Sahet
11.11.2019 10:26
– A-gyz, näme, hanmydyň sen!
Geýinýärsiň beýle gymmat?
Her ýaglygyň – iki goýun.
Her ýüzügiň – bir bedew at.
Her köýnegiň bahasyna
alyp boljak iki sygyr.
– Iller geýýär, menem geýjek.
Döwür şeýle, döwür.


Gelin, näme dänjirýärsiň?
Çüýredimi öňki dişiň?
Altyn seni ýigdeltmändir:
kyrk bolupdyr otuz ýaşyň.
Hem pul seçdiň, hem garradyň,
hem dişiňe berdiň jebir...
– Iller şeýdýär, bizem şeýtdik,
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– A-how ýigit, bu nä boluş!
Ýeňsäň saçy iki gujak!
Bu gün-erte ogluň bolsa,
sallançak hem ýasap boljak.
Hany derrew il görmänkä
sertaraşa tarap ýüwür!
– Iller şeýdýär, menem şeýtdim.
Döwür şeýle, döwür.


– Men-ä seni tanamadym.
Gözleriň-ä örän tanyş
Wiý, wiý, Berdiň gyzymy sen!
Saçyň näme ýarty garyş
Dört örümiň şemal degse
seslenerdi şowur-şowur,
– Iller kesdi, menem kesdim
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Goňşym diýdi: «Toýdan bäri
iş edenok oglum Anna
Ogluň Anna iş edermi!
Öýün goşy – dokuz tonna
Ojakda-da öweç eti
bylkyldap dur bygyr-bygyr...
–Wah, şeýdýäs-dä... Biz guraly!
Döwür şeýle, döwür.


–Dur, dur gardaş! Konwertiňi
atma poçta ýaşigine
Işligini görmesem-de,
seredeýin daşlygyna.
Muň yzynda goluň ýok-la!
Näme barka, için çöwür?!
– Çöwürmäge gaýrat ýokdur.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– Şägirt inim, eserleriň
setir sany çykdy çenden
Kitaplaryň galňadykça,
okalýarsyň günbe-günden!
Setirleriň arasynda
ne ýürek bar, ne-de bagyr...
– Şu günki öýken... besdir maňa.
Döwür şeýle, döwür.


Omzy bilen bir gojany
kakyp geçdi daýaw oglan.
– Ýeri köçä sygaňokmy,
garynjygy doýan oglan?
Degmedige ýylanlaram
degmezmişin ömür-ömür.
O diýýäniň ertekidir.
Döwur şeýle, döwür.


* * *
Aýna bakyp bezenip dur
çynar boýly Ogulsenem.
– Hanha seret, hamyry-da
ýugrup otyr syrkaw eneň.
Hany derrew eliň ýuw-da,
iýjek nanyň özüň ýugur!
– Ejem jandan aýlanaýyn!
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Iki mellek ortasynda
gygyrşyp dur iki goňşy.
Ýeke garyş ýer üstünde
turýar «watançylyk» urşy,
– Agam, sen bir parhlyrak bol,
nämä gerek munça wagyr?
– Parhly bolsaň nyrhyň bolmaz.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– On otagly köşk gurupsyň.
Keşşik aga, berekella!
Ýöne bu on... köpräk dälmi
dört-bäş sany gara kellä?
Görýän weli, bir aýlyk däl:
kisejigiň örän agyr.
– Aýlyk bilen iş bitenok.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– «Moskwiçli», Žigulili»
köp duşupdyň uly ýolda.
Bu gün bolsa garažyňda
lowurdap dur mele «Wolga».
Bir başyňa nämä gerek
munça rul, munça tigir?
– Satýas, alýas... Alýas, satýas...
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– Köşek, nirä howlugýarsyň?
Ajalamy? Jenaýata?
Kabinaňda – mele gelin.
Özüň bolsa – juwan ata.
Bäş-on minut giç barsaň-da,
toý eýesi eder sabyr...
– Döwre görä sürmek gerek.
Döwür ýyndam, döwür.


