a_e_r
04.08.2023 20:58

Sen hakykatdanam barmy?!

"Pikirlenmegi, pelsepäni halaýan her bir adam barlygy soraga çekmäge çalyşandyr. Her kynçylyga duş gelenimizde 'Men näme işläp ýörün?' diýp soramaýanymyz az bolsa gerek. Rene Dekart diýip bir ýaşuly, meşhur fransuz filosofy, näme işläp ýörün diýmändir-de birazajyk öteräk geçipdir. Derdi ulurak bolmalyda, ol özüne 'Meñ barlygym bir çynmyka?' diýip sorapdyr.


Men barmy? Bu soragyñ jogaby bir bada gaty açyk görünýär. Dagy näme, men bar, biz bar. Ýöne gezek subut etmäge gelende biraz kynlaşýar. Duýuş organlarymyzyñ beýnimize berýän habarlaryna görä daşky dünýäniñ barlygyny añ etmäge we seljermäge çalyşýarys. Şu burnumyza gelýän ysyñ mantydanmy ýa-da garpyzdan gelýändigi baradaky habaryna doly ynanýarys. Dişlän şokoladymyzyñ şokoladmy ýa-da däldigi barada gözümize-de, burnumyza-da, dilimize-de ynanmazçylyk edemzok. Ýöne bu organlarymyz gynansakda bizi kähalatlarda ýalñyş maglumatlar bilen üpjün edip bilýär. Salgymlar görýäs, kabir zatlary göz çaky bilen ýalñyş ölçeýäs we şm. Käwagt bolsa bu hyýanaty bize beýnimiz edýär, şizofrenleriñ adatdan daşary zatlar görmegi, ukuda wagtymyz düýşler görmegimiz muña mysal bolup biler. Diýmek barlyk düşünjesine uly daýanç edip goýan duýuş organlarymyz we beýnimiz beýle berk hem däl eken- diýýär Dekart.


We gürrüñine dowam edýär: "Belki biz hem bir düýşde gezip ýörendiris, belkem bu zatlaryñ hemmesi ýönekeýje bir hyýaldyr. Hatda men hem bir hyýal bolaýmaýyn. Belkem biri bizi şu zatlaryñ hatda meniñ hem bardygyma ynandyrandyr. 'Soñ birden pikirlenip oturan wagty źeton gaçýar. Hemmämiziñ gulagymyza eşdilýän şol ştyñññ sesi eşdilýär, kellesiniñ gapdalyndaky lampajyk ýanýar. "Eger biri meni bu zatlaryñ hakykydygyna ynandyrjak bolaýan ýagdaýynda-da, ynandyrmagy üçin men bar bolmaly, pikirlenip bilýän bolmaly. Men pikirlenýän, diýmek men bar.' - diýýär."

- Ýaran Allamyradow

35
379
a_e_r
03.08.2023 14:13

"Adamlaryň, hatda bir zatjagaz öwrener ýalam wagtlary ýok. Olar taýyn zatlary dükanlardan alaýýarlar. Ýöne dost söwdasyny edýän dükanlar ýok ahyry. Şonuň üçinem adamlaryň dostlary ýok..."

- Kiçijik şazada,Antuan de Sant Exuberi

"Adamzat özünden başga hiç bir jandary pikir etmez..."

- Haýwan fermasy, George Orwell

"Ýaňydan bäri aýdyp otyn kelläni çişirdiň, seniň aşyk bolmagyňdan we ondanam gynanmagyňdan maňa näme? Bu maňa we adamlara gyzykly däl.

- Günä we jerime(Suç ve ceza),Dostoýewski

"Men bu ýola ýeke gitmekçi köplere ynanamok, ynanýanlarymada dözemok..."

- Ýüzükleriň hökümdary,J.R.R Tolkien

"Bir adam maňa gelende şol wagtky haly bilen kabul edern ony,öňki haly bilen däl.Näme üçin geň görýäňiz düşünemok.Bir adam elini sabynlap ýuwup gelse ony kabul edersiňiza,ýa-da öň eli kirliti diýp kowarsyňyzmy?!"

- Durmuş gynanmak üçin gaty gysga, Konfusiý(Konfüçýüs)


Terjimede ýalňyşlyk bolan bolsa bagyşlarsyňyz:). Siziň başga bilýän gowy eserlerden bölekleriňiz bar bolsa teswirlerde duşuşalyň!

