Tayler
02.11.2023 14:08

Men köp adamlaryň açlykdan, müňlerçe adamlaryň bolsa iýmekden ölýânini gördüm.


Sen öz aýtmak isleýân zadyňy dâl-de, adamlaryň eşitmek isleýân zadyny aýt.


Lezzet almak durmuşy bilen ýaltalyk bir zat. Gabyrda dynç almak üçin ýeterlik wagtyňyz bolar.


Durmuşyň tragediýasy, biz çalt ulalýarys, giç akyllanýarys.



Benjamin Franklin

36
195
Tayler
24.10.2023 21:17

Eger gitseň, ömürlik git! Ömürlik

Gitmek - ýöne gitmek däldir gezmäge.

Bir gideňsoň, gaýdyp gelme öwrülip,

Bir gideňsoň, hyýal etme gelmäge.


Gitseň git, gideňde giden şekilli,

Gitseň git, gideňde soňuny sanma.

Gideňde gideniň duýulýan bolsa,

Soň dolanjak bolup azara galma.



A.Atabaýew

44
259
Tayler
21.10.2023 22:28

Galbaň döşüň kâ peselip, beýgelip,

İçki harasadyň beýan edip dur.

Sen agladyň tâleýiňden zeýrenip,

Sözleriň geçmişiň beýan edip dur.


Aýt, ýeri, men saňa nâme diýeýin?

Bir senmi agtaryp tapmadyk bagtyn?

Getir bulguryňa şerbet guýaýyn,

Şerbet gam-gussaňy eliňden alsyn.


Seni betbagt eden men dâl, özgeler,

Şoň üçinem maňa bakyp aglama.

Her kim öz derdine özi döz geler,

Durmuşa düşünýâň düşüp aldawa.


Durmuşyň kimdigin bilip bolanok,

Durmuşy okap dâl, ýaşap öwrenseň...

İndi saňa bagtyň geregi hem ýok,

Nâmâ gerek bir ýüzüni öwrensoň?!


Aýt, aslynda dost diýlen zat nâmekâ?

Derdin egser dost ýanynda derdinen.

Gel, bir bulgur meýi ikâ böleýin,

Hem şerbet deý paýlaşaýyn derdiňem...



A.Atabaýew

32
247
Tayler
16.10.2023 22:37

Bir gün gelip senden gideýin diýdi

Özümde barlygyn duýmadyk bagtym.

Men özgâni bagtly edeýin diýdi,

Şindi bir ýaman söz diýmedik bagtym.


Jogap berdim, bolýar gitseň, hoş onda,

Ötegçi şemaly saklanok baglar.

Gujagyndan güwlâp gaýdan derýany

Goýbermân saklajak bolanok daglar.


Gitdi. Goý, özgâni bagtly etsin,

Ýeri, nâtjek, köňül köşgüň bozulsa?!

Özi göwnâp gitse, goý, gitse gitsin,

Egleme bir pursat bagtyňam bolsa!



A.Atabaýew

35
132
Tayler
14.10.2023 00:31

Seni tapyp, men özümi ýitirdim,

Ömrümiň ýaryne çeken gözlegde.

Men öz belet şâherimde azaşdym,

Azaşdym men seniň gara gözleňde.


Bilemok ýüregňe barýan ýoly men,

Hem tapamok barýan ýoly tünegme.

Adam aljyrarmyş bagty ýatanda,

Aljyrarmyş adam bagty çüwende.


Bu bagtmy ýa betbagtlykmy, kim bilýâr?

Ýalňyşýar söýgüden bagtyn agtaran.

Ejizdir öz betbagtlygna ynanan,

Bagtly dâldir: "Bagtly men" diýp magtanan.


Söýgüde bagtam ýok, betbagtlygam ýok,

Söýgi salýar diňe ýürege dowul.

Şoň üçinem yşgyň ýoly kötelli,

Şoň üçinem yşgyň kadasy ýowuz.


Gözleri ümezlâr yşga düşeniň,

Açyk gözler aýdyň ýoly saýgarmaz.

Yşk bir ýowuz dertdir, bu derde ýolgan

Ýaryň wysalyna ýetmân aýňalmaz.


Men aýňalman, halas boljak bolamok.

Ýokdur yşk derdine ýolugyp ölýân.

Ýüregime tâze ýara salsa-da,

Bu sataşan derdim köne dert örân.



A.Atabaýew.

35
32
Tayler
12.10.2023 23:21

Ýetginjekkâm söýgiň nâmedigine

Dessanlary okap düşünjek boldum.

Hem gadymy aşyklara öýkünip,

Gyzlary yzyma düşürjek boldum.


