Geplemänkäň diňle,ýazmankaň oýlan

Söýmekden öň söýül,söýüp soň öýlen


Puly ýerlikli sov,sovmankaň gazan

İlki bagşy bolgun,bolmankaň azan


Çagalykdan saýlan,çagaň bolmanka

Agaçlary saýgar bagban bolmankaň


Başyňy goragyn degmänkä daşa

Öleňsoň ömür ýol ölmänkäň ýaşa!!!


Kerim Hallyýev

20
162
arzuvym_talyp
07.07.2023 21:32

Öyüňe bir myhman gelen çagynda

Çaý-çörek bermäge hovluk diýdiler

Mydam şükür etýän bolsa ryskyna

İşi rovaç hemde govylyk diýdiler


İliň durmuşyndan gözleme bagty

Biderek zatlara gidirme vagty

Netiň doğry bolsa geljegiň ýagty

Görjegi elmydam şovlyk diýdiler


Küşdi pikir edip, onsaň göçüler

Bagtly yollar kynçylykly geçiler

Ne bir hormat,gadyr bilmez kişiler

Bir yönekeý ýeke şaýlyk diýdiler


Davut Hojageldiyyev

15
67