amanmyradowna_
23.09.2023 23:53

Biwepalardan



Gözläp köňül berme biwepalarga,


Bak, kim wepa görmüş biwepalardan!


Goýma özüň ýersiz bet jepalarga,


Kim bähre tapypdyr bu jepalardan!



Yşkyň owazasyn diňle daşyndan,


Jan jebrinden gorksaň, barma başyndan,


Serişdäň kem bolsa yşkyň işinden,


Bar, habar al gören mübtelalardan!



Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň,


Bendesi men söze hyrydar guluň.


Kyrk oýnaşly hatyn ýagşydyr, biliň,


Şereňňiz köp tilli kethudalardan!



Şeraban-tehuran kimge jam bardyr,—


Köňül gözgi kimin nury enwerdir,


Dünýe ýedi başly ýalmawuz mardyr,


Gaçganlar gutulmaz bu belalardan.



Ýatma, Magtymguly, aşretiň söýüp,


Munça ýatajak sen kepeniň geýip,


Hajatyn taparmy, hojasyn goýup,


Dileg eden kimse gul-gedalardan!?

37
61
amanmyradowna_
16.09.2023 23:34

Hindistanly ýetginjek dünýäde iň uzyn saçly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, UPI habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Mekdep okuwçysynyň öz aýtmagyna görä, ol hiç haçan saçyny syrdyrmandyr.

On bäş ýaşly Sidakdip Çahalyň saçy ýetginjekleriň arasynda iň uzyn bolmagynda galýar, onuň zülpleriniň uzynlygy 120 santimetre golaýdyr.

Gündelik durmuşda Çahal saçyny togarlap, däp bolan sellede gizleýär. Ol öz saçyny ýuwmak üçin ortaça iki sagat sarp edýändigini gürrüň berýär. «Eger ejem kömek etmese, saçymy ýuwmaga uzak günüm giderdi» diýip, hindistanly oglan aýdýar.

Öň Sidakdip saçyny syrdyrmakçy bolupdyr, emma indi bu pikirinden dänipdir.


«Ömrümiň ahyryna çenli saçymy syrdyrmakçy däl» diýip, ol ynamly aýdýar

40
228