28
200
a_e_r
02.08.2023 16:42

Gündelik durmuşda adamlar  birtopar zatdan zeýrenýärler. Olaryň biri hem wagt ýetmezçiligi. Bu makalada wagty nädip has gowy ulanmalydygy barada öwrenen usullarymyň birini paýlaşmakçy.



20 minut düzgüni


"20 minut" hakda nireden eşidendigimi ýadyma düşenok, yöne şondan bäri telefonymdaky taýmer hemişe ýanymda. Kiçijik ädimler düzgününi eşiden bolsaňyz gerek( bu barada "Zynjyry döwme" makalamda has giňişleýin maglumat tapyp bilersiňiz). Kiçijik, yöne gündelik ädimlerde maksadyňyza barmagyňyz üçin köp ulanylýan  strategiýa. 1 gezekde 1 kiçijik iş. Men oňa 20 minut düzgüni diýýärin.  20 minut  düzgüni bir işi etmek üçin edilýän prinsip, ýöne wagt bilen baglanyşykly. 20 minutlap, asla etmek islemeýän islendik hereketinize çydap bilersiňiz. Bu bir zady edip başlamagyň, ýaltalyga garşy göreşmegin we höwesiňi ýokarlandyrmagyň gowy usulydyr. Siz muny özüňizi kämilleşdirmek üçin islendik ugurda ulanyp bilersiň. Meselem ony ulanmaga başlamak üçin aşakdaky ugurlar size peýdaly bolarmyka diýän. 


Günde 20 minut sport bilen meşgullanýan adam, saglygy barada alada etmeli däl.


Günde 20 minut öýüni arassalamak bilen meşgullanýan adamyň bulaşyklyk hakda alada etmeginiň zerurlygy ýok.


Konsentrasiýaňyzy gowulandyrmak üçin günde 20 minut aýyrsaňyz  (meselem meditasiýa edip bilersiň) döredijiligiňiziň nädip ösenine özüňizem geň galarsyňyz .


Günde 20 minut adamsyny ýa-da aýalyny diňlemek üçin wagt tapyan adamyň  gatnaşyk problemalaryndan zeýrenmeginiň manysy ýok.


Özüňizi dinlemek we şahsy bellikleri saklamak üçin günde 20 minut        (muny hökman barlaň) aýyrsaňyz, pikirleriň ýoklugy hakda alada etmeli dälsiniz.


Girdeji çeşmelerini döretmekde günde 20 minut  işleýänler, özleriniň maddy hal-ýagdaýy barada alada etmesede bolar.


Uzyn bir işden soň( meselem 2-3 sagat ) dynç almak üçin 20 minut bölýän adamyň, aşa işlemekden we yadawlykdan gorkmagynyň geregi ýok.


Kim günde azyndan 20 minut peýdaly kitap okasa, nädip öz işinde professional bolmalydygy barada alada etmeli däl.


Hawa , bu zatlar ýazmasy  ýeňil, emma, etmesi kyn ýaly görünýär, Şonda-da hemme kimiň özüni kämilleşdirmek üçin günde 20 minudy bardyr diýip pikir edýän...


Teswirlerde duşuşalyň, bu makala barada siziň pikiriňiz nähili?

56
517
a_e_r
31.07.2023 09:21

3 minut alar


Giriş


Durmuşdaky maksadymyz näme, näme üçin ýaşaýarys? Näme üçin ertirlerine turýas işe gidýäs, okuwa gidýäs oňa muňa güýmeýäs? Bütin ömrümizi bir zat edip doldurjak bolýasmy?! Gaty maslahatlaşylmaly soraglar ýaly görünýär şeýle dälmi?!


Esasanam ýaşlykda adamyň öz özüne köp soraýan soraglary şular. Ýaş ulaldykça bu soraglar has azalyp başlaýar.Iş ,maşgala, çaga diýip durmuş gidip barýarka, hat-da adam bu soraglary soramakdan gorkýaram. Bu soraglary özüne sorap, üstesine-de teorema öwüren biri hem Abraham Maslow. Hany onda..


Maslow's hierarchy of needs


(Maslowyň zerurlyklar iýerarhiýasy)


Hemmämiz üçin durmuşymyza sorag berdirjek bir ýönekeý üçburçluk-piramida bilen bilen başardy.  Bu üçburçlygyň hem meşhur ady Maslowyň zerurlyklar iýerarhiýasy. Bu başda 1943-nji ýylda A.Maslow bilen psihologiýa ädimini ätdi. Şol günden bari käbir özgerişiklere sezewar bolsa hem başdaky 5 basgançakly ýagdaýyny gorady.Siz hem iýerarhiýada nirededigiňizi çaklap bilersiňiz. Maslow başda bir maksat bilen muny döretdi. Bir adamyň ýaşama motiýasiýasy näme? Muny hem piramidada iýmitlenmek ýaly ýönekeý zerurlyklardan tä özüňe ýetmek ýaly emosional zerurlyklara çenli elealypdyr. Onda bu 5 basgançaga giňişleýin seredeliň:




1.Fiziologik zerurluklar. 


