aigul_
26.10.2023 22:55

Gazap bilen başlanan zat utanç bilen soňlanar.

18
41
aigul_
17.10.2023 23:41

DURMUŞ


Ýaşym 12...

Ne-hä boý ýeten gyzdym.

Ýok, çaga-da däldim bökjekläp ýören.

Çekinerdim ogşamaga kakamy,

Hem ejemiň gujagynda ýatmaga...

Geňsi tüýsler bardy kalbymda örän –

Bukardym zülpümi ýaglygym bilen

Belki, bu adatdyr oba gyzlarna?!

Bilmedim,

ozal täzeje köýnek geýäýsem,

Güjeñlärdim goňşularmyñ baryna.

Soňra nämüçindir galdy bu hüýüm,

Duşmasam kem däldi nazarlaryna.

Okardym gazetleñ böleklerinem

Dannamazdym temasyny kitaplañ:

Ýaşlañmy, körpeleň edebiýatymy...

Parhy näme?!

Okaýardym barybir

Saýlap-seçmek kimiň ýadyna düşýä?!

Hä, bir gezeg-ä mugallym görüp,

(Gizlemäge ýetişmändim men şonda.)

Diýdi:

– Heniz bu eseri okardan ýaşsyň!

Rast aýdan ekeni mähriban ynsan.

Edil häzir şol döwüre äňetseň,

Juda ýaş ekenim,

ah, juda ýaşdym...

Meger şoň täsiri ~ ulaldygymça

Bilmän ikisiniň tapawudyny

Durmuş – eser,

eser – durmuş arasynda azaşdym.

Hatda ömürboýy görmediklerim,

Roýuma ýylgyryp,

“Söýýän” diýse-de,

Hakykatda asla söýmediklerem,

Ýakyn – ýat,

tanyş – nätanyş,

dost – duşman,

Sanasaň sogap bar, etmersiň puşman.

Iň möhüm zat: olaň aýdan sözleri,

Gara,

goňur,

mawy,

ýaşyl gözleri,

Pişeleri,

ýagşy-ýaman pälleri,

Ýaşyryn hem aýan bolan allary,

Hatda gelejekde edip biläýjek

Etsem-petsemleri däl maňa pynhan.

Ýa bolmasa barypýatan geň-taňlyk...

Eýse bu zatlary bilmeklik üçin

Gerekmi welilik ýa bolmak palman?!

Emma eserlerde bolşy mysaly

Aýdyp bilmerin men durmuşyň soňun.

Bir gezek aýtmaga synanyşamda,

Düýpgöter özgerdip göçümlerini,

Salypdy başyma müň jüre oýun.

Tas ryswa edipdi...

ýöne barybir

Bes etmedim,

bes etmen gözleglerimi

Eý, durmuş, bir elim seniň ýakaňda

Darykma, deprenme boýun al, boýun!


Gurbanjemal Annakowa

12
27
aigul_
19.09.2023 08:48

Gözelligiñ we ajaýyplygyñ bilen kalbyma ylham hem-de joşgun paýlaýan Arzuwym, seni GÖWHER💎 derejäñ bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mundan beýläk hem üstünlik arzuw etýän!! Durmuş saña elmydama garaşylmadyk şatlyklary bagş etsin!


#ELÝA....Dünýäniň gözelligine has-da gözellik goşýan Arzuwym🥰! GÖWHER💎 Derejäñ bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!Derjeleñ durmuşdada Gunçalap oturan bägüller ýaly mundan beýläk hem gül açsyn!🥰🥳💫



ELÝA IKIMIZIÑ ADYMYZDAN kichijik sowgat.

22
140
aigul_
18.09.2023 10:51

Asyryň akyldaryndan altyn sargytlar ýa-da Eýnşteýnden 10 sargyt


Albert Eýnşteýniň özi, aýdan jümleleri dünýäniň esasylaryndan. Çünki ol dünýäniň iň zehinli adamy diýlip kabul edilen. Bu sebäpli aýdan her sözi adamlara öwüt-ündew berýär. Makalamyzda ussadyň aýdan maslahat beriji sözlerinden maglumatlar toplanyldy.


