Sh.B
03.06.2020 08:06
Dilegin

Alladan dileseñ saglyk dilegin
Saglyk bolsun ilki bn geregin
Baýlygyñ mal mülküñ köşk ýaly jaýyñ
Peydasy na sag bolmasa señ janyñ

Soñra agzybirlik bolsun dilegiñ
Agzybir bol syla birek-biregiñ
Agzybirlik bolar seniñ baş galañ
Şol bolmasa dargar uly maşgalañ

Hökman dilärsiñ sen rysgal döwleti
Gyssanma her zadyñ geler öz wagty
"Hudaý ýetir" diýip işsiz boş ýatma
Çalt baýajak bolup haram iş etme

Diñe ozüñe däl hemmäge dile
Allahym ýetirsin birkemsiz güne
Nalap ýörme , şu günüñe şükür et
Imanyñ gazanyp ertäñ pikir et
6
100
Sh.B
02.06.2020 06:12

Galdy


Gözün dikip, garap geljek ýoluma
Hem gynanyp, hem buýsanyp halyma
Ak bagt arzuwlap, ýalñyz gyzyna
Janym käbäm ejem obamda galdy

Kyn günümde kalby bilen gynanan
Şat günümde meniñ bilen şat bolan
Özüni süýt, meni hem gaýmak bilen
Mähriban dostlarym obamda galdy...


6
111
Sh.B
02.06.2020 06:12
Küýsärin eje

Elime berseler ýyllaryñ çarhyn
Çagalyk ýyllarymy saýlaryn eje
Alys menzillere ugran halatym
Seniñ didaryñy küýsärin eje

Daşlaşýar çagalyk ulalýar ýaşym
Gursaga doldurup köñlümiñ joşun
Eger hasratlara Uçraýsa başym
Mährem elleriñi küýsärin eje

Ömrüñ çarhandakly ýollaryn geçsem
Durmuşuñ ajysyn süýjüsin içsem
Şowsuzlyga uçrap, umytdan düşsem
Şonda ýylgyrşyñy küýsärin eje
6
109
Sh.B
02.06.2020 05:58
Ömür ganmaz hoş sözlere zarlygym
Şudur meniñ bar baýlygym-barlygym
Meniñ durmuşumda seniñ barlygyñ
Seniñ durmuşuñda meniñ barlygym
5
123