Tayler
Düýn, 08:18
BELKI, SENSIŇ...
Başyňa döneýin, aýak çek bir dem,
Belki, bu derdime sen borsuň hemdem.
Belki, sensiň gözbaşy bu ömrümiň,
Hyýallardan gözleýäni köňlümiň.
Belki, sensiň her gün, her dem uýanym,
Ýogam bolsaň käte-käte duýanym.
Belki, sensiň arzuwlarmyň wysaly,
Tebigata berlen bahar mysaly.
Belki, sensiň, seniň özüňsiň diňe,
Geljekde-de daýanç boljak köňlüme.
Belki, sensiň «söýgim» diýip gözlänim
Niçe ýyllap gözlerinden özgäniň...
Başyňa döneýin, aýak çek bir dem,
Belki, bu derdime sen borsuň melhem.
Çary Ataýew
5
47
Tayler
13.04.2025 10:07
SEN MAŇA JAŇ ET!
Salam-salam ýitip gitmez, bilýärin,
Sen bar ahyr bir künjünde dünýäniň.
Ýöne käte ýalňyzlygmy ýanja-da,
— Biljek boldum, menden soňam gülýämiň
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Meň günäm däl oba ýerde dogmagym,
Seň günäň däl seň şäherli bolmagyň.
Hiç-le, ýatlamaýyn, jähennem bolsun,
— Ýekeje gyş söýüp bilen oglanym
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Durmuşdyr bu, käte göwnüň ýykylar,
Bolup durmaz öňden eden çakyňam.
Meň belgimi telefondan bozsaňam,
— Aldym dostlaryňdan belgiň tapybam
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Ýalňyz wagtyň ýalňyşmarsyň sygynsaň,
Ahmyryňy saklap biljek syryň men.
Ýa bolmasa, gowluk wagty hemme zat,
— Gürleşäýin diýdim, ýöne şu gün bir...
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Seni söýüp, gabanmaklyk adatym,
Ýöne indi ýogam onuň hajaty.
A şonda-da, köne tanşyň hasaplap,
Hemişe däl, käwagt bir
— Ýatladym...
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Dogry, menem ýatlanmagmy islämok,
Boýun alaýyn, ýat bolmagam islämok.
Ýöne käte
— Gowy bolar hemme zat,
bolan zatlar däldi meňem islänim
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Author: Allanur Bathyz
9
64
Tayler
09.04.2025 13:14
DURGUNLYK
Şu gün dörüp gördüm gündeligimi,
Dolup dur her wagt ýazan zadymdan.
Her goşgyň başynda seniň adyň bar,
Her goşgy gutarýar seniň adyňdan
Gazet sahypasy — goşguly keşbiň,
Sen hakynda ýazdym aýdymlarymy.
Ýa-da men şol ýerde ýalňyşdymmykam,
(Ýürek syry ile aýdylmalymy?!)
Güleniňde sesiň siňdi setirme,
Aglaňda gözýaşyň şygryma gaçdy.
Birdan yşk ýolunda daşa büdürän,
Ylham atym ýol ýitirdi, azaşdy.
Sämän seri terk edipdir pikirler,
Duýgular gursakda galdylar ýetim.
Harpma-harp, sözme-söz, setirme-setir,
Men goşgy däl seni ýazdym ahbetin.
Ilmyrat Babaýew
7
55
Tayler
08.04.2025 14:52
Wada nire, söýgi nire, ýar nire?
Göwnümi gümana baglap otyryn.
Ykbalyň çetinde, täleý çatynda,
Aglap otyryn.
Sen bihabar, aýdan, ýyldan, sagatdan,
Bileňok saçlarmyň dökülýänini,
Menem bilemokdym, bilmedigim çyn,
Aýralygyň ýeke çekilýänini.
Ýöne bir gün ysy tanyş gülleriň,
Içinde nätanyş duýga sataşyp,
Şeýle bir gün tüýsi tanyş günleriň
Saý-sebäpsiz giden wagty tutaşyp.
Öýlänçi deý islenmedik täzelik,
Toý sesi ýüregňi tüýdüp başlanda,
Ne başly, ne soňly pikirler seni,
Islegiňe bakman idip başlanda.
Öňi-soňy boljak işe çäre ýok,
Oturgynyň elleriňi gowşurda.
Täleý bola aýra düşermi adam,
Ýeke ýola ýetmiş gezek duşarda.
...Meniň öz başyma garaja çatmam,
Nika hem maşgalam, hütdügim bolar.