Bilesigelijiligiňiziň yzyndan gidiň.


“MENIŇ ÝÖRITE BIR ZEHINIM ÝOK, MEN DIŇE ÝOKARY BILESIGELIJI”.


Siziň bilesigeljiligiňizi näme özüne çekýär? Nämäni iň esasy bilesiňiz gelýär? Meniň bilesim gelýän esasy zat käbir adamlaryň başarjaň bolup, käbirleriniň başarjaňlygynyň pesligi.Bu sebäpli ýyllar boýy başarjaň bolmak üçin işledim. Bilesigelijiligiňiziň yzyndan gitseňiz hökman başarjaň bolarsyňyz.


Tutanýerlilik gymmatly.


“ GATY ZEHINLI BOLANYMDAN DÄL, KYNÇYLYKLAR BILEN IŞLEŞMEKDEN ÝÜZ DÖNDÜRMEDIGIM ÜÇIN BAŞARÝARYN”.


Bir maksat tutup şol maksadyň soňuna çenli gitmäge sabryňyz barmy? Poçta möhürleri örän gymmatly hasaplanýar, çünki olar barmaly ýeriniň soňuna çenli hata ýapyşýar. Poçta möhüri ýaly boluň we başlan işiňizi dynmaga çalşyň.


Hyýaly güýçler güýç berer.


“HYÝALY GÜÝÇ HEMME ZATDYR. HYÝALY GÜÝÇ BILMEKDEN HAS ZERUR”.


Hyýaly güýçleriňiz gelejegiňizi kesgitlär.Eýnşteýne görä :” Zehiniň hakyky görkezmesi hyýaly güýçlerdir”.


Ýalňyşlyk ediň.


“HIÇ WAGT ÝALŇYŞMADYK ADAM TÄZE BIR ZADY DEŇEMEDIK DIÝMEKDIR”.


Ýalňyşmakdan gorkmaň.Eger bir işe başlamak isleseňiz çekinmäň, ýalňyşlar sizi has uly derejelere alyp gider. Başarjaň bolmak isleýän bolsaňyz ýalňyşmakdan gorkmaň.


Häzirki wagty ýaşaň.


“MEN HIÇ WAGT GELJEGI PIKIR ETMEDIM, NÄME BOLSA-DA GELJEKDIR”


Gelejegi taýýarlamagyň ýeke-täk ýoly, esasan häzirki wagt bolmagyňyz.Şu wagt düýni ýa-da ertiri üýtgedip bilmersiňiz. Zerur bolan esasy wagt HÄZIR.


Möhümlik (zerurlyk) dörediň.


“IŇ ESASY BAŞARJAŇ BOLMAK ÜÇIN DÄL-DE MÖHÜM BIRI BOLMAK ÜÇIN IŞLÄŇ”.


Wagtyňyzy başarjaň bolmak üçin harçlamaň, zerurlyk döretmäge çalşyň. Eger siz zerur biri bolsaňyz başarjaňlygyň özi size geler.


Üýtgeşik netijelere garaşmaň.


“DÄLILIK – ŞOL BIR ZADY GAÝTA-GAÝTA EDIP ÜÝTGEŞIK NETIJÄ GARAŞMAKDYR”.


Durmuşyňyzyň üýtgemegini isleýän bolsaňyz, ilki bilen özüňizi üýtgetmegiňiz gerek.


Bilmek deňemekden geler.


“BILMEK MAGLUMAT DÄLDIR, BILMEGIŇ ÝEKE-TÄK ÝOLY DEŇEMEKDIR”.


