abat
abat
07.03.2023 19:25
Demirler asmanda ganatlap uçar...Magtymguly Pyragy Pyragym bak, sözüñ öz ýerin tapýar, Asmanda polatlar uça başlady. Emma ynsanlaryñ ynsaby gopýar, Köpler namysyndan geçe başlady... Düýnjek ýary
abat
abat
06.03.2023 20:30
Kaka, uly bolmak aňsat däl eken, Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet. Indi iýjek bolup bir döwüm çörek, Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet. ***** Kaka uly bolmak aňsat däl eken, Durmuşyň agramy asylýar
abat
abat
05.03.2023 09:33
Bilşimiz ýaly molekula diýip maddany düzýän kiçijik bölejikleri aýdylýar.Geliň molekulanyň nähili kiçidigin göz öňüne getireliň: 1. Eger suwuň 10000000 molekulasy bir göni çyzyk boýunça biri birine
abat
abat
04.03.2023 09:32
Uzak ýaşa bolsun ömrüň hem uzak. Biz diýip çekdiň ençeme azap, Ýagşy işiň sanasam ýalňyşýar hasap Bagtymyz sen şatlygymyz sen kakajan Kemsiz bolmagymyz üçin gabardy eliň, Bize edep öwredip agardy
abat
01.03.2023 20:05
Bugün doglan günüň gutlaýan eje
Ýaşyňa bir ýaş goşuldy ýene
Ömrüň uzak bolsun janyňam sagat
Güler ýüzüň solmasyn seň hiç wagt

Ilkinji gülkimde äden ädimimde
Ýanymda duran sen, şaýat bolan sen
Ýaňy dilim çykyp eje diýemde,
Gyzym diýip göwnim alanym ejem.

Hemmämizi bir wagtda edýäň alada
Hiç birimiz bolup bilemzok sençe,
Köp oýlanyp göz ýetirdim bir zada.
Sen bizi özüňden köp söýýäň eje.

Kesel bolsak mydam gaýgymyz edip,
Gijelerem başymyzda oturýaň .
Eger sen kesel bolaýsaň perzendiň bolup,
Halyň soramasak hem gutulýaň.

Öňküje aýakgap,köneje köýnek.
Şaý sep ulanaňok,ýüzüksiz barmak
Gözel bolmak üçin synanşmaýaň hem,
Allam beripdir saňa asyl gözellik.

Öňküje aýakgap diýýärin ýöne,
Jennet şol aýaklaryň astynda.
Şol ýüzüksiz biraz gabaran ele,
Bir ömürboýy karzdar men aslynda.

Dogulmakam siziň perzendiňiz bolmak
meniň saýlawyň däl,Allaň isläni
Eger mümkin bolsady gaýta dogulmak
Ýene siz bilen bolardym oýlanmany.

Her dogamda dileg edýän Allamdan.
Ene atamyň ömrüni uzak etgin.
Olar bize gowy durmuş berjek diýip
Agyr zähmet bilen geçirýärler gün

Gyzyňdan bu goşgy saňa sowgatdyr.
Häzirlikçe başaranym goşgy ýazmakdyr.
Geljekde nesip edip kespli bolamda
Niýetim bar-Ata enemi Hajy etmekdir.

Ejejan gutlaýan seni ýene bir gezek,
Gülüp gez hemmeden köp ýaşa uzak.
Meň pikirimçe sen dünýä ineňde
Ýerde bir perişde köpeldi gerek
8
30