Schoolgirl
28.12.2019 18:05
ILLER

Aglap dünýä geldik ýagty jahana,
Göz ýetirip bilýäris käbir zada,
Jalaý bol sen,ýa-da ýönekeý sada,
Ýok tapawdy,ile gerek bahana.

Her adamyň bardyr özüniň bolşy,
Şonuň ýalam bardyr onuň ýaşaýşy,
Adamlaň bolmasyn il bilen işi,
Näme etse-de herkimiň öz durmuşy.

Elbetde,käwagt bolar ýalňyşyň,
Düşünersiň,aşak egersiň başyň,
Gürleseň ýa çykarmasaň-da sesiň,
Şonda-da ederler iller seň gepiň.

Ýolda-yzda büdräýse biri eger,
Käbirleri onuň üstünden güler,
Ýykylana gülküler agyr deger,
Gülýänler oň ýakyny bolsa meger.
Hatyja A.B.
Diýjek bolýan zadym sen nähili bolsaňam ahyry biri at dakyp galýa,şoň üçin durmuşda il üçin däl-de öz arzuwlarymyz,öňümizde goýan maksatlarymyz,bagtly geljegimiz üçin ýaşamagy başaralyň!!!
16
1 910