* * *
– Aý, goňşy jan jan, aýaklaryň
kesildi-le işigmizden
Ozallar-a tä ýatýançak
düşmezdiňem düşegmizden.
Ýatlaşardyk geçenleri.
Okaşardyk goşgy-şygyr.
– Şygyr-pygyr ýatdan çykdy.
Döwür şeýle, Döwür.


* * *
– Magaziniň takrap ýatyr.
Planyň hem uklap ýatyr.
Gerek zady, geçgel zady
haçan aljak, Mämmet müdir?
Bu gün-bu gün, ertir-ertir.
Gutardy-la takat-sabyr.
– Zat bermeseň – zat berlenok.
Döwür şeýle, Döwür.


* * *
– A-haw, dogan, düýn dälmidi
öz dostuňa wepaň hakda
Güp-güp edip, gant deregne
ant içýärdiň tokga-tokga.
Indem dosta şyltak atyp, dübläp
ýörsüň gübür-gübür
– Işim bitdi. Antym ýitdi.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Öňümden bir ýigit çykdy
ýetmiş ýaşly garry ýaly.
Düýnem daýaw bir ýigitdi
dagda biten gargy ýaly.
Bu gün bolsa garynja dek
zordan ýörýär gybyr-gybyr...
– Şahyr, ýör bir... üçleşeli
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Soradym men Döwre bakyp.:
«Dogrudanam, şeýlemiň sen?
Hany antyň? Hany haýaň?
Serhoşmyň, sen? Telbemiň sen?»


Döwür maňa jogap berdi:
«Men hemişe size bagly.
Ulaldýan hem adam ogly,
kiçeldýän hem adam ogly.


Biri çekýär ýagta tarap,
biri çekýär gijä tarap –
Uly çekýär ula tarap,
kiçi çekýär kiçä tarap.


Ýagşylara arka durdum,
ýamanlary gaýgyrmadym.
Dogrulyga çagyrdym men,
egrilige çagyrmadym.


Ýalan gepi diý diýmedim.
Döwlet pulun iý diýmedim.
Iki sygryň bahasyny
köýnek edip geý diýmedim.


Münmek üçin maşyn berdim,
ýüz elliden bas diýmedim.
Daranmaga darak berdim,
dort örümiň kes diýmedim.


Dynç almaga wagt berdim,
okamaga – bagt berdim.
Jübiňizden hak almadym,
öz kisämden mugt berdim.


Bugdaýňyzy orup berdim,
pagtaňyzy ýygyp berdim.
Her gün içjek süýdüňizem
güjürdedip sagyp berdim.


Söýüşseňiz – ýigit berdim,
söýülseňiz – gözel berdim
Lak atmaga söz tapmasaň –
goşgy berdim, gazal berdim.


Dertleseňiz – derman berdim,
işleseňiz – zähmet berdim.


Ýaşamaga al baýdakly,
adalatly Döwlet berdim.
Bezedim men egniňizi,
doýurdym men garnyňyzy.
Ýöne weli käbiriňiz
ýelä tutup burnuňyzy,
Bar garany maňa sürtüp,
Etseňiz-de uly gowur,
Dünýe döräp bolan däldir.
Meniň ýaly Uly döwür...


Siz etmeli ömri ömür,
Siz etmeli döwri döwür!»
6
140
Sahet
11.11.2019 10:15
Indi bildim zamananyň azanyn,
Ýamanlar ýagşydan gaça başlady;
Gaýta bedasyllar asylzadadan
Pisint etmän, töre geçe başlady.

Ryýa boldy köpüň okan namazy,
Taňry hiç birinden bolmady razy,
Pygamber ornunda oturan kazy
Para üçin elin aça başlady.

Şalarda galmady hökmi-adalat,
Bir pul üçin müfti berer rowaýat,
Bil: bu işler – nyşanydyr kyýamat,
Zalymlar bitoba öte başlady.

Pakyrlar horlanyp, ýüzün sarardyp,
Kim töresin tapyp, reňgin gyzardyp,
Zalymlar mazluma syrtyn gabardyp,
Gamçysyndan ganlar saça başlady.