Iň aşakda we iň esasy şekilde görşüňiz ýaly adam üçin mejbury zerurlyklar ýerleşdirlipdir. Doglanmyzdan eýýäm zerurlyk duýup başlaýan zatlarymyz. Umuman aýdanda dem almak, iýmitlenmek,uhy, ýylylyk, suw ýaly zatlar girýär bu gatlaga. Bu adama esasy ýaşamak üçin gerekli zatlarymyz. Bular ýok bolsa piramidanyň beýleki gatlaklaryna kän üns bermeýäris.Bular bar bolsa soň ikinji gatlaga geçýäris.


2.Howpsyzlyk zerurlyklar.


Bulam eýýäm bäbeklikden  gerek bolup başlaýan zerurlyk. Howpsyz gurşaw, öýümiz, saglygymyz. Adamyň durmuşynda etmek üçin ylgaýan zatlary bu. Howpsyz bir gurşawda ýaşamak,sagdyn bolmak, öý edinmek , finans erkinlik ýaly zatlar. Işiňiz gowy ,saglyk ýerinde öý bar bolsa , onda üçünji basgançaga geçýäris.


3. Söýgi  we bir ýere degişlilik zerurlyklary.


Bu diňe söýgi gatnaşyklary, durmuşyňda biriniň bolmagy ýeterlik däl. Bu gatnaşygyň  pozitiw  we gowy bolmagy zerur. Meselem: maşgala, dost, söýgüli, är-aýal gatnaşyklary, çagalar bilen bolan gatnaşyklar. Bir gruba degişli bolanyňyzda,jemgiýetiň bir bölegi bolanda bu zerurlygyňyzy hem gideren bolarsyňyz. Bu ýerde-de gowy bolsaňyz: maşlaňyz bar, gowy ýoldaşyňyz bar, bir gruba degişli(doslar bar),onda dördünjä geçýär adam.


4.Hormat zerurlyklary.


Söýgi hem ýekeje özi ýeterlik däl. Başga adamlar tarapyndan söýülmesek-de iň bolmanda hormatlanmak isleýär adam. Görşimiz ýaly, esasy zerurlyklardan birem şul. Hormat diýende: özüňe ynam, abraý we başgalaryň hormatyny hem öz içine alýar. Bu hem bolmadyk ýagdaýynda, ýagny özüňe ynam ýaly zatlar. Peslik duýgysy döreýär we bu hem beýlekilerden gelip biljek hormaty saklaýar. Eger-de bu hem bolsa bir adamyň duýup biljek iň soňky zerurlygyna geçeliň. Durmuşda hemmetaraplaýyn  men bagtly diýmek üçin gerek bolan zerurlyk bu.


5. Özüňe ýetmek.


Geldik piramidanyň soňky başgançagyna.Köp adam muny zerurlyk hökmünde görmese-de, bu Maslowa görä hemmetaraplaýyn şatlyk üçin gerek bolan zerurlyk. Oňa görä taryhdaky üstünlige ýeten adamlaryň umumy tarapy bu zerurlygy esasy zerurlyklaryň hatarynda saklamagy.


Özüňe ýetmek - şahsyýetiň öz başarnygyny we zehinini bilmegi,bulary iň ýokary derejede kämilleşdirmegi,durmuşdan doly lezzet almagydyr 


Ýöne,durmuşda hemme adamyňky bir däldir,üýtgeşikdir. Bir adam millioner bolmak bolup biler bu başgasy üçin bolsa adamlara haýyr sahabat etmek. Gysgaça özüňe ýetmek - öz ynanýan ugruňda doly dowam etmek we ony tamamlamak. Maslow hatda bu barada Einstein, Şekspir ýaly adamlaryň doly derejede özüne ýetendiklerini öňe sürýär.


Bu barada pikirleriňize teswirlerde garaşýan.


Peýdalanylan çeşmeler:


Maslow's Hierarchy of Needs - Simply Psychology


Maslow's hierarchy of needs - Wikipedia


İnsan Ne İçin Yaşar? - Maslow'un İhtiyaçlar Hiyerarşisi(bebarbilim

28
375