arsi97
13.09.2023 07:43

Arahis dinamit önümçiliginde peýdalanylýar.


Dünýäde iň çalt gürleýänler fransuzlardyr. Ýaponlar minutda 310 söz, iňlisler 210 söz, nemesler 200 söz aýdýan bolsa, fransuzlarda bu görkeziji 350 söze deňdir.


Adamyň böwreginde toplanýan daşlaryň şu wagta çenli ýüze çykarylan iň ulusynyň agramy 1,36 kg deňdir.


1979-njy ýylda Pensilwaniýada doglan ekiz çagalara Pepsi we Kola diýip at goýupdyrlar.


Erkekler zenanlara seredende dowamly, gaty we ýygy-ýygydan gülýärler.


Mör-möjekler ýylda ekinleriň hasylynyň 25-30 göterimini ýok edýärler.


Kolibri guşy ýeke-täk öňe, yza we gapdala uçup bilýän guşdur.


XVI asyrda Filippinlerde oýnawaçlar ýaraglara çalymdaş bolupdyr.


Bir balary maşgalasy bir möwsümde 150 kg bal öndürip bilýär.


Hokkeý şaýbasynyň tizligi sagatda 160 km çenli ýetip bilýär.


Ilkinji süýtli şokolad şweýsariýaly Genri Nestle tarapyndan taýýarlanylypdyr.


Adamyň nerw impulsynyň iň ýokary tizligi sekuntda 90 metre çenli ýetip bilýär.


Akulalar 30-40 ýyl çenli ýaşamaga ukyplydyr.


Adamyň nerw süýümleriniň jemi uzynlygy ortaça 75 km deňdir.


Şokoladyň tagamynyň emele gelmegine 500 madda gatnaşýar.


Gök gözli adamlar dürli agyry-ynjylara beýleki adamlara seredende duýgur bolýarlar.


Ulitkalar 3 ýyla çenli uklamaga ukyplydyr.


Dünýä ýüzünde dogulýan çagalaryň agramly bölegi gök gözlüdir.


Möýleriň käbir görnüşleri her gün ir bilen öz kerebini iýýärler we ony ýene täzeden emele getirýärler.


Bir balary öz ömründe ortaça bir çaý çemçesiniň 1/12 bölegine deň bal öndürýär.


Öý totyguşlary şokolad we awokadodan başga islendik iýmiti iýýärler.


Koalalar köplenç günüň 22 sagadyny uklap geçirýärler.

13
39
arsi97
06.09.2023 19:43

Göz öňuňe getir

Ony basgaň elinde

Owadan mylaýym sada asylly

Ýylgyryp seredýär söýen ýaryna

Biri birini bir ömur görmedik ýaly

Ellerinden tutup bagryna basýar

Senem synlap dursyň gyrpman gözüňi

Edil häzir onuň uzyyyn saçlaryny

Başga bir elleriň sypaýanlygyny

Göz öňuňe getir olaryň toylaram boldy

Owadan soygiden bir çaga geldi

Sen indi gerek däl seni unutdy

Seňki günler oňa diňe ýatlama galdy

Göz öňüňe getir seniň yanyňda däldigini

İndi söýen ýaryň sensizim bagtly

Göz öňuňe geldimi ?

Gaty erbet Gorkdyň

Gorkan bolsaň gora yanyňda wagty !!!

18
63