Bigam gyzlar muňa düşünmediler,

Soň okadym nusgawylaň eserni.

Ýöne tapmadym men hiç bir kitapdan

Gudratly saýylýan yşgyň heserni.


Gözlesem-de çölden, gara daglardan,

Tahyryň sandykly akyşyndan men,

Tapdym iň soňunda ony klasdaş

Gyzlarmyň biriniň bakyşyndan men.




A.Annaberdiýew.

39
51
Tayler
10.10.2023 00:08

Gözelleň ählisin goýup birýana,

Seçip-saýlap, seni söýsem, söýermiň?

Ýaz görküňe aşyk bolup gaýbana,

Gül keşbiňe hormat goýsam, söýermiň?


Gar kürâp, tüweleý her ýan çapanda,

Asman-zemin bir-birini tapanda,

Gazaply aýazda, apy-tupanda,

Ýoluňa seredip, dursam söýermiň?


Kâ açyldyň asman ýaly durlanyp,

Kâ gülüp nâz etdiň, kâ gaharlanyp,

Mübârek gaşyňda her ýan pyrlanyp,

Perwanalar bolup köýsem, söýermiň?


Jemalyň kalbymda mukam döredip,

Haýran etdiň ýüregimi eredip,

Ýa-da gözleriňe göni seredip:

"Gülüm, seni söýýân" diýsem, söýermiň?




H.Kulyýew

34
50
Tayler
08.10.2023 22:04

Ömrümiň diregi,

Howaly dagym!

Ömrümiň ýüregi,

Miwelän bagym!

Ne beýle howlugýaň, eglen sen entek,

Eşretli, sapaly, juwanlyk çagym!


Jeýhun derýa kimin akyp dur ýyllar

Uzaklarda ýary gujak açýan dek.

Agyr kerwenini çekip dur ýyllar,

Sen näme howlugýaň, göçüň geçýân dek.


Ýaňja habar gatdym bir gözel gyza,

Ne jogap bererkâ ol galam gaşym!

Ýyllaryň öňünde çökäýme dyza,

Ýyllara ýan berme, belent tut başyň.


Ömrümiň diregi,

Howaly dagym!

Ömrümiň ýüregi,

Miweli bagym!

Keminden ýüz ýyllap ýoldaş bol maňa,

Eşretli, sapaly, juwanlyk çagym!



H.Kulyýew

38
47
Tayler
06.10.2023 13:34

İlkinji söýgi hem rewolýusiýa ýaly bir zat. Durmuşyň ozaldan gelýän birsydyrgyn, düzüw gurluşy bozulyp, dargadylýar, ýaşlyk diwarynyň aňyrsyna geçilýâr. Aýdyň baýdak asmanda pasyrdaýar, öňde ölümmi ýa tâze durmuşmy, nâme garaşsa-da, ýaşlyk oňa öz salamyny ýollaýar

34
127
Tayler
03.10.2023 07:36

Bu dert maňa çagalykdan ýolukdy...

Bolsa meniň sâhelçejik boş wagtym,

Ähli aladadan özümi gizlâp,

Suratyn çekmäge başlardym Bagtyň.


İlki-ilkiler ejem janyň pul düşse,

Maňa alyp berjek bir bölek gandy

Hem orakdan soňra bişirjek nany

Meniň üçin Bagt bolup göründi.


Soňra-da girdi ol topuň keşbine,

Gezdim menem oň yzynda at salyp,

Bir günem alnymdan ýalbyrap çykdy

Güler ýüzli gözel gyza öwrülip.


Şeýdip, aý geçdikçe ulaldy Bagt

Hem ýylsaýyn üýtgetdi öz syratyn.

Her halam şu wagta,

Şu wagta çenli

Kyn düşse-de çekipdim oň suratyn


İndi welin juda,

Juda ulaldy...

Şu gülli sähranyň, açyk asmanyň

Hem öz bagtyn azabyndan agtarýan,

Päk ýürekli müňlâp-müňlâp ynsanyň


Bagty meniň Bagtym bolup görünýâr...

Bu suraty çekäýmeklik juda kyn.

Belki-de meň uzak ömri sarp edip,

Ony soňlap bilmân galmagym mümkin.


Her halam begenýân,

Ýaşadygymça,

Bagtyňam ulalyp barýandygyna.

Hem onuň suratyn çeksemdim diýip,

Umyt bilen gadam urýandygyma.


Begenýân ýürekden,

Jandan begenýân,

Sebâbi men düşünýârin bir zada.

Uly Bagta aşyk bolup gezmâniň

Özi-de bir Bagt ahyryn dünýâde.




İtalmaz Nuryýew

32
33