akmedowa dursun
10.03.2023 14:10
Kör söýgi
Birin söýüp ýaryljak bolsa gursak,
Kalp diñe şol diýip atygsap dursa.
"Seni söýýän" diýseñ ol ýüzün bursa,
Seniñ söýgiñ kör.

Bir guş kimin kapasada galarsyñ,
Onuñ keşbin sesin ýada salarsyñ.
Küýsäp,küýsäp göz ýaş döküp solarsyñ,
Seniñ söýgiñ kör.

Dillenersiñ: "Beýtme kalbymy dilýäñ,
Söýýän ahyr,muny özüñem bilýäñ".
Ol bolsa dillener äheñde gülýän,
"Seniñ söýgiñ kör".

Gowşar göwräñ,doñar beýni hem ýürek,
Häzir saña diñe,diñe şol gerek.
Ýalñyz söýseñ şeýle bary biderek.
Seniñ söýgiñ kör.

Söýüp-söýlüp ýaşañ ýürekden joşup,
Söýgi üçin kynçylyklardan aşyp,
Bolmasyn hiç-haçan eý, çyndan aşyk!
Seniñ söýgiñ kör.

Akmedowa Dursun







9
135
akmedowa dursun
08.03.2023 20:24
Ylham geldi kalbym gapysyn
kakyp...
Ylham geldi kalbym gapysyn kakyp,
Bu gezek girmegne bermedim rugsat.
(Sebäp indi bes edipdim ýazmagy),
"Goýber girsin"diýip dillendi gursak.

Ylham diýdi:"Rugsat ber sen gireýin,
Melhem bolaýyn goý dertli kalba men.
Egiseýin ýürekdäki gamlaryñ,
Ýogsam dertden ýaña bolýañ telbe sen".

Diýdim men:"Ýok indi haýyş gelme hiç,
Git sen dertlerimi çekerin ýeke".
-"Sen maña git diýme bilýäñmi meni,
Allahym goýberdi kalbyña baka".

"Öñem syrdaşyñ hem dostuñdym-a men,
Beýdip birden menden geçseñ bolmaz-a"
Şo mahal gözümden paýrap gitdi ýaş,
-"Senden geçsem kalp näderin bilmez-ä".

"Ýalñyz dostum gel bileje galaly",
Diýdim ahyrynda saklanyp bilmän.
"Akanynda gözden sil deý göz ýaşym,
Gel köşeşdir ýogsam aglaryn diñmän".

Soñunda ylhamy kalbyma salyp,
Rahatlandym,rahatlandy göwünem.
Ah men ýazjak däldim emma bolmady,
Ýene gamly goşgy ýazdym bu günem.

Akmedowa Dursun



10
66
akmedowa dursun
07.03.2023 18:18
Gynanýan
Ýene oýa batdym dünýä hakynda,
Meger hijem saýhallanmaz pikirlem.
Ýamanlyk bar her bir ädim atymda,
Gynansamda ýene gamly setirlem.

Düşünemok bu nähili zamana,
Pul boldula hemme zatdanam üstün.
Hatda duşman boldy dogan-dogana,
Şony pikir etsem basylýar sustum.

Utanç-haýa ýokdur käbir gyzlarda,
Pikirleri ýeñil,özlerem şeýle.
Diñe boýag görner gaşdyr-gözlerde,
Haýran galýan näm üçin olar beýle.

Gynanýan köp ýigit gyz kalbyna däl,
Bakar şol ýasama gözelligine.
Bu gün söýse ertir gözi gyzda del,
Indi şeýle,galaram şollugyna.

Käbir çaga asla bilmez hormaty,
Sylamaz enesin hem-de atasyn.
Haçanda eginden düşse gurbaty,
Görkezer özüniñ ýaman häsýetin.

Adamkärçiligem barýarla ýitip,
Gynanýaryn bu dünýäniñ halyna.
Dostum diýeniñ arkañdan daş atyp,
Duşman çykyp oklar seni ýalyna.

Oýlap görsem bu owadan dünýäni,
Gorkunç edýän hut özümiz ekenik.
Şudur ýürek sözlerimiñ beýany,
Dowam etsem san-sajagy ýetenok.

Ýalan dünýä üçin agladym bu gün,
Bu ejiz ýürege agram salyp.
Hemem birazajyk göwünde düwün,
Galandyr hiç-haçan çözülmez bolup.

Akmedowa Dursun
8
65
akmedowa dursun
06.03.2023 16:34
Kalby päk ejem jan men seni söýýän,
Ah saña döneýin mähriban käbäm.
Ynjasam dertlerim ýürekden duýýañ,
Men ýanyñda çagadyryn entegem.

Ýyllar mañlaýyña salmasyn gasyn,
Nur dökülýän ýüzüñ ýylgyryp dursun.
Eger wagt garratsa geçmesin basym,
Saña geljek bela goý maña ursun.

Aýaklaryñ aşagynda jennetim,
Hak ýaradan uzyn etsin ömrüñi.
Asla ölçäp bolmaz seniñ gymmatyñ,
Ündewleñ saýgartdy ýalñyş dogryny.

Diñe sen mynasyp hakyky söýgä,
Açyk-aýdyñ göz ýetirdim men muña.
Ýanymda sen mydama çümsem gaýga,
Ynanamok ýalançy dostlaryma.

Sen hakyñda ýazdym ýazaryn ýene,
Pikir etsem sensiz ýaşaýyş agyr.
Meni şu günlere ýetiren ene,
Kalpdaky sözlerden döretdim şygyr.