Bu göçüme niçýa diýýär küştçüler,
Ne seň, ne-de meniň utdugym bolar.
Ogulnur Ataýewa
8
65
Tayler
05.04.2025 13:04
Sen gelersiň
Sensiz günleň içi gysýar, bilýärin,
Başyn nirä urjagyny bilenok.
Bu ýollaryň gözi ýolda galypdyr,
Sensiz olaň gözüne zat ilenok.
Bagda guşlar saýramaýar nämüçin
Ýüregine dowul düşen serçeleň.
Ir säherde gözi gyzaran şapak,
Seň ýoluňa gözün dikdi ençeler.
Gözleri ýitije Arşdaky Aýyň,
Ýollaryňa ak şöhlesi düşüp dur.
Ýüregime golaý süýşen ýyldyzlar
Sen gelersiň öýdüp, Arşda üýşüpdir.
Gelmegiňi men däl, daglar isledi,
Baglar, guşlar dil açsa, heý, bilmezmiň
Meniň weli... parhyma däl, ynanaý,
Ýöne sensiz içi gysýar günlermiň.
Goçmyrat Orazberdiýew
6
59
Tayler
03.04.2025 08:18
Edepli gyz duşuşyga giç gelýär,
Garaşdyryp sabryň soňuna çenli.
Eý, kaddy-kamadyn küýseden bagtym,
Sen juda edepli bolmaga çemli.
Giç açylýar hoşboý ysly bägüller,
Kemsiz ganyp tylla günüň nurundan.
Bir gün beýhuş eder öýdüp ysyna,
Ynamyma beýhuş bolup ýörün men.
Dolan aý giç dogýar, giç dogýar çenden,
Gijäni ýagtyldyp, gündiz ýaly ol.
Garaşaryn bagtym mümkin däle çen,
Ýöne ýarym-ýalta däl-de, doly gel.
Özgäniň bagtyýar aýdymyn aýdyp,
Garaşýan, men saňa garaşýan bagtym.
Sen gelersiň, ýöne, ynan, gorkýaryn
Gersiň öýdüp, bagta mätäç däl wagtym.
Nobatguly Rejebow
8
100
Tayler
22.03.2025 22:05
AÝDYLMADYK SÖZ
Aramyzda aýdylmadyk söz galdy,
Näzijek göwnüňe degmejek bolup!
Geçmişimden tozap ýatan düz galdy,
Bagtly günlerimi eglejek bolup.
Gülüşsek-de göwni hoşlap, hezil edip,
Söýgä el gysmadyk wada, lebiz edip.
Kän ýalan sözledim çyna meňzedip,
Sensizlige boýun egmejek bolup.
Tarapdary däldik hötjet, gedemiň,
Garaşypsyň sözme, saklap edebiň.
Ýöne ters bolupdyr ähli edenim
Iki tarapyny deňlejek bolup.
Özgä-de bialaç giden ekeniň,
(Men bir dilsiz dogan beden ekenim).
Wah, senem-ä bagtsyz eden ekenim,
Söýgimi älemden gizlejek bolup.
Maksatmyrat REJEPMYRADOW.
10
89
Tayler
19.03.2025 17:58
Bagyşla
Bilýän, seň öňüňde ýazygym kändir,
Ýöne sen suw deýin owurtlap goýber.
Diýen sözlerimem ýatlama kän bir,
Göz ýumup, şemala sowurtlap goýber.
Owalynda kim bilip dur bu zatlaň
Şeýle ýa-da has başgaça boljagny.
Söýgi diýip görlen gury güzaplaň
Gül ýaýybam miwe bermän soljagny.
Muny özge hiç kim bilmez Taňrydan,
Ol hem soran zadyň aýdyp durmy nä.
Senmi ýa kim meni beýle ýaňradan?!
Yşk maňa sowgatmy ýa uly günä
Edip ýören günäkäre döndümmi,
Ýa ýoldan çykdymmy sataşyp saňa?!
Seni görýän, men göremok özümi,
Durmuşdan has syrly ataşyň maňa.
Bizden öňem ähdi-haýasy gaçsa,
Aglap-eňräp gelen bardyr soň toba.
Bir gezek berilýän bu ýaşaýyşda
Bolgusyz dawalaň peýdasy ýog-a.
Hemmä belli ikimiziň söýgimiz,
Görnüp dur oň şu günlerem barlygy.
Bagyşla!
Hudaýam bagyşlaýarmyş
Tüýs ýürekden toba eden adamy.
Seýitmyrat Geldiýew
8
138