altyyeva
23.09.2023 00:32

Kim senden gaçyp ýör, kim saňa aşyk...gör nämeler etdirýär ýaşlyk


Kalbymda möhür, dilimde gadagan sen


Adamlara gowulyk etmek üçin köp zat gerekdäl, isleg bolsa ýeterlik


Ýüregiňi erbetliklerden sapla, barybir syňagyň dowamynda oňa näme gizlän bolsaňam äşgär bolar


Ýandak ýaly güllemeli däldiň, bägül kimin açylmalydyň, tikinleriň köp bolsa-da bagül ýaly owadan, ullakan söýgiňi duýarym ýaly a sen ýalňyşdyň...


Aslynda adam " gitme!" diýip biljek derejede güýçli bolsa gowy, sebäbi hiçkim unudyp biljek derejede güýçli däl


Adam iň gowy günleriň geçip gidendigine giç akyl ýetirse bagtsyz bolýar

26
195
altyyeva
22.09.2023 15:59

Demir döwülse ussa tapylar, göwün döwülse - gussa...

31
61
altyyeva
21.09.2023 00:31

Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”

(“Görogly” eposyndan)


Köňlümden syzylyp çykan, eý, goşgym,

“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”

“Örtedi, örtendi, emma ki yşkyn

Başyna täç etdi” diýgil daglara.


“Özün aýamady, çekdi ah baryn,

Diňe maňa diýip bildi ahwalyn,

Arzuwy gezmekdi arşy, asmany,

Onsam çüte bitdi” diýgil daglara.


“Deňizde gulaçlap, ýeňip tolkuny,

Ýaşajakdy yşkdan ýasap ýelkeni.

Zer kimin lowurdap, seçip ýalkymy

gezjek ýanar o:tdy...” diýgil daglara.


“Ýellere harpyk deý sowruldy” diý sen,

“Söýgüde armanly gowruldy” diý sen,

“Maksady ullakan oglandy” diý sen,

“Şatlyk hem hesret

15
33
altyyeva
20.09.2023 15:27

Seň sözleriň aram berdi kalbyma,

Derdini dep etdi dertli göwüniň.

Dünýäm älemlerde ganat ýaýyp ýör,

Meňzeş dünýä tapynanna öwünip.


(Meniň şygra aşyk, poeziýa aşyk

Köňlüm täze yşka rowan göründi...)

Men kalbymda başlatdym bu “söweşi”,

A seniň kalbyňda “dowam” göründi.


Gözlerime uçgun geldi täzeden,

Sözlerime şeker-ballar dolandy.

Asmana ymtylyp uçmakçy bolsam,

Aýagyma elwan güller dolandy.


Zeminem bu bagtdan hantama çünki,

Sen — barlykda gazanan baş ýeňişim.

Şu bagt üçin, geljek üçin, yşk üçin

Saňa baky minnetdar men, Eneşim!


27.03.2021ý. 01:17



Sapa HOMMADOW

18
19
altyyeva
19.09.2023 00:45

Azaply hatalar jigeri kertip,

Ýaşaýyşa bolan yhlasym kemdi.

Erkim elden gidip, dünýä sygmadym,

Bir demde bar zady ýoklasym geldi.


Takadam galmady ýetmäge ertä,

Arzuwy ýakmaga dözüp başladym.

Geldi-geçer duýgularyň kirşini

Gözlerimi ýumup üzüp taşladym.


Jahana inmändim kemrysgal bolup,

Öz rysgymdan özüm boýun towladym.

Ýasyn tutdum günäsizje pälleriň,

Gara reňkli pälleň toýun toýladym.


Garaz, bu dünýäden ýuwup elimi,

Begençsiz, gynançsyz uklasym gelýär.

Erkim elden gidip dünýä sygamok,

Bir demde bar zady ýoklasym gelýär.



Sapa HOMMADOW

24
29
altyyeva
18.09.2023 14:29

Geçmişiňde söýen adamyňdan başga hiç kim seniň üçin beýle derejede ýat bolup bilmez.


Bir adam beýleki adama yssy mähirden başga näme berip biler?! Asyl-ha, mundan uly näme bolup biler?!


Sen, esasy, hiç kimi ýakynyňa goýberme.

Ýakynyňa goýberseň, saklamak islärsiň. A hiç zady saklap bolýan däldir…


Söýgi düşündirişi halamaýar. Oňa edilen amal gerek.


Zenan söýgüden paýhaslanýar, erkek akylyny ýitirýär.


Sen diňe bir adamdan çürt-kesik aýrylandan soňra, onuň bilen bagly ähli zatlary çynlakaý gyzyklanyp başlaýaň. Bu hem söýgi paradokslarynyň biridi

29
65
altyyeva
16.09.2023 01:35

Şägirt:


— Durmuşyň hemişe ajysy-da, süýjüsi-de bolýarmy?


Halypa:


— Hawa, ýöne adamlaryň käbirleri gowy bir zat tapýarlar-da, bar ünsüni şoňa jemleýärler.


— Şol gowy zady nädip tapmaly, duýmaly?


— Ol aňsat, eger sen bir zada gynanýan bolsaň, sen geçmişiň bilen ýaşaýaň, eger sen bir zady alada edýän bolsaň, onda sen geljek bilen ýaşaýaň, eger-de sen lezzeti we ýeňilligi duýýan bolsaň, diýmek sen häzirki wagtda ýaşaýaň.


Halypa onuň gözlerine seredip, sözüniň üstüni ýetiripdir:


— Häzir sen nirede?

25
144
altyyeva
15.09.2023 08:06

Hiçkim saňa goşgy düzmez

Hiçkim seni diňlemez

Hiçkim seni gorap gezmez

Hiçkim seni geňlemez

Meniň deýin didelerňe

Bakabilmez bir adam

Hiç garaşma idelerňe

Men şol ! Ýakynam, ýadam

Bagtyň hakda, gaýgyň hakda

Gürrüň ber bir özüňe

Ynam gitdi bu gursakdan

Diýdim, özüm-özüme...


Gülşirin Hanowa

17
88
altyyeva
08.09.2023 08:16

"Durmuşda buýsanjaň tutdym men serim

Diňe söýgi babatynda ownadym.."

12
17
altyyeva
07.09.2023 07:48

Adam ýalňyz bolsa, başyna bir iş düşse gözýaş köşeşdirýärmiş diýýärler.Ol zatlar galat, o diňe ejizligiňi boýun almakdan başga zat däl. Ýok, gözýaş köp dökülse ýüregiň syryny gaçyrýar, gözleriňdäki röwşeni köneldýär. Ejizlik gözýaşy iň soňkyja ýagty umytlaryňam gyzgyn şerebesinde eredýär...

10
70