Bir mesele üstünde işläp bilersiňiz, emma bu size diňe teoretiki, pelsepe düşünjäni gazandyrar. Bir meseläni bilmek isleýän bolsaňyz ony deňäp görmelisiňiz,


 


Asyryň akyldaryndan altyn sargytlar ýa-da Eýnşteýnden 10 sargyt


Biz ýaly adaty adam bolup dünýä inen Albert Eýnşteýn bütin ömrüne okanlary, öwrenenleri, tejribede synag edenleri bilen çuňňur zehiniň, kämiligiň nusgasyna öwrüldi. Eger bu gün akyl, bilim, başarnyk babatynda tapawutlanýan birini Eýnşteýne meňzedýän bolsak, bu eýýäm aňymyzda onuň ýeten beýikligini ykrar edýänligimizdir. Ýöne onuň bu beýiklige nädip ýetendigi barada pikir öwrüp görüpmidiňiz? Ine, meşhur alym, fizik, filosof we ýazyjy bolup ýetişen ägirdiň kämillige uzan ýolunyň 10 syry.


Biz makalany Albert Eýnşteýniň öz sözleri bilen dowam edýäris:


1. Gyzyklanmalaryňyzyň yzyndan galmaň!


«Meniň aýratyn bir ukybym ýok. Bar edýän zadym gyzyklanmalarym aşa güýçli».


Sizi gyzyklandyrýan zat näme? Onuň haýsy aýratynlygy sizi has haýran galdyrýar? Mysal üçin, meni käbir adamlaryň üstünlik gazanyp, käbirleriniň gazanyp bilmezliginiň sebäbi gyzyklandyrýar. Şonuň üçin ýyllar boýy maksada ýetmegiň, başarjaň bolmagyň üstünde işledim. Gyzyklanmalaňyzyň yzyndan galmasaňyz, üstünlige ýetip bilersiňiz.


2. Yhlasyň belli bahasy ýokdur.


«Has akylly bolanlygym üçin däl, kynçylyklara garşy göreşi orta ýolda taşlamandygym üçin maksada ýetýärin».


Siziň sabryňyz goýan maksadyňyzy ahyryna çenli dowam etdirmäge ýetýärmi? Ugradýan adamdan tä barjak ýerine çenli hatly bukjadan aýrylmaýanlygy üçin poçta markalaryny gowy görýärler. Edil şol markalar ýaly boluň, başlan işiňizi ahyryna çenli dowam ediň!


3. Şu güne üns beriň!


«Bir bada iki işi etjek bolýan adam şolaryň haýsy hem bolsa birine az üns berýändir».


Bir bada iki ata erk edip bolanok. Nämedir bir zatlary başaryp bilersiňiz, ýöne ähli zady başarmagyňyz asla mümkin däl. Şu güne ― häzirki wagta üns beriň! Ähli ünsüňizi şu wagtky edýän işiňizde jemläň!


4. Hyýal güýji ― goşmaça güýç!


«Hyýal güýji siziň ähli baýlygyňyzdyr».


Ol size garaşýan şowlulyklaryň ilkinji ädimi. Gerek bolsa, hyýal üçin zehinden hem zerur gerek.


5. Ýalňyşmakdan gorkmaň!


«Ýalňyşyp görmedik adam täzelikçi hem däldir».


Ýalňyş hereketler zerarly şowsuzlyga uçramakdan gorkmaň! Tersine, ýalňyşlyklara kämilleşmegiň serişdesi hökmünde garaň! Kämillik ýüzlerçe ýalňyşlygyň aňrysynda ýatandyr.


6. Şol pursat bilen galyň!


«Geljek hakynda hiç hili pikir etmeýärin. Başa näme gelse, görebermeli».


Geljegi berkarar etmegiň iň gowy ýoly häzirki wagtdan netijeli peýdalanmakdyr. Çünki edil häzir sizde düýni ýa-da ertiri üýtgetmek mümkinçiligi ýokdur. Iň esasy zat, şu pilleki ýagdaýdyr.