Akmedowa Dursun
15
138
akmedowa dursun
05.03.2023 12:42
Söýgi
Baş egýän öñünde beýik söýginiñ,
Duýgularyñ şasy hem şoldur meger.
Bu owadan dünýä has gözelleşýär,
Ynsan ýürek bilen söýäýse eger.

Söýgi kalpda ýakar öçmejek ody,
Hiç haçan bolmaýar söýginiñ soñy.
Bu duýgy köplere ýetdirip durmaz,
Eger söýgä ýetseñ goragyn ony.

Söýgi şeýle bir päk,şeýle sadadyr,
Onuñ sadalygna ýetirmäñ zeper.
Eger zeper ýetäýse söýgi däl ol,
Hemde birin söýseñ her gün her sapar.

Söýgidir ol kalbyñdaky ynsany,
Ýitirmekden gorkanyñda haçanda.
Ykbal paşman ömürlik aýra düşseñ,
Dideden syrygyp göz ýaş gaçanda.

Söýgä eýe bolmak ullakan bagtdyr,
Söýmek-kalbyñ päkliginiñ nyşany.
Söýgi ýetmek üçin söýen ýaryna,
Unutmagyn göreşdirer ynsany.

Söýgi bu hormatdyr birek-birege,
Utanjy-haýasy ýigidiñ-gyzyñ.
Hem söýen ýaryñy gören mahalyñ,
Diýjegiñi bilmän ýitirseñ özüñ.

Ine söýgi şeýle zatdyr aslynda,
Güýmenje däldir ol bir-iki günlük.
Ol wagtlaýynça bir oýun däldir,
Söýgi kalpda ýaşar,ýaşar ömürlik.

Akmedowa Dursun
12
182
akmedowa dursun
04.03.2023 00:37
Bulutly asman (Meñzetme)
Bu gün senem gamly soñsuz asmanym,
Gara bulut doldurypdyr giñligiñ.
Diýjek däl kalbymy ünji basmanyn,
Boýlaýaryn pikirleriñ çuñlugyn.

Oýlanýan meñzeýäñ gaýgylaryma,
Gel ikimiz bu gün bile aglaly.
Erk berjek ünjüli duýgularyma,
Göwnüme sen dertlerim añýan ýaly.

Guý ýagyşyñ,menem dökjek göz ýaşym,
Ýalançy dünýäden ýadadym gaty.
Ýürek dertlerinden egildi başym,
Çekmek agyr düşýärle bu hasraty.

Guş bolup uçsamdym giñilşigiñde,
Dertlerimi unudyp bir salymlyk.
Köp kynçylyk gördüm men ýaşlygymda,
Gözlem indi görmäýedir ýamanlyk.

Ertir gara bulut gidip senden-ä,
Ýene sary Güneş tutar ýerini.
Gaýgy-gama basylýan günden-güne,
Güneş ýagtyldarmy meñ ertirimi?!

Akmedowa Dursun
10
65
akmedowa dursun
28.02.2023 16:59
Mähir
Mähir gerek mydam ynsan kalbyna
Bir-birekden mähriñizi gysganmañ.
Mähiri unudyp nebsiñ yzynda,
Ylgamañ, pul tapylarla gyssanmañ.

Mähir satylanok ahyry pula,
Muny bilýäris-ä biziñ hemmämiz.
Kalplarymyz mähir bilen çoýulsa,
Añsat bolar kynçylygy ýeñmämiz.

Bilseñiz mähirdir dünýäñ diregi,
Bu hakda men köp aýdaryn ýadaman.
Mähir,sylag-hormat ýok bolan güni,
Anyk bilýän boljakdyr ahyrzaman.

Mähir beriñ,ýylgyrdyñ kişiñ ýüzün,
Şonda beýik Alla rysky eçiler.
Ýüregi ýylatsak şirin söz bilen,
Ak ýollarmyz öz-özünden açylar.

Unutmañ mähiri,hormat-sylagy,
Sowuk-sala bolmañ,gaşlary çytmañ.
Adamçylyk şolar bilen ölçenýãr,
Siz adam-a,adamçylykdan çykmañ.

Akmedowa Dursun

7
48
akmedowa dursun
27.02.2023 16:42
Durmuş ahyry...
Gör-ä ýagty jahan neneñ owadan,
Kynçylygam bardyr durmuş ahyry.
Men-ä duýýan töwerege seretsem,
Tebigatam eçilip dur mähiri.

Tebigatyñ şol eçilýän mährinden,
Gözelliginden biz almaly lezzet.
Baglar miwe berýär,nurun saçýar Gün,
Seretsene ol bize edýär hezzet.

Durmuşdyr bu munda bolýar hemme zat,
Kynçylygam,alada-da,gaýgyda.
Ejizleýäs kä nalaýas ykbaldan,
Kä ýykylsak käte galýas beýgede.

Ýykyldykmy,galyp bilmeli hökman,
Düşün ynsan durmuş kanuny şeýle.
Ejizlän halatyñ ýatlagyn Haky,
Barysy düzeler sen sabyr eýle.

Mydam niýetimiz tutup ýagşydan,
Owadan ýaşaýşa biz guwanmaly.
Güller açylyp dur,guşlar saýraýar,
Gözelligiñ gadyryny bilmeli.

Akmedowa Dursun

12
106
akmedowa dursun
26.02.2023 16:36
Eje
1
16