Tawus04
29.10.2022 11:24
Ýalany aýdyp ýarananyňdan, çyny aýdyp ýalbar!
13
105
Tawus04
28.10.2022 10:36
Adyň doldy jahana,
Ýok kemçilik, bahana,
Ýetdireňok Ahala
Marym döneýin saňa!

Durşy bilen eşiret,
Sen halkyňy mesirget,
Ýurtda sen edeniňi et!
Marym döneýin saňa!

Baýty ýetik baýlykda,
Önde söwda, aýlykda,
Ýaşaýarys hanlykda.
Marym döneýin saňa!

Gresim güýç berýär toga,
Ahalam geler toba.
Marym saňa taý ýogaaaa
Marym döneýin saňa!

Indi geçsek aýdym-saza,
Bally ýaly ýurtda aza,
Ahalda wapşe ýoga.
Marym döneýin saňa!

Garşymyza gitme Ahal☝️!
Biz derek, siz entäk nahal,
Biderejik etmäň gahar.
Marym döneýin saňa!

Aýtsaň aýdara zat doly,
Köp aýtsaň öwünýän ýaly.
Şulaň ýetik borla bary.
Marym döneýin saňa!
15
260