7. Özüňizi sylatmagy başaryň!


«Başarjaň bolmaga däl, hormatly bolmaga ýykgyn ediň!».


Wagtyňyzy başarjaň bolmaga däl-de, adamlaryň arasynda mertebli bolmaga sarp ediň. Mertebe gazanyp bilseňiz, üstünligiň gitjek ýeri bolmaz.


8. Dürli-dürli netijelere garaşmaň!


«Birmeňzeş işlerden başga netijä garaşmak dälilikdir».


Her gün şol bir tertipde ýaşap, üýtgeşik netijelere garaşmaň! Durmuşyňyzyň özgermegini isleýän bolsaňyz, ilki özüňiz özgermelisiňiz.


9. Akyl ― tejribäniň önümi.


«Maglumatlary okap, öwrenip däl-de, tejribe bilen özleşdirip bolýar».


Bir ylmy meseläniň üstünde jedelleşip bilersiňiz, ýöne bu size diňe pelsepewi pikir berer. Bir maglumata has içgin aralaşmak isleýän bolsaňyz, ony tejribede amal edip görmeli.


10. Düzgünlerini öwrenip, has kämil oýnaň!


«Oýnuň düzgünlerini öwrenmäge borçlusyňyz. Diňe şeýdip iň gowy oýunçy bolup bilersiňiz».


Amal etmeli iki zadymyz bar: birinjisi oýnuň düzgünlerini öwrenmek, ikinjisi bolsa ony her kim gowy oýnamaga synanyşmak. Şu ikisini başarsaňyz, üstünlik hemişelik hemraňyz bolar.


***


Ine, Eýnşteýn-hä şeýle diýýär. Berilýän sargytlary seljermek we iň naýbaşylaryny saýlap almak özüňize bagly. Eger bu ýörelgeler Eýnşteýni dünýä meşhur alyma öwren bolsa, size näme üçin nepi degmesin?!

14
59
aigul_
17.09.2023 11:33

Ýanyñyzda doganyñyz bar bolsa hiç zatdan gorkmañ.Ýykylañyzda ilki şol galdyrar. Kyn günüñizde ilki ol ýetişer komege


Syryňy saklaşşak,derdiň cekişşek,

Gerek bolsa guşuň suydin tapyşşak.

"Ýykylma" diyip ellerimden ýapyşşak,

Allajan uzak yaşat Doganlarymy!!!


Dogan diymek arkaňdaky dagyňdyr,

Gollajak,gorajak howandaryňdyr.

Dogan diymek dunye erem bagyňdyr.

Allajan guýçli tut Doganlarymy!!!


Ayal dogan enem ornuny tutjakdyr,

Erkek dogan gala bolup durjakdyr,

Idär durar gözi kimin bakjakdyr,

Suwsan wagtyň derya bolup akjakdyr,

Uzak ýaşat Allam Doganlarymy,!!!

13
66
aigul_
16.09.2023 22:45

KAKA seni ýatlap ýazýar öz gyzyñ

Bölegidiñ maşgalañ eziz bagtynyñ .

Alladan dileýän jennet ýagtysyn

Ýatan ýeriñ ýagty bolsun KAKAMJAN.


Seniñ "Ylýas" adyñ ýürekde gally

Aigül seni ýatlap zaryn aglady.

Ol Keremli Allam ýanyna aldy

Jaýyn jennet bolsun eziz KAKAMJAN.


Gözöñümden gitmez ol nurly keşbin

Allan beren ömrün ýaşap sen ötdüñ

Ýürekde ömürlük adyny goýdum

Ýatan ýeriñ ýagty bolsun KAKAMJAN


KAKAMJAN adyñy ýatlasam ýene

Aramyzda bolsadyñ hemişe bile

Arman Ömrüm gysga tapmadyk çäre

Jaýyn jennet bolsun eziz KAKAMJAN.


2005Ý

27
208