Ýaş gyzyñ başdan geçirenleri: Jynlar we paranormal hadysalar.
Birnäçe ýyl mundan öň öýde ýeke özümdim beýlekiler daşarda şonda öýdekäm ukym tutyp kellämi ýassyga goydym çala irkildim welin bir ýogyn güňleç sesli adam göni gulagyma gelip "haaaaa" etdi menem haýdap gözümi açyp töweregime seretdim hiç kim ýok. Yene bir gezegem tikin maşyna ýaplanyp çala irkildim welin bir guzujyk gulagyma gelip "määää" etdi menem haýdap gözümi açdym töweregimde hiç kim ýok özem şol wagt öyde yeke özümdim, onsaň daşaryk çykyp seretsem daşarda goýunam ýok guzam yok. Yene birnäçe ýyl öň jigim bn bir komnatda gürleşip otyrdyk birdenem bir aýalyň hüwdi aýdýan sesi eşidilip başlady çalaja eşidilýädi bizem birhili geň galdyk. Ejemden sorayas eje sen daşarda aýdym ýada hüwdi aýtdyňmy diýip sorasak olam ýok hiç zadam etmedim diydi. Yene bir zat men kiçikäm bir ýagdaý bolardy iňlisler şoňa "paranormal activity" diýýäler tm dilinde "Adatdan daşary hereket". Meň özüm bir komnatda yeke özüm yatýan ýanymda hiç kim yatanok. Şonda ýatyrkam ilki bilen bedenim gurşup başlayar soňam elim bn aýagymy biri saklaýan ýaly gymyldadyp blmk hatda gözümem açyp bilemok onsaň ýuwaşjadan ýokaryk göterilip başlayan 1 metr töwrerekleri ýokaryk galýan bir salym howada durýan soň yuwaşjadan aşak düşýän. Aşak düşemsoň elimem aýagymam gözümem açylýar ýene öňki ýagdaýyma gelýän, kiçikäm şu ýagdaý köp bolardy jigimdede bolýan eken şo ýagdaý. Yöne soň şoňa garşy bir zat tapdym şol göze görünmeýän zat gelip elimi ayagymy saklap gözümi ýapjak bolanda gözümi yapman saklap bilsem maňa zat edip bilenok eken, özümde şony barlap gördüm bar güýjüm bn gözümi açyp saklaýadym olam ýapjak bolýady menem ýapdyrman açyp saklaýadym şonda maňa hiç zadam bolanokdy. Yöne indi hudaya şükür şol ýagdaýa bolanok. Şu zatlar hakyky öz durmuşymda bolan waka.
✍️Toplan: anna_77
Halan bolsaň 👍Like👍