Alymlar sözüne amal bolmady,
Mynapyklar ýaradany bilmedi,
Sopular pirinden taglym almady,
Dünýä üçin dinden geçe başlady.

Bir para sopular «sopy men» diýer,
Soramaz, zalymlar tagamyn iýer,
«Bizi ýagşy kişi diýsinler» diýer,
Her işikde halka gura başlady.

Garryga aýlandy biz gören ýaşlar,
Dolandy aýaga biz gören başlar,
Bimahal ýük baglap indi argyşlar
Ahyret kastyna göçe başlady.

Akyl bolan gamda ýüregin ezip,
Derdiniň dermanyn soraglap gezip,
Zamananyň pisat bolanyn ýazyp.
Panydan bakyýa geçe başlady.

Asylsyz begleriň nobaty ýetdi,
Gaýta şugul haramyga söz ýetdi,
Dünýäde kim galyp myrada ýetdi?
Muhapbet çyragy öçe başlady.

Kazy bolan bir jowapda durmady,
Gije mähnet tartyp, kitap görmedi,
Şerigat ugrunda dogry ýörmedi,
Nebs üçin imansyz öte başlady.

Magtymguly aýdar, barha ýol tany,
Bäş gün synamaga iberdi seni,
Senden ozal öten jananlar kany?
Her kim nobatynda öte başlady.
7
70
Sahet
11.11.2019 10:12
Rozy-magşar şikwe eder tiliňden,
Ryswalygyň budur seniň, gybatkeş;
Ömrüň ýele berme, azma ýoluňdan,
Agyrtmagyl iliň-günüň, gybatkeş.

Bulut dek kükreýip, bark kimin gürlär,
Gähi buzdan tagtlar, ataşdan öýler,
Gatyr dek içýanlar, bugra dek möýler
Bedeniňden sorar ganyň, gybatkeş.

Halyň görüp, purkan bolup aglarlar,
Özüň syjjyn atly jaýda baglarlar,
Tiliň çekip, demir bilen daglarlar,
Gara bolar şol gün ýüzüň, gybatkeş.

Ýaman söz aýyrar ýagşy dostuňdan,
Günähiň agramy basar üstüňden,
Jähennem içinde tamug astyndan
Peleklere çykar üýnüň, gybatkeş.

Magtymguly aýdar, iliň gözünden
Düşüban, hor bolsaň, görgül özüňden,
Tiliňni çekmeseň haram sözüňden,
Belli bibat bolar diniň, gybatkeş
4
83
Sahet
09.11.2019 09:00
Suw kop bolan wagty balyk garynjany iyer, suw cekilen wagty bolsa garynja balygy iyer. Hic kimem bu gunki guyjune we baylygyna buysanmaly dal, sebabi kimiñ kimi iyjegini suwuñ akyşy karar berer.
12
140
Sahet
09.11.2019 08:49
Ya görnüşiñ yaly bol, ya-da bolşuñ yaly görün
7
104
Sahet
08.11.2019 10:35
Adamlaryn kyn goryan 6 hereketi:
1. Näzini cekmek
2. Bagyşlamak
3. Sag bolsun aytmak
4. Adamlara deñ baha bermek
5. Minnetdar bolmak
6.

6njyny bolsa siz yazyñ aşakdan⤵⤵
5
132
Sahet
08.11.2019 10:22
Hic kim halyñ soramaz
Senden peýda görmese
7
103
Sahet
08.11.2019 10:20
Geplenyan gep, edilyan iş-saz bolsun
Yureklerde iman, sozde duz bolsun,
Derleyän kän, gürleyäni az bolsun,
Şeyleräk turkmeni goresim gelyar.
8
65
Sahet
07.11.2019 09:00
Ynsan kerpije meñzär, nace bişse şonçada gatylaşar
6
100
Sahet
07.11.2019 08:56
Dunyanin şowhuny azalan yaly
Yekelik howesi añyma yayran
Edil hazir jaylar ucup gitsede
Ahmal men şoña-da galmaryn hayran
6
107