Monotoniýa- daşky gurşawyñ sterotipiki hereketleriniñ ýygy-ýygydan gaýtanlanmagy, adam işiniñ öndürijiligini pese düşürmegidir. Olara içgysgynçlyk, biperwaýlyk, ukysyzlyk, işdäniñ kesilmegi we işleýänn işini üýtgetmeklik islegi degishli. Bulara sesin peselmegi, pikirlenmäniñ, ýadyñ, ünsüñ gowşamagy ýaly alamatlary ýüze çykýar.
Psihologiki düşünjeden alsak, monotoniýa adam işine bolan iç gysmalyk ( içki isleginiñ daşky islege gabat gelmezligi), işe bolan ukybynyñ peselmegi.
Monotoniýanyñ alamatlary: ukusyzlyk, duýgurlygyñ peselmegi, fiziki hereketleriniñ gowşamagy we edýän hereketleri bölünmegi (yzygiderli däl), ýùrege düşgünç yzarlaýjy pikirler, daşky gurşawa höwesiniñ ýitmegi, hyýaly pikirlere gitmekligi( köp gaýtalansa şizofrenýa öwrülýär)
Monotoniýanyñ formulasy: motor we sensor monotoniýa.
Motor monotoniýa- şol bir görnüşdäki ýönekeý gaýtalanýan hereketler awtomat fiziki ýagdaýa geçmegi. Bu ýagdaýda esasy faktor energiýa bolup durýar.
Sensor monotoniýa- bu öñki pikirlerin, duýga täsir etmegi, bu duýgur gyjyndyrmanyñ ýoklugyndan ýüze çykýar. Duýgur gyjyndyrmany döretýän esasy faktor maglumatdyr. Maglumat onyñ däl bolsa merkezi nerw ulgamynyn dartylmagy ýüze çykýar.
Monotoniýanyñ öñüni almaklyk- oñyn däl pikirleriñ öñüni almaklyk, zähmet prosessini gowulandyrmak (dynç alşyny gowulandyrmak, toparda amatly psihologiki howany döretmek, iş gurşawyny üýtgetmeklik). Bir söz bilen aýdylanda adamyñ monotonlyk ýagdaýynyñ ýüze çykyşynyñ öñüni almak üçin adamyñ iş şertlerini üýtgetmeklikdir. Başgada täze maglumatlar bilen beýnimizi get galdyrmaly, beýnimiz şol bir maglumat bilen çäklense, şol bir zady görse, şol bir zady ýaşasa monotiniýa ýagdaýyna düşýär.