Yaralyyürek💔
01.11.2022 07:30
Aýralyk pursady

Sen gitdiň.
Şo pursat boşady ruhum,
Hemme zat manysyn ýitirdi birden.
Şatlygym galmady, bagtym galmady,
Şo pursat bar zady uçurdy serden.

Daglarym peseldi baglarym bile,
Şemalym sowulyp duşumdan ötdi.
Boşap galdym misli gaşsyz diwala,
Okan kitaplarmyň manysy ýitdi.

Hatda öz ruhuňam aldyň-da gitdiň;
Göz, gaşyň, egniňi gözden salamok,
Ýöne olaň baryn öňki bolşy deý,
Seniň syratyňda jemläp bilemok.

Çasly çeşmelerim akýar tersine,
Tersine ýaňlanýar aýdymym-sazym.
Seniň barlygyňdy — meniň baýlygym,
Bir pursatda garyp galdym, ezizim.

@fistik_
7
72
Yaralyyürek💔
31.10.2022 18:36
Jemaly bolsun.

Dostym maña bir ýar tapgyn,
Ýúzúnde bir haly bolsun.
Gòzùñ dúśse nurun saçýan,
Bir ròwśen jemaly bolsun.

Ýúregimde yśgy ýaksa,
Gòz gúldúrip nàzli baksa,
Seýkin basyp seyle çyksa-
Gòrenler diwana bolsun.

Gòwnùm açsyn nàzi bilen,
Òz ilimiñ dàbi bilen,
Artykmaç edebi bilen-
Kòp ýagśy hyýaly bolsun.

Aýt dostum muny baryp,
Utanmasyn ol ýúz gòrùp,
Her dem maña śatlyk berip-
Ýúregi sapaly bolsun.

Gelip-baryśmasy bilen,
Alsam gòrúśmesi bilen,
Nàzi-kereśmesi bilen-
Maña ol wepaly bolsun.

Baýram śat, ýokdur gaharym,
Mençe śat etmez baharam,
Çyn sòýgúm bilen màhirim-
Oñ ýòrejek ýoly bolsun.

Baýrammyrat Aklyýew
8
59